03:47 Türkmen taryhyna giren 13 melike / dowamy | |
8. MAHPERI HATYN "Mahperi hatyn ömrüniň köp bölegini Kaýseridäki Keýkubadiýe köşgünde geçiripdir. Ogly Gyýaseddiniň döwleti dolandyran ýyllarynda musulman dinine girip, tutuş ömrüni, bar baýlygyny haýyr-sahawat işlerine bagyş edipdir. Kaýseri, Tokat, Amasýa, Ýozgat, Siwas şäherlerinde gurluşyk işlerini geçirip, ol ýerlerde öz adyny göterýän külliýe, kerwensaraý ýaly ençeme binalary gurdurypdyr. Ajaýyp arhitektura ýadygärlikleriniň biri bolan Hunat hatyn külliýesi barada makalamyzyň dowamynda giňişleýin gürrüň ederis. Geliň, häzir şa zenanynyň haýyr-sahawat üçin gurduran kerwensaraýy baradaky maglumatlar bilen tanşalyň. Kerwensaraý 1238-1239-njy ýyllarda Tokat — Turhal — Amasýa kerwen ýolunyň ugrunda gurlupdyr. Ol tomusda we gyşda düşlär ýaly düşelgelerden ybarat bolup, olar ýazlag we gyşlag diýlip atlandyrylypdyr. Ýazlag düşelgesiniň töweregi howly bilen gurşalypdyr. Gyşlag düşelgede üsti gümmezli gonaklar iki hatar edilip ýerleşdirilipdir. Onuň daş-töweregi ýapyk bolupdyr. Gönüburçluk şekilindäki kerwensaraý kesme daşlardan galdyrylypdyr. Dürli nagyşlar bilen haşamlanan esasy girelgäniň ýokarysyndaky daş ýazgyda kerwensaraý barada maglumatlar görkezilipdir. Girelgäniň bezegindäki iki reňkli daşlardan edilen nagyşlar binany has-da ajaýyp görnüşe getiripdir. Şunuň ýaly ýagşy işleri amal eden Mahperi hatyn sowatly, sungata sarpaly suratkeş, sazanda zenan bolupdyr. Onuň arhitektorçylykdan hem başy çykypdyr. Hatda Kubadabat köşgüniň çyzgysyny we diwardaky keramiki şekilleri çyzan hem hatynyň özi eken. 1238-nji ýylda gurlan Hunat hatyn külliýesi hatynyň adyny göterýän metjidi, medresäni, hammamy we kümmeti öz içine alýar. Kesme daşlardan bina edilen külliýäniň gönüburçluk şekilindäki medresesi uzak wagtlap arheologiýa muzeýi, 1969-njy ýyldan 1998-nji ýyla çenli bolsa etnografiýa muzeýi hökmünde halka hyzmat edýär. Häzirki wagtda ol Kaýseri Etnografiýa muzeýi diýlip atlandyrylýar. Sekizburçly konus görnüşindäki kümmetde 3 sany gubur üsti daş ýerleşip, olaryň biri Hunat hatyna degişlidir. Külliýäniň merkezindäki metjidiň günbatar we gündogar tarapyndaky mermeriň ýüzüne ýazylan ýazgylarda ony kimiň gurduranlygy barada şeýleräk maglumatlar bar: «Bu mübärek metjidiň gurluşygyny Keýkubadyň ogly beýik soltan, din we dünýäniň goragçysy, fetihler eýesi Keý Hysrow döwründe, 635-nji ýylda beýik alym, öňbaşçy, dünýäniň we diniň abraýy, haýyr işleriň eýesi Melike (Mahperi hatyn) ogluna emr etdi». Metjidiň gündogaryndaky, şeýle-de külliýäniň beýleki ýerlerindäki ýazgylarda Melike Mahperi hatynyň 20-ä golaý tahallusy ýazylypdyr. «Ýagşy kişiniň ady köp» diýlişi ýaly, Mahperi hatynyň şöhratyndan habar berýän şol tahalluslaryň biri «E1 Ahile» bolup, ol «Zenan hökümdar» diýen manyny aňladýar. Aslynda Seljuklylar döwrüne degişli kümmetleriň ählisinde onuň kime degişlidigi, haçan doglup, näwagt aradan çykanlygy baradaky maglumatlar mermer daşlara ýazylypdyr. Bular taryhçy alymlara anyk maglumatlary toplamaga ýardam edipdir. Ýöne Mahperi hatynyň kümmetindäki daş ýazgylarda onuň aradan çykan wagty görkezilmändir. Bu bolsa kümmetiň hatyn dirikä gurlandygyny aňladýar. Kümmetdäki: «... şehit II Gyýaseddin Keý Hysrow ibn Keýkubadyň ejesi Mahperi hatyndyr» diýen daş ýazgy 1246-njy ýylda Gyýaseddin aradan çykan wagty şa zenanynyň heniz aýatdadygyna güwä geçýär. Ibn Bibiniň ýazgylarynda bolsa tanymal wezir Jelaleddin Garataýyň aradan çykan ýylynda, ýagny 1254-nji ýylda Hunat hatynyň aýatdadygy barada maglumat berilýär. Şulara esaslanyp, alymlar hatynyň takmynan 1260-1270-nji ýyllar aralygynda aradan çykandygyny çaklaýarlar".[8] ▶9. ABYŞ HATYN (1251-1287) "Türkmen döwletiniň taryhynda mynasyp yz galdyran zenan hökümdarlaryň biri Abyş hatyndyr (1251-1287 ý.). Ol 24 oguz taýpasynyň biri bolan salyr türkmenleriniň häzirki Eýranyň Pars böleginde guran atabegliginiň soňky hökümdarydyr. Abyş hatyn 1263-1287-nji ýyllarda bu döwleti 24 ýyllap dolandyrýar. Onuň döwletiniň paýtagty Şiraz şäheri bolupdyr. Şiraz, Buşehr, Lar, Fesa, Kazerun, Jehrem, Firuzabad, Abadan diýen 8 etraba (şähristana) bölünýän Pars bölegi demirgazyk-günbatarda Yspyhan, gündogarda Kerman, günbatarda Basra (Pars) aýlagy arkaly araçäkleşýär. Bu döwlet 1260-njy ýylda Ilhanlar (mongollar) döwletiniň baknasyna öwrülýär. Abyş hatyn Reşideddiniň maglumaty boýunça, 1263-nji ýylda 12 ýaşynda tagta geçipdir. Mongol hanlary basyp alan döwletleriniň öňki dolandyryjylaryny öz baknasyna öwrüp, ýöne tagtyndan agdarman, şolaryň üsti bilen bolsa, onuň halkyny dolandyrýan eken. 1287-nji ýylda Abyş hatyn iki hepdelik agyr keselden soňra 36 ýaşynda ýogalýar. Onuň döwleti bolsa, Ilhanlar döwletine birikdirilýär. Taryhy maglumatlar Abyş hatynyň hökümdarlyk eden wagty onuň örän adyl, parasatly, halkyň söýgüsine mynasyp bolandygy, waspynyň şahyrlaryň şygyrlarynda, bagşylaryň aýdymlarynda, halkyň bolsa kalbynda orun tapandygy barada habar berýärler. Sagdy Şirazyda Abyş hatynyň ölümine gynanç bildirýän elegiýalar bar".[9] ▶10. ŞADYÝAR HATYN Şadyýar hatyn (Soltan Şejer ed-Dür -"Dürleriñ daragty"), Mamlýuk türkmen soltanlygynyñ ilkinji soltany. Doly ady Patma El-Melike ed-Din Ümmi Halyl Şejerüd-dür. Şadyýar hatyn, ýedinji haçly ýörişleriñ dowam edýän döwründe haçparazlaryñ Müsüriñ Mansure şäherini gabaw astyna alan wagtynda Eýýuby türkmen soltany Salyh Eýýubyñ söweşiñ iñ jygba-jygly pursadynda wepat bolmagy bilen tagta geçen Muazzam Turanşa Türkmeniñ hem janyna kast edilmegi 1250-nji ýylyñ 2-nji maýynda mamlýuk emirleriniñ Şadyýar hatyny soltan diýip yglan etmegine sebäp bolupdyr. Şeýlelikde ol yslamyñ umumy taryhynda Müsürde hökümdarlyk eden ýeke-täk zenan hökümdardyr. Ýöne kän wagt geçmänkä zenan patyşanyñ musulman jemgyýetçiliginde o diýen bir halanyljak zat däldigi mälim bolupdyr. Sebäbi tabynlygyndaky halkdanam, başga ýurtlaryñ musulman hökümdarlaryndanam nägileligini bildirýänleriñ sany gitdigiçe artypdyr. Aýratynam Bagdatda oturan abbasy halyfy Mustasym Billahyñ aýyplaýjy sözler bilen ýazylan haty köşgi diýseñ çykgynsyz ýagdaýa salypdyr. Halyfyñ hatynda: "Içiñizde soltan bolmaga erkek ýok bolsa, size Bagdatdan bir erkek ugradaýaryn" diýen kemsidiji jümleler ýazylypdyr. Şonuñ üçin Şadyýar hatyn mamlýuk emiri Aýbek Türkmene äre çykyp, tagty oña bagyş edýär. Şeýlelikde Mamlýuk türkmen döwletiniñ gurulandygy resmi taýdan yglan edilýär. Şadyýar hatynyñ haýsy dinastiýadan gelip çykandygy hernäçe jedelli bolsa-da, onuñ aslynyñ türkmendigini yslam taryhçylarynyñ birnäçesi öz işlerinde belläp geçýärler. Şadyýaryñ añyrsynyñ kawkazly türkmenlerdendigi we onuñ Müsüre getirilip gul-gyrnak edilip satylandygy çaklanylýar. Eýýuby türkmen soltany Kämil ibn Adylyñ ogly Salyh Eýýup ony gyrnak hökmünde satyn alypdyr. Taryhçylar Şadyýaryñ juda görmegeý, akylly we takwa zenan bolandygyny aýdýarlar. 1239-njy ýylda Salyh Eýýup Nablusda agasy tarapyndan tussag edilende, onuñ ýanynda gyrnagy Şadyýar we mamlýuk hyzmatkäri Rukneddin Beýbars (Soltan Beýbars däl, bu Beýbars onuñ atdaşy -t.b.) bar eken. 1240-njy ýylda Salyh Eýýup Müsürde soltanlyk edýän Adyl II-ni tussag eden mamlýuk emirlerini goldawyny alyp Müsürdäki Eýýuby türkmen döwletiniñ tagtyna çykýar. Şadyýar hatyn adamsy Soltan Salyh Eýýup bilen Kairdäki köşk rezidensiýasyna ýerleşýär. Şol ýyl olaryñ bir ogly dünýä inýär we onuñ adyna Halyl dakýarlar. Halyl mundan beýläk Mälik el-Mansur ady bilen tanalmaga başlaýar. Oglunyñ dünýä inmegi bilen Soltan Salyh Eýýup şol wagta çenli gyrnagy bolan Şadyýary nikalap alýar. Şadyýaryñ Müsürde häkimiýeti ele almagy we Müsürdäki eýýuby türkmenleriñ döwlet dolandyryşyndan çetleşdirilmegi Müsürde o diýen bir nägilelik döretmändir. Emma haçparazlaryñ serkerdesi bolan fransuz koroly Luis IX-niñ goýberilmegine welin garşy çykanlar köp bolupdyr. Şadyýar hatynyñ soltanlyk tagtyna oturdylmagyna Siriýadaky eýýubylar we Bagdatdaky abbasy halyfy doly garşy çykýandyklaryny mälim etdiler. Soltan Turanşanyñ janyna kast edilip öldürilendigi we onuñ ýerine Şadyýar hatynyñ Müsür hökümdart diýip yglan edilendigi baradaky habar Siriýa çalt ýaýrady. Siriýadaky emirlerden Şadyýara boýun sunmaklyk talap edildi. Siriýadaky emirler boýun sunmakdan ýüz dönderdiler. Soltanyñ kömekçisi bolan Krak galasynyñ emiri bolsa Kairdäki Şadyýar garşy aýaga galýandygyny yglan etdi. Siriýaly emirler Siriýanyñ soltanlygyny eýýuby hanedanlygyndan bolan Halap emiri Nasyr Ýusuba berdiler. Muña jogap hökmünde Müsüri dolandyryjylae Müsürde eýýubylara ygrarly bolup galýandygyny mälim eden ähli emirleri tussag astyna aldylar. Şol bir wagtyñ özünde Bagdatda oturan abbasy halyfy Mutasym aýal maşgalanyñ musulman ýurda hökümdarlyk etmeginiñ ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny aýtdy. Halyf Mutasymyñ Kaire ýollan hatynda şeýle diýilýärdi: "Eger sizde hökümdar bolmaga erkek galmadyk bolsa, onda biz bärden erkek ugratmaga taýýar" Abbasy halyfynyñ Şadyýar hatyny Müsüriñ hökümdary hökmünde ykrar etmezligi oña goldaw beren bahry mamlýuklaryna ýokuş degdi. Müsüriñ dowam edýän döwlet ýörelgesine laýyklykda hökümdaryñ kanuny taýdan ykrar edilmegi üçin Bagdatdaky abbasy halyfynyñ razylygy gerekdi. Müsür soltanlary dini ünwanlary göterenokdy, şol sanda dini taýdanam abbaylara garaşly däldi. Muña garamazdan täze soltanyñ abbasy halyfy tarapyndan makullanmagy hökmany şert hasaplanýardy. Müsürde agalyk sürýän mamlýuk emirleri halyfy razy etmek üçin başga çärä ýüz urdular. Şadyýar hatyn soltanlykdan el çekýändigini mälim etdi. Bahry mamlýuklarynyñ iñ abraýly serkerdeleriniñ biri we döwletiñ atabegi Emir Aýbek Türkmen Şadyýar bilen nikalaşdy. Soltanlyk tagtyna Aýbek Türkmen oturdy. Şeýlelikde, Şadyýar hatynyñ altmyş güne çeken soltanlygy resmi ýagdaýda soñlandy. Şol sanda Müsürde eýýubylar hanedanlygynyñ höküm sürmegi-de doly tamamlandy. Täze Mamlýuk türkmen döwletiniñ binýady tutuldy. Ýöne Soltan Aýbegiñ aýaly bolandygy sebäpli Şadyýaryñ adamsyna sözi geçýärdi. Bu bolsa onuñ Müsürde ýene-de häkimiýetde esasy rol oýnamaga dowam edendigini görkezýär. Emir Aýbek Müsüriñ hökümdary bolanda "Melik Muiziddin Aýbek" tagt adyny aldy. Soltan Aýbek eýýuby soltany Salyh Eýýubyñ guludy. Munuñ üçin "salyhyýa mamlýuklary" adyny alan beýleki dört emir (Faryseddin Aktaý, Beýbars Bundukdary, Seýfeddin Guduz, Bilban el-Rasidi) bilen bile Müsürde agalyk sürmäge başlady. Soltan Aýbek abbasy halyfyny razy etmek üçin özüni halyfyñ Müsürdäki wekili diýip yglan etdi. Siriýaly eýýubylary razy etmek we häkimiýetiñ kanunylygyny görkezmek üçin bolsa, eýýubylar hanedanlygyndan bolan Soltan Kämil ibn Adylyñ agtygy alty ýaşly Eşrep Musany gözlük üçin Müsürdäki eýýubylaryñ soltany diýip yglan etdi. Syýasy atmosferany kadalaşdyemak üçin Müsüriñ soltany diýip yglan edilen Aýbek Türkmen syýasy atmosferany kadalaşdyrmak