15:32 Tümlükden dogan Gün / poema | |
TÜMLÜKDEN DOGAN GÜN Asmanyň ýüzüni bulutlar örtüp. Ýaz ýagşydy “goýar derrew” diýdimde. -Aýdym açyp ýadawlygym ýeňeýin, -diýip ýegenjigmiň okuwna tarap, Gidip barşym golaýlamda mekdebe, Ünsim gitdi ejemjanym jaň edip, Şol pursatda teker gaçyp çukura , Bir seretsem ýaňlandyryp dünýäni, Derrew düşüp bardym onuň ýanyna, -bagyşlaň bilmezlik badak atdy-da, Şeý diýdimem welin münip gazaba, -näme gözüň körmi ,ýoluňa seret. Kelläň başga başga ýerdedir belki, Suwjaryp guwanma maşynly diýip, Bilemok näme üçin gahary birden. Menem ondan beter özüm ýitirip, -Hamana bu älem seniňki ýaly, Näme orta ýolda goh edip dursyň, Bilgeşlän syçradyp gaçmana menem, “Bagyşla “ diýibä ýeňip bilmedim, Hökmanmy şujagaz bolan wakany, Bolmaýamy “borla” diýip geçäýseň -Maňa akyl satar ýaly kim bolupsyň sen, Görersiň, nämäniň nämedigini, Näz edip görünmek aladam däldir. -Utanjyma gaýtdym ýüzüm asylgy. Hakykatdan özüm ýigrendim birden. Ýöne bir zat ünsim çekdi şol pursat. -daşyndan seretseň Aý ýaly ýürek, Ýa başga zatlara gahary gelip. Ýegenjigim ezilipdir garaşyp. Gitdik bile öýe garşy saz bilen, Arasynda bir zatlary samraýa, -bilýäňmi okuwda nämeler boldy, Nähoş habar geldi belki yzyndan Ýöne gowy habar däldigä belli. -Bolýa ýegenjigim giň tut ýüregiň. Ejem gowy nahar edip goýupdyr. Geldik şeýdip hüňürdeşip ýol bilen. Soňky günler gara bulutlar üýşip. Ugryna gidenok başlaýan işim, Heniz jan agamyň aýrylan güni . Sarsdyrdy durmuşym bökdençlik ýaňy. Ynha düýnem bäş mint gijä galyşym. Hemme şumlyk düşledile başymda, -Giç boldy ýataýyn Her gün endik boldy okap bir salym. Ýene hälki pursat düşip ýadyma, Öz özüme gahar edip giç ýary, Bolmajakmy dymyp gaýtsam şol ýerde, -Gaýdyberde diliň kesilen ýaly, Mert bolup dymmagy başaran bolsaň. -Şu käýinji gaýta gaýta özüme Ahyr soň bir wagtlar galypdyryn uklap. Ir bilen oýardy gün düşip haýat, Kyn boldy oýanyp dürsemek özüm, Şeýdip çaý çörekden ganyp mazaly, Zyýarata gitdim okap aýadym. Işe bardym ir wagtyndan öňüräk, Çagyrdy öz otagyna buýurup, Işden boşadypdyr basyp peçady, Nämeler bolýanyn düşinmedim hiç, Gapan gurup ýaman niýet päl bilen. -Bu habary nädip aýtmaly Allam, Perzent hasratyndan ýanýan ol ýürek, Ýöne gizlemegem bolmazmy aýyp, Öýe bardym ýüzüm nury asylgy. Duýdy eýýam ene ýürek seredip, Soramady bu halymyň sebäbin, -giň bol balam ,geçer hemme gaýgylar, Kalbyň päk tut , ynan diňe Hudaýa. Ejemjanyň bu sözleri hamana, Hyjuwlanyp ýene täze geljege , Gün geçip dur başa düşüp alada. Belki menem Hudaý ýalkap işlerim, Şeýdip çykdym täze işiň küýüne. Tanyş -biliş soraşdyrdym ýakyn-ýat. Esasy zat maňlaý deriň akdyrmak Kynçylyklar synagydyr pelegiň. Şeýdip uzynly gün aýlanyp ýeke. Pikir edýän “bolan zatlaň ählisi, Nirde ýalňyşym bar bilemok aňyp, Ýöne bär şumluklar yzly-yzyna, Ilki kakamjany hassalyk bogdy, Soň agamjan dünýesini täzeläp, Soňky urgy ýaman niýet pälliden. Çykarman gezse-de daşyna ony. Ýene düşdim ýola gözlegimde iş. Köne bir tanşymyň edarasyna. Owadanja stol saklap otyran, Bilemok niçün beýle bolşundan beter, Garşy aldy ýalan hödür-şan bilen. Aýtmadym sebäbin didarlaşmagmyň. Bir käse çaýyny içdim-de turdum. Bu günlik azabym netijä paşman. Ynha gelsem öýde ýegenmiň sesi: Sizem baryň “ diýip gygyryp batdan. Meni görüp:”daýy ertir ir bilen, Sözün ýykyp bolmaz bujagaz çagaň. Ynha irden gitdik bellenen wagta Jemlenşipdir hossarlaryň hemmesi, Öwüt nesihatdan gürrüň paýlanýar. Şol wagt meniň ýegenjigmem ýatlanyp, “Tertipli hem ökde” diýip, el çarpyp, “Käýinç berjekdirler” diýip barypdym, Birden ylgap gelip meniň ýanyma, Meniň okaýşymy sorasyň gelse, Şol ýagyşly günde ýolda sataşyp, Gör otursam, mollym eken şu ýerde, Bardym assa :”Salam gowmy ýagdaýňyz, Hasam utanç basdy şol günki dawa Ýegenim öňürtin dillenip menden: -tüweleme ýegenjigňiz zehinli. -sagboluň sizede ,käriňiz şowly, Birhili men utanýanam öňüňde, Gürrüň gyzdy ötünç sorap bolşumdan, o-da öz adyndan bagyşla diýip. Ýagyşly gün gahar gazap sebäbi. Bar eken başynda aladaň käni. Şeýdip iki ýalňyş bir dogra geldi. Gürrüň gyzdy,tanyşlygyň ýolunda. Göýä köp wagt bäri tanaýan ýaly, Tamam boldy ýygnak, şeýdip öýüme. Bar aladam bolda ýene iş hakda. Barýan gapym barjagymy bilýän dek. Diňe “ýokdan” tutup basyp şol ýeri, Agyr degýär öýe işsiz dolanmak. Kan aýlandym bilýän tanyş ýerlerim. Geçip gelýän okuw ýoly deňinden, Gelýär assa-assa ýüzi ýer basýar. Deňiläp ýetemde maşyny saklap, -Diýip ýördüm bagtym çüwdi şu sapar. Salam berdim düşip ýany golaýlap, -nirä barýardyňyz münüň derrewjik, Kän bir gürlemegem başaryp bilmän. Biraz garşy boldy ,ýöne gaýtalap durşum, Öýi uzak eken mekdep jaýyndan, Bildi ol hem aladamyň barlygny. Ejizläsim gelmedi hiç öňünde. Tiz ysnyşdy iki göwün wagtyndan, Nomerin belledim ,ýüregme ýazdym, Gelip ýetdik düşip gitdi maşyndan, Soňlar aram-aram jaňlaşyp ,käte, Birde ýegenimi edip bahana, Bilýän assa-assa söýdürdi söýdüm, Ynha bu gezegem tolgunyp barsam, Gelenden salamam bermänkäm ilki: -şol gün maňa iş gözleýän diýipdiň, Ýöne “belli bolman aýtmaýyn” diýip. “Iş orun bar gowja düşünýän duşsa” “Tanşym bar ýanyňa gelerler “diýip -bu habarna depäm göge diredi, Şeýdip işem gujak açdy men diýip. Birden ähli zatlar ýol alýan ýaly , Jaň etdim ,çagyrdym gürleşip bir ýer, Ýagşylygna sagbol aýtmak maksadym Belledik bir kafe ,bir käsede çaý. Bir çäresin tapyp açsam ýüregmi, Ahyr soň daş basyp çekinjeň kalba, Aýdyp bilmen öýdüp kagyza ýazyp. Köneçe düzgüni oýaryp birden, Bardym hiç zat diýmän dymdy dillerim, Ýaz ýaly öwüsdi şol pursat sähra. Saklanyp bilmedim uzatdym hatym, Goýjak baky durjak muzeý içinde Düşinerler şol wagt meniň bolşuma, Dymdy aşak bakyp okap hatymy, Bar bilýän dilegim edip Hudaýdan, Yakymly seretdi galdyryp başyn. Nur dökülip durdy gül dek ýüzünden. Howlugýan lebinden çykjak her sese. Ýöne bilýän beýle enaý nazardan. -Kerim, bolýa, ylalaşýan pikirňe. Entek bir biregi tanaly biraz. -şol pursat şatlygym urup depäme. Başymdan müň gaýgy kemelen ýaly, Gözlerinde azaşypdyr duýgulam. Tümlükden dogan Gün ýaly nur çaýyp. Her geçen gün onuň barlygnyň güýji. Nädip taryp etsem beren peýdasyn. Örän geň zat eken söýgiň gudraty. Bir ynsan ykbala beýle üýtgeşik. Ýüz gözüm nurlanyp, işler ýolunda. Edil melhem ýaly güýjiniň emi. Gelejegim, ömür ýolum bir edip, Amangeldi NURGELDIÝEW. | |
|
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |