12:08 Türkmende näsagyñ, hassanyñ halyny soramak däbi | |
TÜRKMENDE NÄSAGYŇ, HASSANYŇ HALYNY
Pedagogika we edep-terbiýe
SORAMAK DÄBI Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Ýollaryň ýagşysy hassa kişini soramaga alyp barýan ýoldur. Pygamberimiz aýtmyşlaýyn, hassa soramaga barýan wagtyň ömrüň umumy hasabyna urulmaýar. Mukaddes Ruhnamadan ■ Hassanyň halyny soramaga barmak Hassanyň halyny soramak, onuň derdini paýlaşmak, islegini ýerine ýetirmek jemgyýetçilik durmuşda özara sylag-hormaty ýokarlandyran ynsanyň edepliliginden we medeniýetliliginden bir nyşandyr. Näsaglan syrkawyň halyndan habar almak, görme-görşe gitmek türkmeniň ruhy beýikligini görkezýän gadym däplerinden bolşy ýaly, Yslam dininde hem musulmanyň musulmana alty borjundan biri hasap edilipdir. Bu babatda Ebu Hureýreden rowaýat edilen merfu bir hadysda şeýle diýilýär: «Musulmanyň musulmandaky haky altydyr. Duşuşan wagtyň salam ber, çagyran wagty çakylygyna git, öwüt-nesihat isleýäne öwüt ber, asgyranda «Elhamdulillah» diýse, sen. «Ýerhamukellah» (Alla saňa merhemet etsin) diýip jogap ber, hassa bolan wagty halyny sora, ýogalan wagty jynazasyna git» (Buhary, Müslim). Hassa adam maddy taýdan bolmasa-da, ruhy taýdan goldawa mätäçdir. Şeýle hem ynsan ynsanyň begenjini we gynanjyny deň paýlaşmalydyr. Çünki şatlyk paýlaşylanda artar, gynanç paýlaşylanda azalar. Bize her bir meselede nusga bolup duran Serwerimiz Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellem hassanyň halyny soran, onuň derdini paýlaşan, islegini ýerine ýetiren kişiniň ruhy taýdan ummasyz sogap gazanjagyny buşlapdyr. Ynha, hassanyň halyny soramak barada Serwerimizden lagly-göwher we edebe ýugrulan käbir sözler. «Her haýsy bir musulman, ir bilen hassa bolan musulman doganyny zyýarat etse, ýetmiş müň perişde ertir daňa deňiç oňa istigfar ederler. Şeýle hem şol kişi üçin jennetde ýygnalan ir-iýmişler we miweler bardyr» (Riýazüs-salyhyn). Başga bir kutsy hadysynda bolsa kyýamat-magşar güni Allatagala şeýle aýdar: «Eý, Adam ogly, hassalandym, meniň halymy soramadyň?!» «Eý, Allam, Sen nähili hassa bolarsyň? Sen älemleriň Rabbysyň.» diýip jogap berende, şeýle aýdar: «Ýadyňdamy, palan, gulum hassa bolanda, onuň halyny soramadyň. Onuň halyny sorasaň, meni onuň ýanynda tapjakdygyňy bilmeýärmidiň?» (Müslim). ■ Näsaga, syrkawa ýagşy dilegler etmek we onuň islegini ýerine ýetirmek Hassanyň halyny soran wagtyň göwnüni göteriji sözler aýtmaly, oňa ýagşylyk we saglyk dilemeli, doga-dileg etmelidir. Munuň nähili bolmalydygyny Pygamberimiz aleýhissalam şeýle maslahat berýär: «Sizden biri hassanyň halyny soramaga gidende,» Allam, bu guluňa şypa ber diýip, doga-dileg etsin» (Tejridi Saryh teijimesi). Başga bir hadysda: «Sizden biri syrkaw biriniň halyny soramaga gidende, elini onuň eliniň ýa-da maňlaýynyň üstüne goýsun, soň ýagdaýyny sorasyn.» (Tejridi saryh terjimesi). Äşe enemiz (Alla ondan razy bolsun) Pygamberimiziň içerisinden biri näsaglanda, sag eli bilen hassany sypap, şeýle dileg edýändigini: «Allam, sen bütin ynsanlaryň Rabbysyň. Munuň azabyny ýeňlet. Şypany beren Sensiň. Senden başga şypa beren ýokdur. Muňa hiç hili kesel galmajak şekilde şypa ber» diýip habar berýär» (Riýazüs-Salyhyn). Syrkawyň bir islegi bolsa, mümkin ýagdaýynda, ony derhal ýerine ýetirjek bolmaly. Pygamberimiz aleýhissalam hassanyň halyny soramaga gidende, «Isleýän bir zadyň barmy?» diýip soraýar. Ol bolsa, «Bugdaý nany» diýip jogap berýär. Şol wagt Allanyň Resuly: «Kimiň ýanynda bugdaý nany bar bolsa getirip bersin. Syrkawlaryňyza işdäleriniň alan zadyny iýdiriň» diýip aýdýar. Şol döwürde Arabystanda bugdaý nany gyt bolany üçin her kim tapyp, iýip bilmeýärdi. Hawa, köplenç, näsag adamlara nähili hereket etjekdigimizi bilmeýäris. Ýa tapan zadymyzy iýdirýäris, ýa- da zyýan berer diýip, köp zady iýdirmeýäris. Şonuň üçin biri ýarawsyz bolanda, derrew lukmana äkidip keselini anyklamaly, bu meselede ahmallyk etmeli däl. Sebäbi gijigen ýagdaýynda, öňüni alyp bolmajak kesel döremegi mümkin. Şonuň üçin dinimiz, aslynda kesel bolmazdan, çäre görülmelidigini, ýarawsyz bolanda bolsa, derrew özüni lukmana seretdirmelidigini ündeýär. Bu babatda Pygamberimiz hem şeýle nesihat edýär «Eý, Allanyň gullary, keselläniňizde hökman bejergi alyň. Çünki Alla ýaradan her bir keseliň garşysyna hökman bir şypa we derman berendir» (Müslim). Başga bir hadysda bolsa «Her bir derdiň hökman dermany bardyr. Şonuň üçin derdiň dermany tapylan ýagdaýynda keselden saplanarsyňyz» (Tirmizi) diýilýär. ■ Hassany okamak arkaly bejermek Ruhy ýarawsyzlyklar Gurhandan käbir şypa aýatlarynyň ýa-da Pygamberimiziň öwreden dogalarynyň okalmagy bilen gowulanýar. Munuň häzirki günlerimizde hem durmuşda mysallary kän. Şeýle hem häzirki medisina maddy keselleriň aglabasynyň ruhy ýetmezçilikler sebäpli döreýändigini belleýär. Aýratynam, hassa kişi ruhuny belent tutup, özüne ynamy ýokary bolsa gowulanma işi, elbetde, artýar. Şonuň üçin hassanyň halyny soramaga giden kişini käbir şypa aýatlaryny, dogalary okasa, has göwnejaý bolar. Okap, dem salyp bejermek usulyna «rukýe» ady berilýär. Rukýäni küpür sözler we jady üçin edilse haramdyr. Pygamberimiziň göz degmesine, ýylan-içýan çakmasyna rukýe edilmegine rugsat bermegine ençeme delil getirmek mümkin. Bu barada Pygamberimiziň durmuşyndan käbir mysallar: Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ýüregi gysandygyndan şikaýat eden bir adama şeýle aýdýar: «Gurhan oka, Alla Gurhan hakynda şeýle aýtdy «Ol köňüllerdäki ruhy ýetmezçiliklere şypadyr» (Ýunus, 57) (Riýazüs- Salyhyn). Osman bin Ebil-As atly bir sahaba şeýle aýdýar: Bir gün bedenimde bir agyry sebäpli Allanyň Resulyna şikaýat etdim. Ol maňa: «Bedeniň agyran ýerine eliňi goý we üç gezek «Bismillah» bilen ýedi gezek «euzü billähi we gudratihi min şerri ma ejidu we uhazyru», ýagny «çeken derdimiň azaryndan Allanyň gudratyna we yzzatyna sygynýaryn diý» diýip aýtdy (Riýazüs-Salyhyn). Ynsanyň özi ýa-da başga biri ýarawsyzlaşanda Fatiha, Yhlas we muawwizeteýn (Felak, Nas) sürelerini okamagy mustahapdyr, hatda bu süreleri hassa bol, sagat bol tapawudy ýok, ertir-agşam okamak has laýygydyr. Allahümme Rabbin-nas, izhebil-be’se weşfi enteş-şafy la şifaen illa şifaeke la ýugadiru sekamen. «Ynsanlaryň Rabby bolan Allam, çeken azabymy aýyr, şypa yhsan eýle, çünki şypa beren sensiň. Senden başganyň şypasy ýokdur. Şonuň üçin şypa ber, keselimden yz galmasyn» (Buhary). Lä ilähe illallahu el-Azym, el-Halym. Lä ilähe illallahu Rabbul-Arşil Azym, Lä ilähe illallahu Rabbüs-semawati wel-arzy Rabbül-Arşil kerim. «Azym we kerim bolan Alladan başga hiç bir ilah ýokdur. Arşy azymyň Rabbyndan başga hiç bir ilah ýokdur. Gökleriň Rabby, Ýeriň Rabby we şerefli Arşyň Rabbyndan başga ilah ýokdur» (Müslim). ■ Hassanyň özüni alyp barmagy Ynsan näsaglanda, başyna bir bela-musybat düşende özüni sabyrly alyp barmaly, halyndan nägile bolmaly däl. Agzyndan Alla şikaýat we küpür sözler çykmazlygyna üns bermeli. Sebäbi bu synag dünýäsinde ýaradan Alla bizi isleýşi ýaly synagdan geçirip biler. Biziň Allanyň beren zatlaryna tazy bolman, şikaýat etmäge hak-hukugymyz ýok. Ynsan küpürden başga her hili ýagdaýda Alla şükür etmeli. Hassalyk, bela-musybat ýaly ýagdaýlarda sabyrly bolmak hem özboluşly bir şükürdir. Şonuň üçin näsaglan bir adam şol derdinden gutulýança sabyr etmeli. Bu babatda Pygamberimiz şeýle gürrüň berýär: «Gul syrkawlan wagty, Alla oňa iki perişde iberer: «Görüň bakaly, şol bendäm ýanyna gelenlere näme aýdýar?» diýip tabşyrar. Eger gul ýanyna gelenlere Alladan nägile däl-de, Oňa hamd etse, ýagdaýy derhal Alla habar bererler. Allatagala hem şeýle aýdar: «Bu gulumyň ruhuny alsam, ony hökman jennetime salaryn. Şypa berip gowulaşdyranymda bolsa, oňa öňlerinden has sagat bir beden we berk jan saglygy bererin. Şeýle hem ony günälerinden-de saplap ýalkaryn» (Mälik bin Enes). Başga bir kutsy hadysda bolsa Allanyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem şeýle aýdýar: «Rab Sübhanehu we Tagala şeýle buýurýar: «Yzzat we jelalym haky üçin afuw edip ýalkamak isleýän gulumy, bedeninde bir kesellik ýa-da ryskynda egsiklik berip, ähli günälerini bagyşlamazdan, dünýeden ötmegine ýol bermerin» (Rezin). ■ Näsag, syrkaw soralanda aýdylýan dilegler Başyna bir iş düşen adamyň ýa-da hassanyň özüne gönüden- göni ýüzlenilip, ruhy ýagdaýynyň sagdyn bolmagyny gazanmak, köplenç, göwünlik bermek we soňunyň oňat, abatlyk bilen gutarmagyny aňladýan «Aman-sag bäri bak (bakaweri!), «Ahyry gelsin», «Yzy gelsin», «Ahyry haýyr gelsin (bolsun)!», «Ahyrýeti haýyr bolsun!» diýlip, ýagşy dileg edilýär. Bu dilegler hassanyň hossarlaryna hem aýdylýar. Türkmenler «Bar zadyň seresi – saglyk» diýýärler. Şonuň üçin «Baş saglygy bolsun!» dilegi öz-özüňe-de, başga birine-de iň köp ulanylýan dileglerden biri. Näsagy soramaga baran adam näsagyň özi bilen gürleşip, onuň saglyk ýagdaýynyň oňatlaşýandygyny aňandan soň, näsaga göwünlik bermek maksady bilen «Bäri bakdygyň bolsun!» dilegini aýdýar. Näsagyň hossaryna bolsa «Bäri bakdygy bolsun!» diýýär. Türkmenlerde ýarawsyzlyk netijesinde çekilen kynçylyklaryň, görlen azap we güzaplaryň, günäleriň ýalkanmagyna bolan ynanç sebäpli, näsagy soranda «Gabyr azabyndan bolsun (-da)» diýip, dileg edilýär. Näsag soralanda «Soňy düz bolsun!», «Eýesi gaýgyrsyn!», «Emgek bolup aýrylsyn!» ýaly dilegler hem aýdylýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |