09:33 Türkmende myhmançylyk we onuñ edebi | |
TÜRKMENDE MYHMANÇYLYK WE ONUŇ EDEBI
Pedagogika we edep-terbiýe
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Myhman almak, myhman barmak durmuşyň iň lezzetli taraplaryndandyr. Bu mesele Türkmen edebinde uly orun tutýan- dygy üçin, halkymyz bu edebiň anyk şertlerini jikme-jik işläp düzüpdir. Mukaddes Ruhnamadan Yslam dini myhman kabul etmeklige ýokary baha beripdir we ony parz hasaplapdyr. Şonuň üçin milletimizde iýer-içere, ýatara ýeri bolmadyk adamy «Taňry myhmany» hökmünde myhman almaklyk däbe öwrülipdir. Beýik Yslam alymy Kurtubiniň aýtmagyna görä: «Myhman kerimdir, myhman almak bolsa keramatdyr, alysdan gelenleri kabul etmek bolsa parzdyr. Şeýle hem myhman almak kerim kişileriň, nebileriň we salyhlaryň ahlagyndan, yslamyň edebindendir» diýýär. Pygamberimiziň: «Alla we ahyrýet gününe iman eden – myhmanyna hödür-kerem etsin. Bir gün we bir gije oňa hyzmat etsin» (Buhary) diýip, iman bilen myhmana hödür- keremi bir aýtmagy onuň ähmiýetine yşaratdyr. «Myhman ataňdan uly», «Myhman öýüň guly» diýen ajaýyp nakyly döreden ata-babalarymyz Pygamberimiziň we alymlaryň aýdan sözlerini özlerine nusga edinip, bütin Gündogar ýurtlarynda özleriniň myhmanparazlygy bilen tanalypdyr. Ata- babalarymyz myhman almak we myhman bolmak däbini bu ajaýyp nakyl bilen doly suratlandyrypdyr. «Myhman ataňdan uly» diýen nakyl öý eýesine degişli bolup, ataňa nähili hezzet- hormat edýän bolsaň, myhmana-da şeýle derejede hezzet- hormat edip ber diýen manyny aňladýar. «Myhman öýüň guly» diýen nakyl bolsa, myhmana degişlidir we myhman, gul hojaýynyň rugsady bolmazdan özbaşdak iş edip bilmeýän bolsa, senem öý eýesiniň rugsady bolmazdan, öýüň içinde öz erkiňe hereket edip bilmersiň diýen manyny aňladýar. ■ Myhmançylyk we onuň edebi Yslamda şeýle uly ähmiýet berilýän, ejdatlarymyzyň häsiýetine siňip giden milletimiziň aňyrdan gelen bu gowy däbini mydama dowam etdirmek möhümdir we myhmançylygyň hem öz edebi bardyr. Myhman almak we myhman bolmak aýry zatlar, bularda öý eýesiniň we myhmanyň borçlary hem-de özüňi alyp baryş düzgünleri tapawutlydyr. ■ Öý eýesiniň myhmanyň öňündäki borçlary Myhman isle çagyrylyp gelsin, isle-de çagyrylman, ony güler ýüz, açyk köňül bilen kabul etmek öý eýesiniň ilkinji borjudyr. Myhmanyň gelýänini gören dessine, onuň öňünden çykyp garşylamak gerek. Öý eýesi myhmany garşy alanda eşigine üns bermelidir. Myhmanlaryň, ylaýta-da ýaşulularyň we aýal-gyzlaryň ýanynda öý eýesine içki eşikde, maýkaly oturmak bolmaýar. Öý eýesi sada we hyzmat etmäge oňaýly eşik geýmelidir. Çagyrylyp getirilen myhmanlardan bezemen geýinmek, öz baýlygyny güjeňlemek maksady bilen, öýdäki gelin-gyzlaryň myhmanlaryňkydan has gymmat şaý-seplerini dakynmagy kelpezligiň nyşanydyr. Yslam dini myhmana ýakymly görünmek we oňa hödür-kerem etmek üçin arassa we gelşikli geýinmegi ündeýär. Çünki egniňdäki eşigiň göze ýakymly bolmasa, ähli eden hyzmatyň ýerine düşmän biler. Pygamberimiz hem bu meseläni ünsden düşürmez eken. «Daşary ýurtdan gelýän ilçileri kabul edende we juma günleri has gelşikli geýnerdi» (Müslim) diýilýär. Hawa, musulman hemişe arassa we gelşikli geýinmelidir, ýöne her bir meselede bolşy ýaly, gelşikli geýinjek bolup, ötä geçip, isrip etmeli däldir. Aşakdaky aýat hem muny nygtaýar. «Eý, adam ogullary, namaz okajak wagtyňyz hemişe oňat geýniň, iýip-içiň, ýöne isrip etmäň. Çünki Alla isrip edenleri söýmez» (A’raf, 31). Nahara çagyrylan myhmanlar öýe girmezden öňürti, olaryň elini ýuwdurmak gerek, elini ýuwan dessine-de, el süpürilýäni äbermek myhmana goýlan hormaty aňladýar. Öýe girilende, ilki öýüň eýesi girip myhmanlary içeri çagyrmaly, olara ýol görkezmeli. Myhman üstki eşiklerini çykarjak bolsa, ony asmaga kömekleşmeli. Myhmany törde oturtmaly, aşagyna düşekçe ýazmaly. Saglyk-amanlykdan soň myhmanlaryň öňüne saçak ýazyp, ýany bilen çaý, süýji, miwe ýaly zatlar getirip goýmaly. Myhmana hödür-kerem etmekde howlukmalydyr. Bu meselede alymlar Ybraýym aleýhissalamyň myhman kabul edişi bilen baglanyşykly Gurhany kerimdäki şu aýatlary delil getirýärler: «Ybraýymyň şerefli myhmanlarynyň gelmeginden habarlymyň. Olar gelende salam berdiler, Ybrahym hem: «Size-de salam» diýip, jogap berdi. Ýöne içinden: «Bular tanamaýan adamlarym, inşalla, haýyrdyr» diýip, olara nahar getirmek üçin usullyk bilen maşgalasynyň ýanyna geçdi we dessine semiz göläniň etinden kebap getirdi. Öňlerine goýup: «Baş üstüne, alyň» diýip, hödür etdi» (Zariýat, 24-27). Yslamda «Howlukmak şeýtandandyr» diýlip aýdylýar. Ýöne şu bäş ýagdaýda howlukmak sünnetdir: 1. Myhmana hödür etmekde. 2. Kämillik ýaşyna ýeten gyzy durmuşa çykarmakda. 3. Meýidi ýuwmakda, jynazasyny okamakda, depin etmekde. 4. Bergiňi üzmekde. 5. Toba etmekde. Nahar çekilende myhmana «Alyň, iýip oturyň» diýip, zol gaýtalap durmak, myhmanlary gyssamak gelşiksizdir. «Myhmanyň öňüne aş goý, iki elini boş goý» diýlip, ýöne ýerden aýdylan däldir. Nahar iýýän myhmanyň eline, agzyna göz dikip, oňa aşa üns berip oturmak hem dogry däl, çünki myhmanyň çekinmegi mümkindir. Bir zat dökülende, gaçyrylanda, döwlende myhmana igenmek salyhatlylygyň nyşany däldir. Myhman bilen naharlanmak hakynda Mukaddes Ruhnamada şeýle aýdylýar: «...Onuň bilen bile naharlan, emma özüňi, öýüňi, rysgalyňy, naharyňy onuň ýanynda öwme, magtama. Myhman seniň edep-terbiýäňe guwansyn, içinden seniň ýaly ogul-gyzy arzuw etsin... şonda ol daşyndan duz-keremiň, söhbetdeşligiň üçin müň gezek alkyş okar. Seni özüne görelde saýar.» Myhman göwne ýaramaz ýaly zat aýdanda-da ýa ýerliksiz degşende-de, öý eýesi oňa gatyrganyp, bir zat diýmeli däldir, geçirimli bolmalydyr. Myhmana hezzeti öz gurbuňa görä etmeli, bar zadyňy aýamaly däl, çünki «Myhman geler işikden, rysgy geler deşikden» diýilýändir. Myhman öýe rysgal hem sogap getirýändir. Ýöne myhmany gowy kabul etjek bolup, karz-kowal edip, öýdäki çagalaryň iýjegini agzyndan alyp, özüňi kyn güne salmak dogry däldir. Eger şeýle edilse, Fudaýl b. Yýazyň belleýşi ýaly, gatnaşyk uzaga çekmeýär. Şeýle hem «Myhman ataňdan uly, çagaňdan kiçi» diýlen söz ýöne ýerden dörän däldir. Muňa garamazdan, türkmen hemişe we islendik pursatda myhman almaga taýýardyr. Myhmana mümkin bolan ýagdaýda öý eýesi hyzmat etmelidir. Pygamberimiziň huzuryna Hebeşistandan ilçiler gelende sahabalar: «Siz oturyň, eý, Resulallah, biz hyzmat ederis» diýseler-de, Pygamberimiz: «Ýok, bolmaz. Bular bir wagtlar meniň sahabalaryma hyzmat eden, arka duran milletiň ilçileridir, bulara hut özüm hyzmat etmek isleýärin» diýýär (Buhary). Bu mesele bilen baglanyşykly Ymam Gazaly «Ihýa» atly kitabynda şu wakany gürrüň berýär. Bir gün Ymam Mälik okuwçysy, ýaş ýigit Ymam Şafygynyň eline suw akydýar we: «Ýalňyş düşünme, meniň bu hereketim seni utandyrmasyn. Munda geň galara zat ýok. Çünki myhmana hyzmat parzdyr» diýipdir. Nahar iýlip, töwir edilenden soň, saçagyň üstündäki artykmaç zatlary ýygnap, oturanlaryň elini ýuwduryň. Soňra myhmanlara çaý berilýändir. Myhmany uzak wagtlap ýeke goýmaly däldir. Ýöne myhmany dynç alyş otagyna geçireniňden soň, özüni arkaýyn duýar ýaly, az salym ýeke galdyrmak ýagşy görlüpdir. Öý eýesi myhmany ugradanda-da, garşylaýşy ýaly, güler ýüzli ugratmalydyr. Ibni Majäniň gürrüň bermegine görä, «Kişiniň myhmany daşky gapa çenli ugratmagy sünnetdir». Gitjek myhmanlaryň köwşüni oňaýly edip goýmagy, üstki eşiklerini äbermegi we geýmäge kömekleşmegi, olary howludan çykýança ugratmagy hem-de «Hoş geldiň» aýdyp goýbermegi endik edinmeli. Myhmanyny ugradanda öňüne düşmän, onuň yzyndan ýöremeli, gapydan hem soňundan çykmaly. ■ Myhmanyň ýerine ýetirmeli borçlary: Myhman hem arassa we gelşikli geýinmelidir. Myhmançylyga gidilende öňünden habarlaşmaly. Emma myhmançylyga barlanda, hökman öňünden habar beräýmeli diýen düzgün ýokdur. Bu diňe öý eýesini kyn ýagdaýda goýmazlyk üçin edilýändir. Barjak öýüňi öňünden habardar etmek edeplilikdir. Gurhany kerimde: «Eý, iman edenler, kesekiniň öýüne eýesinden rugsat soraman we salam bermän girmäň» (Nur. 27) diýlip buýrulýar. Eger-de myhmançylyga baryljak wagty kesgitlenen bolsa, şol wagtda barmalydyr. Ir ýa-da giç barmak dogry däldir. Şeýle hem, Yslam dininde myhmanlyk üç gündür, ondan artygy sadakadyr, myhmana öý eýesini günä işe iteklejek derejede galmagy dogry bolmaz (Buhary, Müslim) diýip, aýratyn bir edep kadasy goýlandyr. Bu düzgüne esaslanyp, halk arasynda «Myhmanyňky - üç gün, üç günden soň göçgün» diýen nakyl dörändir. Şonuň üçin myhman ýerini irizmeli däl. Eger üç günden soňam şol öýde galynmaly bolsa, onda öý eýesiniň hojalyk işlerine kömekleşmeli. Myhman baran ýerinde islänini edip ýörmeli däldir. Oturanyňda köp girip-çykylýan gapa seredip däl-de, oňa arkaňy öwrüp oturmak has edeplilikdir. Bu öýüň aýal-gyzyna gözüň düşüp durmazlygy üçin edilýändir. Abdullah b. Mesud bir näsagy soramaga gidende, ýanyndakylardan biri öýüň aýalyna zol-zol seredýärdi. Muny duýan Ibni Mesud gaharlanyp, oňa şeýle diýdi: «Wallahi, beýle seredip duranyňdan iki gözüň oýulsa gowy bolardy». Mukaddes Ruhnama kitabynda bu barada şeýle aýdylýar: «Myhmançylykda özüňi edepli alyp bar! Bu edebiň şertlerini seniň üşügiň, ene-ataňdan alan göreldäň, şahsy kemallygyň salgy berer.» Myhman hödür edilen zada göwnüýetmezçilik etmeli däldir. Eger halamaýan zady bar hem bolsa, ony aňdyrmajak bolmalydyr ýa-da: «Şu zady men öýümde-de iýip bilmeýärin», «Bu maňa ýaranok», «Berhiz tutýaryn» diýen ýaly sypaýyçylyk etmelidir. Myhman bolup ýatymlyk gelnende, öý eýesiniň görkezen ýerinde oturyp, ýatyp-turmaly. «Men daşarda oturjak» ýa-da «başga jaýda ýatjak» diýip, myhman ýerini artykmaç alada goýmaly däl. Bu barada Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle aýdylýar: «Öý eýesiniň – mediwanyň mümkinçiligine görä edýän hezzet-hormatyndan artykmaç zada tamakin bolma.» Myhmançylykdan öz wagtynda turmaly, öý eýesi bilen hoşlaşyp, çakylyk we hezzet-hormat üçin minnetdarlyk bildirmeli. Bu mesele bilen baglanyşykly Gurhany kerimde şeýle aýdylýar: «Eý, ynsanlar! Nahara çagyrylmazdan, wagtly- wagtsyz Pygamberiň öýüne barmaň. Ýöne çagyrylan bolsaňyz baryň. Nahar iýip bolandan soň derhal dagylyň, söhbete gümra bolmaň, çünki bu hereketiňiz Pygamberi birahat edýär, ýöne edebinden utanyp, size bir zat aýdyp bilmeýär...» (Ahzab, 33). Mukaddes Ruhnama kitabynda bu barada şeýle aýdylýar: «Ýörite çagyrylan ýa möhleti öňünden gürleşilen bolmasa, myhmançylykda kän eglenme. Köplenç, görme-görüş üçin az wagtlyk myhmançylyga barylýar.» Jemläp aýdylanda, myhman almak we myhman bolmak adamlaryň arasynda mylakatly gatnaşyklaryň möhüm serişdesidir. Türkmen halkynyň arasynda myhman gelinmeýän öý gowy görülýän däldir. Şonuň üçin myhman çagyrmaly we myhman çagyrylan ýere hökman barmaly. ■ Myhmançylyga gelnende, myhman garşylananda, hoşlaşylanda ulanylýan dilegler Myhman garşylananda öý eýesi «Hoş geldiňiz (geldiň)!» diýer. Myhmana bolan mähribanlygy ýokarlandyrmak üçin «Hoş geldiňiz» sözüniň yzyna «Sapa geldiňiz» sözi hem goşulýar. Myhman gelen kişi «Hoş geldiňiz!» diýen ýagşy dilege «Hoş gördük!» diýip jogap gaýtarar. Eger myhmanyň gelendigi maşgala agzalaryndan biri tarapyndan maşgalanyň ýaşulusyna habar berlende «Gelen döwlet!» diýip jogap berer we myhmany garşylamaga taýýar bolar. Türkmen halky baýlygy, jan saglygyny, köp çagalylygy, myhmany we ş.m. döwlet hasaplaýar. Gijräk biriniň gapysyna, öýüne baran adam «Es-Selamü aleýküm!» diýen salamlaşmak sözünden soň ýa- da onuň deregine «Giç ýagşy!» dilegi ulanýar. Manysy, gijräk gelen-de bolsam, ýagşylyga geldim, gijäňiz ýagşy bolsun diýen sözlerden ybaratdyr. Onuň jogaby bolsa «Gelen ýagşy!» dilegidir. Munuň manysy bolsa, seniň gijräk geleniň aýyby ýok, ýagşy niýet bilen gelen bolsaň bolýar diýmekdir. Myhman ugradylyp, hoşlaşylanda öý eýesiniň eden hyzmatlaryna minnetdarlygyny we hoşallygyny bildirmek üçin «Sag boluň!» ýa-da «Hoş, sag boluň!», «Sag oturyň!», eger agşam-giçlik bolsa «Gijäňiz rahat bolsun!» diýip, dileg edýär. Öý eýesi bolsa, «Saglykda görşeliň!», «Agyran-ynjan bolsaňyz, razy boluň!», «Toýda duşuşalyň!», «Dilegde boluň!» diýen ýagşy dilegler bilen jogap berip, myhmany ugradar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |