12:38 Türkmenistanyň halk artisti Kerim Annanowy ýatlap... | |
TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI KERIM ANNANOWY ÝATLAP...
Ýatlamalar
Redaksiýamyza Mary welaýatynyň Murgap etrabyndan hormatly dynç alyşdaky ene Ogulnäzik Weliýewa žurnalda Türkmenistanyň halk artisti Kerim Annanowyň ömri we döredijiligi, maşgalasy barada makala çap edilmegini haýyş edip, hat ýollapdyr. Kerimiň köp sanly keşpleri janlandyryp, kinofilmleri döredip, halkymyzyň gyzgyn söýgüsini gazanandygy, onuň bilen bagly ýakymly ýatlamalary ýazga geçirmek öňdenem pikirimde bolansoň, bu hat meniň köňül arzuwymyň tiz wagtda wysal tapmagyna täsir etdi. Haty elime alyp, talyplyk ýyllarymyň ýatlamalaryna berildim. Kerimiň mähirli ýylgyryp duran keşbi göz öňümde janlandy. Öýe gelip, surat albomymyň içinden mundan kyrk ýyl öň toparymyzyň oglan-gyzlary bilen düşen suratymyzy tapdym. Suratda topar ýolbaşçymyz Jeren Azymowa, gyzlarymyzyň onusy, oglanlardan Kerim, Annadurdy, Hemra dagy bar. Bu ykbal peşgeşi. Çet etrapda önüp-ösen oba gyzynyň paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdebine okuwa girip, ýurdumyzyň tanymal adamlary bilen bir toparda okamagyny, ýaşlyk ýyllarynyň iň bagtly günlerini olaryň arasynda geçirmegini başga nähili atlandyryp bolar?! (Toparymyzda söýgüli şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň gyzy Bahar hem bardy). Dogrusy, Kerim bilen bir toparda okuwa başlandygymy topar ýolbaşçymyz bizi ýygnap, her birimiz bilen aýratynlykda tanyşlyk açanda bilip galdym. Öňdäki partada oturan uzyn boýly ýigit ýerinden turup, adyny, atasynyň adyny aýdanda, birbada ynanmajak boldum. Ol kakasyna meňzäp durdy. Kerimiň özem şol döwür türkmen filmleriniň köpüsinde dürli keşpleri janlandyryp, halkymyzyň arasynda tanalýardy. Soňra biz onuň bilen dostlaşyp gitdik. Toparymyzda hemmämiz ony gowy görerdik. Çünki Kerim sadadan sypaýy oglandy, şadyýandy, göwnaçykdy, mähirli ýylgyryşy bardy, gürleşmegi, degişmegi halardy. Şu günki ýaly ýadymda. Biz birinji ýyllykda Tejen etrabyna pagta ýygmaga gitdik. Otla münüp, ýerleşen dessimize Kerim biziň ýanymyza geldi. Küpäniň agzynda duran ýerinden gyz familiýamy tutup: «Ahmedowa, men indi diňe siziň ýanyňyzda boljak» diýip, obadaşym Gözel ikimiziň ýüzümize bakyp, ýylgyrdy. Biz onuň näme diýjek bolýanyna düşünmedik. Onýança aşgabatly Läle: «O näme üçin? A biz näme?!» diýip, degişme bilen gürledi. Kerim: «Men pagta ýygyp bilýänmi, näme!? Oba gyzlary bolsa ýygyma ökde. Onsoň, heriňiz bir öňlük pagta berseňiz, gündelik normamy bitdi biläýiň. Kömek edersiňiz gerek?!» diýdi. Biz onuň bu sözüne gülüşdik. Ýöne biz Kerime kömek etmeli bolmadyk. Ony çaýçy bellediler. Kerim owadan tebigatymyzyň aşygydy. Ol ösümlik we haýwanat dünýäsine baý Köpetdagyň, Köýtendagyň gözellikleri, çeşme-çaýly jülgelerimiz barada joşup gürrüň bererdi. Onuň behişdi bedewlerimize bolan söýgüsi ýürekdendi. Atlar barada gürrüň edende, gözlerinde buýsanç ataşy alawlap giderdi. Bir gün ol «Laçynyň ogurlanmagy» filminde surata düşýändigini buşlady. Bir günem ol filmiň taýýar bolandygy, ilkinji görkezilişine hemmämizi çagyrýandygy baradaky hoş habary bilen geldi. Iň soňky gezek men ony ýokary okuw mekdebini tamamlanymyzyň 35 ýyllygyny bellänimizde gördüm. Ýaz aýlarydy. Toparymyzdan on-on bäş gyz, Kerimiň hem bir özi bardy. Toý saçagynyň başynda topar ýolbaşçymyz Jeren Azymowa oňa degip: «Kerim, sen bu gün gyzlaryň hemmesine bir özüň hyzmat etmeli bolýaň» diýdi. Ol, dogrudan-da, hemmämize hyzmat etjek bolup, toýy aýak üstünde diýen ýaly geçirdi. Hoşlaşanymyzda: «Jeren Pygamowna, şu wagt tebigat gaty owadan. Geliň, dynç güni men sizi Sekizýaba alyp gideýin. Hem dynç alarsyňyz, hemem ol ýerleriň gözel keşbini synlap, arassa dag howasyndan dem alarsyňyz» diýdi. Biz bu teklibe garşy bolmadyk, ýöne nämüçindir onuň bilen tebigata-da gidilmedi. Kerim bilen bagly diňe gowy habarlary — bagtyýarlyk döwrümiz, medeni gymmatlyklarymyz baradaky filmleri döredýändigi, türkmen kinosungatynyň ösüşine goşan goşandy üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň dakylandygy baradaky hoş habarlary eşidip, begenip ýören günlerimizde onuň aramyzdan gidenligi baradaky habar bizi gaty gynandyrdy. Durmuşa höwesli, heniz etsem-goýsamlar bilen ýaşaýan ýyldaşymyz aramyzdan ir gitdi. Onuň wepaly maşgalasy, dowamat-dowamy bolan iki gyz, bir ogly, agtyklary bar. Ogly Annanyýaz atasynyň, kakasynyň ýoly bilen ýöräp, Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlady. Kakasynyň döreden filmlerinde dürli keşpleri janlandyrdy. Maşgalasy Akjagül bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol: - Kerim sungata ýüregi bilen berlen adamdy. Umuman, sungat maşgalasy bolansoň, öýde-de gürrüňimiz, köplenç, kino sungaty, artistler, olaryň döredýän keşpleri barada bolardy. Kerim köp işlärdi. Mydama täzeden-täze filmleri döretmegiň pikirindedi. «At — myrat» filmini surata düşürýän günleri gürrüňi diňe behişdi bedewlerimiz barada boldy. Mähriban Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri barada edýän aladalaryna, yhlasyna, hormatyna ýüregi bilen begenerdi. Ogluma-da at münmegi öwretdi — diýip, gürrüň berdi. Meniň elimde Kerim Annanowyň şahsy sahypasy. Onuň ýüzüne ýyldaşymyzyň ýaşlyk ýyllarynda düşen suraty ýelmenen. Ilki paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetini, soňra Russiýa Federasiýasynyň S.Gerasimow adyndaky kinematografiýa institutynyň režissýorçylyk fakultetini tamamlandygy baradaky maglumatlar bar. Döredijilik depderçesi 1964-nji ýylda açylypdyr. Kerim şol ýylda, ýaňy 6 ýaşynyň içinde «Keçpelek» kinofilminde ilkinji keşbini janlandyrypdyr. Soňra onuň dürli ýyllarda dürli filmlerde janlandyran keşpleri barada maglumat berilýär. «Gaýgysyz Atabaýewde» Gaýgysyzyň çagalygynyň, «Laçynyň ogurlanmagynda» Döwletiň, «Kärizgenlerde» Merdanyň, «Agyr ýükde» Orazyň, «Guşgy galasynda» harby gullukçy Nazarowyň, «Zöhre—Tahyrda» Garabatyryň... başga-da dürli keşpleriň onlarçasyny, şeýle-de täjik we özbek kinolarynda hem baş gahrymanlaryň keşplerini janlandyrandygy barada aýdylýar. Onuň kakasy, sungat ussady Baba Annanow bilen bilelikde oýnan filmleri-de bar. «Gök böriniň aýdymy», «Akmaýanyň ýoly», «Güýz» Kerimiň öz döreden filmleri. Ol iň soňky gezek Wepa Işangulyýew bilen birlikde behişdi bedewlerimize bagyşlanan «At — myrat» atly filmi döretdi. Ýöne bu filmiň tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolanyny görmek ýyldaşymyza nesip etmedi. Ýyllaryň geçmegi bilen saralan kagyzlaryň arasynda şol ýyllarda Kerime berlen döredijilik häsiýetnamalary ünsüňi çekýär. Olarda Kerimiň üýtgeşik zehinlidigi, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolandygy barada aýdylýar. Adamkärçiligine ýokary baha berilýär. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Halmämmet Kakabaýew Kerime beren häsiýetnamasynda, onuň «Laçynyň ogurlanmagy» kinofilminde ýokary ussatlyk bilen oýnandygy barada aýdyp: «Kerim höwes bilen işleşmeli aktýorlaryň biri. Onuň bilen kino surata düşürilende, gije-gündiz işleseň-de, ýadamaýarsyň» diýip ýazypdyr. Kerim, hakykatdan-da, ýüregi joşgunly, kalby söýgüden doly üýtgeşik zehin, mähriban ynsandy. Keýik UMAROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |