15:16 Türkmenistanyň Gahrymany Aksoltan Ataýewa bilen söhbetdeşlik | |
TÜRKMENISTANYÑ GAHRYMANY AKSOLTAN ATAÝEWA BILEN SÖHBETDEŞLIK
Söhbetdeşlik
25-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Umumymilli forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Töräýewna Ataýewa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy. Hormatly ada mynasyp bolan türkmen diplomat zenany bilen taýýarlanan söhbetdeşligi okyjylara ýetirýäris. — Aksoltan Töräýewna, ilki bilen, Sizi ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Beýik ykrar, döwletli dereje nesip etsin! — Köp sag boluň! Bu gün meniňdurmuşymda iňbir ýatdan çykmajak günleriňbiri. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde iň ýokary döwlet sylagyna — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp saýylmagym meniň başymy göge ýetirdi. Muňa şatlygymyň, buýsanjymyňçägi ýok. Şeýle bagtly hem tolgundyryjy pursatlary peşgeş beren milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýaryn. Bu belent dereje, beýik mertebe diňe meniň çeken zähmetime däl, eýsem, tutuş türkmen diplomatiýasyna berlen ýokary bahadyr, şol bir wagtda hem örän uly jogapkärçilikdir. Watanymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden, wepaly gulluk etmek biz, türkmen diplomatlarynyň baş maksadydyr. Bu belent derejä mynasyp bolmak üçin geljekde hem arman-ýadaman yhlasly zähmet çekeris, ukybymyzy-tejribämizi has-da kämilleşdireris. Ýokarda hem nygtaýşym ýaly, bu beýik döwlet sylagy ähli türkmen diplomatlarynyňalyp barýan işine berlen ýokary bahadyr. Daşary ýurtlarda Watanymyza mynasyp wekilçilik etmekde, dünýä jemgyýetçiliginde ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny belentden parlatmakda mundan beýläk hem netijeli işleri alyp barjakdygymyza ähli türkmen diplomatlarynyňadyndan ynandyrýaryn. — Hormatly ilçi, bu günki gün ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa mynasyp bolýar. Bu ugurda türkmen diplomatlarynyň goşandy hakynda gysgaça aýdyp beräýseňiz?! — Iňesasy zady nygtamak isleýärin. Diplomatiýa — örän çylşyrymly hem-de jogapkärçilikli iş. Köpler ony «sungat» diýip atlandyrýar. Dogrusyny aýtsak, işimiz aňsat däl, örän jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýär. Türkmen diplomatlarynyň bu işiň hötdesinden gelýändigini uly buýsanç bilen aýtmak isleýärin. Hormatly Prezidentimiziň hut özi bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Watany söýmekde, Watana ak ýürekden hyzmat etmekde biz, ilkinji nobatda, milli Liderimiziňşahsy göreldesinden nusga alýarys. Aslynda, Gahryman Arkadagymyz parasatly Lider, görnükli syýasy ýolbaşçy hökmünde bu günki gün tutuş dünýä görelde. Türkmen diplomatlarynyňbir maksada — hemmelere görelde bolmaga gulluk etmegi hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesinden, anyk-aýdyň tabşyryklaryndan gelip çykýar. Şoňa görä-de, islendik ýurtda Türkmenistanyňadyndan wekilçilik edýän diplomatlarymyz öz işinde wepalylyk, ak ýüreklilik, birek-biregi hormatlamak ýaly asylly ýörelgelerden ugur alyp zähmet çekýärler. Diplomat, ozaly bilen, ýurduň bähbitlerini goramaly, dünýä ýurtlary bilen, abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşmaly. Bu ugurda diplomatiýanyň inçe tilsimlerinden oňat baş çykarmak hem-de tejribe örän zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz döwlet we umumadamzat ähmiýetli teklipdir başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şol döwletli başlangyçlaryň ähmiýetini we many-mazmunyny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek bolsa, elbetde, türkmen diplomatlarynyň jana-jan wezipeleriniň biri. — Milletler bileleşiginde Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edýän, dünýä ähmiýetli wakalaryň içinde ýaşaýan wekil hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalarynyň kabul ediliş tertibi hakynda gürrüň beräýseňiz?! — Milletler bileleşiginde Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edýän, dünýä ähmiýetli wakalaryň içinde ýaşaýan wekil hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalarynyň kabul ediliş tertibi hakynda gürrüň beräýseňiz?! — Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilýän kararnamalardan mysal getiräýin. Her ýylda milletler bileleşigi tarapyndan 300-den gowrak Kararnama kabul edilýär. Olar, adatça bolşy ýaly, häzirki zamanyň iň möhüm meselelerini öz içine alýar. Kabul edilýän şol möhüm resminamalaryň birnäçesiniň Türkmenistanyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna degişli bolmagy aýratyn bellärlikli ýagdaý. Çünki bir işiňbaşyny başlamak, ony hem dünýä derejesinde ykrar etdirmek hemmelere başardyp baranok. Hut şonuňüçin hem mertebesi belent Prezidentimiz halkara jemgyýetçilikde dünýäde ykrar edilen Lider hökmünde tanalýar. Bu günki gün milli Liderimiz dünýäde «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygary, «Bähbitleriň köpdürlüligi — maksatlaryň birligi» ýörelgesi bilen tanalýar. Hawa, hormatly Prezidentimiz dünýäniňbelent münberlerinden dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Ony dünýä ýurtlaryna ykrar etdirmek bolsa ýurdumyzyň halkara guramalardaky, daşary ýurtlardaky diplomatlarynyň paýyna düşýär. Meselem, islendik bir Kararnamany kabul etmek üçin türkmen diplomatlary öz wekilçilik edýän ýurtlarynda degişli işleri alyp barýarlar, gepleşikleri geçirýärler. Biz hem öz gezegimizde, Nýu-Ýork şäherinde resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleri geçirýäris. Çünki kabul edilýän Kararnamanyňteksti hemmelere düşnükli mazmunda taýýarlanylýar we milletler bileleşigine agza ýurtlara ýaýradylýar. Resminamanyň her bölümi aýratynlykda, içgin öwrenilýär. Ýekeje mysal getireýin. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 73 döwleti onuň awtordaşlary bolup çykyş etdi. Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň biragyzdan goldanylýandygy aýratyn ünsi çekmeli ýagdaýdyr. Munuň özi Bitarap Watanymyzyňdünýä jemgyýetçiliginde doly ykrar edilýändiginiň, öz sözüniň, öz ýüzüniňbardygynyňalamatydyr. — Aksoltan Töräýewna, «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp bolmak, megerem, Sizi täze üstünliklere ruhlandyrandyr. Geljekki öňüňizde goýýan maksatlaryňyz?! — Elbetde, bu ýokary döwlet sylagy meni öz işime has-da jogapkärli çemeleşmäge borçly edýär. Türkmen diplomatlary nirede zähmet çekseler hem öz Watanyna ak ýürekden hyzmat etmelidir, onuň bähbitlerini goramalydyr. Bu wezipede diňe halal hem-de arassa zähmet çekmelidir. Men ýurdumyzyň diplomatik gullugynda 25 ýyldan bäri zähmet çekýärin. Watan üçin edilýän yhlas hiç haçan ünsden düşürilýän däldir. Esasy zat — iň oňat häsiýetleriňi, tejribäňi Watanyň hyzmatyna bagyş etmeli. Şonda Watan öz ogullarynyň, gyzlarynyň gadyryny bilýändir. Maksadym — has-da yhlasly işlemek, ýurdumyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesini mundanam beýläk berkitmek hem-de hormatly Prezidentimiziň türkmen diplomatlaryna bildirýän ýokary ynamyny ödemek. — Hormatly ilçi, Sizi ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolmagyňyz bilen ýene-de bir ýola tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, Watana hyzmat etmek bagty Size uzak-uzak ýyllar miýesser etsin! — Sag boluň! «Türkmenistan» gazeti, 26.09.2019 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |