10:31 Ürkün gyrgynçylygy | |
ÜRKÜN GYRGYNÇYLYGY
Publisistika
100-120 müñ töweregi bolandyr öýdüp çak edilýän gyrgyzlar häzirki Gyrgyzystanyñ demirgazyk-gündogaryndan Hytaýa geçjek bolanlarynda öñlerinde aşmasy kyn Týan-Şan daglarynyñ keserip durmagy netijesinde Patyşa Russiýasynyñ ýaragly güýçleriniñ elinden halas bolup bilmediler. 1916-njy ýylda Gyrgyzystanda taryh sahypalaryna ady "Ürkün gyrgynçylygy" diýip ýazyljak gandöküşlikli waka bolup geçdi. Gyrgyz halkynyñ tolgunşyklaryny basyp ýatyrmaga çalyşýan Patyşa Russiýasy Hytaýa gaçmaga synanşan 100 müñden gowrak gyrgyzy rehimsizlik bilen oka tutdy. 2019-njy ýylyñ awgust aýynda Ürkünde wepat bolanlaryñ ýagty ýadygärligini hatyralap Gyrgyzystanyñ demirgazyk-gündogaryndaky Barskun obasynda we ýurdyñ paýtagty Bişkekde ýatlama çäreleri geçirildi. Gyrgyzlar merdana ata-babalarynyñ ruhuny hormatlap "Ürkün 90" ady berlen meýilnamanyñ çäginde gyrgyz halkynyñ azatlygy ugrunda wepat bolan gerçekleriñ dagap ýatan süñklerini üýşürip, belli bir ýere gömdüler. Doganlyk gyrgyz halkynyñ gozgalañ turuzmagynyñ sebäbi rus sarizminiñ halkyñ hak-hukuklaryny depgiläp ýetjek derejesine ýetmegi bilen birlikde, gyrgyzlaryñ Birinji jahan urşunda rus goşunlarynyñ hasabyna uruşa gatnaşdyryljak bolunmagydy. Ýadyñyzda bolsa, 1916-njy ýylda hut Tejende hem şol sebäpli Eziz hanyñ ýolbaşçylygynda halk gozgalañy turupdy. Bu halk gozgalañy belli ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiñ dünýä belli "Aýgytly ädim" romanynda öz beýanyny tapypdyr. Birnäçe ýyllap elindäki bary-ýogy alnyp gelnen garamaýak halkdan bu gezek şirin janlary islenýärdi. Russiýa uruşdan ýeñiş gazanyp çyksa-da, ezilip-horlanan we urşyñ agramyny ýagyrsynda çeken Orta Aziýa halklaryna munuñ hiç bir peýdasy ýokdy, wepat bolan gahrymanlarymyzyñ ady-soruny tutjak, hormat bilen ýat etjek ýokdy. Edil tejenliler ýaly, kowumdaş gyrgyz doganlarymyz hem Patyşa Russiýasyna garşy aýaga galdy we bu gozgalañ taryhda görlüp-eşdilmedik zalymlyk bilen basylyp ýatyryldy. Gyrgyzlaryñ bir bölegi rus basybalyjylary tarapyndan şehit edildi, ölmän galan bölegi bolsa üç müñ metr beýiklikdäki dag gerişlerine çykanda jan berdi. Häzir bu dag gerişleriniñ etekleri gyrgyz şehitleriniñ dagap ýatan süñklerinden doly. Haýran galdyryjy görnüşleriñ biri-de Bedel geçelgesi bilen Hytaý serhediniñ arasyndan geçýän derýanyñ hanasynyñ adam süñklerinden dolup ýatanlygydyr. Ýetmiş dört ýyllap dowam eden sowet häkimiýeti döwründe wakalaryñ bolup geçen ýerini görmesinler-bilmesinler diýip, bu ýerlere musulmanlaryñ aýak basmasyna böwet boldular. Ürküniñ ady sowet ideologiýasy bilen ýazylan kitaplaryñ birinde-de agzalmaýar. Hatda gyrgyz intelligensiýasynyñ bu hasratly wakadan söz açýan kitaplarynyñ neşir edilmegine-de tä Gyrgyzystanyñ 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyny alýança garaşmaly boldy. Ürkün gyrgynçylygynyñ ýetmiş bäşinji ýyly bolan 1991-nji ýylda ilkinji gezek öten-geçenleriñ ruhuny hormatlap, şol hasratly wakalarda ençeme adamyñ wepat bolan Asylbaş obasynda ýatlama çäresi geçirilipdi. Şu ýerde bir zada üns bermek gerek: Şol ýyl Ürkün şehitlerimi ýatlama çäresinden soñ Sowet Russiýasy SSSR-iñ düzümine girýän halklaryñ garaşsyzlyk hakyndaky talaplaryna kän bir garşy çykyp durmady. Ýöne ortada gynandyryjy we kalbyña wehim salyjy bir hakykat bar: Olam Russiýanyñ Çeçenistandaky we Kawkazdaky musulman halklara garşy görkezen tutumyna meñzeş ýagdaýda öldüren 100 müñ gyrgyzyñ ruhlarynyñ öñünde bu waka zerarly hiç hili "puşmanlyk" duýmaýanlygy we ýönekeý halkdan "ötünç" soramaýanlygydyr. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |