00:15 Türkmen operalarynda milli däpler | |
TÜRKMEN OPERALARYNDA MILLI DÄPLER
Teatr we kino sungaty
Türkmen opera sungatynda gazanylan üstünlikler ruhy medeniýetimiziň ösüşiniň şaýady boldy. Türkmenistanda opera sungatynyň täzeden dikeldilmegi ýurdumyzyň medeni durmuşynda ýatdan çykmajak senelere öwrüldi. Her ýylda medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylygy mynasybetli opera eserleriniň halkymyza görkezilmegi indi däbe öwrüldi. 2008-nji ýylda D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp», 2009-njy ýylda D.Öwezowyň we Ý.Meýtusyň «Leýli-Mejnun», 2010-njy ýylda W.Muhadowyň we A.Şapoşnikowyň «Zöhre-Tahyr», 2011-nji ýylda Ý.Meýtusyň «Mag- tymguly», 2015-nji ýylda bolsa D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň «Aýna», 2016-njy ýylda A.Agajykowyň «Saýathan», 2017-nji ýylda G.Daňatarowyň “Ruhubelentler”, 2018-nji ýylda G.Daňatarowyň «Hüýrlukga-Hemra», 2019-njy ýylda G.Daňatarowyň «Aşyk-Çaňly» operalary uly üstünlik bilen halk köpçüligine ýetirildi. Ähli halklarda bolşy ýaly, türkmen professional saz sungatynda-da esasy meseleleriň biri millilik meselesi bolup durýar. Şonuň üçin-de professional kompozitorlaryň döredijiliginde folklory we halk aýdym-sazlaryny ulanmaklyk däbi dowam edip gelýär. Türkmen operalarynyň köpüsiniň nusgawy edebiýatymyzdaky awtorly we halk dessanlarynyň ýordumyna ýazylmagy hem tötänlik däldir. Sebäbi dessan ýordumlary bir tarapdan halka tanyş eserler bolsa, beýleki tarapdan olardaky halk aýdym-sazlary operalaryň saz dilini döretmekde gymmatly hazyna boldy. Hut şu sebäpli-de dessan ýordumlaryna ýazylan «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr», «Görogly», «Ýusup-Züleýha» ýaly milli operalarymyz halk heňlerine baýlygy, halka ýakyn saz dilinde ýazylandygy üçin halkyň kalbynda müdimilik orun aldy. Gurluşy boýunça uwertýurasy we antrakty, gahrymanlaryň sazly häsiýetnamasy, sazly epizody we intermediýasy bolan halka tanyş şahyrana folklor we edebi eserlerden alnan librettolar bilen utgaşýan milli operalary sahnalaşdyrmaga işjeň çemeleşilmegi netijesinde türkmen opera sungaty üstünlik gazandy we hemmeler tarapyndan ykrar edildi. Türkmenistanda opera sungatynyň kemala gelmeginde-de ilkinji nobatda dessanlaryň we bagşyçylyk sungatynyň uly orun eýeländigini aýtmak gerek. Aslyýetinde Türkmenistanda opera sungatynyň döremeginde halkyň folklorydyr däp-dessurlarynda, bagşyçylyk sungatynda, teatr sungatynyň elementleri güýçli täsir edipdir. Bagşyçylyk sungaty we opera sungaty hemmetaraplaýyn öwrenilen ýagdaýynda olaryň arasynda dürli tarapdan berk baglanyşygyň we umumylygyň bardygyny subut etmek kyn bolmasa gerek. Çünki bagşylaryň sungaty hem özboluşly teatrdyr. Sebäbi bagşylar dessany ýerine ýetirmek üçin, dessanda hereket edýän keşpleri döretmek üçin sazanda we aýdymçy, gürrüňçi hem artist hökmünde çykyş edýär. Şunlukda bagşylaryň aýdymlary, dessanlarydyr rowaýatlary halkyň öňünde aýratyn sahnalar bolup janlanýar. XIX asyryň Il ýarymynda biziň ýurdumyza aýlanyp giden görnükli wenger alymy A.Wamberiniň hem türkmen bagşylarynyň sungatyna «Bir aktýoryň teatry» diýip, at bermegi ýöne ýerden däldir. Halkymyzyň däp-dessurlaryndaky oýunlarynda teatr elementleriniň hakykatdan hem bolandygyny belli rus alymlary W.M.Belýaýewiň, A.N.Samoýlowiçiň S.A.Pahmerowyň, täze öý gurulmagy mynasybetli geçirilýän «Guýruktutdy», «Göz daňdy», «Don gerdi», «Telpek zyňdy» ýaly oýunlar hakda ýazan işleri şaýatlyk edýär. Saz sungatynyň taryhyndan bilşimiz ýaly, islendik halkyň milli kom- pozitorçylyk sungatynyň döreýşiniň ilkinji basgançaklarynda halk sazlaryny täzeden işlemeklige we opera žanryna ýüzlenilýär. Bu ýagdaý dünýä saz sungatyna mahsus aýratynlykdyr. Sebäbi opera gurluşy we göwrümi boýunça örän çylşyrymly žanr hasaplansa-da ony halk köpçüligi tiz we aňsat kabul edýär. Onda aýdyma, saza, tansa uly orun berilýär. Halkyň arasynda asyrlar boýy ýaşap, halka ruhy lezzet berip gelýän halk aýdym-sazlarymyz bolsa türkmen operalarynyň saz dilini döretmekde, bu eserleriň hakyky milli eser bolup halka ýetmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Наlk saz folklory her bir kompozitor üçin ylham çeşmesi bolup dur- ýar. Ýeri gelende dessan ýordumlaryna ýazylan operalarda ulanylan halk aýdym-sazlarynyň birnäçesiniň sanawyny etmek bolar. Olardan «Şasenem-Garyp» operasyndan: «Tüni derýa», «Jan-jan», «Çoh derde go- ýan, ýarym», «Ýaşylbaş», «Leýli-Mejnun» operasyndan: «Karar oldum», «Torgaý guşlar», «Ýylgaýlar», «Peýmanyň», «Elden gider» «Dady heý», «Zöhre-Tahyr» operasyndan «Bilbil gördüm», «Zöhre jan», «Oýanmazmyň», «Daglar», «Balsaýat», «Pyýala» ýaly halk aýdym-sazlaryny mysal getirmek bolar. Türkmen dutaryna, türkmen sazyna belent söýgüsi bar kompozitorlarymyz halky tolgundyryp biläýjek saz eserlerini döretmek üçin halkyň «öz dilinde» geplemelidigine, ýagny saz folkloryndan mümkin boldugyça giň peýdalanmalydygyna gowy düşünýär. Käte eserdäki ulanylýan halk heňi belli bir gahrymanyň gaýgy hasratyny ýa-da şatlygyny, umumy ruhy dünýäsini häsiýetlendirýän esasa öwrülýär. Käte bolsa halk heňi tutuş eseriň, operanyň leýtmotiwi bolup eşidilýär. Mysal üçin «Şasenem-Garyp» operasyndaky «Tüni derýa», «Leýli-Mejnun» operasyndaky «Karar oldum», «Torgaý guşlar», «Zöhre-Tahyr» operasyndaky «Bilbil gördüm» halk aýdymlarynyň heňleri diňe bir esasy gahrymanlaryň keşbini häsiýetlendirýän tema bolman, eýsem, tutuşlygyna operany häsiýetlendir- ýän leýttema (baş temalar) hökmünde öňe çykýar. Türkmen operalarynda halk sazlary dürli usullarda, dürli öwüşginlerde ulanylýar. Olaryň arasynda folklor aýdymlary-da, adybir dessandan alnan halk heňleri-de, başga dessanlarda ýerine ýetirilýän halk heňleri-de bar. Mysal üçin, halk saz döredijiligimizden bilşimiz ýaly, türkmen toýlarynda durmuşa çykýan gyzyň hem öz aýdýan aýdymy bolupdyr. Ol aýdymlarda gyzyň öz dogduk öýünden aýra düşýändigi baradaky gynanç beýan edilipdir. Şeýle mazmunly aýdyma «Şasenem-Garyp» operasynyň 4-nji perdesinde Şasenemiň aýdymynda duş gelmek bolýar: Folklorda: Sogan başy solanda, Soldy diýgin, ejejan. Ýandak başy ýananda, Ýandy diýgin, ejejan. Operada: Çuňňur guýa daş atsaň, Çümer gider, enejan. Bir näkese gyz berseň, Ýanar gider, enejan. Türkmen toý aýdymlarynyň nusgalary «Leýli-Mejnun» operasynda hem bar. Ýagny, operanyň III perdesinde gyzlaryň horunda «Ýar-ýar» toý aý-dymlarynyň mysalyny görmek bolýar. Mysallara salgylanalyň: Folklorda: Gyzyl-gyzyl horazlar, Harmandadyr ýar-ýar. Öýlenmedik ýigitler, Armandadyr ýar-ýar. Operada: Käbeden-ä, käbeden, Kaýys geler ýar-ýar, Leýlijanam öz toýunda, Tawuslanar ýar-ýar. Türkmen halkymyzda täze doglan çaga at goýmak däbi, şeýle hem hüwdi, küştdepdi ýaly folklor aýdymlarynyň nusgalary bolsa «Görogly» operasynda öz beýanyny tapypdyr. «Şasenem-Garyp» operasynda türkmen halkynyň milli toý däpleri bilen baglanyşykly wakalar eseriň jemleýji sahnasynda öz beýanyny tapýar. Halk Şasenem bilen Garybyň toýuny tutýar. Garybyň ejesi Abadan gelni Şasenemiň başyna kürte atyp, ony Garyba gowşurýar. Halk juwanlary gutlap, toý horuny ýerine ýetirýär. Opera toý däbi bilen tamamlanýar. Edil «Şasenem-Garyp» operasyndaky ýaly «Zöhre Tahyrda-da» soňlaýjy sahnada toý däbi görkezilýär. Emma operanyň mazmuny boýunça waka pajygaly ýagdaýda tamamlanýar. Şeýlelikde dessan ýordumlaryna ýazylan türkmen operalarynda ulanylýan halk heňlerini umumylykda üç topara bölmek bolar. 1. folklor heňleri. 2. Adybir dessanlardan alnan halk aýdym-sazlary. 3. Başga dessanlardan alnan halk aýdym-sazlary. Gürrüňi edilýän operalarda halk aýdym-sazlary, esasan, iki usulda ulanylýar: Halk sazynyň heňini hiç hili üýtgetmän, göçürme usulynda (sitatalar). Halk sazynyň heň öwrümleriniň ýa-da bölekleriniň ulanylmagy. Başgaça aýdanymyzda halk sazynyň intonasiýalarynyň ulanylmagy. Bulardan başga-da eserlerde türkmen halk sazlaryna mahsus kakuwlara, ölçeglere, perdelere giň orun berlendir. Esasy gahrymanlaryň ariýalarynda ýa-da aýdyşyklarynda bolsa, halk sazlarymyzyň gurluş babatdaky aýratynlyklaryna-da gabat gelmek bolýar. Bilşimiz ýaly, halk bagşylarynyň döredijiliginde eseriň gurluş taýdan bölümlerini tapawutlandyrýan «Başlamak», «Ýapbyldyk», «Şirwan», «Çykmak» ýaly adalgalar ulanylýar. Şeýle gurluş hem operalardaky esasy gahrymanlaryň ýekelik aýdymlarynda we aýdyşyklarynda örän köp duş gelýär. Köplenç gahrymanlaryň aýdymlary «ow», «ah», «eý», «ýar» ýaly ümlükler bilen başlanýar ýa-da tamamlanýar. Bu aýratynlygyň bolsa türkmen bagşyçylyk sungaty üçin häsiýetlidigi hemmä mälimdir. Göwrümi, ýordumy we gurluşy boýunça «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», we «Zöhre-Tahyr» operalary adaty nusgawy operalardyr. Bu operalarda nusgawy opera žanrlary bolan ariýalar, duetler, reçitatiwler, horlar, tans çykyşlary ulanylýar. Bahargül ÝAKUBOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |