14:00 Türkmen gyzy Tatýana Tekinskaýa | |
TÜRKMEN GYZY TATÝANA TEKINSKAÝA
Zenan şahsyýetler
Tatýana Tekinskaýa... Bu ada biz ilkinji gezek 1882-nji ýylda doktor A.W.Şerbagyň ýazan “История одной текинской девочки и ее няни – солдата Родиона” atly oçerkinde duşýarys. Bu eser çagalaryň aýda bir gezek çykýan “Родник” žurnalynda çap bolupdyr. Oçerkiň esasynda belli bir derejede hakyky wakalaryň bar bolmagy, onda ady tutulan adamlaryň takdyryny bilmäge okyjyny höweslendirýär. Onda ýazylyşyna görä, 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwar güni Gökdepe galasynyň düýbüne goýlan mina partladylandan soň, patyşa goşuny galany eýeleýär. Uruş gidip durka, bir rus ofiseri türkmen gyzjagazynyň üstünden barýar. Ofiser ony göterip, lazarete-harby keselhana eltýär we şol ýerde ýerleşdirýär. Soňra Rodion diýen rus soldaty bu gyzjagazyň enekesi bolup, ony terbiýeleýär. Gyzjagaza Tatýana diýip at goýýarlar. Tekinskaýa bolsa, onuň familiýasy bolýar. bu oçerde kiçijik Tanýany ideden, terbiýelän rus soldaty Rodionyň obrazy örän mähirli adam sypatynda berlipdir. Oçerkiň awtory doktor A.B.Şerbak, megerem, lazaretiň-harby keselhananyň wraçy bolsa gerek. Ol türkmen gyzjagazy lazarete getirilende, ony öz gözi bilen gören adamdyr diýip pikir etmek mümkin. Şerbak Rodionyň gyzjagaza mähirli garaýşy barada şeýle ýazýar: “Enekelik Rodionyň göwnünden turdy. Ol täze wezipesine begenjinden gyzjagazyň kiçijik endamyndaky hapalary ýuwmak üçin derrew suw gyzdyrmaga dudry. Ol gyzjagaz üç ýaşlaryndady... Rodion ony naharlardy, geýdirerdi, ýuwup-ardardy, ýatyrardy, onsoň hem dürli rus sözlerini öwrederdi... Ol Rodiony hemme zatdan eziz görerdi. Gyzjagaz köplenç Rodionyň yzyna düşüp giderdi we türkmençe nämedir bir zatlar diýerdi. Şeýle bolanda, diňe rus dilini bilýän Rodion utanardy. Ol ýa-ha başyny egip, gyzjagaz bilen ylalaşýandygyny aňladýardy, ýa-da geň galyp, gözlerini petrederdi. Soňky ýagdaý gyzjagaza has-da ýakardy we hezil edip gülerdi”. Tatýana soňra Krasnowodskde parahoda mündürilip, Moskwa ugradylýar. Şonda Rodion hem Tanýajyk bilen hoşlaşmaly bolýar. rodion Tanýa bilen öwrenişýär. Aýralyk oňa has-da agyr düşýär. Tanýany Moskwa ugradanlarynda, Rodion gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýär: “Bu wagt parohodyň art tarapynda gussa çekip, ýaş soldat otyrdy. Onuň goýy gök uzaklyga seredýän gözlerinden ýuwaşlyk bilen ýaş damjalary akýardy. Bu Rodiondy. Tanýany onuň elinden alypdylar. Gyzjagazy Moskwa okuwa ýerleşdirmek üçin alyp barýardylar”. Şol wakalardan soň ýigrimi ýedi ýyl geçýär. Arhiw dokumentleriniň arasynda biz ýene tatýana Tekinskaýa diýen ada duşýarys. Şol dokumentlerde hatyň awtory tatýana (Artykgül) Tekinskaýa özüniň otuz ýaşynyň dolandygyny aýdýar. Türkmenistan Russiýa birleşenede, özüniň üç ýaşly gyzdygyny hem aýdýar. Hatyň awtorynyň adynyň, ýaşynyň “История одной текинской девочки и ее няни – солдата Родиона” atly oçerkde agzalýan gyzyň ady we ýaşy bilen gabat gelmegi oçerkdäki gyzjagazyň hem otuz ýaşly Tatýana Tekinskaýanyň bir şahsdygyna hiç şübhe goýmaýar. Tatýana Tekinskaýanyň arhiwde saklanýan haty 1908-nji ýylyň 1-nji dekabrynda ýazylypdyr. T.Tekinskaýa bu haty şol döwrüň rewolýusion magaryfçylaryndan Muhammetguly Atabaýewe ýazypdyr. Tekinskaýa bu hatyny “Meniň mähriban eziz dostum Muhammetguly” diýip başlaýar. Hatyň ahyrynda Artykgül diýip gol goýlupdyr. Artykgül öz hatynda Russiýada tutulýan adynyň Tatýana Mihaýlownadygyny hem aýdýar. Ol şeýle ýazýar: “Şu gün meniň otuz ýaşymyň dolýan güni, biziň ülkämiziň eýelenmegine-de ýigrimi ýedi ýyl bolýar... Men öz ýaşlarymyza, olaryň ösüp, ähli halkymyza ruhy taýdan ýokary göteriliş we azatlyk berjegine berk ynanýaryn, elbetde, belki, sen ony görüp bilmersiň, emma seniň çagalaryň we agtyklaryň ol döwürde ýaşarlar...” Hat rus dilinde ýazylypdyr. Hatda agzalýan Muhammetguly şol döwrüň öňdebaryjy jemgyýetçilik-syýasy pikirlerini ýaýradyjy magaryfçylardan Muhammetguly Atabaýew bolmaly. Ol Artykgül (Tatýana Mihaýlowna) Tekinskaýa bilen dostlukly aragatnaşykda bolup, hat alşyp durupdyr. Olar zähmetkeş halkyň arasynda sowatlylygy, medeniýeti ýaýratmak ugrunda köp iş edipdirler. Muhammetguly Atabaýew Mary şäherinde rus-ýerli mekdebinde mugallymçylyk eden bolsa, Artykgül Tekinskaýa Artykda rus-ýerli mekdebini guraýar. Ol bu mekdepde mugallymçylyk hem edýär. “История одной текинской девочки и ее няни – солдата Родиона” atly oçerkde agzalýan Tatýana Tekinskaýanyň Artykgül adyny almagy hem onuň Artykda mekdep gurup, şol ýerde işlemegi bilen baglanyşyklydyr. Artykgül Tekinskaýanyň Muhammetguly Atabaýewe ýazan hatlaryndan ýene biri arhiw materiallarynyň arasynda bar. Ol hat “Eziz dostum Muhammetguly” diýen sözler bilen başlaýar. Artykgül Tekinskaýanyň dosty Muhammetguly Atabaýewiň ady ýene-de birnäçe arhiw dokumentleriniň arasynda duşýar. Mysal üçin, onuň öz goly bilen ýazan depderleriniň birinde “Варшавянка”, “Maрселъеза”, “Дубинушка”, “Красное знамя” ýaly rewolýusion aýdymlar bar. Ol depder 1913-nji ýylda polisiýa Muhammetguly Atabaýewiň öýüni dökende tapylýar. Şeýlelikde, 1881-nji ýylda üç ýaşynda Moskwa iberilen türkmen gyzjagazy ýetişenden soň, türkmenistana gaýdyp gelip, türkmenleriň arasynda magaryş işlerini alyp barmaga bar güýjüni beripdir. Ol türkmenleriň öňdebaryjy pikirli adamlary bilen dostlukly aragatnaşykda bolupdyr. Artykgül Tekinskaýa türkmen aýallaryndan ýetişen ilkinji rewolýusion magaryflandyryjydyr. Biziň şu döwrümize onuň fotosuraty hem gelip ýetipdir. Şu ýerde Artykgül Tekinskaýanyň şol suratyny hem çap edýäris. Geçen asyryň segseninji ýyllarynda türkmen gyz-gelinleriniň obrazlary başga-da birnäçe eserlerde döredilipdir. Şeýle eserleriň birini Pawel Arsenýewiç Grabowskiý ýazypdyr. P.A.Grabowskiý XIX asyryň 70-90-njy ýyllarynyň rewolýusion-demokratik poeziýasynyň iň gowy wekilleriniň biridir. Onuň ýazan “Tekinka” poemasynda rus soldatyny söýen bir türkmen gyzynyň çeper obrazy berlipdir. Poemanyň esasynda P.A.Grabowskiniň 1886-1887-nji ýyllarda Aşgabatda harby gullukdaka ýygnan materiallary goýlupdyr. Grabowskiý rus rewolýusionerleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr, sosial deňsizlige, patyşa zulmuna garşy göreşipdir. Ol jemi otuz sekiz ýyl ýaşap aradan çykýar. Şahyr bu gysga öwmürniň ýigrimi ýylyny patyşanyň tussaghanalarynda we sürgünde geçiripdir. Grabowskiniň “Tekinka” poemasynda Omelko atly rus soldatynyň ýaş owadan türkmen gyzyny söýşi, gyzyň hem Omelkony tüýs ýürekden söýüp, söýgülisi üçin janyny gurban etmäge taýýardygy aýdylýar. Emma ahyrda bu gyzy öz aýal dogany heläk edýär. gyzyň ölümi rus soldaty Omelko örän agyr täsir edýär. “История одной текинской девочки и ее няни – солдата Родиона” atly oçerkde ýaňy aýak biten gyzjagazyň gürrüňi edilýän bolsa, “Tekinka” poemasynda ýetişen türkmen gyzy, onuň uly söýgüsi barada aýdylýar. Köne däp-adat, türkmen aýal-gyzlarynyň erk-ygtyýarsyz ýaşamaklary, söýginiň dini kada-kanunlar, ruhanylar, baý-feodallar tarapyndan debsilenmegi rus soldatynyň we türkmen gyzynyň maksat-myratlaryna ýetmeklerine böwet bolýar. grabowskiý türkmen gyzynyň obrazyny uly söýgi bilen suratlandyrýar. Şahyr bütinleý öz gahrymanlarynyň – türkmen gyzy bilen onuň söýgülisi Omelkonyň tarapynda durup, olaryň söýgüsini wasp edýär. То был Омелькою на свиданье Он приходил не раз. Текинка слушала признанья – Взволнованной души рассказ… И были дни ее согреты, Когда Омелько приходил, Все для него она забыла И счастлива была лишь с ним… XIX asyr rus edebiýatynda başga-da birnäçe eserlerde türkmen gelin-gyzlarynyň obrazlarynyň döredilendigi bellidir. Biziň esasy maksadymyz Artykgül Tekinskaýa barada käbir maglumatlary aýtmak bolany üçin, şeýle eserleriň üstünde durup geçmedik. Tagan BERDIÝEW, pedagogika ylymlarynyň doktory. Seýit GARRYÝEW, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. “Edebiýat we sungat” gazeti, 07.03.1964 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||