üçin wagtlaýyn (bir hepdelik) soltanlykdan el çekdi. Şeýle-de bolsa Aýbek soñra "şärikdeş hökümdar" hökmünde Eşrep Musanyñ dört ýyllyk "hökümdarlyk" döwründe Müsüri özi dolandyrdy. Siriýaly eýýubylar muña-da nägilelik bildirdiler. Siriýaly eýýubylaryñ soltany Nasyr Ýusubyñ ýolbaşçylygyndaky goşun we beýleki eýýubylaryñ hökümet ýolbaşçylarynyñ birigen güýji Müsüre ýöriş etdiler. Mamlýuk türkmen emirleriniñ ýolbaşçylygyndaky müsürliler bilen Kairiñ eteginde Salyhyýa söweşi diýen gandöküşikli söweş bolup geçdi. Müsür mamlýuklary söweşden ýeñiji bolup çykdy. Siriýaly eýýubylaryñ goşuny yza serpikdirildi. Yzysüre bolup geçen Kora söweşinde mamlýuklar siriýaly eýýubylary doly çym-pytrak edip, Müsürden kowup çykardy. Soñky ýyllarda mamlýuklar döwletiñ çäklerini giñeldip, Palestinanyñ we Siriýanyñ günorta sebitlerini eýelediler. Siriýaly eýýubylar mamlýuklaryñ Siriýany doly basyp almasyndan gorkup başladylar. Dogan dogany gyryp ýörkä, Bagdatdaky abbasy halyfyny şol wagt demirgazykdan we demirgazyk-günbatardan abanýan mongol howpy ünjä goýýardy. Şonuñ üçin ol Müsürdäki mamlýuklar bilen siriýaly eýýubylaryñ arasynda ýaraşyk baglaşmak üçin araçy bolup çykyş etdi. Baglaşylan ýaraşyk şertnamasyna laýyklykda Müsüriñ täze Mamlýuk döwleti öñki Müsür Eýýuby döwletiniñ çäklerinden has giñ territoriýany öz golastyna aldy. 1254-nji ýylda Aýbegiñ Müsürdäki agalygyna garşy öz içinden howp abanyp başlady. Bahry mamlýuklarynyñ ýolbaşçysy Emir Faryseddin Aktaý we oña garaşly emirler (Beýbars Bundukdary, Kalawun el-Alfy we başgalar) "döwlet içinde döwlet" emele getirip, Soltan Aýbegiñ hökümdarlygyna howp abandyrýardylar. Müsüriñ iñ soñky eýýuby soltany Salyh Eýýubyñ gullary bolandygy üçin "Salyhyýe mamlýuklary" at berilen bu toparyñ ýolbaşçysy Faryseddin Aktaýdy. Emir Faryseddin Aktaý eýýubylaryñ Hama emiri Mansuryñ gyz doganyna öýlenensoñ Kair galasynda ýaşamak üçin Aýbekden idin sorapdyr. Soltan Aýbek Emir Aktaýyñ eýýuby melikesine öýlenmek bilen özüni kanuny taýdan eýýuby soltany hökmünde yglan etmeginden gorkdy. Aýbek, Seýfeddin Guduz we beýleki mamlýuklar dildüwşük gurnap Faryseddin Aktaýy soltanyñ köşgünde öldürdiler. Emir Faryseddiniñ ýakyn dostlary Emir Beýbars Bundukdary, Emir Kalasun el-Alfy we olaryñ tabynlygyndaky mamlýuklar Karaga, soñam Siriýa gaçdylar. Soltan Nasyr Ýusup olary yzyna - Müsüre ugratmady. 1255-nji ýylda Siriýanyñ soltany Nasyr Ýusup gaýtadan Müsüriñ serhedine goşun ugratdy, olaryñ arasynda Müsürden gaçan "salyhyýa mamlýuklary-da" bardy. Bu gezegem ýow üstünlik bilen gaýtaryldy. Aýbek Türkmen siriýalylary ýene derbi-dagyn etdi. Aýbek Türkmen siriýaly eýýubylara garşy urşup ýören wagty döwlet dolandyryşy ýene Şadyýar hatynyñ elinde galdy. Ýöne Şadyýaryñam adamsy Aýbek bilen arasy bozulyp ugrapdy. Çünki Şadyýar hatynyñ döwlet dolandyryşynda kabul eden kararlaryny we eden işlerini adamsyndan gizländigi aýdylýar. Soltan Aýbegiñ Şadyýardan öñem Ümmi Aly atly aýaly bardy. Onuñ Ümmi Alydan Mansur Aly atly ogly dünýä indi. Şadyýar hatyn gabanjañlygyna bäs gelip bilmän, bu adamsyny bu aýalynyñ talagyny bermäge mejbur edipdi. 1257-nji ýylda Soltan Aýbek Siriýa gaçan mamlýuklara garşy güýç birikdirmek üçin eýýubylaryñ Mosuldaky emiri Bedreddin Lulunyñ gyzy bilen nikalaşmagy müwessa bildi. Taryhçy El Makriziniñ berýan habarynda, Bedreddin Lulunyñ Soltan Aýbege Şadyýar hatynyñ Şamdaky eýýuby soltany Nasyr Ýusup bilen gizlin hat alyşýandygyny we oña sowgat-peşgeş iberip, Aýbegi öldürtmekçi bolýandygyny, soñam Nasyr Ýusup bilen nikalaşyp, ony Müsüriñ soltany etjek bolýandygyny habar berýär. El Makriziniñ pikirine görä, ýagdaýdan habardar bolan Aýbek Şadyýary öldürtmegi makuk bilýär. Şeýle-de El Makrizi Şadyýar hatynyñ adamsy Aýbegiñ özüni öldürtjegini duýup öñürtiländigini ýazýar. Ol agşam hammama girende hyzmatkärlerine Aýbegi öldürme emrini berýär. Soltan Aýbek hyzmatkärleriñ tüýsüniñ bozuklygyny görüp, eýgiligiñ ýokdugyny añýar we aýaly Şadyýary kömege çagyrýar. Şadyýar hatyn adamsyna dözmän ony ölümden alyp galmaga-da synanyşýar, emma şol wagt Muhsin el-Jorgi atly hyzmatkär "Eger ony diri galdyrsañ seni-de, bizi-de öldürer" diýip gygyrmasyndan soñ adamsynyñ öldürilmegine göz ýumýar. Ertesi Şadyýar Müsüri ýedi ýyllap dolandyran Aýbek Türkmeniñ garaşylmadyk ýagdaýda hammamda aradan çykandygyny halka mälim edýär. Emma Soltan Aýbegiñ emirleriniñ ýolbaşçysy Emir Seýfeddin Guduz we merhum soltan Muizziddin Aýbegiñ adyny göterýän "Muizziýe mamlýuklary" muña ynanmaýar. El Makrizi Şadyýaryñ merhum adamsynyñ ýüzükli barmagyny kesip Izzeddin Aýbek el-Halaba ugradandygyny we oña Müsüriñ soltany bolmagy teklip edendigini ýazýar. Emma Izzeddin Aýbek el-Halaby muña razy bolmandyr. Ibni Taghri bolsa kesilen ýüzükli barmagyñ ilki Izzeddin Aýbek el-Halaba, soñra Emir Jemaleddon ibni Aýdgudä iberilendigini, ýöne olaryñ ikisiniñem Müsüriñ soltany bolmakdan ýüz dönderendiklerini ýazýar. Muizziýe mamlýuklarynyñ topary Şadyýar hatyny we onuñ hyzmatkärlerini tussag astyna alýarlar. Hyzmatkärler gynamalara tutulansoñ eden etmişlerini boýun alýarlar. Şadyýar hatyn muizziýe mamlýuklary tarapyndan öldürilmek islenýär. Munuñ tersine salyhyýa mamlýuklary ony goramaga çalyşýar. Şadyýar hatyn Kair galasynda Kämil ibn Adyl döwründe gurlan Gyzyl diñde tussag astynda saklanýar. Muizziýe mamlýuklary toparynyñ, hususan-da Emir Seýfeddin Guduzyñ sözi bilen Soltan Aýbegiñ birinji aýalyndan bolan ogly Mansur Aly on üç ýaşynda Mamlýuk türkmen döwletiniñ soltanlyk tagtyna çykarylýar. Ýaş soltan Mansur Aly ejesi Ümmi Ala onuñ talagynyñ berilmegine we kakasynyñ ölümine sebäp bolan aýaldan ar almak üçin Şadyýar hatyny masgaralap öldürmäge idin berendigi aýdylýar. Ümmi Aly hyzmatkär gullary bilen bile Şadyýar hatyny Gyzyl diñden çykaryp onuñ eşiklerini sypyrýarlar we öñki melikäni ýalañaç ýagdaýda urup-ýenjip, gamçylap öldürýärler. Ertesi gün Şadyýar hatynyñ urlup öldürlen ýalañaç jesedi Kair galasynyñ golaýyndaky hendekden tapylýar. Soltan Aýbegiñ ölmüne sebäp bolan Muhsin el-Jorgi we kyrk hyzmatkär hem ölüme höküm edilýär. Şadyýar hatyn Kairiñ Ibni Tulun metjidiniñ golaýyndaky türbede jaýlanypdyr. Bu türbäniñ arhitektura gurlusy yslam arhitekturasynyñ iñ gowy nusgalarynyñ biri hasaplanýar. Türbäniñ içindäki mährap Konstantinoldan ýörite getirilip, mozaika ussalary tarapyndan sünnälenip ýasalan "ömür agajy" mozaikasyny şekillendirýär. Türbäniñ içindäki agaç sütünleriñ ýüzüne ýazylan kufy ýazgylar hem käbir ýerleri zaýalanandygyna garamazdan hatdatlyk sungatynyñ iñ ajaýyp nusgalarynyñ biri bolup durýar.[10] ▶11. SARA HATYN "Türkmen halkynyň taryhynda edermen, hökümdar zenanlar bilen birlikde, Gündogarda ilkinji meşhur diplomat zenan bolan Sara hatynyň bitiren hyzmatlary nesillere nusgalykdyr. XIV-XV asyrlaryň sepgidinde ýaşan Abu Bekr Tährany «Akgoýunlylaryň taryhy» («Kitaby Diýarbekriýe») atly eserinde onuň adyny Saraý hatyn görnüşinde getirýär hem-de hemme ýerde ony «päk ahlagyň hemaýatkäri» hökmünde derejeleýär. Sara hatyn Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň (1425 — 1478 ý.) ejesidir. Ol Piraly begiň gyzydyr. Sara hatynyň doglan wagty hakda anyk maglumat bolmasa hem, onuň 1465-nji ýylda ýogalandygy mälim. Onuň ogly Uzyn Hasany 20 ýaşlarynda dünýä inderendiginden çen tutup, biz Sara hatynyň 1405-nji ýylda doglandygyny çaklaýarys. Taryhçy Ö.Gündogdyýew «Türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan» atly kitabynda Uzyn Hasanyň özüne garşy ýörişe çykan Osman türkmenleriniň soltany Mämmet II-ä töwella etmek üçin Ýewropada talantly diplomat diýlip baha berlen ejesi Sara hatyny iberendigini ýazýar. Elbetde, ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, Uzyn Hasanyň köşgüniň dürli döwletleriň ilçileriniň gelim-gidimli ýerine öwrülmeginde onuň diplomat ejesi Sara hatynyň hyzmatynyň az-küş bolmandygyny unutmaly däldiris. Nika diplomatiýasynyň döwletara gatnaşyklaryndaky ähmiýetine gowy düşünen Sara hatyn ogly Uzyn Hasany 1458-nji ýylda Trabzondaky Latyn imperiýasynyň (1204 — 1461 ý.) imperatory Ioann IV-niň gyzy şazenan Feodora (Despina hatyn, «Despina» grekçeden terjime edilende «hanym» diýmegi aňladýar) öýlendiripdir. Sara hatynyň enesi akgoýunly hökümdary Gutly bege durmuşa çykan wizantiýa şazenany Mariýa, kakasy bolsa Trabzon imperatorynyň agtygy bolupdyr. Sara hatynyň bu nikada syýasy bähbitlerden daşgary, gelinliginiň ejesiniň türki kowumlardan bolandygyna hem ähmiýet beripdir. Ioannyň ikinji aýalynyň Krym türkleriniň hany Hajy Gireýiň ýa-da Döwlet Berdiniň gyzy bolandygy çaklanylýar. Wizantiýanyň iň soňky daýanjy bolan Komnenler nesilşalygy bu nika arkaly osmanlylara garşy durmak üçin Akgoýunlylary özüne ýaran edinesi gelýärdi. Ýeri gelende bellesek, bu tejribe Akgoýunlylarda ozal hem ulanylypdy. Gutly beg 1352-nji ýylda Trabzon imperatory Aleksios III-niň Mariýa atly doganyna öýlenipdir. Trabzon perisi Gutly beg bilen nikalaşandan soňra, Despina hatyn ady bilen tanalýar. Örän parasatly we akylly zenan bolan Sara hatyn döwleti dolandyrmaga, daşary ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga işjeň gatnaşypdyr. Uzyn Hasan hemişe diýen ýaly daşary syýasat meselelerini ejesi bilen maslahatlaşyp durupdyr. Ony diplomatik missiýalar bilen dürli hökümdarlaryň köşgüne ýollapdyr. Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň daşary syýasy bähbitlerini üstünlikli goramak bilen, Sara hatyn diňe käbir döwletleriň ilçilerini kabul etmän, eýsem, hökümdarlar, husasan-da Temirileriň hökümdary Abu Seýit (1424 — 1469 ý.), Osman soltany Mämmet II bilen hem gepleşikleri geçiripdir. 1461-nji ýylda Akgoýunly döwletiniň üstüne goşun çekip gelen Mämmet II-niň söweş çadyryna barypdyr. Bu möhüm diplomatik missiýa taryhy çeşmelerde gowy beýan edilipdir. Idris Bitlisi Sara hatynyň osman soltanynyň gazabyny ýumşadandygyny ýazýar. Osman taryhçylary Dursun beg we Sadeddin Sara hatynyň täsirli beýik osman weziri Mahmyt paşşanyň kömegi bilen soltan Fatyh Mämmet bilen duşuşandygyny ýazýarlar. Belli wizantinist Stiwen Ransimeniň nygtamagyna görä, Mämmet II Sara hatyny hoşniýetli garşylapdyr. Sara hatyn osman soltanyny öz gelniniň ýurduny — Trabzony eýelemek pikirinden gaýtarmakçy bolupdyr. Emma soltan bu teklibi kabul etmändir. Ol diňe Akgoýunlylaryň çägine goşun salmazlyga söz beripdir. Öwezine Trabzona ýörişinde Uzyn Hasany bitaraplygyny saklamaga borçly edipdir. Mämmet II Trabzona ýörişini gutarýança, Sara hatyny we onuň ýanyndaky ilçilik wekiliýetini girewine saklapdyr. Trabzony eýelände Sara hatynyň gudasy bolan imperatora we maşgalasyna degmän, olary ýörite gämide Konstantinopola ýollapdyr. Trabzondan alan oljalaryndan gymmatbaha zatlardan ýetdik paýyny berip, Sara hatyny ýörite serpaýlap, Töwrize ugradypdyr. Şeýlelikde, ussat diplomat Sara hatyn özüniň soltan oglunyň möhüm döwlet tabşyrygyny ýerine ýetiripdir. Osman soltanyny Akgoýunlylaryň çägine ýöriş etmek raýyndan gaýtarypdyr. Netijede, iki gardaş türkmen neberesiniň arasynda düşünişmezlik zerarly nähak gan dökülmeginiň birbada öňi alnypdyr. Ýassy-Çemende baglaşylan bu ýaraşygyň güýji Osmanlylardan asgyn bolan Akgoýunlylar üçin örän ähmiýeti uludy. Çünki Beýik Ýüpek ýolunyň esasy harydy bolan ýüpegiň Aziýadan Ýewropa üstaşyr geçirilmeginde iki türkmen nesilşalygynyň aralygyndaky Trabzon möhüm çatryk bolup durýardy. Bu söwdadan osmanlylar-da, akgoýunlylar-da uly nep-peýda görýärdi. Hut şol sebäpli-de, Sara hatyn akgoýunlylaryň Gara deňzine ýeke-täk çykalgasyny saklamak üçin, latynlar bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açypdy. 1461-nji ýylda Goýunhisaryň eteginde Osman soltany bilen çaknyşykda oňa garşy durup bilmejegini aňan Uzyn Hasan türkmen diplomatiýasynyň inçe tilsimlerini ulanypdyr — ejesi Sara hatyny töwellaçy edip ýollapdyr. Uzyn Hasanyň öňde goýan iki maksady bardy — birinjiden, ol özüniň «dişi ötmejek» goňşusy Fatyh Mämmedi Akgoýunlylara garşy ýöriş etmek raýyndan gaýtarmakdy, ikinjisi bolsa, garagoýunlylaryň we temirileriň özüne garşy taýýarlaýan ýörişlerine gaýtawul bermek üçin wagt utmak. Osman soltany Sara hatyny öz ýöriş çadyrynda uly hormat bilen garşylap, oňa «Enem», myhman bolsa soltana «Oglum» diýip ýüzlenipdir. Sara hatyn birinji wezipä ussatlyk bilen hötde gelipdir. Fatyh Mämmet esasy maksadynyň Trabzony eýelemekdigini aýdyp, gardaş türkmenleriň üstüne goşun çekmejegini aýdypdyr. Bir aýa çeken gabawdan soň, Trabzon osmanlylaryň eline geçýär. Sara hatyn bolsa Trabzon gaznasyndan gelinligi Despina düşýän paýy alyp, paýtagt Töwrize yza dolanýar. Onuň ýany bilen gelen osman ilçileri Akgoýunlylar bilen baglaşylan Ýassy-Çemen ýaraşygynyň şertlerini tassyklaýarlar. Ýaraşygyň akgoýunlylar üçin syýasy ähmiýeti onuň osman howpundan aman sypyp, diplomat Sara hatynyň ussatlygy bilen özbaşdaklygyny saklap galmagydy. Ykdysady babatda alnanda welin, bu osman diplomatiýasynyň uly ýeňşidi. Çünki osmanlylar Trabzony eýeläp, akgoýunlylary Gara deňzine çykalgadan, onuň üsti bilen bolsa, Genuýa täjirleri bilen söwdadan gelýän uly girdejiden kesipdiler. Görşümiz ýaly, Uzyn Hasan öz ejesi Sara hatynyň üsti bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň milli usulyny, ýagny türkmende gadymdan gelýän töwellaçylyk dessuryny ussatlyk bilen ulanypdyr. Türkmençilikde bolsa, töwellaçynyň töwellasy alynmasa, erbet görülýär. Muny akgoýunlylaryň Temiriler bilen gatnaşyklarynda aýan görmek bolýar. Ilkibada dostlukly gatnaşykda bolan Temirileriň Akgoýunlylaryň çägini eýelemek islegi pajygaly tamamlanýar. Uzyn Hasan Temirileriň howpuna garşy durmak üçin, Şirwan şasy Farruh Ýasar we Erdebiliň hökümdary Şyh Haýdar bilen ýaranlyk baglaşýar. 1468 — 1469-njy ýylyň pajygaly gyşynda Temiri hökümdary Abu Seýidiň goşuny Mugan çölünde akgoýunlylardan ýeňlip, özi hem ýesir düşýär. Abu Seýidiň köşgünde penalanýan Temiri gaçgagy öz gandary bolan Abu Seýidi Uzyn Hasandan sorap alýar. Öz üstüne goşun çekmezligi hakda ozal Sara hatynyň üsti bilen ýollan töwellasyny almadyk (Sara hatyn Abu Seýidiň ejesine töwella edipdir) Abu Seýidiň ömri şeýdip pajygaly tamamlanýar. Uzyn Hasanyň ejesi Sara hatyndan Akgoýunlylaryň duşmany bolan Garagoýunlylara sygnan doganynyň ogly Jahangir Mürzäni raýyndan gaýtarmak üçin hem töwella ugradypdyr. Özüne garşy gozgalaňa baş göteren inisini mugyra getirse-de, ejesiniň töwellasyny alyp, oňa rehim edipdir. Sara hatyn beýleki ogly Jahangiriň meselelerini çözmek üçin, Memluk türkmenleriniň döwletine hem diplomatik missiýa bilen gidipdir. Zehinli diplomat zenan Ýewropada hem giňden tanalypdyr. Ýewropa döwletlerinde Sara hatyna uly hormat goýlupdyr. Ýewropa hökümdarlary ejesiniň üsti bilen Uzyn Hasana täsir etmäge çalşypdyrlar. 1473-nji ýylda Wenesiýadan Akgoýunly köşgüne ýollanan ilçi Losafat Barbaro şeýle tabşyryk berlipdir: «Hökümdaryň ejesi bilen duşuşyň, oňa bolan hormatymyzyň çäksizdigini mälim ediň, sowgatlarymyzy ýetiriň... netijede, ony Wenesiýa amatly bolan işe (Osman imperiýasy bilen urşa) çekmäge meýillendiriň...». Akgoýunlylaryň köşk taryhçysy Abubekir Tährany Sara hatynyň akgoýunlylaryň garşydaşy garagoýunly hökümdary Jahanşanyň ýanyna gidendigini, ýolda Rüstem Tarhanyň karargähine baranda, onda şeýle bir mahabat görmänsoň, Jahangir Mürze bilen Sahypkyrana (Uzyn Hasana — J.G.): — Eger gelseňiz, ýeňiş siziňki bolar. Eglenmän geliň! — diýip habar gönderendigini ýazýar. Sara hatynyň üşükliligi we strategik öňdengörüjiligi netijesinde Uzyn Hasan garşydaşyny ýeňmegi başarypdyr. Sara hatynyň Uzyn Hasandan başga-da, Jahangir, Hüseýin, Jahanşa, Isgender, Ybraýym, Üweýs atly 6 sany ogly, Hatyja begim atly gyzy bolupdyr. Şyh Haýdara durmuşa çykan Hatyja begim ýa-da Älemşah begim (hristian ady Marta) Sefewi türkmenleriniň döwletini esaslandyryjy şa Ysmaýyl Hataýynyň ejesidir".[11] 12. HÜRREM SOLTAN (?–1558) "Ajaýyp asyr" ("Muhteşem Yüzyıl") teleserialyndaky obrazy arkaly aýal-gyzlaryñ arasynda fenomen keşbe öwrülen Hürrem soltan Osmanly türkmen taryhynyñ iñ esasy zenan şahslarynyñ biridir. Hürrem soltanyñ nirede doglandygy anyk belli dälem bolsa, takmynan 1500-nji ýylda dünýä inendigi çaklanylýar. Haremhana düzgünine laýyklykda oña berlen "Hürrem" ady pars dilinde "güler ýüzli, nurana, bagtly" diýmekligi añladýar. Günbatarly çeşmeleriñ hem tassyklamagyna görä, hakyky ady Roksalana bolan Hürrem soltan häzirki Galiçiýadan ýesir alynan popyñ gyzydyr. Prawoslaw dininden bolmagy-da ähtimal. Ýaş gyzka Krym hany tarapyndan osmanly köşgüne sowgat hökmünde ugradylan Roksalana akyl-paýhasy we görmegeýligi bilen ünsi çekipdir. Taryhçylar Soltan Süleýman Kanunynyñ beýleki aýaly Mahydöwran soltandan bolan we tagta birinji mirasdüşer hasaplanýan ogly şazada Mustapanyñ öldürilmegi üçin elinden geleni gaýgyrmandygyny aýdýarlar. Hasaply dünýäniñ syrtmagy onuñ öz ogly şazada Baýezidiñem boýnundan ilipdir. Şeýle-de bolsa ol ahyrynda dört oglundan diri galan ogly şazada Selimiñ tagta geçmegini gazanypdyr.[12] 13. KÖSEM SOLTAN (?–1651) "Ajaýyp asyr. Kösem" ("Muhteşem Yüzyıl: Kösem") teleserialynda keşbi janlandyrylyp, edil Hürrem soltan ýaly häzirki döwrüñ aýal-gyzlarynyñ arasynda meşhurlaşan Kösem soltan Osmanly türkmen taryhynyñ iñ ünsi çekiji zenan şahslarynyñ biridir. Soltan Ahmet I-iñ hasekisi, Soltan Myrat IV-iñ we Soltan (telbe) Ybraýymyñ ejesi, Soltan Mämmet IV-iñ enesidir. Kösem soltana "Kösem walyda", "Mahpeýker", "Hatyja Mahpeýker", "Uly walyda soltan" ýaly atlar bilen ýüzlenilipdir. Osmanly nesilşalygynyñ zenanlarynyñ arasynda diñe Kösem soltan patyşany wezipä belläp-aýyrmak, tagt çalşygyna seretmek ýaly hukuklaryna eýe bolubilipdir. 1603-nji ýyldan 1651-nji ýyla çenli elli ýyla golaý soltanlyk döwründe köşgüñ iñ sözi geçginli aýallarynyñ birine öwrülipdir. Muña garamazdan Kösem soltan Osmanlylaryñ iñ kynçylykly döwürden geçmegine-de elinden gelen kömegini edipdir. Kämillik ýaşyna ýetmänkä gyrnak bolup giren köşgünde "Walyda soltan" derejesine ýeten Kösem soltanyñ öwrenmäge mynasyp gyzykly taryhy bar.[13] Taýýarlan: Наs TÜRКМЕN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |