14:11 Türki zybanly şygyr | |
TÜRKI ZYBANLY ŞYGYR
Edebiýaty öwreniş
Tuýug döretmeklik öz gözbaşyny irki orta asyrlardan alyp gaýdýar. Orta asyr edebiýatyna ser salanymyzda, Ahmet Burhaneddin Siwasly, Lutfy, Alyşir Nowaýy, Zahyreddin Babyr, Emiri ýaly ussatlarymyzyň öz döredijiliginde tuýug formasyny içgin ulanandyklaryny görmek bolýar. Aýratyn bellenilmeli zat, goşgy düzmekligiň bu görnüşiniň arap-pars edebiýatyna mahsus bolman, eýsem, diňe türki halklaryň edebiýatyna mahsuslygydyr. Bu mahsuslyk hakda Alyşir Nowaýy hem öz eserlerinde belläp geçipdir. Ol özüniň meşhur «Muhamat-ul-lugataýn» eserinde türki diliniň baý dildigini örän aýdyň mysallaryň üsti bilen düşündirýär. Öde Abdyllaýew bu hakda şeýle diýýär: «...Türki dilde omonimleriň köp bolmagy, tuýug görnüşinde şygyr ýazmak üçin has amatly ýagdaý döredýär. Şuny nazarda tutmak bilen, Nowaýy doly tuýug ýazmaklyk türki şahyrlara mahsusdyr diýen netijä gelýär». Alyşir Nowaýydan başga-da goşgy düzülişiniň bu formasy hakynda gymmatly maglumatlary ýazyp giden Zahyreddin Muhammet Babyrdyr (Babyrşa). Ol özüniň «Aruz risalasy» atly eserinde tuýugyň ýedi görnüşi hakda aýdyp, olara degişli mysallar getiripdir. Tuýug formasyna ýakyn goşgy düzülişiniň tejnis formasy-da bar. Tejnis — nusgawy edebiýatda duş gelýän söz sungatynyň bir görnüşi bolup, aýdylyşy birmeňzeş, emma manysy aýry-aýry bolan sözler (omonimler) getirilýär. Muňa jynas hem diýilýär. Tuýug bilen tejnisiň aratapawudy, tuýugda kapyýalaryň sazlaşygy edil rubagynyňky ýalydyr (a-a-b-a), emma tejnisde bu sazlaşyk saklanmaýar. Tuýugda üç setiriň kapyýasynda omonimleriň getirilmegi hökmany şertdir, tejnisde bolsa dört setirde-de omonimler getirilýär. Tejnis ýazylanda goşgyny has-da çeperleşdirmek üçin setiriň diňe bir soňunda däl, içinde hem omonimler getirilýändir. Tuýug ýazmaklyk şahyrdan uly ussatlygy talap edýär. Şahyr ýazýan diliniň baýlygyny çuňňur bilýän bolmaly, dildäki omonimleri ýerlikli, çeper ulanmagy başarmaly. Tuýugdaky üç setiriň kapyýasynda getirilýän omonimler okyjyda özbaşdak pikirlenmek endigini ösdürýär. Şonuň üçin hem bu liriki žanra «tuýug», ýagny «duýmak» işliginiň gadymky görnüşi boýunça at berlipdir. Bu bolsa tuýuglardaky omonim kapyýalarynyň manysyny duýmaklygy aňladýar. Goşgy düzülişiniň tuýug formasy orta asyrlarda, ilki bilen, Ahmet Burhaneddin Siwaslynyň döredijiliginde duş gelýär. Türki dilde Ýunus Emreden soň ilkinji bolup gazal ýazan Siwaslynyň edebi mirasy türk edebiýatşynaslary tarapyndan içgin öwrenilendir. Siwaslynyň döredijiligini öwrenen belli gündogarşynas alym Ý.E.Bertels şeýle diýýär: «Burhaneddin gazal bilen bir hatarda rubagy formasyny giňden peýdalanypdyr. Emma iň möhümi, onuň bu klassyky formalaryň hatarynda edebiýata Orta Aziýada halky forma bolan tuýugy — kapyýalary omonimlerden ybarat dörtlemäni girizmegidir». Siwaslynyň tuýuglary irki orta asyrdan biziň günlerimize gelip ýeten ajaýyp şygyr senedidir: Söz diýem saňa eger ynan sin, Ýar gözüňdir, gözüňe sana sin. Ýaruňy andan bile sin ne durur, Ger garyma-karşu sen, ýasana sin. Türki diliň omonimlere baý bolmagy, bu dilde tuýug döretmeklik üçin has-da amatly bolupdyr. Bu hem türki dilli edebiýatlaryň beýleki halklaryň edebiýatyndan aýratyn tapawutly tarapydyr. Orta asyrlarda tuýug döreden şahyrlaryň ýene biri Alyşir Nowaýydyr. Nowaýy özünden öň ýaşap geçen Siwasly, Emiri, Babyr ýaly şahyrlardan täsirlenip, kämil tuýuglary döredipdir. Nowaýynyň tuýuglaryny okanyňda, onuň tuýug ýazmakda ussatlyga ýetendigine göz ýetirýärsiň: Ol gözele men köp diýdim: barmagyn! Näme üçin ol goýmady barmagyn? Gep eşitmez ketjedigini görüp, Akyl haýran boldy, dişläp barmagyn. Ýokarda getirilen tuýuglardaky omonimleriň her setirde bir manyda gelmegi, beýan edilýän pikiriň akgynlylygyny, täsirliligini artdyrýar, goşga goşmaça öwüşgin berýär, şeýle-de goşgyny okaýan okyjyda pikirlenmek endigini ösdürýär. XIX asyr türkmen edebiýatynda tuýuglara serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň döredijiliginde-de duş gelmek bolýar. Seýdi özüniň «Alyna» diýen goşgusynda nusgawy edebiýatymyzyň taryhynda ilkinji bolup tuýug formasyny ulanypdyr: Aşykdyr sen inçge bile, Seýidi, Her jepany rahat bile Seýidi, «Gezermiş» — diýp — «Ýaman bile Seýidi», Meni aýp edeniň gelsin alyna. XX asyr edebiýatymyzda Ýagmyr Pirgulyýew, Ýylgaý Durdyýew, Sapargeldi Agaorazow, Tagan Söhbetow, Italmaz Akmyradow ýaly şahyrlar öz döredijiliginde tuýug formasyny giňden ulanypdyr. Olar tuýug formasynda ýazan goşgularynda diňe bir söýgi temasyna ýüzlenmän, eýsem, durmuşy öwüt-nesihat temalara hem ýüzlenipdirler. Orta asyrlardan şu günlerimize çenli kämillik ýoluny geçen goşgy düzülişiniň tuýug formasy Garaşsyzlyk döwrümiziň şahyrlary Gurbanýaz Daşgynowyň, Aşyr Baýryýewyň, Ahmet Mämmedowyň, Atamyrat Atabaýewiň, Döwletgeldi Annamyradowyň, Süleýman Ilamanowyň, Mämmetnazar Babanazarowyň, Kakamyrat Rejebowyň we başga-da birnäçe döwürdeş şahyrlarymyzyň döredijiliginde öz ornuny tapypdyr. Türkmen edebiýatynda tuýug döreden şahyrlarymyz omonimleri ulanmak bilen, diňe bir öz tuýuglarynyň diliniň halk köpçüligine düşnükli, çeper, täsirli bolmagyny gazanman, eýsem, omonimleriň üsti bilen türkmen diliniň baýlygyny, dürli many öwüşginini açyp görkezmegi-de ussatlyk bilen başarypdyrlar. © Gurbansähet GURBANSÄHEDOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 25.12.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |