17:59 Türkmenistanyñ halk artisti Sary Garryýew | |
TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI SARY GARRYÝEW
Teatr we kino sungaty
Her ýurduň, döwletiň belli-belli şahsyýetleri bar. Olar halkyň kalbyndan hiç wagt çykmaýarlar. Isle şahyr, isle artist bolsun, olar il arasynda uly abraýa eýe. Adamlar olary unutman, häli-şindi ýatlap durýarlar. Uly iliň aňynda yz galdyryp gidenleriň birem meşhur artistimiz Sary Garryýewdir. 1906-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Balkan welaýatynyň Serdar (ozalky Gyzylarbat) şäherinde dünýä inýär. Kämillige ýetýänçe, ol dogduk mekanynda ýaşaýar we zähmetde taplanýar. Sary Garryýew ýaşlygyndan oglanlara Kemine we Ependi bilen bagly gürrüňleri aýdyp gülüşdirmegi başarar eken. Otyzynjy ýyllarda ol Aşgabada göçüp gelýär. Sary Garryýew şu ýerde ömrüni teatr we kino sungatyna bagyşlaýar. Her oýunda Sary Garry çykyş edende, tomaşaçylaryň arasynda özboluşly şowhun döreýär. Şu ýerde bir zady ýatlasam ýerlikli bolarmyka öýdýärin. Geçen asyryň ellinji ýyllarynda meşhur artistimiz Alty Garlyýewiň çaý başynda aýdan sözleri hiç kalbymdan çykmaýar. Şonda Alty Garlyýew şeýle diýdi: “...Sary Garry tüýs artist bolup dünýä inipdir, ony kino düşüreňde, geýimlerini geýindir-de, surata düşüriber, şol bolany, oňa kän bir taýýarlyk gerek däl. Obalarda, her bir toparda duşuşyk geçirip, täze alynýan kino hakda söhbet açsaň, oturanlar köplenç “kinoňyzda Sary Garry oýnajakmy” diýip soraýarlar. “Hawa” diýäýseň, zalyň içindäkiler el çarpyşýardylar”. Moskwada sungat işgärleri bilen duşuşyklarda-da Alty Garlyýewe Sary Garrynyň ekrana ýatdan çykmajak bezegleri berýänligini aýdardylar. Bir belli sungat işgäri hem oňa: “Siziň şol artistiňizi ruslaryň belli artisti Igor Ilinskiý bilen doly deňeşdirip bolar...” diýipdir. - Obalara kino düşürmäge çykanymyzda, adamlar haçan görseň onuň daşyndadyr. Sary aga gyzykly gürrüňler bilen jemagatyň göwnüni açardy. Men “Sary aga, kino düşýänçäň, hiç ýere çykma, ýogsam, jemagat seni hiç ýere goýbermeýär” diýenimde, ol: “Wah, nädeýin, Alty jan, uly ile degişme, şorta sözem gerek, olaryň ruhlary göterilýär” diýip, Sary aganyň aýdanlary ýatlap, Alty Garlyýew gürrüň bererdi. Şu ýerde ýene-de bir zady ýatlasak, ýerlikli bolsa gerek. 1937-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat – Moskwa atly ýörişine gatnaşan 36 sany türkmen gerçekleri sag-aman Aşgabada dolanyp geldiler. Şäheriň merkezi meýdançasynda olaryň hatyrasyna garşylanyş dabarasy boldy, şonda döwlet ýolbaşçylary taryhda görlüp-eşidilmedik atly ýörişiň üstünlikli tamamlanmagy bilen çyn ýürekden gutladylar. Bu dabaradan soň atly gerçekleriň hatyrasyna Aşgabadyň seýilgähinde uly toý tutuldy. Dabarada meşhur Täçmämmet Suhanguly, Mylly Täçmyrat, Sahy Jepbar dagy aýdym-saz bilen çykyş edip, hezil berdiler. Aýdym-saz soňlanandan soň, birden Sary Garry ýerinden turdy-da, atlylarymyzy çyn ýürekden gutlap, şeýle bir gülküli şorta sözlere başlady. Adamlar hezil edip gülýärdiler welin, başlaryndan ak-gara telpekleri ýere gaçýardy. Şonda atly ýörişe gatnaşan, Aşgabadyň eteginde Begmyrat Annamyradyň aýdan sözleri ýadyma düşýär. Ol şeýle diýdi” “Wah, Sary jan, senem ýanymyz bilen atly ýörişe Moskwa äkitmeli eken. Segsen alty günlük ýoly nähili geçenimizi bilmezdik. Sen adamlaryň ýadawlygyny aýryp, ruhlaryny ganatlandyrýan adam ekeniň”. Soňra Täçmämmet aga saz çalyp, dutaryny goýdy. Şonda Sary aga dutary eline alyp, tiňňildedip başlady. Täçmämmet aga oňa ýüzlenip, degişme äheňinde: “...Sary jan, sen şorta söze tüýs berlen, uly iliň göwnünden turar ýaly bir gülküli goşgy düzjek bol” diýdi. Bu aýdylan zatlar ömürlik ýatdan çykmaz. Indi seredip otursaň, şol taryhy günlerden bäri ep-esli wagt geçipdir. Şu günlerem seýilgähiň gapdalyndan geçenimde, şol uly dabaranyň bolan ýerine seredenimi duýman galýaryn. Hawa, Sary aga biziň öýmüze häli-şindi gelerdi. Onuň gülküli sözlerinden doýma ýokdy. Ol köçä çyksa uly il” “Hanha, Gandym aga gelýär” diýerdi. Dogrudanam, “Aýgytly ädim” kinosynda Sary Garryýew garamaýak daýhan Gandymyň keşbini örän ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Bir gezek Sary aga bilen duşuşanymda ol: “Meniň-ä köçä çykyp ýöremäm kyn” diýdi. Men “Näme üçin?” diýip soradym. Ol “Aý, inim, ýüzümi perde geýip çykaýmasam, hiç ýöredenoklar. Ýaşuly diýermiň, ýaşkiçi diýermiň, asyl: “Gandym aga, salawmaleýkim” diýşip, soňuny gülkä ýazdyraýarlar” diýdi. Sary aga bütin ömrüni kino sungatyna bagyşlan adam. Onuň kinolardaky ýatdan çykmajak keşpleri biziň günlermizde-de adamlaryň kalbyndan çykanok. Sary Garryýew bitiren işleri üçin ordenlere, medallara mynasyp boldy. Sary Garry meşhur, özüni ile aldyran, sungatda ýatdan çykmajak yz galdyran uly artistlerimiziň biri hökmünde hemişe ýatlanar. Şyhmyrat MÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |