00:50 Tylla güýzüñ tylla ýodalarynda / şahyrana oýlanma | |
TYLLA GÜÝZÜÑ TYLLA ÝODALARYNDA
Oýlanmalar
Güýz... Bu pasylda mis şelpeli ýapraklaryň sary kagyz deý çigrejik şemala gaýyp gaçmaklary bilen bir tutuma çenli gysgalan günleriň ümzügi paýhasdyr pelsepäniň ýoluna düşüp, şo-ol gidip otyr. Derýalaryň köşeşen suwy, Asmanyň ýüzündäki durnalaryň gyýkuwy, ýollaryň ýumşajyk aladasy kalbyň töründe müdimi yz goýýar. Tämiz duýgularyň durlanyp, säheriň ýukajyk ümrüniň tebigatyň tyllaýy lybasyny bezeýşi, öwgüsi ýetik kämil eserlerdäki pursatlary sere getirýär. Hawa, güýz — bu akyldarlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň pelsepe hazynasy bolsa, köpler üçin joşup duran duýgy deňzi. Ondan her bir ynsan özüne gerek düşünjäni alýar, kim paýhasa, kim ýakymlyja duýga, kimsi şatlyga, ýene biri bolsa çuňňur pelsepä berilýär. Tylla geýnen ene topragyň goragynda ýurt araçäklerimiziň asudalygyny, parahatlygyny, mizemezligini üpjün edýän serhetçileriň durmuşynda hem güýz aýratyn orny eýeleýär. Serhetçi esgerleriň hemişe sak durup gulluk alyp barmaklary, ýüreklerindäki watansöýüjilik duýgulary, oýlanmalary serhet ýodalarynda ýürek urgularynyň pikir we duýgy sazlaşygynda aýdyma, saza, ýa kämil kyssa öwrülip, dünýäniň zerewşan gatlaryna siňýär. Serhetçileriň ýurt goragynda sak durmaklary, serhet ýodalaryny syryp, hüşgärligiň, eserdeňligiň kämil nusgasyny görkezmekleri, güýz günleriniň sahabynda tylla reňkli öwşün atýar. Güýzüň giçki güllerini söýüp, sary donly baglaryň tansyny synlap, pessaý aýdyma hiňlenýän şemalyň çawuşyny eşidip, ata Watanyň mukaddes serhedini goramak, her bir esger üçin, gör, nähili bagt?! Rysgal-berekedini bolluk bilen eçilýän tylla güýzüň ynsan kalbyna watansöýüjilik, ynsanperwerlik, paýhaslylyk ýaly duýgy-düşünjeleri eçilişi-de ýakymly. Ol ýurt goragçylarynyň serhet ýodalarynyň söýgüsini, kämil pelsepesini, ajaýyp görnüşini söz bilen aýdyp bolmajak derejede aýdyňlaşdyrýar. Şonuň üçin, tylla güýzüň tylla ýodalary Watan goragçylaryny dost-doganlyk serhedimiziň goragyna ruhlandyrýar, olary edermen, gaýduwsyz, merdana we ata-babalarymyzyň watansöýüjilik mekdebiniň nusgalyk ýoluna iterýär. Bu bolsa biziň zerewşan paslymyzyň ruhy dünýämiz bilen özara sazlaşygyny emele getirip, mukaddes serhedimiziň mizemez goragyny öňküden-de pugtalandyrýar. Baýnazar BAÝHANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |