08:54 Türküñ ölümi | |
"TÜRKÜÑ ÖLÜMI" romany
Edebiýat täzelikleri
Belki biz ýurdumyzdaky türk firmalarynda işlemäge gelen we aýal-gyz görse hyllygyny akdyryp ýören aýalbaz türkiýelileri görüp, bu gün segsen milliona ýeten türk halkynyñ hemmesini şeýledir öýdýändiris?.. Belki-de, biz brazil seriallaryndan uzaga çekýän soñy gelmez türk seriallarynda biri-birleriniñ aýallaryna aşyk bolup, ýa-da aýalynyñ üstüne hyzmatkär gyz bilen gezip çaga dogurdyp ýörenlere, eli sapançaly köpçülik ýerinde kowalaşyp ýören gahrymanlara ("mafiýa babalary") seredip, türk halkyna baha berýändiris?.. Ýa bolmasa, käbirimiz olary syýasy habarlarda günde-günaşa tomaşa edilýän, biri-birine basdaş partiýalaryñ deputatlarynyñ saçýolma oýnaşyp we bir-birine oturgyç zyñyşyp görene göz boluşlary bilen olaryñ hemmesini şolar ýalydyr öýdýändiris... Ýok, siz ýalñyş göz öñüne getireñzok! Köp babatda siziñ edýän pikiriñiz dogry. Ynha, "Türküñ ölümi" romany hem adamyñ we jemgyýetiñ şolar ýaly peslige nädip düşüşiniñ çeper beýany bolup durýar. "IERUSALIM OPERASIÝASY" (Türkiýäniñ Ierusalimi azat etmegi) ýa-da "Kuddus operasiýasy" ("OPERASYON KUDÜS") romany bilen adyndan söz etdiren türk ýazyjysy Hasan Karaman "Türküñ ölümi" atly ikinji kitabynda özüniñ birinji ýazan eserinden soñ nä derejede kämilleşendigini görkezmek bilen birlikde tanymal ermeni žurnalisti Tigran Martikýanyñ garşysyna edilen jenaýatdan söz açýar. Belki-de, kitabyñ arka sahabynda ýerleşdirilen jümleler biziñ ýokarda goýan ritoriki sowallarymyza gerekli jogaby berse gerek: "Ýaşajyk oglan, az wagtyñ içinde ýurduñ ýakasy gaýyşly jenaýatçysy bolup bilermi? Bolýan ekeni!..” Tanymal ermeni žurnalisti Tigran Mardikýanyñ ýaşajyk ganhory jenaýat eden badyna ele salynanam bolsa, aslynda kimler tarapyndan gurnalandygy näbelli bolup galan aýylganç jenaýatyñ pidasy boldy. "Türk" sözi etniki adalga, ýa-da başgaça aýdylanda gana esaslanan garyndaşlygy alamatlandyrýan söz däldir. Türk sözüni etniki adalga derejesine getirmek - ony aslyna özüne mahsus däl görnüşe düşürmekdir. Bu ony kiçeltmekden, daraltmakdan, gysyrlaşdyrmakdan başga zat däldir. Bu öz taryhy gelip çykyşyña atanak çekmek bilen birlikde "türk(men)" adyna mynasyp bolmak üçin edilen işleriñ ähmiýetini peseltmekdir. Türklük (türkmençilik) Orta Aziýada ýaşan we Gök Tañry (Asman Hudaýy, ýagny ýeke-täk Allatagala) ynançly Ural-Altaý kökli käbir kowumlaryñ (türkmenleriñ) musulmançylygy kabul etmegi bilen orta çykandyr". "Türküñ ölümi" romany türklügiñ, türk adyna mynasyp bolmagyñ we milli buýsanjyñ gowşamagynyñ agysy bolup ýañlanýar. Ýaşlaryñ ýalan hažyk-hužyklar bilen aldanylmagy we daglara çykarylmagy, metropoliýalarda (köp ilatly şäherlerde) narkotiki serişdeleriñ söwdasynyñ edilmegi, ýokary okuw jaýlarynda we mekdeplerde taryhdan, edebiýatdan we syýasatdan bilim almagyñ deregine billerine sapança dakynyp köçelerde adam kowalamagy.... ynha, bularyñ hemmesi "Türküñ ölümi" romanynda mañzyña batýan şekilde ussatlyk bilen suratlandyrylýar". * * * Deñesinden biperwaý geçip bolmajak we okap bolandan soñra, türki kowumlardan bolan her bir ynsanyñ kalbynda "Men kim?" diýip, sowal döretjek bu romany okamak we satyn almak isleýänler doly nusgasy bilen kitapyurdu.com internet saýtyndan alyp bilerler... | |
|
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |