10:55 Ussat we Margarita -12/ romanyñ dowamy | |
XII bap
Romanlar
GARA JADYGÖÝLIK WE ONUŇ PAŞ EDILIŞI. Başyna sary reňkli deşik kotelok — şlýapa, aýagyna gözenek jalbar, paşmagyna ýaldyrawuk köwüş geýen malina sypat burny gyp-gyzyl, kiçijik bir adam Warýetäniň sahnasyna iki tekerli ýönekeý welosiped münüp çykdy. Ol fokstrot sazynyň aşagynda sahnany bir mertebe aýlanyp, ýeňişli seda bilen gygyrdy welin, welosiped yzky tigrinde aýaga galdy. Kiçijik adam bir tigirde bir azyrak sahnada aýlanyp, aýagyny asmana göterip, welosipedi eli bilen sürüp, soňam onuň öň tekerini aýryp, perdäniň arkasyna tigirläp goýberdi, soň welosipediň çarhyny eli bilen aýlap bir tekerde ýöremegi dowam etdi. Şundan soň egni trikogy we hemme ýerine kümüş ýyldyzjagazlar ýapyşdyrylan ýubka geýen, dolmuş, sary saçly bir aýal bir tekerli juda belent welosiped münüp çykyp, ol hem sahnada aýlanyp (öwrülip) başlady. Kiçijik adam bu aýal bilen garpma-garşy gelende, başyndaky kotelok — şlýapasyny aýagy bilen çykaryp, gygyryp salamlaşýardy. Ahyry sekiz ýaşlaryndaky ýüzi garrysypat bir oglanjyk awtomobiliň ullakan gudogy asylan goşa tekerli kiçijik welosipedli çykyp, ulularyň aýagynyň aşagynda çolaşyp, hyzlap ýöräp başlady. Bu üç artist sahnada birnäçe mertebe pyr-pyr aýlanandan soň, orkestrdäki depregiň gorkunç sesiniň astynda ylgap, sahnanyň gyrasyna geldi, birinji hatarda oturan tomaşaçylar «wah» diýip, oturan ýerlerinde arkan gaýyşdylar, çünki adamlara bu üç artist ulaglary bilen bile orkestriň çukuryna ýykyljak ýaly duýuldy. Emma artistler welosipedleriniň öňki we tekerleri sazandalaryň üstüne ýykyljak çagy sakga durdylar. Welosipedçiler «hop!» diýip gyýgyrşyp, ýere böküp düşdüler, aýny wagtda sary saç aýal tomaşaçylara howaýy posa iberdi, oglanjyk bolsa gudogyny düýdüldedip, gülkili signal berdi. Dowamly el çarpyşma binany lerzana getirdi, mawy perde sahnanyň iki tarapyndan biri-birine ýakynlaşyp gelip, welosipedçileri gözden ýaşyrdy, işikleriň depesindäki «çykalga» diýip ýazylan ýaşyl çyralar söndi, gümmez aşagyndaky ap-ak şar sypat çyralar möý kerebini ýatladýan gimnastika ýüpleriniň aralygynda lowurdap ýandy. Iň soňky bölüminiň öňündäki arakesme başlapdy. Welosipedçi Žullileriň maşgalasynyň ýerine ýetiren täsin oýunlaryna gyzykmadyk ýeke-täk adam Grigoriý Danilowiç Rimskiý boldy. Ol ýalňyz özi ýuka dodaklaryny dişläp, kabinetinde oturşyna, ýüzi gahardan ýaňa çytylýardy. Lihodeýewiň düşnüksiz ýagdaýda ýitirim bolany az ýaly, indi iş dolandyryjy Warenuhanyň gaýyp bolmagy hem üstesine. Rimskiý onuň nirä gidenini bilýärdi, emma ol giden ýerinden yzyna dolanyp gelmedi! Rimskiý egnini gysyp, öz ýanyndan — Ýeri, ne bela boldy diýip pyşyrdady. Maliýe direktory ýaly iş bilermen adam üçin Warenuhanyň giden ýerine jaň edip, oňa näme bolanyny sorap bilmekden aňsat iş bolmasa hem, geň galaýmaly, ol tä agşam sagat ona çenli özüni bu zada mejbur edip bilmedi. Sagat onda Rimskiý özüni mejbur edip, ahyry telefon trubkasyny gulagyna tutdy, tutdy-da, telefonyň sem bolup galanyny bildi. Kurýer binadaky başga telefonlaryň hem işlemeýädigini habar etdi. Bu elbetde, ýakaymsyz, emma gaty bir adatdan daşary, bolmadyk ýagdaý maliýe direktoryny, birhili geň galdyrdy, şol birwagtyň özünde-de hoşal etdi: Jaň etmek zerurlygy aradan aýryldy. Arakesmäni habar beriji gyzyl çyra maliýe direktorynyň depesinde lyp-lyp edip ýanyp ugranda, kurýer girip, daşary ýurtly artistiň gelenini habar berdi. Nämüçindir maliýe direktory bu habara tisgindi we ýerinden galyp, ýüzünden gar ýagjak ýaly alarylyp, gastrolýory garşy almak üçin perdäniň arkasyna ýol aldy, çünki ony garşy almaga indi özünden başga adam galmandy. Bir topar bilesigeliji adamlar: egnine zerli don geýip, selle oran gözbagçylar, dokama ak kurtka geýen konki uçujylar ýüzüne pudra çalnan hekaýaçy we grimçiler koridorda üýşüp durup, her hili bahana bilen ullakan grimhana jyklap seredýärdiler. Egnine biçimi örän täsin, gaty uzyn frak geýip, ýüzüne gara nikap çeken meşhur artist hemmäni geň galdyrdy. Emma jadygöýiň iki ýoldaşy has-da alamat bolup göründi. Bular: egnine gözenek kemzol geýip, gözüne çüýşesi çat açan pensne dakan uzyn adam bilen togalak semiz gara pişikdi — pişik grimhana yzky aýaklarynda ýöräp girdi, barybam arkaýyn diwana geçip oturdy we gözlerini süzüp, grim stolunyň ýanyndaky ýalaňaç çyralary synlap başlady. Rimskiý özüni ýylgyrmaga mejbur edip (emma ajy ýylgyryşy ýalan we turşudy) diwanda, pişigiň ýanynda lal bolup oturan jadygöý bilen elleşmän, tagzym edip salamlaşdy. Emma gözenek kemzolly ýuha: «Men bularyň kömekçisidirin» diýip maliýe direktoryna özüni tanatdy. Bu ýagdaý maliýe direktoryny ýene geňirgendirdi, çünki şertnamada kömekçi hakda hiç hili söz ýokdy. Grigoriý Danilowiç, edil tamdan taraşa düşen ýaly, birden peýda bolan gözenek kemzolla mejbury ýüzlenip: — Apparatlaryňyz nirede? — diýip sorady. — Eý, biziň asman almazymyz, hormatly jenap direktor — diýip, sandyrawuk ses bilen jogap berdi. Jadygöýiň kömekçisi — biziň apparatlarymyz hemişe özümiz bilen bile. Ine ol! Eýn, sweý, dreý! — Şeýle diýip, ol Rimskiýniň göz öňünde düwünli barmaklaryny pyrlap durdy-da, birden onuň ilikleri ildirilen kemzollynyň içindäki jübüsine salnyp, zynjyr bilen iligiň deşigine berkidilen altyn sagadyny zynjyry bilen bile pişigiň gulagynyň arkasyndan aldy. Rimskiý biygtyýar elini garnyna goýdy, bu mugjyzanyň şaýatlary aňk-taňk boldular, işigiň arasyndan ogrynça garap duran grimçi bolsa hoşal bolup, gygyrdy. — Siziň sagadyňyzmy? Merhemet ediň, alyň — edepsiz torşaryp diýdi, kömekçi we özüni ýitiren Rimska onuň zadyny hapa aýasynda uzatdy. — Beýle adam bilen tramwaýa münseň, jürüňi diker — diýip şadyýana heňde pyşyrdady hekaýatçy grimçiniň gulagyna. Emma pişik sagat wakasyndan hem täsin oýun görkezdi. Ol birden ýerinden turdy, yzky aýaklarynda ýöräp, üstüne aýna ýerleşdirilen stoljagazyň öňüne bardy, öňki aýaklary bilen grafin gapagyny aýryp, bulgura suw guýdy, suwy içip bolup, ýene gapagy ýapdy-da, grim esgisi bilen murtuny süpürdi. Bu ýerdäkiler agyzlaryny açyp, dilleri zybana gelmän, doňup galdylar, grimçi bolsa hoşal bolup pyşyrdady: — Gör, ediberişini! Şu çak jaň üçünji gezek howsalaly jyrlary, gyzykly nomerleri görmek höwesinde bolan adamlar tolgunyp, grimhanadan çykyp başladylar. Ýene bir salymdan soň tomaşa zalyndaky şarsypat çyralar söndi, sahnanyň öňündäki çyralar ýanyp, perdäň etegine gyzylymtyl nur düşdi, şonda egnine könelen köýnek, gyjymlanan frak geýen, sakgal-murty alnan, çaga ýaly şadyýan, dolmuş adam perdäniň öňünde peýda boldy. Bu bütin Moskwa owazasy dolan alyp baryjy Jorž Bengalskidi. — Şeýlelikde, graždanlar — diýip, söze başlady Bengalskiý, çagalara mahsus äheň bilen — häzir sahna çykmak nobaty... — diýip, Bengalskiý öz sözüni böldi we başgaça äheňde gepläp başlady: — Üçünji bölümde tomaşaçylar zalda hasam köpelipdir. Bu gün bu ýere şäheriň ýarysy ýygnanypdyr.! Ýakynda bir tanyşymy görüp, oňa: — «Nämüçin teatrymyza barmaýarsyň? Agşam bizde şäheriň ýarysy ýygnandy» diýemde, ol: «Men şäheriň ikinji ýarymynda ýaşaýaryn!» — diýip jogap berdi. — Bengalskiý gürrüldili gülkä garaşyp biraz dymdy, emma hiç kim gülmänden soň, sözüni dowam etdirdi: — Şeýlelikde, häzir daşary ýurtly meşhur artist mosýe Woland jadygöýlik seansy bilen siziň öňüňizde çykyş edýär! Emma sizem, bizem bir zada gowy düşünýäris, — şu ýere gelende Bengalskiý danalarça ýylgyrdy, — gara magiýa aslynda dünýäde ýok zat, bu bir yrymçyllykdan başga zat däl, emma maestro Woland gözbagçylyk emellerini doly ele alypdyr, bu bolsa jadygöýlik seansynyň iň gyzykly ýerinde, has dogrusy, onuň emelleriniň edilýän wagtynda size aýan bolar, emma biz onuň tehnikasynyň paş edilişiniň tarapdary bolanymyz üçin jenap Wolandy sahna teklip edýäris! Bengalskiý şu tutaryksyz sözlerini samrap bolup, iki aýasyny bir-birine urdy we perdä tarap yşarat edende, perde ýuwaş şyglap, iki tarapa serpildi. Jadygöýüň uzynak kömekçisi hem-de yzky aýaklarynda ýöreýän pişigi bilen sahna çykyp gelşi halka hoş ýakdy. — Maňa kürsi goýuň — diýip, buýrdy Woland ýuwaşlyk bilen, şu demde sahnada birden kürsi peýda boldy-da, jadygöý oňa baryp oturdy, — aýt, hany maňa, ezizim Fagot — diýip, ýüzlendi. Woland gözenek kemzolly masgarabaza, onuň «Korowýewden başga-da ady bar bolmaga çemeli, — sen näme diýersiň, Moskwanyň adamlarynyň tebigatynda üýtgeşiklik boldumyka? Jadygöý kürsüniň asmandan düşenini görüp, aňk-taňk bolup galan märekä garady. — Hut şeýle, messir — diýip, ýuwaş jogap berdi Fagot — Korowýew. — Dogry aýtdyň. Şäher ilaty daşyndan gaty üýtgäpdir, şol birwagtda, meniňçe, şäheriň özi hem. Geýim-gejimleri hakda aýtmanymyzda-da, otüki zatlar hälki... nämedi ol... tramwaýdyr, awtomobiller peýda bolupdyr. — Awtobuslary-da — diýip, hormat bilen üstüni ýetirdi Fagot. Halk bu söhbet — jadyly oýunlara girişdir öýdüp, olary üns bilen diňleýärdi. Sahnanyň arkasy artistlerden, sahna işçilerinden dolupdy, olaryň ýüzleriniň arasyndan Rimskiýniň buz ýaly çuw-ak bolan aladaly ýüzi hem göze ilýärdi. Sahnanyň gapdal tarapynda duran Bengalskiniň çehresinde-de geň galma alamatlary peýda boldy. Ol gaşyny çala galdyrdy-da, pursatdan peýdalanyp, gepläp başlady: — Daşary ýurtdan gelen artist, tehnika taýdan rowaçlanan Moskwamyza, şeýle hem Moskwanyň halkyna aperin aýdýar — diýip, Bengalskiý iki gezek öňki parterde oturanlara, soň galereýa garap ýylgyrdy. Woland, Fagot we pişik alyp baryja tarapa öwrüldi. — Eýsem men aperin aýtdymmy? — diýip sorady jady Fagotdan. — Ýok, messir, siz hiç kime hiç hili aperin aýtmadyňyz — diýip jogap berdi ol. — Onda bu adam näme diýip dur? — Ol ýalan gepledi! — bütin teatr eşider ýaly belent owaz bilen diýdi gözenek kemzolly kömekçi we Bengalskä öwrülip, goşmaça kyldy: — Gutlaýaryn sizi, ýalançy graždanin! Galereýada gülki göterildi, Bengalskiý bir tisginip, gözlerini mölertdi. — Emma meni awtobuslar, telefonlar kän gyzyklandyrmaýar... Apparatlar hem — diýip ýatlatdy gözenek kemzol. — Örän dogry, minnetdar men — diýip, ýogyn ses bilen ýuwaş gepläp dowam etdi jady, — apparatlar däl, belki şäher ilatynyň içinden nädereje üýtgänligidir! — Hawa, bu örän möhüm mesele, jenap. Sahnanyň arkasynda duranlar bir-birlerine seredişip, geň galma bilen eginlerini gysyp başladylar. Bengalskiý pomidor ýaly gyzardy, Rimskiý ak esgi ýaly boldy. Emma şu mahal jadygöý başlanyp gelýän howsalany duýup, şeýle diýdi: — Ýogsa-da, ezizim Fagot, gepe güýmenip, halkyň içini gysdyrdyk. Hany, ilkibaşda ýönekeýräk bir hünär görkez. Zal ýeňillik bilen gozgandy. Fagot bilen pişik rampa ýakalap, hersi bir tarapa geçdi. Fagot barmaklaryny şarkyldadyp: — Üç, dört! — diýip şoh gygyrdy-da, howadan bir desse karty gapyp aldy, soň ony uzyn lenta öwrüp, pişige uzatdy. Pişik ony gapyp alyp, edil şu tüýsde Fagota gaýtardy. Atlas kart ýylan ýaly wyşlady, Fagot agzyny jüýjäňki ýaly açyp, bir desse karty bir-birden ýuwdup goýberdi. Şundan soň pişik yzky sag aýagyny süýräp, zala tagzym kyldy we el çarpyşmalary gazandy. — Klass, haýran biz — diýip, sahnaň arkasynda duranlar gygyryşdylar. Fagot bolsa barmagy bilen partera yşarat edip diýdi: — Indi, hormatly graždanlar, ýaňky kart ýedinji hatarda oturan graždanin Parçewskiniň jübüsinde, graždanka Zelkowa aliment tölemek hakynda kazyýetden gelen çakylyk bilen üç manatlyk puluň arasynda. Parterde oturanlar herekete gelip, ýerlerinden turup başladylar. Ahyry, şu wagt geň galmakdan ýaňa gulagyna çenli gyzaran bir raýat (onuň familiýasy hakykatdan hem Parçewskiý eken) jübüsinden kart dessesini alyp, ony näme etjegini bilmän, galgadyp, ýokary göterdi. — Size ýadygärlik bolsun! — diýip gygyrdy Fagot. — Çünki siz düýn agşamlyk nahar wagtynda, eger poker oýny bolmadyk bolsa, Moskwada bir günem ýaşap bilmezdim diýip, ýöne ýere aýtmandyňyz. — Bu bir öňden gelýän oýun — diýdi kimdir biri galereýadan, — ol adam bularyň öz şärikleri bolmaly. — Siz şeýle pikirdemisiňiz? — diýip gygyrdy Fagot, galereýa gözüni süzüp seredip, — onuň ýaly bolsa, sizem bize şäriksiňiz, sebäbi kart häzir siziň jübüňizde! Galereýada hereket başlandy, soň şadyýan ses eşidildi. — Dogry! Şunda eken! Şu ýerde, şu ýerde... Saklaň! Be-e, bu gyzyl onluklar-la! Parterdäkiler galereýa tarapa başlaryny öwürdiler. Ol ýerde bir raýat öz jübüsinden bank usulynda daňlyp, üstüne «bir müň manat» diýip ýazylan bir desse puly tapyp, aňk-taňk bolup galypdy. Töwereginde oturanlar onuň üstüne eňdiler, ol bolsa, pullar hakykymyka ýa-da jadyly kagyzlarmyka diýip, desse puluň üstündäki kagyzy dyrnagy bilen ýyrtmaga çalyşýardy. — Hudaý hakyna, çyn pul! Gyzyl onluklar! — diýip gygyrdylar galereýadan şatlykly owazlar. — Meniň bilenem şeýle oýun oýnaň — diýip güldi parteriň ortalarynda oturan bir semiz adam. — Awek plezir! — diýdi Fagot. — Nämüçin diňe seniň bilen? Hemmeler bu oýna deň gatnaşýar! — diýip, buýruk berip başlady: — Hemmäňiz ýokary serediň!.. Bir! — şu wagt onuň elinde pistolet peýda boldy, soň: — Iki! — diýip gygyrdy. Pistoletiň agzy asmana garady. — Üç! — diýip gygyranda, ot çykyp, «tark» eden ses eşidildi-de, gümmeziň aşagyndan, her tarapa dartylan simiň we ýüpleriň arasyndan zala ak kagyzlar ýagyp başlady. Kagyzlar pyr-pyr aýlanyp, käsi galereýa, käsi orkestriň çukuryna, hatda sahna-da uçup düşýärdi. Birnäçe sekuntdan soň tomaşaçylaryň üstüne ýagyş ýaly ýagyp başlady, adamlar turup, pullary gapyp başladylar. Ýüzläp eller howa göterildi, tomaşaçylar gapyp alan kagyz pullaryny ýagty sahna tarapa öwrüp, gözlerine ýakyn eltip, olarda hakyky suwly belgileriň bardygyna, ýagny pullaryň çyndygyna ynanç hasyl edýärdi. Pullaryň ysy-da hiç hili şübhe döretmeýärdi: bular ýaňy çapdan çykan pullara has bolan täsin ysdy. Bütin teatry owaly şatlyk, soň geň galma duýgusy gurşap aldy. Hemme tarapdan: «Çerwonslar, hakyky onluk pullar» — diýen sözler, «Ah, ah!» — diýen sesler we şadyýana gülki güwläp eşidilýärdi. Kimdir birleri kürsüleriň aşagyna düşen pullary gözläp, hatarlaryň arasynda emedekläp hem ugrapdy. Köpçülik oturgyçlaryň üstüne çykyp, çar tarapa pyrlanyp düşýän kagyz pullary gapjak bolýardy. Milisionerler bardyksaýyn geň galyp başladylar, artistler bolsa, perdäniň aňyrsyndan arkaýyn çykyp gelýärdiler. Beletaždan: «Näme eliňi uzadýaň? Bu meniňki! Men tarapa uçup geldi!» — diýen ses we oňa jogap: «Itekleme meni, eger men seni iteklesem, şonda görersiň!» — diýip gygyran başga ses ýaňlandy. Soň birden jürlewük owazy geldi. Şol demde beletažda milisioneriň papagy peýda bolup, ol ýerden kimdir birini alyp gitdiler. Mahlasy, adamlaryň möwjemesi bardyksaýyn artyp barýardy, eger-de Fagot howa üfläp, pul ýagşyny togtatmadyk bolsa, nämeleriň boljagy belli däldi. Iki sany ýaş ýigit köp manyly we guwançly gözlerini gyrpyşyp, ýerlerinden turup, göni bufede ýöneldi. Teatr aryň öýjügi ýalydy, tomaşaçylaryň gözleri üýtgeşik lowurdaýardy. Hawa, hawa, eger Bengalskiý özüni ele alyp, ýerinden gozganmadyk bolsa, bu wakanyň soňunyň näme bilen gutarjagy mälim däldi. Ol özüni doly rastlamaga çalşyp, endigi boýunça aýaklaryny bir-birine sürtdi we sesini mümkingadar ýaňlandyryp diýdi: — Şeýlelikde graždanlar, häzir siz bilen bilelikde gipnoz diýilýän wakanyň şaýady bolduk. Bu jadygöýlikde hiç hili gudrat ýoklugynyň anyk subutnamasy, onuň sap ylmy tejribedigidir. Indi maestro Wolanddan bu tejribäni paş etmegini haýyş edýäris. Häzir, graždanlar, size pul bolup görnen kagyzlaryň peýda bolşy ýaly, gaýyp bolşuny hem öz gözüňiz bilen görersiňiz. Şeýle diýip, ol çapak çalyp başlady, emma oňa hiç kes goşulmady, ol çapak çalýan wagtynda ýüzünde ynanç oýnaklady, ýöne gözlerinde ynançdan derek ýokdy, gözleri köpräk haýyşy beýan edýärdi. Bengalskiniň sözleri halka ýaramady. Bütin zal şeýlebir dym-dyrslyga gark boldy ki, ony diňe gözenek köýnekli Fagot bozdy. — Bu hem ýene hälki aýdyşymyz dek, ýalançylyk nusgasy — diýdi ol geçiniňki ýaly sandyrawuk we şaňky owaz bilen — bu kagyzlar, graždanlar, hakyky pullardyr! — Brawo! — diýip gygyrdy bir ýogyn ses ýokardan. — Dogrusyny aýtsam, bu adam — diýip Fagot Bengalskini görkezdi, — janyma degdi. Bar zada tumşugyny sokup, ýalan bellikler bilen seansa zelel ýetirip dur! Näme etsekkäk muny? — Kellesini almak gerek! — diýdi galereýadan biri gazap bilen. — Näme diýdiňiz? Lebbeý? — Fagot bada-bat bu ýaman teklibi tassyklap, — başyny almak gerek? Dana pikir? Begemot! — diýip gygyrdy ol pişige, — düzet! Eýn, sweý, dreý!! Şonda asla garaşylmadyk hadysa ýüz berdi. Gara pişigiň tüýleri syh-syh bolup, eýmenç mawlap, göni Bengalskiniň kükregine gaplaň dek böküp, onuň depesine çykdy. Pişik hyrlap, mymyk penjeleri bilen alyp baryjynyň öljeren saçlaryny çeňňelläp, wagşyýana gygyryp, onuň başyny iki gezek towlap, ýogyn boýnundan ýoldy. Teatrdaky iki ýarym müň adam birbada gygyryşdy. Bengalskiniň üzlen boýnundaky damarlaryndan gan dyňzap atyldy, onuň köýnegi, fragy gana boýaldy. Zaldan aýallaryň janagyrly perýatlary eşidildi. Pişik üzlen başy Fagoda berdi, ol bolsa kelläniň saçyndan tutup, ony halka görkezdi, şonda kelle jan ajygyna bütin teatry başyna göterip: — Doktory çagyryň! — diýip gygyrdy. — Sen ýene tutaryksyz sözleri sözlärmiň? — diýip, Fagot aglaýan kelleden sorady. — Indi beýtmerin — diýip hyrkyldady kelle. — Hudaý hakyna, gynamaň ony — diýip, ložadan bir aýalyň örän ýiti nalasy eşidildi, gara jady ses gelen tarapa ýüzüni öwürdi. — Ýeri, graždanlar, bagyşlaýasmy muny? — diýip, Fagot zala ýüzlenip, sorady. — Bagyşlansyn! Bagyşlansyn! — diýip, ilki aýallaryň aýry-aýry sesleri eşidildi, soňra erkeklerem köpçülik bolup goşulyp gygyrdylar. — Siziň pikiriňiz, messir? — diýip, Fagot nikaply jadydan sorady. — Eýse näme diýeris — oýlanybyrak diýdi ol, — bular adam ahyry. Puly gowy görýärler, eýsem mydama şeýle bolmanmy näme?.. Bütin ynsanyýet puly gowy görýär, ol nämeden ýasalan bolsa-da, — deridenmi, kagyzdanmy, bürünçdenmi, altyndanmy — barybir. Çünki olar ýeňles hulkatlardyr... Haý, ne çäre ... olaryň kalplarynda käte rehimdarlyk duýgulary hem oýanýar... ýönekeý bendeler... umuman, gadymky adamlar ýaly, bulary hem... diňe öý-jaý meselesi adamkärçilikden çykarypdyr... — Soň belent owaz bilen buýrdy: — Kellesini ýerine goýuň. Pişik ýagşy nyşanalap, kelläni ornuna gondurdy, kelle hamana hiç haçan teninden aýrylmadyk ýaly, öz ýerine pugta jaýlaşdy. Iň möhümi, boýny üzlen ýerinde hiç hili ýara yzy galmady. Pişik Bengalskiniň fragyny we köýnegini penjesi bilen ýelpedi welin, olardaky gan tegmilinden nyşan hem galmady, Fagot ýerde oturan Bengalskini ör turuzdy, fragynyň jübüsine bir desse pul salyp, ony sahnadan çykaryp, diýdi: — Hany, garaňy saýla! Indi sensiz wagtyhoşluk ederis. Alyp baryjy yzyna garap, entirekläp, zordan ýangyn postuna ýetip bardy, emma şu ýere ýetende, ýagdaýy agyrlaşdy. Ol ejizläp: — Waý, kelläm! Kelläm! — diýip nalady. Onuň ýanyna başgalar bilen Rimskiý hem ylgap bardy. Alyp baryjy aglaýardy, elleri bilen howada bir närsäni tutjak bolýardy we sakawlanýardy: — Kellämi beriň! Jaýymy alyň, kartinamy alyň, ýöne kellämi yzyna beriň! — diýýärdi. — kurýer wraç getirmäge ylgady. Bengalskini grimhanadaky diwana ýatyrmakçy boldylar, ol adamlary siltäp, depip galmagal edip başlady. Tiz kömegi çagyrmaly boldy. Bagtygara alyp baryjyny äkidenlerinden soň, Rimskiý ýene sahna tarap ylgap, ol ýerde täze mugjyzalaryň sadyr bolýandygyny gördi. Hawa, şu mahalmy, ýa mundan sähel öňüräkmi, her halda jadygöý öz oturan köne kürsüsi bilen bile sahnadan gaýyp bolupdyr, emma şuny aýtmak gerek ki, Fagotyň sahnada görkezýän üýtgeşik oýunlaryna gyzygan halk Wolandyň gaýyp bolanyny asla duýmandyram. Fagot bolsa, jebirlenen alyp baryjyny çykaryp goýberensoň, halka şeýle diýdi: — Ine indi ol ýüregedüşgünçden gutulanymyzdan soň, geliň, aýallar dükanyny açalyň! Şol pursatda sahnanyň poluna eýrany halylar ýazyldy, iki tarapyndan trubka dakylan al-ýaşyl çyralar bilen ýagtylandyrylan uly-uly ýüz görülýän aýnalar we olaryň aralygynda witrinalar peýda boldy, şadyýana geň galyp oturan tomaşaçylar bu witrinada dürli reňkde, dürli fasonda bolan pariž aýal egin-eşiklerini gördüler. Bu bir witrinada, beýlekisinde bolsa, ýüzlerçe ýelekli we ýeleksiz aýal şlýapalary, her dürli reňkdäki gara, ak, sary deriden tikilen, tasmaly we sadaply hasapsyz tufliler peýda boldy. Şu tuflileriň arasynda gutujagazlarda çyra şuglasynda towlanýan billur atyr çüýşeler. Keýik derisinden, mahmaldan ýüpekden tikilen petde-petde sumkajagazlar, olaryň arasynda bezelen, uzynak altyn gutujyklarda leb boýaglary. Şu wagt haýsy gördendir peýda bolan, egnine baýramçylykly gara lybas geýen, boýnundaky diýseň alamat ýara yzy bolmasa, çyn sahypjemal görünýän mele saç gyz witrinalaryň öňünde durup, şu ýeriň bikesi sypatynda tagzym, kyldy. Fagot süýji ýylgyryp, pariž fasondaky bu pariž köýnekleridir, aýakgaplaryny firma, siziň — aýallaryň geýlen, köne köýnekleriňize, aýakgaplaryňyza çalyşar diýip yglan etdi. Sumkajagazlar, atyr we başga närseler dogrusynda hem şeýle çalşyk boljagyny üstüne goşdy. Şu wagt pişik art aýaklaryny bir-birine urup, aýny wagtda öňki aýaklary bilen gapy garawulyna laýyk hereket etdi. Gyz bolsa, örän düşüniksiz, emma parterdäki aýallaryň ýüzüne seredeniňde, kişini was-wasa salyjy bir aýdymy nätanyş dilde gyryljak, emma täsirli edip aýtdy: — Herlän, Şanel nomer bäş, Misuko, Narsis Nuar, agşamlyk köýnekler, kokteýl köýnek... Fagot eglip-bükülipdi, pişigem tagzym edýärdi, gyz aýnaly witrinalary açdy. — Merhemet! — diýip heňkirdi Fagot; — hiç çekinmän, utanman geliberiň! Halk ikirjeňlenip başlady, emma häzirlikçe sahna çykmaga hiç kim ýürek edip bilmedi. Ahyry garaýagyz bir aýal parteriň onunjy hataryndan turdu we hiç hili gep — söze perwaý etmeýän adam ýaly, ýylgyryp, ýan tarapdaky basgançakdan sahna çykdy. — Brawo! — diýip gygyrdy Fagot, — iň birinji myhmany gutlaýaryn! Begemot, kürsi! Aýakgapdan başlaýarys, madam. Aýal kürsä oturdy. Fagot şobada, aýalyň aýak astyna, halynyň üstüne köwüş baryny dökdi. Garaýagyz aýal sag aýagyndaky köwşüni çykaryp, melewşe reňkli tuflini geýip gördi, halynyň üstünde ýerinden galyp, ökjesini basyp gördi. — Aýagymy gysmazmyka? — ikirjiňläp sorady aýal. Muňa jogap ornunda Fagot ynjap: — Ýok-la, aýdýanyň näme? — diýdi. — Pişik hem öýkeli mawlady. — Men alýan şu tuflini, mosýe — diýdi garasaç aýal, hoşallyk bildirip, ikinji aýagyna hem tufli geýdi. Aýalyň köne köwşi perdäniň arkasyna taşlandy. Onuň özi hem mele saçly gyzyň we Fagotyň gözegçiliginde şol tarapa ýol aldy; Fagot egnine birnäçe modaly köýnekleri asypdy. Pişik uçup-gonup kömekleşýärdi, haýbatlyrak bolmagy üçin boýnuna santimetr hem asyp goýupdy. Ýene sanalgyja sekuntlardan soň, garasaç aýal perde arkasyndan şeýle täsin köýnekde çykyp geldi ki, muny görüp bütin parter bir deň gorsundy. Indi örän dilber bolup giden batyr aýal aýnanyň garşysynda durup, ýalaňaç eginlerini synlady, ýeňsesindäki saçyna elini degirdi we özüniň arka tarapyna aýnada görmek maksadynda öwrülip başlady. — Firmamyz, şuny ýadygärlik üçin kabul etmegiňizi soraýar — diýdi Fagot we garasaç aýala içi atyr çüýşeli, gapagy açyk gutujygy uzatdy. — Mersi, — diýdi aýal tekepbirlik bilen we basgançakdan düşüp, parter tarapa ýöredi. Ol barýarka, ýol ugruna tomaşaçylar ýerlerinden galyp, gutujygy tutup görýärdiler. Şu wagt birden ýol açyldy-da, zalyň hemme tarapyndan aýallar sahna tarap akyp ugrady. Köpçüligiň teşwişli gowry, gülküsi we ah-wahlarynyň arasyndan bir erkegiň «Sahna çykmagyňa ýol bermerin!» — diýen sesi hem oňa: «Zalym we bahyl erkek, elimi gaňyrma!» — diýip çyňkyrany eşidildi. Aýallar perdäniň arkasyna geçip, ol ýerde öz lybaslaryny galdyryp, täzesini geýip çykardylar. Zer aýakly kürsülerde hatar düzlişip, aýaklaryna laýyk tuflileri geýip görýärdiler. Fagot dyza çöküp, elindäki şahdan ýasalan çemçe bilen aýallara kömekleşýärdi, hallanlap gujak-gujak sumkajagazlary we tuflileri witrinadan kürsüleriň duran ýerine getirip, gaýtaryp alyp gidýärdi, boýny nahraly aýymgyz bolsa, kä peýda bolup, kä ýene gaýyp bolýardy, indi ol bara-bara bütinleý fransuzça sözläp başlady, emma iň gyzygy şunda ki, hemme aýallar, hatda asla fransuzça bir sözi bilmeýän aýallar-da onuň sözlerine gepini gutarmanka düşünýärdiler. Aýallara gatyşyp sahna çykan bir erkek hemmäni geň galdyrdy. Ol aýalynyň, dümewläp öýde ýatanyny, şu sebäpli özüne onuň üçin bir zatlar berip goýbermeklerini sorady. Bu raýat hakykatdan-da hatynynyň bardygyny subut etmek üçin, pasportyny görkezmäge-de taýýardy. Gamhor äriň bu beýanatyny halk kah-kah urup garşy aldy, Fagot pasportsyz hem size özüme ynanan ýaly, ynanýaryn diýip heňkirdi-de, erkege iki jübüt ýüpek jorap tutdurdy, pişik bolsa onuň üstüne bir guty pomada — leb boýag berdi. Gijä galan aýallar sahna okdurylýardylar, aýny wagtda bal köýnekleri, aždar gülli pižamalary, her hili bezegli lybaslary we şlýapalary geýen bagtyýar aýallar sahnadan düzülip düşüp gelýärdiler. Şu wagt Fagot, wagt giç bolany sebäpli, ýene bir salymdan soň magazin ertir agşama çenli ýapylýar, diýip yglan etdi, sahnada edepsiz biserenjamlyk başlandy. Aýallar aýaklaryna geýibem görmän, tuflilere tapyr-tupur ýapyşyp başladylar. Bir aýal sahnanyň arkasyna edil tupan ýaly uçup girip, egnindäki geýimini şarpa çykaryp taşlady-da, eline ilen birinji lybasa, parça-parça gülli halada el urdy, mundan daşgary, ýene iki çüýşe atyry hem kakyp gitdi. Birazajyk wagtdan soň, pistoletden ok atylyp, ýüz görülýän aýnalar gaýyp boldy, witrinadyr kürsüler nirädir bir ýere çökdi, haly hem, aýna perdeler hem howada eräp, ýok boldy. Iň soňunda dag-dag bolup üwlüp ýatan köne köýneklerdir joraplar gaýyp boldy we sahna ýene öňki ýaly boşap galdy. Ana, şonda ara täze personaž aralaşdy. Ikinji ložadan bir hoşowaz erkegiň ýakymly we ýaňlanýan sesi eşidildi. — Her näme-de bolsa, hormatly artist, häziriň özünde fokuslaryňyzyň tehnikasyny, şeýle hem kagyz pul barasyndaky fokusyňyzy tomaşaçylara paş etmegiňizi isleýäris. Şunuň ýaly-da, alyp baryşyny sahna gaýtarsaňyz ýagşy bolardy. Onuň takdyry tomaşaçylary alada goýýar. Bu hoşowaz tomaşaçy bu günki tomaşanyň hormatly myhmany, Moskwa teatrlarynyň akustika komissiýasynyň başlygy — Arkadiý Appollonowiç Sempleýarowdy. Arkadiý Appollonowiç ložada iki aýal bilen otyrdy: olaryň biri — modaly, gymmatbaha geýnen, ýaşy bir çene baran, ikinjisi — gowuja geýnen ýaş hem ýakymlydy. Soňra protokol düzlende mälim boldy ki, birinji aýal Arkadiý Appollonowiçiň hatyny, ikinjisi bolsa — onuň daşky garyndaşy, Saratowdan gelen, häzirki wagtda Sempleýarowlaryň kwartirasynda ýaşaýan gelejegi parlak ýaş aktrisa eken. — Pardon! — diýip jogap berdi Fagot, — meni bagyşlarsyňyz, munuň hiç hili paş edilýän tarapy ýok, hemme zat düşnükli. — Ýok, bagyşlarsyň! Paş etmek hökmän. Ýogsa bu täsin nomerleriňiz kalpda teşwüş galdyrýar. Tomaşaçylar düşündiriş talap edýär sizden. — Tomaşaçylar — diýip, rehimsiz masgarabaz Sempleýarowyň sözüni böldi, — hiç zat talap eden däldir? Emma, siziň hormatly islegiňizi kabul edip, Arkadiý Appollonowiç, bolýar, men paş edeýin. Emma ondan öň ýene bir kiçijik nomer görkezmäge ejaza berseňiz! — Garşylyk ýok — diýip jogap berdi Arkadiý Appollonowiç mürewwet görkezip, — emma soňunda, elbetde, paş ediş bolsun. — Baş üstüne, baş üstüne. Onda siz soragyma jogap beriň, düýn agşamara niredediňiz, Arkadiý Appollonowiç? Ine, şu ýerliksiz, hatda howply diýse hem bolýar, soragy eşiden Arkadiý Appollonowiçiň ýüzi üýtgedi, özem örän gaty üýtgedi. — Arkadiý Appollonowiç düýn agşamara akustika komissiýasynyň mejlisinde-di — diýip, beýanat berdi onuň hatyny öte tekepbirlik bilen, — emma, munuň jadygöýlüge näme dahyly bar, düşünmedim. — Hawa, dogry, madam — diýip takyklady Fagot, — düşünmeýänligiňiz tebigy ýagdaý. Mejlis meselesinden siz asla bihabar. Arkadiý Apollonowiç, siziň aýdan, aslynda bolsa, düýn agşam bolmadyk mejlise gidenden soň, Çistiýe prudiniň golaýyndaky akustika komissiýasynyň binasynyň öňünde öz şofýoryna jogap berip, (bütin zal suw sepilen ýaly dym-dyrs bolup galdy), özi bolsa, awtobusda Ýelohowskaýa köçesine, raýon teatrynyň artistkasy Milisa Andreýewna Pokobatkonyňka baryp, şol ýerde dört sagatlap myhman boldy. Şu dym-dyrslykda kimdir biriniň «Öý!» diýen ejirli sesi eşidildi. Arkadiý Apollonowiçiň ýaş garyndaş gelni birden sandyrawuk eýmenç owaz bilen hahahaýlap başlady. ― Bar zat düşnükli! ― diýdi ol, ― özümem köpden bäri şübhe edip ýördüm. Luizanyň roly näme sebäpden şol zehinsize berleni indi maňa aýdyň boldy! Şeýle diýip, ol birden elindäki kelte desseli, mawy reňkli saýawany bilen Arkadiý Apollonowiçiň kellesine ýelmedi. Deýýus Fagot, ýagny Korowýew bolsa gygyrdy: ― Ine, hormatly graždanlar, Arkadiý Apollonowiçiň günümize goýman talap eden paş ediş hadysalaryndan biri! ― Arkadiý Apollonowiçe el götermäge nädip milt etdiň, ganjyk? ― diýip, Arkadiý Apollonowiçiň hatyny mahabatly kaddyny dikläp ýerinden turup, batly gygyrdy. Garyndaş juwan ýene bir mertebe jynssyz, gaharly hahahaýlap güldi. ― Başgalaryň hetdi ýetmese-de, ― diýip jogap berdi hahahaýlap ― meniň hetdim ýeter el götermäge! ― şonda ikinji gezek «kars» eden ses eşidildi ― aýalyň saýawany Arkadiý Apollonowiçiň başyna urlyp, pökgi ýaly bökdi. Sempleýarowyň aýaly: ― Milisiýa! Tutuň ony! ― diýip, şeýlebir eýmenç gygyrdy welin, adamlaryň ýüregi «şuw» etdi. Munuň üstesine pişik hem sahnanyň öňüne okdurylyp çykyp, bütin teatry başyna göterip, birden adamzat owazy bilen gygyrdy: ― Seans tamam! Maestro! Marşa başlaň!!! Aň-huşuny ýitiren dirižýor özüniň näme edýänine-de düşünmän, dirižýorlyk taýagyny galgatdy we orkestar nähilidir gaýry tebigi, diýseň edepsiz bir marşy çalmady, gümmürdetmedi, belki pişigiň ýigrenji yşaraty boýunça ― başlady... Emma iň möhümi bu däl, belki, şu wakalardan soň Warýetede kyýamat gopup başlady. Milsionerler Sempleýarowlaryň oturan ložasyna tarap ylgap gitdiler, tomaşa talaplar ložanyň germewinden aşyp geçmekçi bolýardylar, eýmenç hahahaýlar, wagşyýana gykylyklar we bularyň hemmesini basyp orkestrdäki mis jamynyň sesi ýaňlandy. Edil şu wagtda sahna birden boram-boş bolup galdy, ýaňky üsti könelen kürsüde oturan gara mag ol kürsi bilen bile nähili gaýyp bolan bolsa, indi Fagot bilen bihaýa pişik Begemotyň bir dem salyşy bilen emele gelen zatlar-da edil şeýle gaýyp boldy. | |
|
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |