TÜRKMEN RUHY YNSAP
Lebzi halallyk, eli arassalyk, ynsaplylyk etika ylmynda ahlak hereketiniñ görnüşleri hasaplanýar. Adamynyñ sosial ýaşaýşynyñ hiç bir hadysasy hem ~ ylym hem, syýasat hem, hukuk hem, din hem ahlak ýaly gaty köp taraply düşündirilýän däl bolsa gerek. Ahlaga berilýän kesgitleme özüniñ köptaraplylygy, göwrümliligi taýdan diñe sungat bilen bäsleşip biler. AHLAK ~ adamy terbiýelemegiñ mekdebi, adama sahawatly bolmagy öwretmek, Tañrynyñ tabşyrygyny berjaý etmek, öz borjuñy ýerine ýetirmek, jemgyýetde tertip-düzgüni saklamak guraly, öz-özüñe sud etmek, ynsabyñ içki halatyna boýun egmek we başgalardyr.
Şu ýerde ynsap, ynsaplylyk barada durup geçmek ýerlikli bolsa gerek. Elbetde, her bir edilen iş, hereket ynsap bilen berjaý edilse, ol hiç bir adamynyñ bähbidine zyýan ýetirmeýär.
XVIII-XIX asyrlarda köne türkmen jemgyýetinde ahlak hereketlerini berjaý etmek örän berk amala aşyrylypdyr, nähilidir bir ahlak taýdan gelşiksiz hereket eden adam bütin jemgyýet tarapyndan ýazgarylypdyr. Nika bozmaklyga adatdan daşary bir zat hökmünde garalypdyr. Galyñ almakda-da berk düzgün saklanypdyr. Türkmeniñ gepi gep, sözi söz bolupdyr. Bir söz bilen aýdanyñda, durmuşyñ ähli babatlarynda adamlar ynsap bilen hereket edipdirler.
Elbetde, bu agzalýan döwürde türkmenleriñ öz döwleti bolmandyr. Göçüp-gonup ýören çarwalaryñ ahlak normalary hem sada bolupdyr. Soñra Türkmenistanyñ Rus imperiýasyna zorlukly birikdirilmegi we türkmenleriñ dürli ýerlerden göçüp gelen halklar, milletler bilen ýakyn gatnaşykda bolmaklary olaryñ ahlak hereketlerinde-de üýtgeşmeleriñ ýüze çykmagyna getiripdir. Netijede käbir adamlarda söwda etmekde-de, galyñ almakda-da, söz berip sözünde tapylmakda-da, umuman, ahlak hereketiñ dürli meselelerinde ynsap diýen düşünjäni unudýanlar gabat gelipdir.
Ýöne welin köne türkmen jemgyýetinde, türkmen adatynda her bir meselede ynsaply bolmaklyk mukaddes zat hasap edilipdir. Bu hakda türkmenleriñ arasynda rowaýata kybapdaş şeýle bir gürrüñ hem bar.
Köne wagtda bir adam bolupdyr, ol bütin ömrüni lütjekçilik (talañçylyk) bilen geçiripdir. Ýañky adam garrap aradan çykypdyr. Yzynda bir ogly galypdyr. Wagt geçip, lütjegiñ ogly jahyl çykypdyr. Onsoñ ol "Näme iş bilen meşgullansamkam" diýip, parasatly bir ýaşulynyñ ýanyna barypdyr hem-de öz kakasynyñ lütjekçilik bilen ömrüni ötürenligini aýdypdyr.
Ýaşuly bu ýigide:
- "Ata kesbi ogla halal" diýen gürrüñ bar, senem lütjekçilik ediber. Ýöne "her iş et, ynsap bilen et" diýen gürrüñj ýadyñdan çykarma - diýen.
Şundan soñ ýañky ýigit, özi ýaly ýigitlerden jemi kyrk ýigit bolup, lütjekçilik etmäge başlapdyr. Bir gün olar gumuñ içinde agyr kerweni kyrk sany adamyñ alyp gelýändigini görüpdir. Kerwen düşlän wagty lütjekçiler hem olaryñ ýanyna baryp, kerwendäkileriñ adama birini meýdana alyp çykyp, öldürmeli hem-de zatlaryny talamaly diýen karara gelýärler. Şeýle hem edýärler. Lütjegiñ ogly hem kerwendäkileriñ birini meýdana alyp çykan hem-de öz ýanyndan pikir eden: "Men munuñ baýlygyny-ha bir alýan, üstesine özüni hem öldürsem ~ bu ynsapsyzlyk bolar" diýýär-de, kerwen eýesiniñ injigini gylyjynyñ ujy bilen çalaja çyzýar-da, ony öldürmejekdigini aýdýar. Şonda kerwen eýesi:
- Eýle bolsa biraz garaşaly, kerweniñ düşlän ýerinde näme bolýandygyny göreli - diýen.
Kerwen eýeleri ýolda-yzda birden talañçylar duşup, zatlarymyzy alsalar, olar hem heläk bolsun ~ diýip bor torba külçä awy garyp, ýanlary bilen göteren ekenler. Otuz dokuz lütjegiñ hersi kerweniñ bir adamyny öldürip, goşa gelip: "Geliñ indi arkaýyn naharlanalyñ" ýañky awy gatylan külçeden iýip, olaryñ otuz dokuzam heläk bolupdyr.
Kerweniñ ähli baýlygy hem ýañky ikisine galypdyr.
"Her iş et, ynsap bilen et" diýen gürrüñ hem şondan galypdyr diýip rowaýat edýärler.
Köne türkmen añynda hatda erbet iş hem ynsaply we ynsapsyz edilip bilner diýen düşünje bolupdyr.
Geçmişde ýaşan türkmen akyldarlary hem: "Ähli oñatlygyñ çeşmesi ynsapdyr" diýip belläpdirler. Parasatly akyldarymyz Döwletmämmet Azady: "Ynsapsyz adam ~ otsuz meýdan ýaly zatdyr" diýipdir. Azadynyñ bellemegine görä, ynsapsyz adamda rehim-şepagat bolmaz, ynsapsyz adamdan adalat, hakykat ýaly zatlara garaşmak bulutsyz asmandan ýagmyr dilemek ýaly zatdyr.
Hormatly Prezidentimiziñ "Türkmene haram ýokmaz" diýip, biziñ Garaşsyz, Bitarap döwletimizde ýaşaýan adamlaryñ halal zähmet bilen, ynsap-adalat bilen ýaşamaklarynyñ ýaş döwletimiziñ rowaçlanmagynda aýgytlaýjy rolunyñ bardygyny nygtamagy ýöne ýere däldir. Ynsap bilen, adalat bilen ýaşamak, sap ýürekli bolmak biziñ özbaşdak, Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryñ mukaddes borjudyr.
Nazar ŞÜKÜROW,
professor.
Pedagogika we edep-terbiýe