11:15 Ussat we Margarita -13/ romanyñ dowamy | |
XIII bap
Romanlar
GAHRYMANYŇ PEÝDA BOLMAGY Şeýlelikde, nätanyş adam Iwana barmagy bilen haýbat edip, pyşyrda-dy: «Çüş!» Iwan krowatda aýagyny sallap, oňa dikanlap seretdi. Otuz sekiz ýaşlardaky sakal-murty alnan, gara saçy maňlaýyna düşüp duran, jüýk burun, gözleri ala adam balkondan assyrynlyk bilen seredýärdi. Bu täsin myhman Iwanyň ýekeligine göz ýetirenden soň, daşaryk birazajyk diň salyp durdy-da, ahyry otaga girmäge ýürek etdi. Diňe şonda Iwan onuň keselhana geýmindeligini gördi. Ol içki köýnek-balakly, ýalaňaç aýagyna tufli geýip, egnine goňur halat atynypdy. Myhman Iwana göz gypyp, elindäki bir desse açary jübüsine salyp goýdy-da: «Otursam bolýarmy?» ― diýip sorady, Iwan baş atyp razy bolandan soň, kürsä oturdy. ― Bu ýere nähili girdiňiz? ― Iwan myhmanyň süňklek barmagynyň haýbatyna raý edip, pyşyrdap sorady, ― balkonyň gözenegi gulplydy-la! ― Gözeneg-ä gulplydy ― diýdi myhman, ― emma Praskowýa Fýodorowna şepagatly bolsa-da, öte başagaý adam. Mundan bir aý öň onuň bir desse açaryny ogurladym, şondan bäri birinji gatyň jaýyň töweregine aýlanýan balkonlaryna çykmaga, käte bolsa goňşularym bilen duşuşmaga mümkinçilik aldym. Eger balkona çykyp bilýän bolsaňyz, gaçyp gitseňizem bolmaýarmy? Ýa belentmi juda? ― diýip, Iwan gyzyklanyp sorady. ― Ýok, — kesgin jogap berdi myhman, ― men bu ýerden gaçyp gidip bilmerin ― balkonyň belent bolany üçin däl, barjak ýerim ýoklygy üçin gidip bilmeýärin. ― Ol bir azajyk dym-dyrslykdan soň dowam etdi. ― Şeýdip, ýatyrys diýsene! ― Ýatyrys ― diýip, jogap berdi Iwan gelen adamyň goýun gözüne dikanlap. ― Bolýa-da... ― diýdi myhman birden aladalanyp. ― Bolsa-da siz başbermezeklerden dälsiňiz-le? Soranymyň sebäbi, bilýäňizmi, men gohy, dawalaşmany, gyýnagy we şuňa meňzeş zatlary asla halamaýaryn. Esasanam meniň üçin adamzadyň gygyranyny, goý, ol azar çekip, gazaplanyp ýa başga ýagdaýda gygyrsyň, parhy ýok, barybir gowy görmeýärin. Köňlüme teselli berip, aýdyň, siz başbermez däli dälsiňiz, şeýlemi? ― Agşam restoranda biriniň tumşugyn-a owratdym ― diýip, mertlerçe boýun aldy täze tüýse girip başlan şahyr. ― Sebäp? ― diýip, myhman kesgitli sorady. ― Açygyny aýtsam, bisebäp ― diýdi Iwan utanjyrap. ― Aýyp ― diýip, myhman käýýedi we dowam etdi. ― Onsoňam, nämüçin şeýle biýedep gep aýdýaňyz? «Tumşugyny owratdym» Adamda tumşukmy ýa ýüzmi ― mälim däl-dä. Her halda, tumşuk däl-de, ýüz bolsa gerek. Şunlukda, ýumruk işletmek... Ýok, siz bütünleý taşlaň bu işiňizi. Myhman Iwana şu äheňde temmi berip, sorady: ― Kesbiňiz? ― Şahyr men ― diýip, nämüçindir göwünsiz boýun aldy Iwan. Myhmanyň keýpi gaçyp, gaharly. ― Wah, nämedenkä hiç işim paşmaýar ― diýdi-de, ol bada-bat huşuny ýygyp, üzür aýtdy we sorady: ― Familiýaň näme? ― Bezdomnyý. ― Eh, eh... ― diýdi myhman ýüzüni çytyp. ― Näme, goşgularym size ýaramaýarmy? ― diýip, gyzyklanyp sorady Iwan. ― Asla ýaramaýar. ― Haýsy goşgularymy okapdyň? ― Hiç goşgyňyzy-da okamandym! ― diýdi myhman gaharlanybyrak. ― Onda nämüçin beýle diýdiň? ― Diýemde näm bolupdyr ― jogap berdi myhman, ― näme ömrümde goşgy okan däldir öýdýäňmi? Belkem... siziňki täsinlidir? Ýagşy, sözüňize ynanmaga taýýar men. Özüňiz aýdyň hany: goşgularyňyz gowumy? ― Gaty dereksiz ― diýip, birden batyrgaý we ýürekden nägilelik bildirdi Iwan. ― Indi ýazmaň! ― diýip, haýyş etdi myhman ýalbaryjy äheňde. ― Ant içip, wada berýärin! ― dabaraly äheňde diýdi Iwan. Andy el basyp tassykladylar, şol wagt dälizden ýuwaş aýak sesi we sözleşilýän ses eşidildi. ― Çüşş...― diýip, pyşyrdady myhman we böküp balkona çykyp, penjiräni ýapdy. Gapydan Praskowýa Fýodrowna jyklap, Iwandan hal-ýagdaý sorady, soň ondan, garaňkyda uklamagy isleýäňizmi ýa ýagtydamy diýip sorady. Iwan çyrany söndürmezligi haýyş etdi, şondan soň Praskowýa Fýodrowna näsaga ýagşy düýş görmegi diläp, bu ýerden uzaklaşdy. Hemme ýer ümsümlik boldy, şonda myhman ýene bäri girdi. — 119-njy otaga tos-togolok, iki ýaňagy gyp-gyzyl täze bir näsagy ýatyrdylar ― diýdi ol pyşyrdap. ― Gyzykly ýeri, ol wentilýasiýa tüýnügine goýlan haýsydyr bir walýutalar hakynda, ýene Sadowaýa köçesindäki öýde jynlaryň mesgen tutandygy hakynda lebi-lebine degmän samrap ýatyr. Puşkine zol-zol gargynyp, ýene iki gepiniň birinde: «Kurolýesow, bis-bis!» ― diýip gygyrybam goýberýär. Ol teşwiş çekip, bir tisgindi. Soňra köňli birazajyk teselli tapyp, kürsä oturdy-da: ― Ýeri, bolýa-da, Hudaý kuwwat bersin, ―diýip, Iwan bilen başlan söhbetini dowam etdirdi: ― Hoş, bu ýere düşmegiňize näme sebäp boldy? ― Sebäp Pontiý Pilat ― diýdi Iwan hesretli halda aşak bakyp. ― O nähili?! — diýip, myhman seresaplygy hem unudyp gygyrdy-da, derhal aýasy bilen agzyny tutdy. ― Gör nähili adatdan daşary meňzeşlik! Ýalbarýan, ýalbarýan, başdan-aýak aýdyp beriň! Iwan nämüçindir bu nämälim adama ynandy we agşam Patriarh kölçesiniň boýunda ýüz beren hadysany başda gorkubrak, soň batyrgaýlyk bilen aýdyp başlady. Hawa, Iwan Nikolaýewiç açar ogurlan nämälim şahsyň mysalynda örän yhlasly diňleýji tapdy! Myhman Iwany däli hasaplaman, onuň hekaýasyny uly gyzyklanma bilen diňläp oturyşyna, bara-bara haýrana galdy. Ol öwran-öwran şeýle sözler bilen Iwanyň sözüni bölýärdi: ― Ýeri, ýeri dowamy, dowamyny aýt, haýyş edýän. Ýöne öwülýädir enbiýalar hakyna hiç zady galdyrman, doly beýan et! Iwan hem bar zady bolşy ýaly doly beýan edýärdi, elbetde, oňa şu tüýsde hekaýa etmek aňsatdy, ine, ahyry ol Pontiý Pilatyň elwanreňk mantiýaly ak donda balkona çykan ýerine ýetdi. Şonda myhman edil ybadat edýän dek aýasyny aýasyna goýup pyşyrdady: ― O, dogry tapan ekenim! O, hemmesi laýyk! Myhman Berliozyň elhenç ölümi hakynda eşidenden soň, gözlerinde gazap uçguny çakdy we şeýle diýdi: ― Diňe bir närse: Berliozyň ýerinde tankytçy Latunskiý ýa-da edebiýatçy Mstislaw Lawrowiç bolmanlygyna ahmyr edýärin, ― soň gaty gyjynyp, sessiz gygyrdy. ― Dowam et! Konduktora ýol haky uzadan pişik hakyndaky hekaýa myhmanyň köňlüni çag etdi, ol öz kyssasyndan wagty hoş bolan Iwanyň murtunyň astynda teňňe pul dişlän pişigi teswirläp, oturan ýerinde ýuwaş böküşini synlap, içegesi üzülere gelip, ýuwaşja güldi. ― Şu ýagdaýda bu ýere geldim ― diýdi Iwan, Griboýedowda ýüz beren wakany sözläp bolup we ýene ruhy düşüp, gamgyn boldy. Myhman biçäre şahyra ýüregi awap, onuň egnine elini goýup diýdi: ― Bagtygara şahyr! Emma, ezizim, hemmesine özüň günäkär. Onuň bilen bu derejede sanaşyp, hatda bihormat mylakat etmeli däl ekeniň. Ine, indi azabyny çekip otyrsyň. Henizem ujyz gutulypsyň, şükür et. ― Eýsem, kim onuň özi? ― diýip, ýumruklaryny teşwişli silkip sorady Iwan. Myhman oňa dikanlap, sowalyna sowal bilen jogap berdi: ― Aýtsam, tolgunmazmyň? Bu ýerde biz hemmämiz şübheli adamlar Doktor çagyrmak, ukol etmek ýene şuňa meňzeş aladalar bolmazmy? ― Ýok, bolmaz! ― diýdi Iwan, ― aýdaýyň, kim özi oň? ― Ýeri, bolýa ― jogap berdi myhman we her bir sözüni kesgin we bölek-bölek edip diýdi: ― Agşam Patriarh kölçesiniň ýakasynda siz şeýtan bilen duşuşansyňyz. Iwan wadasyny ýatlap, tolgunmady, emma barybir, teşwişden ýaňa aňk-taňk bolup, doňup galdy. ― Bu mümkin däl! Şeýtan ýok zat. ― Gyzyk ekeniň! Her kim diýse-de, siz beýle diýmäň. Siz, meniň pikirimçe, birinji bolup onuň azabyna uçranlardansyňyz. Özüňiz dälihanada bolubam, asla, ony ýok diýip otyrsyňyz. Haýran men size! Aňyny ýitimäge az galan Iwan ümsüm boldy. ― Siz ony teswirläp başlanyňyzdan ― diýip, gepini dowam etdi myhman, ― agşam kim bilen söhbet gurmak nesibesine miýesser bolanyňyzy çakladym. Çyndanam, men Berlioza geň galyp otyryn! Siz-ä mälim maňa, gapyl adam ― şeýle diýip myhman ýene ötünç sorady, ― emma Berlioz, eşidişimçe, käbir zatlary okan bolmaly. Şol professoryň iň ilkinji sözlerinden onuň kimdigine şübhäm galmady. Ony tanamazlyk asla mümkin däl, dostum! Emma siz... siz meni ýene bir gezek bagyşlaň... men hiç haçan ýalňyşýan däldirin: siz düşünjeli adamsyňyz! ― Şek-şübhesiz ― diýip, tassyklady üýtgäp başlan Iwan. ― Hawa, berekella... özüňiz onuň ýüz keşbini teswirläp berdiňiz... gözüniň iki dürlüligi, gaşlary! Meni bagyşlarsyňyz-u, belki siz «Faust» operasyny hem diňlän dälsiňiz? Iwan nämüçindir örän gamgyn boldy, iki ýaňagy köz dek gyzaryp, Ýaltada haýsydyr bir sanatoriýa baranlygy hakynda bir zatlary samrap başlady... ― Ana, gördüňizmi... nämesine geň galarys! Emma Berlioz, tekrarlap aýdýaryn, meni alada goýdy. Ol näme üçin diýseň, okumyşlygyndan beterem örän mekir adam. Emma ony gorap aýtsam, Woland ondan ökderäk adamy-da bir zarbada jadylaýar. ― O nähili?! ― diýip, Iwan hem öz gezeginde gygyrdy. ― Ýuwaş! Iwan «şap» edip, aýasy bilen öz maňlaýyna urdy we hyrryldap diýdi: ― Düşünýärin, düşünýärin. Onuň çakylyk hatynda «W» harpy bardy. Ine, saňa gerek bolsa, aý-ýaý-ýaý! ― Aňk-taňk bolan Iwan penjiräniň aňyrsynda, asmanda ýüzýän Aýa dikanlap, kän wagt ümsüm oturdy, soň ýene gepe başlady: ― Mundan çykdy, diýmek, onuň Pontiý Pilat huzurynda bolanlygy rast eken-dä? Diýmek, ol şol zamanda doglan bolup çykýarmy? Maňa däli diýip otyrlar bular! ― diýdi Iwan, gazap bilen gapy tarapa yşarat edip. Myhmanyň dodagynyň ýanynda ajy ýylgyryş peýda boldy. ― Hakykatdan ýüz öwrüp bolmaýar ― diýip, myhman ýüzüni bulutlary aralap ýüzýän agşam çyragyna tarap öwürdi. ― Sizem, menem ― däli, boýun gaçyrmak nämä gerek? Gysgasy, ol sizi duzagyna düşürdi, sizem aklyňyzdan aýrypsyňyz, sebäbi munuň üçin sizde şoňa esas bar. Emma siziň aýdan zatlaryňyz hakykatdan-da bolan wakalar. Ýöne şol ýüz beren wakalar juda gaýrytebigylygy sebäpli, hatda genial psihiatr Strawinskiý hem gepleriňize ynanmandyr. Ol sizi gördümi? (Iwan baş atdy). Şol söhbetdeşiňiz. Pilatyň huzurynda hem bolupdyr, Kant bilen hem ertirlik edinipdir. Indi bolsa, ine, Moskwa-da gelipdir. Ol bu ýerde bar zady astyn-üstün eder! Bir emel tapyp ony tutmak gerek ― diýip, täze Iwana ynamsyz hem bolsa, çalajan bolup galan öňki Iwan baş göterdi. ― Ine, siz synanyşybam görüpsiňiz, şol ýeterlik ― diýdi myhman kine bilen, ― başgalara-da synanmazlygy maslahat bererdim. Köňlüňiz dok bolsun, ol hakykatdan hem, bar ýeri astyn-üstün eder. Wah, arman! Müň-müň puşman ki, onuň bilen men däl-de, siz duşupsyňyz! Diýmek, pursat geçip ― bütün niýetler ýanyp küle öwrülen bolsa-da, ant içip diýýärin ki, onuň bilen duşuşmak üçin Praskowýa Fýodrownanyň bir desse açaryny hem yzyna bererdim, arman, başga berer ýaly hiç zadym ýok. Men bir biçäre gedaý! ― Nämä gerek boldy ol size? Myhman uzak wagt gaşlaryny çytyp, gamgyn bolup oturdy we ahyry ýene gepläp başlady: ― Men size aýtsam, bu juda geň hadysa ― men hem bu ýerde edil siz ýaly, şol Pontiý Pilat zerarly ýatyryn, ― myhman töweregine gorka-gorka göz aýlap diýdi: ― Mahlasy, men geçen ýyl Pontiý Pilat hakynda roman ýazdym. ― Siz ýazyjymy? ― diýip, geň galyp sorady şahyr. Myhmanyň reňki öçügsilendi şahyra ýumruk çenäp, soň diýdi: ― Men Ussat, ― ol ýüzüni eňşidip, haladynyň jübüsinden bütünleý ýag basyp giden bir şypyrmany çykardy, oňa sary ýüpek bilen «U» harpy tikilgidi. Ol şypyrmany başyna geýdi we ussatdygyny subut etmek maksadynda hem ýanlaýyn, hem ýüzme-ýüz durup, özüni Iwana görkezdi. ― Muny maňa söýgülim tikip beripdi ― diýip, syrly röwüşde sözüne goşdy. ― Familiýaňyz näme? ― Familiýam ýok indi, ― gussaly ýigrenç bilen jogap berdi bu geň myhman, ― men familiýamy, şeýle hem barça durmuşy zatlary terk etdim. Sorabam durma. ― Bolmasa, romanyňyz barada gürrüň beriň ― diýdi Iwan mylaýym äheňde. ― Janym bilen. Durmuşym, çyndanam, ol diýen ýönekeý däl ― diýip beýan edip başlady myhman. ...Ol maglumaty boýunça taryhçy bolup, mundan iki ýyl ozal Moskwa muzeýleriniň birinde hyzmat edip, mundan daşary terjime bilen hem meşgullanýan eken... ― Haýsy dilden? ― diýip, Iwan gyzyklanyp sorady. ― Men ene dilimden başga ýene bäş dili bilýärin, ― jogap berdi myhman, ― iňlis, fransuz, nemes, latyn we grek dilini. Ýene italýança hem kem-käs okap bilýärin. ― Baý-baý! ― diýip, gözügidijilik bilen pyşyrdady Iwan. Taryhçy ýalňyz bolup hiç ýerde hiç hili garyndaşy, Moskwada degerli tanşy-da ýok eken. Göz öňüne getirip görüň, bir gün ol zaýomdan ýüz müň manat utupdyr. ― Nähili geň galanymy bir görseňiz bilerdiňiz ― diýýärdi pyşyrdap gara şypyrma geýen myhman, ― kir geýim salnan sebede elimi soksam, elime obligasiýa ildi: onuň nomeri gazetdäki bilen gabat geldi! Ony maňa muzeýde beripdiler ― diýip ol aýtdy. Bu geň myhman ýüz müň manatlyk utuşy alyp, juda köp kitap satyn alypdyr, Mýasniskaýadaky otagyny taşlap... ― Müň lagnat bolsun şol tünege ― diýip hyrryldady myhman ...we Arbatyň golaýynda bir jaý gurujydan kireýine... ― Siz jaý gurujylaryň kimlerdigini bilýäňizmi? ― diýip, myhman Iwandan sorady we özi düşündirdi. ― Olar Moskwada ugruny tapyp galan jüwlükleriň topary... Jaý gurujynyň bagjagazyň içinde ýerleşýän jaýyň podwalyndan iki otagy kireýine alýar. Muzeýdäki işini taşlap, Pontiý Pilat hakynda roman ýazyp başlaýar. ― Ah, ol wagtlar altyn döwürdi ― diýip, pyşyrdady myhman gözlerini lowurdadyp, ― özbaşdak kwartira, ýene dälizi-de bar, dälizde üsti grantly el ýuwulýan, nämüçindir ol ala-böle şu sözi nygtap, buýsançly gepledi, ― ýan ýola tarap bakyp duran kiçijik penjire, ol hem gapy tarapdan başlanýardy. Garşysynda, dört ädim aňyrda, diwaryň düýbünde siren, lipa, zereň ýaly agaçlar ösüp otyrdy. Oh... oh... oh! Gyşda men aýnadan adamlaryň garda «garç-garç» edip ýöreýän aýaklaryny görerdim, aýak seslerini seýrek eşiderdim. Pejimde hemişe lowlap ot ýanyp durýardy! Emma birden bahar geldi-de, penjirämiň tutuksy aýnalary arkaly men ilk-ä ýalaňaç, soňra ýuwaş-ýuwaş ýaşyl lybas geýip başlan siren agaçlaryň pudaklaryny gördüm. Ana şonda, ýagny geçen ýylky baharda ýüz müň manatlyk utuşdan hem guwançlyrak waka ýüz berdi. Bu bolsa, ylalaşarsyň, ýüz müň ― bu ägirt uly baýlyk! ― Bu dogry ― diýip, onuň gepini üns bilen diňleýän Iwan tassyklady. ― Men penjiräni açyp, ykjamja ikinji otagymda oturýardym, ― myhman eli bilen ölçäp görkezip başlady, ― ine... bu ýerde diwan, garşysynda ikinji diwan, diwanlar aralygynda stoljagaz, onuň üstünde owadan gülçyra, penjirä ýakyn ýerde kitaplar, beýlesinde bolsa, kiçijik ýazuw stoly, birinji otagymda ― ol juda uly, on dört metrdi, ― gat-gat kitaplar hem peç durdy. Wah, nähili gowy günüm bardy! Siren güllände üýtgeşik ysy bolýar! Beýnimiň ýadawlygy aýrylyp, özümi guş ýaly ýeňil duýýardym, Pilat hakyndaky romanym hem şaglap, soňuna ýetip barýardy... Gyzyl jähekli ak plaş! Düşünýän! ― diýdi Iwan. ― Tapdyňyz! Pilat uçup, soňuna golaýlap barýardy, men indi onuň: «...Iudeýanyň bäşinji prokuratory, bedewli Pontiý Pilat» diýen sözler bilen soňlanjagy bilýärdim. Tebigy ýagdaý, men gezelenç etmäge-de daş çykýardym. Ýüz müň ― oýun pul däl, özüme juda ajaýyp çal kostýum satyn alypdym. Ýa bolmasa, garbanmaga bir arzan restorana gidýärdim. Arbatda ajaýyp bir restoran bardy, häzirem barmyka, bilmedim. Şu ýere gelende, myhman gözlerini giň açyp, Aýa dikanlap, hekaýasyny pyşyrdap dowam etdi: ― Ol gözel bir desse ýigrenji, howsalaly gül göterip gidip barýardy. Şeýtan bilsin, ol gülüň ady nämedi, ýöne ol gül nämüçindir Moskwada ilki peýda bolup başlardy. Ol gözeliň gara reňkli ýeňil ýaz paltosynyň ýanynda bu gül göze anyk saýgardýardy. Hawa, ol sary gül göterip barýardy! Ýaramaz reňk. Ol Twerskaýa köçesinden ýöräp, bir dar köçä öwrüldi, öwrülip yzyna gaňrylyp seretdi. Twerskaýa köçesini bilýäň dälmi? Bu köçede adam hemişe hümer bolar durardy, emma ynandyryp aýdýaryn ki, ol şunça adamyň içinden diňe maňa seretdi, seredende-de, ýöne bir howsala bilenem däl, armanly bakdy diýseňem boljak. Şonda meni onuň husny jemalyndan hem beter, gözlerindäki hiç kimiň ýadyna düşmedik adatdan daşary ýalňyzlyk ody özüne bendi edipdi! Men hem şu sary reňke gul bolup, dar köçä öwrüldim-de, gelniň yzyndan ýöräberdim. Biz bu gyýşyk we demikdiriji köçeden (men onuň bir tarapynda, ol bolsa ikinji tarapynda) ümsüm gidip barýardyk. Geň galaýmaly, köçede birem diri jan ýokdy. Men onuň bilen gepleşmegiň lazymlygyny oýlap ejir çekýärdim we aýny wagtda, oňa söz gatyp bolmaz öýdüp howsala düşýärdim, bu ýagdaýda bolsa ol-a gider, soň ony görmek maňa miýesser etmez diýip gama batýardym. Şonda, göz öňüne getirip görüň, duýdansyz onuň özi söze başlady: ― Güllerim size ýaradymy? Onuň çalaja ýognas, emma sähel pessaý owazynyň sedasy, tenteklik bolsa-da aýdaýyn, nazarymda, bu dar köçedäki sarymtyl reňkli ýaramaz diwara urlyp, yzyna gaýdan dek boldy. Men şol demde köçäniň onuň barýan tarapyna geçip, oňa ýakynlaşdym-da: ― Ýok ― diýip, jogap gaýtardym. Ol maňa geňirgenip bakdy, men bolsam birden we asla garaşylmadyk ýerden ömür boýy diňe şu aýaly söýüp gelenligimi aňladym. Ajap söwdalar, ýeri! Siz, elbetde, maňa telbe adam eken diýersiňiz? ― Hiç zat diýmerin ― diýdi Iwan we: ― Haýyş edýän, dowam ediň! ― diýip üstüne goşdy. Myhman hekaýasyny dowam etdirdi: ― Hawa, ol maňa geň galyp seretdi, soň gözümden gözüni aýyrman, sorady: ― Siz, umuman, gülleri halaňzokmy? Onuň sesinde duşmançylyk äheňi bar ýaly duýuldy. Men onuň bilen deň gadam basmaga çalşyp, ýanma-ýan barşyma, asla utanman, özümi arkaýyn alyp barşyma özüm hem geň galýardym. ― Ýok, men gülleri gowy görýärin, emma munuň ýalylary däl ― diýdim. ― Nähilisini? ― Bägüli oňat görýärin. Şeýle diýenime puşman boldum, näme üçin diýeniňde, ol günäkär adam ýaly ýylgyrdy-da, gülüni ýol ýakasyndaky salma oklap goýberdi. Men biraz özümi ýitirdim-de, emma güli göterip, ýene oňa uzatdym, emma ol ýylgyryp, gülleri ýene itekledi, netijede olary indi özüm göterip ugradym. Şu zeýilde biz biraz wagt ümsümlik saklap gidiberdik, soňra ol elimden gülleri alyp, köçä oklap goýberdi-de, gara ellikli elini meniň elimiň aşagyndan geçirdi-de, mundan beýläk biz goltuklaşyp gidiberdik. ― Soň ― diýdi Iwan, ― haýyş, bar zady bolşy ýaly aýdyň. ― Soňmy? ― tekrarlady myhman, ― soň näme bolanyny özüň hem oýlap görseň bolýar. ― Ol gözlerinde birden peýda bolan gözýaşy sag ýeňi bilen howlukmaç süpürip, gepini dowam etdi: ― Söýgi ýer astyndan çykan ganhor dek peýda boldy-da, ikimizi des-deň şikestledi! Adatça ýyldyrym ýa fin hanjary şeýle şikestleýär adamy! Şeýlelikde, ol soňra bu pikiri inkär edip, biz juda köpden bäri, bir-birimizi bilmedik, görmedik çagymyzdan başlap söýüşendiris diýip tassyklady, öňler ol başga adam bilen ýaşaýardy, men hem şonda... başga biri... bilen ýaşaýardym... beh... ady nämedi... ― Kim bilen? ― diýip, Bezdomnyý sorady ― Ol... beh... nämedi ady... ― diýdi myhman barmaklaryny şyrkyldadyp. ― Siz öýlenipmidiňiz? ― Hawa-da, ine, şyrkyldadyp otyryn-a... Ýaňky... Warenka, Maneçka... ýok, Warenka... zol-zol köýneklidi... muzeýde... mahlasy ýadymda ýok. Hawa, ol şol gün köçä ýörite sary gül göterip çykan eken, meniň ony tapmagym üçin, bardy-geldi şol gün bu duşuşyk ýüz bermänin-de, ol zäher içip, öz janyna kast etmekçi bolan eken, çünki onuň durmuşy manysyz bolupdyr. Hawa, söýgi bizi göz açyp-ýumasy salymda şikestläp goýupdyr. Men muny şol günüň özünde, bir sagatdan soň, ullakan şäheri duýman kesip geçip, Kreml diwarynyň etegine, derýanyň boýuna baranymyzda bildim. Biz göýä juda köp ýyllardan bäri bir-birini gowy bilýän dek, öten agşam hoşlaşan adamlar dek söhbetleşýärdik. Ertir hem şu ýerde ― Moskwa derýasynyň boýunda duşuşmaga wadalaşdyk, duşuşdyk hem. Maý güneşi bize nur saçýardy. Soňra, aradan sähel wagt geçmän, bu aýal meniň pynhan aýalym boldy. Ol her gün meniň öýüme gelerdi, men oňa irden intizar bolup garaşyp başlaýardym. Şu sabyrsyzlyk wagty adatça öýdäki närseleriň ýerlerini üýtgedişdirýärdim. Onuň gelmegine on minut galanda, penjiräň öňünde oturyp, köçe tarapky köne gapynyň «jyýk» edip açylmagyna garaşýardym. Geň galmaly ýeri, onuň bilen uçraşmazymdan ozal howlymyza kän adam gelmezdi, has dogrusy, hiç kim girmeýärdi, indi bolsa, nazarymda, bütin şäher howlymyza tarap akyp gelýän ýaly duýulýardy. Derweze gapysy kakyldygy, ýüregim «jyg» edýärdi, bir göz öňüňize getirip görüň-ä, garşymda: penjiräniň aňyrsynda elbetde, kimiňdir hapa ädigi peýda bolýardy. Meselem, çarhçynyň. Eýsem, özüňiz aýdyň, bize çarhçynyň nämä geregi bar? Nämäni çarhlamaly? Haýsy pyçaklary? Meniň dilberim köçe gapydan bir gezek girerdi, emma ol girýänçä ýüregim keminden on ýola urýardy. Men ýalan sözlämok. Soň, sagat dilleri günorta wagty görkezip, onuň gelýän wagty bolanda we gara ýumşak deriden tikilen üstki bezegleri polat tokalar bilen dartylan onuň köwüşleri degerli ses çykarman aýnamyň garşysynda peýda bolanda-da, ýüregim gürs-gürs urmasyny bes etmeýärdi. Käte ol ikinji penjirämiň öňünde saklanyp, köwşüniň ujy bilen aýna urup, garagollyk ederdi. Men şol demde penjiräň öňünde peýda bolardym, emma köwüş hem, ýagtyny saklap duran gara ýüpek köýnek hem gaýyp bolýardy ― men şonda gapyny açmaga howlugardym. Aramyzdaky mylakaty hiç kim bilmeýärdi, muňa imanym kämil, beýle bolmagy mümkin däl hem bolsa. Emma onuň äri, tanyşlarymyz mundan bihabardylar. Ýaşap oturan podwalymyň ýokarsyndaky köne öýde ýaşaýanlar mundan habardardylar, elbetde, olar ýanyma haýsydyr bir aýalyň gelip-gidip duranyny görýärdiler, emma onuň kimdigini hem, adyny hem bilmeýärdiler. Şu söýgi dessanyny bütin durky bilen berlip diňleýän Iwan: ― Kimdi ol aýal? ― diýip sorady. Myhman, muny hiç-haçan, hiç kime aýtmaryn diýýän ýaly, başyny ýaýkady, soň hekaýasyny dowam etdirdi. Onuň hekaýasyndan Iwana şular mälim boldy: ussat bilen nätanyş aýal bir-birlerini şeýle derejede gaty söýüpdirler, biri ikinjisiz bir günem oňup bilmändirler. Indi Iwan howludaky siren agajy we diwar sebäpli hemişe ýarymgaraňky bolan podwaldaky iki otagy, ol ýerdäki gyzyl agaçdan ýasalan, könelip, haýy gidip, waýy galan mebeller-u ýazuw stoly ― býurony, býuronyň üstünde duran ýarym sagatda jaň urýan sagady, ahyry reňklenen poldan ys basan potologa çenli bulaşyp ýatan san-sanaksyz kitaplary hem, peji-de juda anyk göz öňüne getirip başlady. Iwana ýene şu närse mälim boldy ki, myhmany bilen onuň pynhan hatyny özara aragatnaşyk baglan ilkinji günleriň özünde Twerskaýa köçesi bilen dar köçäniň burçunda bir-birimiz bilen duşuşmagymyz takdyry ezelden maňlaýymyza ýazylan hem-de biz ömürbaky bir-birimiz üçin ýaradylandyrys diýen karara gelen ekenler. Myhmanyň hekaýasyndan aşyk-magşuklaryň wagty nähili geçirendikleri hem mälim boldy. Aýal gelenden, birinji nobatda fartuk dakyp we darajyk eýwanda (biçäre bimaryň nämüçindir buýsanyp dile alan şol el ýuwulýan krantly çanagy şu ýerdedi) tagta stol üstünde kerosinka ýakyp, nahar taýýarlap, soň birinji otag arasynda duran uzyn stolda saçak ýazardy. Maý aýynda gök gübürdäp, çagba guýan wagtlary ýagyş suwy söýüşenleriň soňky mekanyny gark eder derejede howp döredip, garaňky penjireleriň öňünden derwezä tarap haýkyryp akan wagtlarynda, olar peç ýakyp, körükde kartoşka bişirýärdi. Barmaklaryny küle bulap, kartoşkanyň gara gabygyny ardanlarynda, ondan bug çykardy. Podwalda gülki eşidilerdi, bagdaky daragtlar ýagyşdan soň döwlen şahajyklaryny, ap-ak güljagazlaryny ýere dökerdi. Gök gümmürdisi diňip, yssy tomus gelende, köpden bäri arzuw edilen we ikisiniňem des-deň oňat görýän bägülleri wazada peýda bolardy. Özüni ussat diýip atlandyran adam iş bilen meşgul bolar, aýal bolsa uçly dyrnakly barmaklaryny saçlarynyň arasyndan geçirip, ýazylan sahypalary gaýtadan okap, okap bolandan soň bolsa, bu sopbaşjagazy tikip başlardy. Käte ol dyza çöküp, tekçäniň aşak gatyndaky kitaplaryň ýa-da stula çykyp, ýokary gatdaky ýüzläp kitaplaryň çaň basan ýüzlerini esgi bilen süpürerdi. Ol ýazyja şany-şöhrat dileg edip, ony tizräk işlemäge ündäp, aýny şol wagtda ony ussat diýip atlandyryp başlapdy. Ol Iudeýanyň bäşinji prokuratory hakyndaky kitabyň wada edilen ahyrky jümlelerini okamaga howlugyp, köňlüne ýakan käbir jümleleri gaty ses bilen owazly okap, «bu poman ― meniň durmuşymdyr» diýerdi. Roman awgust aýynda ýazlyp gutarylyp, haýsydyr bir nätanyş maşinistka berildi, maşinistka ony bäş nusgada göçürdi. Ine, ahyr netijede gizlin mekan terk edilip, durmuş meýdanyna çykylýan gün hem geldi ― Hawa, men elime romanymy alyp, durmuş meýdanyna çykdym, emma çykan badyma ýaşaýyşym soňuna ýetdi ― diýip, pyşyrdady ussat we başyny aşak saldy, şonda sary ýüplük bilen «U» harpy tikilen gaýgyly gara sopbaş uzak wagt yrgyldap durdy. Soň ol hekaýasyny dowam etdi, emma indiki gepleri üzlem-saplam bolup çykdy. Myhmanyň bu geplerinden diňe bir närsäni aňşyrmak mümkindi: onuň başyna örän agyr bir apat düşüpdi. ― Edebiýat älemine birinji mertebe gadam goýuşymdy, emma häzir hemmesi doly tamam bolup, heläkete uçranym anyk bolandan soň, men ony eýmenç geň galma bilen ýatlaýaryn! ― diýip ussat dabaraly pyşyrdap, elini göterdi. ― Hawa, örän geň galdyrdy ol meni, örän! ― Kim? ― eşdiler-eşdilmez pyşyrdap sorady Iwan, teşwişlenen myhmanyň sözüni bölmekden gorkup. ― Redaktor-da, aýdyp durun-a, redaktor diýip. Dogry, ol okamasyna okap çykdy. Emma maňa ýigrenç bilen, ýaňaklary çişen adama garan ýaly garap, göz gyýtagyny otagyň burçuna aýlap, hyjalatly hikirdedi. Ol elindäki manuskirpti (gadymy golýazmalaryň atlandyrylyşy) ýersiz ýere gyjymlap, hykyrdaýardy. Beren soraglary maňa däliniň sözi ýaly duýuldy. Çünki ol roman barada hiç zat aýtman, menden: kim sen, nireden peýda bolduň, köpden bäri galam ýöredýäňmi, näme üçin siz barada şu çaka çenli hiç zat eşitmedik? diýip, sorap başlady, hatda meniň nazarymça, beýle geň-taň temadan roman ýazmagy kim saňa maslahat berdi diýen ýaly tentegiň soragyny hem berdi. Ahyry, sowallary janyma degip, çydap bilmän, romanymy çap edýäňizmi ýa ýokmy diýip, kesgin tüýsde soradym. Şonda ol biserenjam alňasap, gümmi-sümmi eden bolup, soň bu meseläni bir özüniň çözüp bilmejegini, eserim bilen redaktorlar komissiýasynyň özge agzalary hem, ýagny tankytçylardan Latunskiý bilen Ariman hem-de edebiýatşynas Mstislaw Lawrowiç dagynyň tanyşmagynyň gerekdigini aýtdy. Ol iki hepdeden soň geliň diýip haýyş etdi. Iki hepdeden soň barsam, hemişe ýalan gepläp, gözleri gyýmak bolup galan bir garry gyz kabul etdi. ― Hawa, ol Lapşýonnikowa, redaksiýanyň kätibi ― diýdi ýylgyryp Iwan, myhmanyň gaharly taryplaýan dünýäsi oňa tanyşdy. ― Bolsa bardyr ― diýip, şarta sözüni böldi myhman, ― mahlasy, şu aýal hemme ýeri gara tegmilli kän gyjymlanan romanymy gaýtaryp berdi. Gözüni gözümden alyp gaçmaga çalşyp, Lapşýonnikowa: ― Häzir redaksiýamyz iki ýyla ýetjek golýazmalar bilen üpjün, şoňa görä, romanyňyzy çap etmek meselesi, meniňçe, başa barmasa gerek ― diýdi: ― Ýene nämeler ýadymda galdyka? ― diýip seslendi ussat, çekgelerini sypalap. ― Hawa, golýazmanyň gyrasyna edilen gyzyl bellikler we ýene ýarymyň gözleri ýadymda. Hawa, onuň gözlerini ýatda saklaýaryn. Myhmanyň hekaýasynda näanyklyk, allanähili düşnüksiz gepler köpräk uçrap başlady. Ol gyýalap ýagan ýagyşy ýatlady, podwaldaky mekanynda başyndan geçiren kynçylyklary hakynda, ýene nireleredir baranlygy dogrusynda sözledi. Ol özüni göreşe iteren aýaly asla aýyplamaýandygyny, hawa, hawa, onda hiç günä ýoklugy hakynda pyşyrdap gepledi. ― Bow, ýadymda, ýadymda gazetiň goşmaça sahypasyndaky näletsiňen ýazgy ― diýip, myhman hüňürdäp, gazet sahypasynyň şekilini howada iki barmagy bilen çyzyp görkezip, şonda Iwan myhmanyň üzlem-saplam geplerinden pähimlediki, başga bir redaktor ussadyň romanyndan ullakan bir parçany gazetde çap edipdir. Onuň aýtmagyna görä, aradan iki gün geçip-geçmän, başga bir gazete tankytçy Arimanyň: «Redaktoryň ganatynyň astyndaky duşman» diýen makalasy peýda bolupdyr, bu makalada ýazylyşyça, Iwanyň myhmany redaktoryň biperwaýlygyndan we nadanlygyndan peýdalanyp, metbugatda Iisus Hristi taryplamaga çalyşanmyş. ― Hawa, ýadymda, ýadymda! ― diýip, Iwan gygyryp goýberdi. ― Emma familiýaň ýadymdan çykdy! ― Tekrarlap aýdýaryn, familiýamy goýaly, indi ol ýok ― diýip jogap berdi myhman. ― Gep familiýada däl. Bir günden soň başga bir gazetde Mstislaw Lawrowiçiň goly bilen başga makala peýda boldy. Bu makala awtory pilatçylyga, hem-de ony metbugatda taryplamaga (ýene şol lagnaty sözler) çalyşan dindara çäre görmegi, görlende-de, aýawsyz çäre görmegi teklip edipdi. Men bu «pilatçylyk» sözüne aňk-taňk bolup, üçünji gazeti warakladym. Bu gazetde iki makala bardy: biri ― Latunskiniňki, ikinjisine bolsa «N-E» diýip gol goýlandy. Men size aýtsam, Ariman bilen Lawrowiçiň makalalary Latunskiniň ýazan makalasynyň ýanynda witjikdi. Latunskiniň makalasyna goýlan sözbaşynyň özi hem size ýeterlik: «Köne mezhebiň janköýer esasçysy». Özüm dogrumda ýazylan makalalary okamaga şu derejede berilipdirin ki, söýgüli ýarymyň (gapyny gulplamagy unudan ekenim) elinde suw-sil bolan öl saýawan we nemlenen bir desse gazet bilen gelip, üstüme abananyny hem duýmandyryn. Onuň gözlerinden ot çykýardy, buz dek sowuk elleri sandyraýardy. Ilk-ä ol özüni gujagyma oklap, meni ogşaberdi... ogşaberdi... soň, elini stola urup, gyryljak owaz bilen Latunskini zäherläp öldürjekdigini aýtdy. Iwan sähel gamgyn bolup, bogazyny arçap goýdy, ýöne hiç zat diýmedi. — Gam-gussa doly günler başlandy. Roman ýazylyp gutardy, başga edere iş ýokdy, indi ikimizem pejiň öňüne düşelen halyçada oda seredip oturýardyk, bolany. Biz indi tiz-tiz aýra bolýardyk. Ol seýir etmäge çykyp gidýärdi. Meniň durmuşymda bolsa täsin wakalar ýüz berip başlady, dogry beýle ýagdaýlar mende öňem zol-zol bolup durýardy... Men garaşylmadyk ýerden birden bir dost tapyndym. Hawa, hawa, ynanyberiň, umuman alanda, meniň juda manysyz endigim bar: adamlar bilen dil tapyşmagym juda kyn, hiç kime ynanmaýan, sähel närsä şübheleniberýän. Emma ― gyzygy şunda ki, şu ýaramaz häsiýetlerime seretmezden, gelip-gelip, oýlamadyk, garaşylmadyk bir adam, eger daşky sypaty, şeýtan bilsin, nähili bolsa-da, bar zatdan beter şol göwnüme ýaraýar. Mahlasy, şol näletli wagtlarda bir gün bagjagazymyzyň köçe gapysy açylyp, howlymyza bir adam girdi. Ýadymda, güýzüň ýakymly günlerinden biridi. Aýalym öýde ýokdy. Gelen adamyň öý eýesi bilen bir işi bolsa gerek, onuňka girip gitdi, soň howla çykyp, meniň bilen saglyk-amanlyk soraşdy-da, derrew tanyşdy. Ol özüni žurnalist diýip tanyşdyrdy. Ol maňa şeýle gowy göründi welin, bilýäňizmi, häzire çenli käte-käte ony ýatlap, küýsänimi duýman galýan. Ýuwaş-ýuwaşdan ol öýüme zol-zol gelip başlady. Mälim bolşuna görä, ol sallah eken, menden sähel daşrakda, edil meniňkä meňzeş kiçijik kwartirada ýaşaýar eken, emma oňa kwartira darlyk edýärmiş we şoňa meňzeş, we şuňa meňzeşler. Nämüçindir ol meni öýüne çagyrmaýardy. Aýalyma ol asla ýaramady. Emma men onuň tarapyny çaldym. Şonda hatynym: ― Bileniňi et ― diýdi, ― emma bu adam mende diňe ýigrenç oýarýar. Men güldüm. Bilemok, bu adam haýsy häsiýeti bilen meni özüne ram etdi? Gep şunda ki, öz gutusynda üýtgeşik häsiýeti bolmadyk adamyň umuman gyzygy ýok. Emma Aloiziniň (hawa, unudypdyryn ― täze tanyşymyň ady-familiýasy Aloiziý Mogaryçdy) içki dünýäsinde şeýle häsiýet doludy. Men Aloiziý ýaly danyşment adama öň hiç ýerde gabat gelmändim, görýän welin, mundan soňam asla duşaryn öýdemok. Eger-de gazetde çykan bir makalanyň manysyna düşünip bilmesem, Aloiziý ony bir demde düşündirip berýärdi, düşündirende-de emgenmän, aňsat we rowan düşündirýär. Durmuşy wakalary we meseleleri-de şeýle aňsat teswir edýärdi. Emma häli bu hemmesi däl. Aloiziý edebiýata bolan yhlasy bilen meni özüne bendi etdi. Tä onuň haýyşyna görä romanymy başyndan-ahyryna çenli okap berýänçäm, ynjalmady. Soňra bolsa roman dogrusynda öwgüli sözler aýtdy, emma edil redaktoryň romanym dogrusyndaky belliklerini öz gulagy bilen eşiden dek, ol hem şol pikirleri gaýtalap, agzymy açdyrdy. Aloiziý redaktoryň pikirlerini birkemsiz tekrarlady. Mundan daşgary, näme sebäpden romanymyň çap edilmänligini hem örän anyk düşündirip berdi welin, bu pikirde hata ýoklugyny özüm hem aňşyryp başladym. Ol pylan babyň geçmeýär diýip, gepiň açygyny aýtdy... Emma makalalarynyň yzy üzülmeýärdi. Iň ilkinjileriniň üstünden gülüpdim. Ýöne makalalaryň sany köpeldik saýyn olara bolan garaýyşym hem üýtgedi. Ikinji etap ― geň galmak döwri boldy. Bu makalalar howp salyjy we ynandyryjy äheňde ýazylandygyna garamazdan, olaryň diýeli her bir setirinde öte ýalan-ýaşyryk we güman etmek äheňi duýulýardy. Maňa olaryň öz aýtmakçy bolan pikirleri däl, başga birleriniň pikirleri beýan edilýän ýaly bolup duýulýardy, olaryň dergazaplygyna sebäp hem şol bolsa gerek diýip oýlanýardym-da, şu oýlardan asla halas bolup bilmeýärdim. Mundan soň, men size aýtsam, üçünji basgançak ― gorky döwri başlandy. Ýok, ýok, ol makalalar däl, ynanyň, belki olarda, romanyma degişli bolmadyk başga-başga zatlar meni gorkuzyp başlady. Ine, meselem, men garaňkylykdan gorkup ugradym. Gysgasy, ruhy bitaplyk döwri başlandy. Kiçijik otagymda ýatmazdan ozal çyrany söndürsem, göwnüme penjireden, eger ol ýapyk bolsa-da, nähilidir uzyn-uzyn gara şekiller, sowuk ellerini oýnadyp girip gelýän ýaly bolýardy. Ahyrynda gijeleri çyraň ýagtysyna uklap geçirdim. Söwer ýarym bolsa üýtgäp başlady (elbetde, gara şekiller barada oňa syzdyrmadym. Emma ol ýagdaýymyň çataklygyny duýýardy) horlanyp, reňki gaçyp, indi kän gülmeýärdi, romandan parça çap etdirmegi maslahat bereni üçin gaýta-gaýta ötünç sorap başlady. Indi ol maňa hemme zady başdan aýlap, günorta, Gara deňiz boýuna gitmegi, ýüz müň manatlyk utuşdan galan puly harçlap, şol ýerde dynç almagy maslahat berip başlady. Bu pikirinde ol berk durdy, men bolsam onuň bilen çekişmezlik üçin (Gara deňze gidip bilmejegimi köňlüm duýup durdy) ýakyn günlerde giderin diýip wada berdim. Bileti onuň özi aljak diýdi. Şonda men galan puly, on müň manat çemesi puluň hemmesini onuň eline berdim. Ol: ― Munça pul nämä gerek? ― diýip, geň galdy. Men bolsam, ogurlatmakdan gorkýaryn, şonuň üçin, tä gidýänçäm sende dursun diýen delil getirdim. Ol puly alyp, bukjasyna saldy-da, meni gaýta-gaýta ogşap, şeýle diýdi: ― Seni şu ýagdaýda ýeke taşlap gidenimden ölenim gowy, emma nä çäre, maňa garaşýarlar, zerurýete boýun bolmasam, alajym ýok, ýöne ertir hökman gelerin. Ol maňa hiç zatdan gorkma diýip ýalbardy. Bu oktýabr aýynyň ortalarynda, iňrik garalyp başlan wagty bolupdy. Ol gitdi. Men diwana gyşaryp, çyrany hem ýakman uklap galdym. Bir mahal otagyma gara şekiliň girenini duýup oýandym. Garaňkyda sermenip, zordan çyrany ýakdym. Jübi sagadym agşam sagat ikini görkezýärdi. Men ýatanymda bitapdym, indi näsag bolup oýandym. Nazarymda, güýzüň zulmaty penjire aýnasyny syndyryp, otaga guýuldy-da, özümi edil syýa meňzeş şu tümlüge gark bolýan ýaly duýup başladym. Men özüni oňarmaýan ýarawsyz adam bolup oýanypdym. Men gygyrdym, beýnimde bir kimsäniň, iň bolmanda ýokarky gatda ýaşaýan öý eýesiniň ýanyna pena isläp çykmak pikiri oýandy. Edil däli adam ýaly özüm bilen özüm söweşip başladym. Ahyry pejiň öňüne baryp, içine salnan oduny ýakmaga gurbum ýetdi. Odun şytyrdap ýanyp, pejiň gapysy şarkyldap ýapylandan soň, özümi ýeňlän ýaly duýdum... Soňra dälize ylgap çykyp, ol ýerde hem çyra ýakdym, bir çüýşe ak çakyr tapyp, dykysyny aýyrdym-da, onuň bokurdagyndan içip başladym. Netijede gorky bir bada köşeşdi ― şu ýagdaýda öý eýesiniň ýanyna ylgaman, pejiň ýanyna bardym. Pejiň gapysyny doly açyp, (odyň howry el-ýüzümi bişiräýjek bolýardy), pyşyrdadym: ― Betbagtlyk başa düşdi, Halymdan habar almaga tizräk gel! Gel! Gel! Ýöne hiç kim gelmedi. Peçde ot lowlap ýanýardy, ýagyş aýnany urýardy. Şonda iň soňky bagtsyz hadysa ýüz berdi. Men stolyň çekmesinden romanymyň maşinkada göçürilen uly nusgalarydyr gereksiz golýazmalarym bilen doldurylan depderleri alyp, olary ýakyp başladym. Bu örän agyr iş, çünki golýazmalar ýanmaýar. Şonuň üçin, dyrnaklarymy syndyrsa-da, depderleri bölek-bölek edip ýyrtyp, olary pejiň içine oklap, kesewi bilen dörýärdim. Ýanan kagyzlaryň küli käte oduň üstüni basyp, meni gamlandyrýardy, emma men göreşýärdim, netijede romanym köp garşylyk görkezse-de, barybir berbat boldy. Göz öňümde tanyş sözler peýda bolýardy, sahypalar aşakdan ýokarlygyna lowlap, saralyp ugranda, ýazylan sözler görnüp durdy. Olar kagyz garalyp başlandan soň gaýyp bolýardy, şonda men kesewi bilen dörüp, olary ýok edip başlaýardym. Edil şu wagt kimdir biri aýnany ýuwaş dyrnady. Ýüregim «jig» edip gitdi-de, soňky depderi oda oklap, gapyny açmaga ylgadym. Howla açylýan gapa kerpiç basgançaklardan çykmalydy. Men büdräp-südräp, gapynyň alnyna baryp, ýuwaş soradym: ― Kim siz? Tanyş owaz ― aýalymyň sesi jogap berdi: ― Bu men. Nädip gapynyň zynjyry bilen ilgençegini aýranymy bilemok. Ol başdan-aýak öl-suw, ýaňaklary öl, saçlary perişan halda bosagadan ätläp, içerik girdi-de, sandyr-sandyr edip, özüni gujagyma oklady. Men diňe bir sözi tekrarlap bildim bolany: ― Sen... sen? diýdim-de, soň sesim ýitdi, soň ikimizem aşak podwala okduryldyk. Ol girip poltosyny çykaryp taşlady-da, soň birinji otaga ok ýaly atylyp girdik. Ol ýuwaş gygyryp, ýalaňaç elini derrew peje dykdy-da, indi aşagyndan ýanyp başlan soňky bir desse golýazmany tartyp alyp, pola taşlady. Şu wagtyň özünde otagyň içi tüsseden doldy. Men aýaklarym bilen depip, ody söndürdim, ol bolsa özüni diwana oklap, öýkeni dolup, monjuk-monjuk gözýaş döküp, aglap başlady. Ol ahyry köşeşdi, men söze başladym: ― Meniň bu romany göresim gelenok, men ondan gorkýaryn. Men näsag. Meni gorky gurşap aldy. Ol ýerinden galyp, gepe başlady ― Waý, hudaýym, sen gaty näsag-la. Näme üçin? Sebäbi näme? Barybir, seni dertden halas ederin, bu beladan gutararyn. Bu näme boldugy? Men onuň tüsseden we agydan çişen gözlerini gördüm, maňlaýymy sypalap başlanda, elleriniň buz ýalydygyny duýdum. ― Men seni sagaldaryn, gutuldaryn ― diýip seslendi ol, ýüzüni egnime goýup, sen ony ýene dikeldersiň. Nämüçin, nämüçin bir nusgasyny özüm alyp goýmadymkam? Ol gazap bilen dişlerini gyjady-da, ýene düşnüksiz hüňürdedi. Soňra leblerini gysyp, ýanan sahypalary ýygnap, tükelläp başlady. Bu ― romanyň ortasyndaky haýsydyr bir babydy. Ol köýen sahypalary bilen jemläp kagyza orady-da, bagjyk bilen daňdy. Onuň bar edýän hereketinde bir kararlylyk, kesginlik bardy, özüni ele alanlygy anyk görnüp durdy. Ol çakyr sorap, içdi-de, soň arkaýyn gepläp başlady. Ol: ― Aldawçylygyň soňy şeýle töleg bilen gutarýar ― diýdi, — boldy, men indi aldaw bilen ýaşaman. Häzir seniň ýanyňda galardym welin, emma bu sypatda iş tutmagy halamaýaryn. Öýünden gijesine gaçyp gidenimi ärimiň ömürboýy gynanç bilen ýatlap ýörmegini islemeýärin. Ol maňa hiç haçan hiç-hili ýamanlyk etmedi. Ony häzir duýdansyz çagyrdylar, zawodynda ýangyn bolanmyş. Emma ol hä diýmän gaýdyp geler. Men onuň bilen ertir gepleşerin, başga adamy söýýärin diýip aýdaryn oňa, soňra bütinleý seniň ýanyňa gelerin. Hany, aýt, belki, beýle etmegimi isleýän dälsiň? ― Wah, biçärejigim ― diýdim oňa, ― beýle etmegiňe ýol bermerin. Ýagdaýym hasam ýaramazlaşar, şu sebäpden seniňem meniň bilen bile heläk bolmagyňy islemeýärin. ― Diňe şu sebäplimi? ― diýip sorady ol gözlerini gözüme ýakyn getirip. ― Diňe şu. Ol birden ruhlanyp, boýnumdan gujaklap, meni bagryna basyp, diýdi: ― Men hem seniň bilen bile heläk bolaryn. Ertir gaýdyp gelerin. Ine, durmuşymda ýadymda galan soňky ahwallar ― gyýa açylan eýwan gapysyndan düşen ýagtyda onuň seçelenen saçlary, başyndaky beret we aýgytdan doly gözleri. Ýene bosagada onuň symgylt salgymy hem kagyza dolanan ak düwünçek. ― Seni ugradyp gelerdim welin, ýöne yza gelmäge mydarym ýok, gorkýan ― diýdim. ― Gorkma. Ýene birnäçe sagat sabyr et. Ertir irden ýanyňda bolaryn. ― Bu onuň durmuşyndaky soňky sözleri boldy. ― Çüşş! ― diýip, näsag birden sözüni böldi-de, barmagyny göterdi, ― bu gün aýly gije örän biynjalyk. Ol balkona çykyp, gözden gaýyp boldy. Iwan koridordan arabajygyň tigirlenip geçenini, kimiňdir horkyldap aglanyny we pessaý gygyranyny eşitdi. Ümsümlik aralaşandan soň, myhman ýene gaýdyp geldi we 120-nji otaga adam getirenlerini habar berdi. Alyp getirilen adam gaýta-gaýta şol bir sözi: kellämi gaýtaryp beriň diýip ýalbarýarmyş. Söhbetdeşler howsala düşüp, ilki dym-dyrs oturdylar, soňra köşeşip bölünen söhbeti dowam etdirdiler. Myhman ýaňy bir söze başlapdy... Emma bu günki gije, çyndanam ynjalyksyzdy. ― Henizem koridordan gowur-gowur ses gelýärdi. Netijede myhman geplerini eşdiler-eşdilmez pyşyrdap, Iwanyň gulagyna aýdyp başlady, onuň: Ezizim gidenden soň, aradan çärýek sagat geçensoň aýnamy kakdylar... ― diýen birinji jümlesinden başga hemme geplerini diňe şahyr eşitdi, bolany. Näsagyň şahyryň gulagyna pyşyrdap aýdan gepleri, ony örän tolgundyrýan bolmaga çemeli. Salym geçmän onuň ýüzi çytylyp, gözleri kä gorkuly, kä gazap bilen bakrady. Ol indi balkondan görünmeýän Aý tarapa eli bilen yşarat edýärdi. Daşardan gelýän sesler bütinleý diňenden soň, Myhman Iwanyň ýanyndan sähel süýşüp, indi gaty ses bilen gepini dowam etdi. ― Hawa, soňra, ýanwaryň ortalarynda, gişlik men öz howlymyzda ilikleri üzlen şol paltomda sowukdan digdiräp durdum. Arkamda siren pudaklaryny basan gar üýşmegi öňümde, aýagymyň aşagynda ― perde tutulan, çala-çula ýagtylandyrylan penjirelerim. Men birinji äpişgä eňilip gulak asyp başladym ― otaglarymdan patefonyň sesi eşidilýärdi. Gulagyma ilen ses diňe şu boldy. Emma hiç zat görüp bilmedim. Ýene birazajyk eglenip, bag tarapky gapydan köçä çykdym. Güýçli syrgyn göterilipdi. Aýagyma çolaşan bir it meni gorkuzdy, özümi ondan alyp gaçyp, köçäniň aňry ýüzüne geçdim. Hemişelik hemram bolup galan sowuk we gorky nerwlerimi zaýa edip, umytsyzlyga girifdar edipdi. Barjak ýerim ýok, iň aňsat ýoly, dar köçämizden çykyp, özümi tramwaýyň aşagyna oklamakdy. Içi çyralar bilen ýagtylandyrylan, hemme tarapyny buz gaplan ýaşikleriň sowukda adamyň gaharyny getiriji şakyrdysyny alysdan eşitdim. Emma eziz goňşym, hemme bela şunda ki, gorky meniň her bir öýjügimi eýeläpdi. Şeýdip, tramwaýdan-da edil itden gorkan ýaly gorkýardym. Hawa, bu binada meniň derdimden agyr dert hiç kimde ýok, gepime ynanyber. ― Emma siz ol aýala habar berip bilerdiňiz ― diýdi Iwan biçäre bimara ýüregi awap, ― üstesine-de puluňyz-da şondady? Ol ony saklandyr-a? ― Siz muňa hiç şübhe etmäň, elbetde, saklandyr. Ýöne siz maňa düşeňzok öýdýän. Belki, men birwagtky wakany teswirlemek endigimi ýitirendirin. Dogrusyny aýtsam, indi men ony kän bir küýsäbem duramok, sebäbi onuň maňa zerurlygy ýok. Eger onuň eline dälihanadan baran hat düşäýse... diýip, myhman gijäň garaňkysyna mylaýymlyk bilen seretdi. Eýsem, şeýle salgydan nädip hat iberip bolar? Ruhy keselliden? Oýun edýänsiňiz, dostum! Ýeri, ony bagtsyz edeýinmi? Muny men başarman. Iwan oňa nägilelik bildirip bilmedi, emma kemsuhan Iwan myhmanyň ýagdaýyna gynandy, oňa hem dert berdi. Ol bolsa öz hatyrasyndan teşwişlenip, gara şypyrma geýen başyny dynman yrap, oturşyna, diýýärdi: ― Maňlaýy şor gelin. Emma ol meni unudandyr diýen umydym bar. Iwan gorkarak: ― Entek siz gutulyp gidersiňiz... ― Derdim dermansyz ― diýip, hatyrjem jogap berdi myhman, ― Strawinskiý meni ýaşaýyşa dolap eltmäge wada berip ýör, emma men oňa ynanmaýaryn. Ol ynsanperwer doktor, ol maňa diňe teselli berjek bolýar. Emma inkär edmeýärin, häzir birneme sagaldym. Ýogsa-da nämede galypdyk? Aýaz, dazlap barýan tramwaýlar. Şol wagtda bu şypahananyň açylanyndan habarym bardy, şonuň üçin bütin şäheri pyýada ýöräp geçip geldim bu ýere. Akmaklykdy bu, elbetde! Şäheriň çetinde men sowukdan doňup, belki, ölüp giderdim, emma bir duýdansyzlyk janyma jan berdi. Şäher girelgesinden dört kilometr bärde ýolda bir ýük maşynyny gördüm, onuň bir ýeri bozlup, saklanyp duran eken, men sürüjiden haýyş etdim, görseňiz-le, ol maňa rehim etdi. Maşyn şu tarapa gelýän eken. Meni-de özi bilen alyp geldi. Bu sapar wagtynda çep aýagymyň barmaklaryny sowuk aldyrdym, bolany.Emma, aýagyma em edip, düzetdiler. Ine, sähel kem dört aýdan bäri şu ýerde men. Bilýäňizmi, bu ýer göwnüme, o diýen ýaman däl. Dogry, mähriban goňşy, ullakan rejelere baş urup oturmagyň hajaty ýok bu ýerde. Ine, meselem, men bütin Ýer şaryny aýlanyp çykmakçydym. Ýöne çäräm ýok, bu maňa nesip etmedi. Indi, ynha şu Şaryň kiçijik bir bölegini görüp otyryn. Oýlanýaryn, zeminiň iň oňat ýeri däl bu ýer, emma, tekrarlap aýdýaryn, şuňa-da şükür. Ine, tomus ýetip gelýär, Praskowýa Fýodrownanyň wada edişiçe, balkonymyzy peçek gül büräp alýarmyş. Açarlar mümkinçiligimi artdyrdy. Gijeler Aý dogýar. Be, eýýäm ýaşyp gidipdir! Salkyn düşdi. Wagt ýarym gijeden agdy. Men baraýyn indi. ― Aýtsaňyzlaň, Ieşua bilen Pilatyň takdyry nähili boldy? ― diýip sorady Iwan, ― şony biläýjekdim, ýalbarýan şony aýdyp berseňiz. ― Aý, ýok, ýok ― diýdi myhman gyjynyp, ýaňagyny tirpildedip, ― romanymy ýatlasam, bütin bedenim gagşap gidýär. Patriarh kölçesinde tanşan jadygöýüň ony menden ýagşyrak aýdyp bermegi mümkin. Söhbetdeşlik üçin sagja bol. Hoş, görüşýänçäk. Iwan özüni dürsemänkä, gözenek ýuwaşja ýalpyldy-da, myhman onuň aňyrsynda gizlendi. | |
|
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? - 10.06.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |