00:24 Tramp Baýdeniñ üstüne çöwjedi: "Bu adam bizi ýadro urşuna sokar!" | |
TRAMP BAÝDENIÑ ÜSTÜNE ÇÖWJEDI: "BU ADAM BIZI ÝADRO URŞUNA SOKAR!"
Publisistika
ABŞ-nyñ öñki prezidenti Tramp "Bize energetika, Russiýa, ýadro ýaraglary hakda gür berýär. Bu adam bizi ýadro urşuna sokar" diýdi Donald Tramp ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýdeniñ ýygy-ýygydan samrap durmagynyñ ýadro urşuna sebäp boljakdygyny öñe sürdi. Öñki prezident "Fox Business Network"-da öñ özüniñ hökümet düzüminde işlän Larri Kadlouwyñ sowallaryna jogap berende, Baýdeniñ ABŞ-nyñ kyýamata alyp gitjekdigi hakda ýygy-ýygydan gaýtalaýan sözlerini aýtdy. Şeýle-de, Tramp günorta araçäkdäki göç boýunça ynjalyksyzlygyny paýlaşyp, "Munuñ bolup geçmegine ýol berjek ýeke ýurt ýok. Hamana onuñ bolmagyny isleýän ýaly... Açyk araçäk düşünjesi, aýratynam gelýänlere gözegçilik etmeseñiz, adamlar ýurda elini-aýagyny serip girýär" diýdi. Jikme-jik atlandyrmadyk Tramp "Hiç kimiñ adyny eşitmedik ýurtlaryndan gelýärler" diýmek bilen ikilenç Baýdeni agzamazdan öñ "Geçen aý 142 ýurtdan adam geldi we hiç kim bularyñ köpüsiniñ adynam eşitmedi" diýdi. Trump: "When you watch [Biden], he can’t speak, he can’t walk, he can’t do anything and he is telling us about energy, he is telling us about Russia and nuclear weapons? This guy will get us into a nuclear war. He will really do it. He will get us right into a nuclear war." pic.twitter.com/HuSjY42UOX — Justin Baragona (@justinbaragona) August 17, 2023 Tramp "Jo Baýden bilen bolup geçýän zatlar barypýatan telbel9k. Emma ony tomaşa edeniñizde geplänok, ýöränok, hiç zat edenok. Üstesine, bize energetika, Russiýa, ýadro ýaraglary hakda gür berýär. Bu adam bizi ýadro urşuna sokar. Hakykatdanam şeýder. Bu peläket bizi göni termoýadro urşuna alyp barýar" diýdi. Tramp geçen ýyl "Truth Social" sosial ulgamynda Baýden sebäpli ýadro urşunyñ "bolup geçme ähtimallygyndan bolup geçmezlik ähtimallygyndan has öñdedigini" ýazypdy. Öñki prezident şonda "Liderlerimiziñ aýdýanlary we juda bijaý sözleri aýdýandygy sebäpli munuñ bolup geçme ähtimallygy bolup geçmezlik ähtimallygyndan has artyk bolaýmasa" diýip ýazypdy. Tramp "Russiýa-Ukraina urşy Tramp häkimiýet başynda oturan bolsa, asla bolup geçmezdi. Indi elde oýnap boljak kartlar azaldy, emma bular hernäme-de bolsa, oýnap boljak kartlar. Indi nobat Hytaýdamy?" diýip sorady. Öñki prezidentiñ beýanatlary Baýdeniñ eger Hytaý Taýwana çozsa, ABŞ-nyñ ada demokratiýasyna ýardam etjekdigini öñe sürmeginden soñ berildi. Tramp şol wagt "Real America's Voice"-a beren beýanatynda "Munuñ şeýle boljagyny hiç pikir edemokdym, ýadro urşunyñ iñ uly howpy biziñ özümiz, bu iñ köp biziñ özümize howp salýar. Indi biz sylanýan ýurt däl" diýipdi. Tramp penşenbe güni "Truth Social"-da göni efirde wideo paýlaşyp, şeýle diýdi: - Meniñ pikirimçe, Jo Baýdan diñe akmak we geleñsiz däl. Ol aklyndan azaşypdyr, geçileri dagap giden däli... edrenç... myjabatçy... edip-eýgeren... açyk araçäkler we Adalat ministrligi. FBI ýaraglanşyk syýasaty. Baýden ýurdumyzy dowzaha alyp barýan añyýetiñ katastrofasy. Bu adam sebäpli hiç hili sebäp ýok ýerden Üçünji jahan urşuna gireris. Gustaw KILANDER. Anna, 18.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |