12:51

Türkmeniñ ruhy

Pedagogika we edep-terbiýe
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 932 | Добавил: Нawеran | Теги: Atabaý Nazarow, Atamyrat Garaýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 15
0
1 Oguzhan_aga  
65
Agarta sag bol buňa meňzeş makalalary okamagymyza sebäp bolýanyň üçin. Bu saýtda bular ýaly makalarar bolmanda 100 üň 50 ni tutýan bolsa gowy bolardy. Diýjek bolýanym herbir adam buňa meňzeş meseleler hakynda pikir edip ýörseler jemgyýetmizde türkmençilik birazam bolsa ýörgünli bolardy. Emma gynansakda biziň (umumy milleti göz öňünde tutýan) köpümiz bu meseleler hakynda pikir etmekdenem gorkýas, birden "türkmençilik" gelerde biz ýene "yzagalak" halk bolarys diýip. Bunu men ýöne ýerden diýemok, köp adamlar bilen oturyşyp pikir alyşylyp gelen netijäm we ÖZ PIKIRIM. Meň bu makala üçin ýazjak ýorumlarym kän ýöne ýekeje bir zat aýdyp besetmekçi, ýogsam maňa "sen dini pikir bilen aýdýaň" diýýänler tapylaýýa. Ynha aýda biri toý ýa sadaka bir üýşmek edýä. Senem aýdylaňsoň barýaň. Köplenç indi çadyrlar gurulýa. Senem iliň giren ýerine girip oturýaň. Ýaş gyzlar (emma boýy ýeten uly gyzlar) saçagyň üstüne dürli dümen zatlary çekýärler, bezäp goýýarlar. Seredýäň biriniňem başynda ýaglyk ýa başdaňy birzat ýok. Saçlarynyň öni hüžžerip dur. Soň nahar çekilýä, bismilläh diýip başlaýaň. Göwnüň isläp duzly zatlara el uzadýaň alýaň. Görseň uzyn bi aýal gyz saçy çykýa. Horon adam bolsaň aýryp iýibermeli, emma öňem kemişdä bolsaň bolan işdäňem kesilýä we nahardan çekilýäň. Indi aýdaly: şu gyzlar başlaryna ýaglyk daňynmaly, ene-atalar şuň üstünde berk durmaly-diýilse bu dini garaýyş bilen pikiriňi aýtmak bolýamy. Biziň TÜRKMENÇILIGIMIZDE başy açyk gezmeklik barmy?

0
2 O.P19-84  
Saçyng taryha dal, dyrnak bolekleri cykmasa hezil et diysene biggrin

0
3 Oguzhan_aga  
65
19 84. dogry belleýäň, oturtma dyrnaklary ýa reňki gopup tabagyňdan çyksada geň görüp boljak däl.
Bu makalada başgada gaty derwaýys meseleler agzalyp geçilipdir. Bu aýdylan meseleleriň biziň içimizde şeýle berk we çal ornaşmagynyň ASYL SEBÄBI nämedenkä? Kim aýdyp berjek.

0
4 Şirwan  
Goysañyzlañ howw, şolañam arassaçylygam sizçe bardyr-lay, halysam diymeli diyseler gözüni çykaryañyz

0
5 Oguzhan_aga  
65
Şirwan biraz edepliräk söz ulansaň gowy bolar.
"goýsaňyzlaňhow" diýmeklikden "sen kimaý" diýen many çykaryp bolýa. Seň ýaşyň menden ulam bolsa kiçem bolsa aýyplaşma, bu ýerde her kim bir tema hakynda öz pikirini aýdýa. Senem öz pikiriňi aýt, ýöne haýbat atyp aýtma. Seň diýşiň ýaly olar belki bizden has arassadyr, ýöne bizem görýän zadymyzy aýdýas.

0
6 Gumlygelin  
8
Sen kagyz ýaly arassa bolsañam başyñ açyk bolsa tagama başdaky gyl gaçyp biler... Saç başda näçe gözel bolsada, düşensoñ onda-da tagama düşse añryñy bärik getirýän ýagdaý. Şoñ üçinem zenan maşgala tagam taýýarlanda başyny ýapmagy arassaçylygyñ iñ esasy ýagdaýy.
Ýene bir ýagdaý... Toýlarda erkek kişileñ oturan otaglarynda, çadyrlarynda gyz-gelinleñ hyzmat etmegi dogry däl. Sebäbi köpüñ üýşen ýerinde ýagşy gözem, ýaman gözem ýetikdir. Türkmençiligiñ birinji nusgasy bolsa zenan maşgalasyny ýaman gözden goramakdyr...

0
7 Oguzhan_aga  
65
Bärakallah Gumly gelneje. Sen uçup barýan guşuň edil gözünden urduň. Meniň aýtmak isläp ýören zatdymy sen aýtdyň. Dogrusyny aýtsak biz şolar ýaly ýerlerde oturamyzda gyz gelinler hyzmat etmese gowy görýäs. Tüweleme oglanlar etigä hyzmata.
Şular ýaly makalalara siz ýaly aýal-gyzlaryň goşulyşyp ýorum ýazmaklygy iň dorusy bolar, emma näme üçindir goşulyşyberýän ýok. Biziň jemgyetimiz ownap gidip barýarka başga näme hakynda gürrüň etsegem onymyz bi ýöne göwün aldama bolar. Gaýrat ediň şular ýaly gürrüňlere goşulşyň . Asyl bu saýty döredilmeginiň sebäbi hem bu Türkmen jemgyýetimiziň nogsanlyklaryny (gynansakda bar) ýetmezçiliklerini, türkmençiligi ýitirmezligi, ata-babalarymyzyň şanly-şöhratly geçmişini ýatlap we öwrenmekligi maksat edinmeýämikä?

0
8 Gumlygelin  
8
Gynansagam oña derek köp ýaşlar türk seriallarnyñ täsiri bilen ýaşanyny has gowy görýär Oguzhan aga. Biz bärde türkmenćilik hakda gürrüñ etsek,muña döwürden yza galaklyk diýip düşünýänlerem kän. Ýurdumyzda talyplañ, mekdep okuwçylarnyñ egin-eşiklerniñ belli bir forma salynmagy milli egin-eşiklermişiñ täzeden janlanmagna getirdi. Ýogsam, baryñ, näme geýseñiz geýiberiñ diýen bolsadylar. Millilikden çala sudur galardy.
Arada Soltan Sanjara zyýarata gidip galañ beýik ýerine çykyp ser saldym. Şonda bir pursat göz ýumup, bir mahalky gülläp ösen Merwi göz öñümde janlandyrdym. Buýsanmakdan ýaña damagym doldy.
Diñe Soltan Sanjaryñ mowzaleýiniñ özem biziñ ata-babalarmyzyñ şan-şohradynyñ,ösen medeniýetiniñ subutnama bolup bilýärkä, özge ýurtlañ medeniýetine öýkünjek bolmagy menä utanç saýýan...

0
9 Oguzhan_aga  
65
Dogry aýdýaň Gumly gelneje, menä özüm çagalara şol seriallary görmegi gadagan edýän, diňe Ärtogrulň kä bir serýalary ýada täzelikler görüň diýýän. Mekdep formasam gaty gowy zat
, ýöne birää şol köýnekler endama syrlaşyp duran bolmasa, ýenede beden terbiýesi bahanasy bilen gyz çagalara erkek eşigini geýdimekligi meň pikirimçe ýalňyş.
Zyýaratyňyzam kabul bolsun Soltan Sanjar atamyza we beýlekilere.
Biz (dogrusy obamyz) Soltan Sanjaryň nesli bolýas diýen rowaýat gürrüň bar. Bilemok dogrymy nädogrymy, şo gürrüň hakynda gözlgde bizem.

0
10 Oguzhan_aga  
65
Howwa belki aňyrsynda bir hakykat ýatanam bolsa belli däl, gözleýäs özä. O gürrüňleriň haýsy oba degişlidigini şeýle aýdaýyn. Meniň bir 30 bentlik "türkmenlere köp salam" diýen ýeketäk goşgym bar, sonuň iňsoňky setirini aýdaýyn, şondan düşünersiňiz.

- Şu ýerde meniňem gutarýar sözüm,
Utamyş, Bagşy, Daşaýak özüm,
Ýatlasam ýaşdan dolýandyr gözüm,
Gökdepäniň şehitlerne köp salam.

Bizde şeýle gürrüň bar.
Garadaşaýak, Akdaşaýak, Sotanyz bular Soltan Sanjaryň nesli, Burkazlar bolsa Soltan Sanjaryň Mämmetsapa diýen inisiniň nesli diýýäler. Akdaşaýak Soltn Sanjaryň peri aýalyndan bolan diýýäler. Bu gürrüňleriň aňyrsynda nämeler ýatyr bilemok. Özümçeräk biraz derňäp gördüm.
1. Eýranly Abdyrahman teňli tana diýen ahunyň bir düzen şejeresi bar. Şonda şeýle bir ýeri bar.
Melik şa- soltan Sanjar mazy - Firuz şa - Akmelek -Garamelek -Gara mazy - we bundanam dört adam--Taşaýak, Ýaşaýak, Soltanazyz, Ilmelek.
Ilmelegi bilmedim ýöne beýleki üçüsi häzir ady bilen bar ýaly bolup dur. Tejen Mary gapdalda Soltonyz-Sotnazyz, ahalda Tejen we Maryda Taşaýak-daşaýak we Ýaşaýak-(kiçisi, ýaşy kiçi bolany) Akdaşaýak bar.
Soltan Sanjaryň Muhammet Tapar diýen agasymy ýa inisimi kitaplarda ady bar. Tapar-sözüni arapça "si" harpy bilen ýazsaň "ti" harp bilen tapawudy ekeje nokat bolýa . 3 nokat goýsaňa "s" bolýa, 2 nokat goýsaňam "t" bolýa. Bar diýeli "si" harpyň bir nokady düşenmişin. Şony "si
s" bilen Sapar diýip okasalyň. Türkmençilikde Muhammet adyny gysgaldyp "Mämmet, Mehmet, Mamed, Mommat ýa Hommat diýip tutýarlar.
Sapar diýen ady-da "Sapa, Sapby" diýen köçe adyny goýýarlar. Indi: Muhammedi gysgaldyp--Mämmet, Saparam--Sapa diýsek onda Mämmetsapa bolýa. Burkazlaram şu Mämmetsapadan gaýdýa diýen gürrüň bar. Bular entek taryhçylaryň derňewine mätäç gürrüňler.

0
11 Oguzhan_aga  
65
Howwa Gumly gelneje, entekler öwrenilmel taryhymyz we şahsyýetimiz kän. Öwrenmeli diýemde şeýle bir zat ýadyma düşdi.
Keýmir kör atmyzam biziň obamyzdan. Biz ýç-dört ýaşuly bolup Balkan Maňgyşlak tarapa Keýmir aganyň guburyny gözläp ýedi gezek giip gözlp soraşdyryp geldik. Şu ýaşulylaryň birä Keýmiriň sekizinji arkasy, birem Keýmir agaň Emir diýen agasynyň nesli. Şulaň biri golýazmalar instudyna baryp "Keýmir kör hakynda näme ýazgylar bar sizde" diýip sorapdyr (özüni tanyşdyrandan soň). Şo ýeriniň ikinjisi (orunbasary) bolup oturan adam "Keýmir kör bolup geçen adammy ýa fantaziýamy" diýipdir. Ara başlygy goşulyp biraz gatyrganypdyr.
Umuman diýjek bolýanym biziň taryhy öwrenmeli taryhçylarymyzyňam birentegi näbileýindä.
Iki ýyl öň obamyzda Baýly şahyry ýatlap uly bir sadaka we ýazyjy şahyrlaram çagyryp çärede geçirildi. Baýly şahyr Akdaşaýagyň kör tiresinden. Keými kör gyzyl tiresinden.

0
12 Oguzhan_aga  
65
Gumly gelneje bizde bir kän gürrüň ýokdur, nämede bolsa eşidenmizden aýdyp durarys.
Ümür Esen pahyr bilen ölmazinden bir aýrak öň ýany öz obamyzda hälki aýdan ýaşulylarmyzda oturuşmak nesip etdi. Şonda üýşip otyrys kileň şahyrmada ýazyjy, mirasgär (Sapargeldi Hanowam bar) . Gürrüň gyzdy taryha geçildi. Ärsary baba barada gitdi. Şonda bizem bir ýerine goşulmaly boldy. Men aýtdym: Ärsary baba hakyndaky ýukajyk kitapda şeýle bir setir bar, Ugurjyk alpyň tartymy. -"Kylyjym syrdym bilekşemde kuýy kazdym" diýýä. Şony şu günüň türkmençesine geçiren (sol kitabyň awtory) şeýle ýazypdyr. "Gylyjym syryp bilim egdim guýy gazdym" diýýä. Menem oturanlara aýtdym: bu ýerede bir nädürslik bar. Bu setirde bilini egip (nädip diýen sorag) guýy gazanyny dälde, bilekşemde (nirede diýen sorag) guýy gazanyny aýdýa. Meň bilýänim Türkmenistanda iki ýerde Baleýşem diýen ýer (oba) bar. Birä Balkanda birem gaýrada gum içinde Kürtüş atadan 15-20 kmlikde. Özi hem şol gaýradaky Uzboýuň köne hanasynyň bir ýeriniň egrelýän ýerinde (bili egrelýä). Men aýtdym şol "bilekşem" diýmeklik baleýşem sözüne öwrülen bolaýmasyn- diýdim welin pahyr Ümür aga ýassyga ýaplanyp ýatan ýerinden öhh etdide zöwwe dikeläýdi ynha bize gerek adam diýip. Aý garaz soň maňa Ahaldaky bir elim (kömekçim) bol diýdi, menem sypaýyçylyk bilen başarman diýip etmedim. Pahyryň 40-na baryp gaýtdyk.

0
13 Edebiyatcy5066  
58
Salawmaleýkim. Golýazmalar institutynyň öňki-soňky orunbasarlarynyň -Keýmir kör bolup geçen adammy ýa fantaziýamy- diýendigine düýbünden ynanjak däl, ýaşuly, men-ä.

0
14 Oguzhan_aga  
65
Wealeýkum essalam. Edebiýatçy 5066 sen dogry aýdýaň, şoňa menem ynanjakdäl. Men kellämiň gyzgynyna başga zat ýazypdyryn. Golýazmalar institutynyň orunbasarlaryndanam we beýleki hemme işgärlerindenem we saýtyň agza we myhmanlaryndan menden aýyp görmezliklerini towakga edýän, bir ýalňyşlyk gidipdir.
Men taryh intitudy diýip ýazjakdym. Şol institudyň so döwürdäki orunbasary bolmaly. Eger kim şuny barlap görmek islese men şol Keýmir körüň nesliniň telefon belgisini berip biljek, özünden soraýmaly.
Ýene bi gezek ötünç soraýan hemmäňizden.

0
15 Camilla  
280
teswirler juda gyzykly eken smile

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]