11:23 Ussat we Margarita -14/ romanyñ dowamy | |
XIV bap
Romanlar
HORAZA ŞÖHRAT! Rimskiýniň nerwisi artyk çydam etmedi, protokoly ýazyp bolýançalar hem kanagat etmän, öz kabinetine okduryldy. Ol stolda üýşüp ýatan jadyly pullardan sowuklan gözlerini aýryp bilmän otyrdy. Beýnisi güwläp, akly çaşypdy. Daşardan adamlaryň galmagaly endigan eşidilýärdi. Tomaşaçylar Wareteden çykyp, köçä akyp başlapdy. Maliýe direktorynyň hetdenaşa eşitgir gulaklaryna birden milisiýanyň jürlewüginiň sesi geldi. Öňden belli zat, jürlewük hiç-haçan öz özünden ýagşylyga jürlemeýär. Jürlewük gaýtadan çalyndy, şonda başga jürlewük oňa ýardama gelip, gatyrak we gazaplyrak çalyndy, soň şu jürlewük owazyna adamlaryň ha-hahaýy, hatda uly gykylygy başlandy welin, maliýe direktory köçede ýene bir jenjelli erbet wakanyň ýüze çykandygyny we bu wakanyň, elbetde, ol jadygöý bilen ýardamçylarynyň geçiren şum seansy bilen göni dahyllydygyny pähimledi. Duýgur Rimskiý asla ýalňyşmandy. Ol Sadowaýa köçesine açylýan penjireden daşaryk seredende, ýüzi çytyldy we pyşyrdap däl, anygyragy, wyşyllap: ― Men şeýle boljagyny bilýärdim-le ― diýdi. Ol köçe çyralarynyň güýçli ýagtysynda, öz penjiresiniň aşagynda, pesde, ýodada bir aýalyň içki köýnekde, mawy reňkli uzyn trusyly duranyny gördi. Dogry aýalyň başynda şlýapa, elinde sumkasy-da bardy. Bütinleý aňkasy aşan, kä çommalyp oturmaga, kä dazlap nirädir gaçmaga hyýallanýan bu hanymyň töweregini dolap alan märeke gowga göterip, ýaňy maliýe direktorynyň endamyny jümşülleden ha-hahaýlardyr galmagallaryň ýerine ýetirijisi şu mähelledi. Aýalyň ýanynda bir raýat aljyrap egninden öz paltosyny çykarmaga çalyşýardy, emma örän gaty aljyrany sebäpli, elini ýeňinden çykaryp bilmeýärdi. Şu wagt birden başga ýerden ― çep tarapdaky girelgeden-de galmagal we wagşyýana ha-ha-haýlar eşidildi-de, Grigoriý Danilowiç şol tarapa öwrülip, gülgün reňk içki köýnekde duran ikinji bir zenany gördi. Ol özüni penalamak üçin ýan köçä geçip, teatryň girelgesine sümjek boldy, emma içerden çogýan tomaşaçylaryň akymy onuň ýoluna böwet boldy, melgun Fagotyň firmasyndan aldanan geýim-gejime höwesekligi we ýeňles häsiýeti netijesinde masgara bolan şormaňlaý aýal indi diňe bir zady ― ýer ýarylyp, tizräk şoňa girmegi arzuw edýärdi. Milisioner jürlewügini edil howany deşip barýan ýaly derejede jürledip, bu bagtygara aýala tarap ylgady, onuň yzyndan kepka geýen nähilidir şoh ýigitler eýerdi. Şular köçäni başlaryna göterip, haha-haýlanlar, gowga turzanlardy. Murtlak hor bir paýtunly atyny uçuryp gelip, birinji ýarym-ýalaňaç aýalyň golaýynda sakga togtady-da, agzynyň jähegi gaçyp, ýyrşardy. Rimskiý kellesine ýumruklap tüýkürdi-de, penjiräň öňünden aýryldy. Ol köçeden gelýän şowhuna gulak asyp, stol başynda biraz oturdy. Sykylyklaryň sesi dumly-duşy gaplap aldy, soňra ýuwaş-ýuwaşdan köşeşdi. Jenjel tiz basylyp ýatyrylyp, Rimskiýni geň galdyrdy. Indi gol gowşuryp oturyp boljak däldi, jogapkärçiligiň ajy awusyny içmek wagty ýetipdi. Tomaşanyň üçünji bölümi wagtynda telefon apparatlary düzedilipdi, diýmek, jaň edip, ýüz beren waka hakynda degişli ýere habar bermek, ýardam soramak, ýalan geplemek, hemme aýby Lihodeýewa ýükelemek özüňi aklamaga hereket etmek gerekdi we şuňa meňzeşler. Ah, sen lagnaty şeýtan! Gazaby joşan maliýe direktory iki mertebe trubkany alyp, ýene goýdy. Şu wagt birden uly ümsümlige gark bolan otagda apparat juda gaty jyrlap, maliýe direktoryny gorkuzdy, ol gorkudan ýaňa tisginip, doňup galdy. «Saglygymyň, nerwimiň işi gaýdypdyr» ― diýip oýlanyp, trubkany göterdi. Emma şu demde ony gulagyndan uzaklaşdyrdy-da, reňki ak esgi ýaly ap-ak boldy. Trubkada aýal adamyň mylaýym we aýnaky jynsyý aragatnaşyga çekiji jögülik owazy pyşyrdap diýdi: ― Hiç ýere jaň etme, Pimskiý, soňy erbet bolar. Şeýle diýip ol trubkany ýerine goýdy. Maliýe direktorynyň ini jümşüldedi trubkany goýup, nämüçindir öz arkasyndaky penjirä öwrülip seretdi. Ol ýaňy ýaşyl lybas geýip başlan zereň daragtynyň seýrek şahalarynyň arasyndan bulut bölekleriniň aňyrsynda ýüzýän Aýy gördi. Rimskiý, nämüçindir, pudaklara yhlasly seredip başlady, ol seretdiksaýyn endam-janyny gorky duýgusy gurşap aldy. Ahyry ol özüne zor salyp, Aý ýöräp barýan penjireden ýüzüni sowup, ýerinden turdy. Indi hiç ýere jaň etmek hakynda gep hem bolmagy mümkin däldi, maliýe direktory indi diňe bir zat dogrusynda ― nädip tizräk teatrdan çykyp gitmek hakynda oýlanýardy. Ol gulak saldy: teatryň jaýy suw sepilen ýaly dym-dyrs. Rimskiý binanyň ikinji gatynda kän wagtdan bäri özünden özge hiç kim ýoklugyna düşündi, düşündi-de, çagalara mahsus güýçli gorky duýgusy bütin göwresini birden eýeledi. Ol häzir ýalňyz özi boş koridorlardan geçip, basgançaklardan düşmegi oýlap, bütin göwresi galdyrady. Ol gözbagçynyň stolyň üstünde üýşüp ýatan gyzyl onluklaryny tapyr-tupur ýygnaşdyryp, sanajyna saldy, özüne azajygam bolsa kuwwat bermek üçin üsgürindi. Emma üsgülegi gyryljak çykyp, zordan eşidildi. Şu mahal onuň burnuna kabinetiniň gapysynyň aşagyndaky deşikden ýakymsyz zeý ysy urlan ýaly boldy. Maliýe direktorynyň ini jümşüldedi. Munuň üstesine, şol sagat ýarym gijäniň zaňyny urup başlady. Hatda şu sagadyň zaňy hem maliýe direktoryny lerzana getirdi. Soňra kimdir biriniň gapynyň gulpuna açar sokup, ýuwaşja towlan çagy ýüregi tas agzyndan çykypdy. Ol derjigen sowuk elleri bilen sanajyny mäkäm gujaklap, gulpyň deşigindäki şykyrdy ýene azajyk dowam edäýse, bu eýmençlige takat edip bilmän, «dat» diýip gygyrjakdy. Ahyry gapy kimdir biriniň raýyna boýun synyp, açyldy we kabinete Warenuha sessiz gelip girdi. Rimskiý duran ýerinde kürsä lampa çökdi, çünki aýaklarynda mydar galmandy. Ol öýkenini dolduryp howa sordy-da, hoşamatly adam ýaly ýyrşaryp we ýuwaşja diýdi: ― Ýa, Hudaý! Ýüregim-ä ýardyň! Hawa, beýle duýdansyz peýda boluş islendik adamy-da gorkuzardy, şuňa garamazdan, edil häzir Warenuhanyň gelmegi uly şatlykly wakady. Her näme-de bolsa, bu çolaşyk syryň hiç bolmanda bir ujy tapylypdy. ― Ýeri, geple tizräk! Bol, bol! ― diýip seslendi Rimskiý, şu aýdyňlaşan syryň ujuna ýapyşyp, ― Bu näme boldugy? ― Meni bagyşla, ― diýdi pessaý ses bilen, otaga giren adam gapyny ýapyp, ― seni gidensiň öýdüpdim. Soň Warenuha papagyny hem çykarman, kürsä tarap geçdi-de, stolyň ol tarapynda oturdy. Şuny aýdyp geçmek gerek ki, Warenuhanyň jogaby birgeňsi bolup duýuldy, şonda ol duýgurlykda dünýädäki iň ýagşy seýsmik stansiýanyň seýsmografy bilen hem bäsleşmäge ukyply bolan maliýe direktoryny huşuna getirdi. Be, bu nähili beýle boldy? Eger Warenuha maliýe direktoryny kabinetde ýok diýip hasap eden bolsa, nämüçin bu ýere geldi? Ýogsa onuň öz kabineti bar-a. Bu ― bir. Ikinjiden: Warenuha teatryň binasyna haýsy gapydan girende-de, elbetde, gijeki nobatçylardan birine duş gelerdi, olara bolsa, Grigoriý Danilowiç öz kabinetinde birazajyk eglenýär diýlip aýdylypdy. Emma maliýe direktory bu gümanlara kän baş agyrdyp oturmady. Köňlüne sygmaýardy. ― Nämüçin jaň etmediň? Ýalta bilen bagly derdeserler nämeden ybarat? ― Hawa, aýdanlarym dogry çykdy, ― diýip jogap berdi iş dolandyryjy, göýä agyrýan dişi azar berýän adam ýaly tamşanyp, ― ony Puşkinodaky restorandan tapypdyrlar. ― Näme?! Puşkinodan?! Moskwanyň etegindäki Puşkinodan? Telegrammalar Ýaltadan gelipdi-le?! ― Eh, Ýalta nämişlesin? Puşkinodaky telegrafçyny içirip, serhoş edipdir-de, soň ikisi birigip bozgaklyk edip başlapdyrlar, şeýlelikde, «Ýalta» belgisi bilen telegrammalar iberýärler. ― Ä-hä...ähä... Ýeri, bolýa, bolýa... ― diýip Rimskiý geplemän, aýdyma hiňlenen ýaly boldy. Gözlerinden sarymtyl ot syçrady. Kellesinde Stýopanyň masgaralanyp işden boşadylyşynyň dabaraly peýzajy şöhlelendi. Azatlyk! Maliýe direktory ahyry Lihodeýew mysalyndaky bela-beterden azat bolýar! Belki, Stepan Bogdonowiçe işden boşadylmakdan-da beterräk jeza nesip eder... ― Jikme-jik aýdyp ber! ― diýdi Rimskiý hatly papkany stola gürp edip urup. Warenuha jikme-jiklikleri aýdyp ugrady. Ol maliýe direktorynyň iberen ýerine barypdyr, baran badyna ony kabul edip, sözüni üns bilen diňläpdirler. Elbetde, Stýopa Ýaltadadyr diýen pikir hiç kimiň hyýalyna-da gelmändir. Lihodeýew Puşkinodaky «Ýalta» restoranynda bolmaly diýen Warenuhanyň çaklamasyna hemmeler derhal goşulypdyr. ― Häzir nirede ol? ― diýip, iş dolandyryjynyň sözüni kesdi tolgunyp oturan maliýe direktory. ― Nirede bolsun ― diýdi iş dolandyryjy kinaýaly ýylgyryp, ― elbetde, huşa getirijide. ― Ýeri, ýeri! Aý, sagja bol-a! Warenuha bolsa kyssasyny dowam etdirdi. Ol geplediksaýyn Lihodeýewiň bihaýalykly kylmyşlary maliýe direktorynyň göz öňünden uzyn zynjyryň halkalary dek düzlüp geçip başlady, emma zynjyryň nobatdaky her halkasy öňkülerinden beterräk peýzažlary suratlandyrýardy. Ine, meselem, onuň Puşkino telegrafynyň öňündäki çemenlikde öte serhoş ýagdaýda telegrafçy bilen gujaklaşyp, haýsydyr bir entäp ýören garmonçynyň nagmasyna tans edenini näme diýip atlandyrjak? Ýa-da haýsydyr bir aýallary çyňkyrdyp kowalanyny alyp gör! Ýene «Ýaltanyň» özünde bufetçi bilen ýakalaşjak bolupdyr! «Ýaltanyň» içinde goh-galmagal edip, gök sogany ýere seçipdir! «Aý-Danilýa» diýen ak içginiň sekiz çüýşesini kül-uşak edipdir. Stýopany äkitmegi islemedik taksiçiniň sçýotçigini urup döwüpdir. Onuň bu ýaramaz hereketlerine çäk goýjak bolanlara basdyraryn diýip haýbat atyşyny diýjekmi?! Mahlasy akyla sygmaýan etmişler. Stýopanyň Moskwanyň teatr döwresinde «ak jüýje» däldigi hemmelere aýandy, ýöne bu zatlar Stýopa üçinem has öte geçmekdi. Iş dolandyryjynyň sözlerine ynansaň, barypýatan öte geçmek... Rimskiniň ýiti gözleri, ony iýäýjek ýaly, iş dolandyryjynyň ýüzüne dikanlady, emma bu gözler hekaýa näçe köp dowam etdigiçe, şonça mylaýymlaşyp başlady. Onuň kyssasyndaky gabahatly jikme-jiklikler durmuşyrak we aýdyňrak boldugy saýy... maliýe direktory oňa şunça az ynanyp başlady. Warenuha Stýopanyň it ýaly guduzlap, ony Moskwa alyp gitmäge baran adamlara hem garşylyk görkedenligi barada hekaýa edip başlanynda, maliýe direktory ýarym gije gaýdyp gelen iş dolandyryjynyň bar gepleriniň ýalanlygyna tamam ynandy! Hawa, gepleriniň hemmesi ― başyndan aýagyna çenli barypýatan ýalandy. Warenuha Puşkino barmandy, Stýopa hem Puşkinoda ýokdy. Serhoş telegrafçy hem ýok, restoranda çüýşe hem döwülmändir, Stýopany hiç kim ýüp bilen daňmandyr... ― bularyň hiç biri-de bolmadyk zat. Rimskiniň iş dolandyryjynyň diýýänleri barypýatan ýalan diýen kesgin pikire geleni-de şoldy welin, onuň aýaklaryndan başlanan gorky duýgusy bütin bedenini gurşap aldy, şonda oňa zeý palçygyň ysy bir däl, iki mertebe howada ýüzen dek duýuldy. Maliýe direktory kürsüde birgeňsi tüýsde büküdip oturyp, edil çyra şöhlesinden gözüni alyp gaçmakçy bolýan ýaly, ýüzüni gazet bilen örtüp, birsyhly stol çyrasynyň mawy saýasyny penalamaga çalyşýan iş dolandyryjydan gözüni aýyrman, çürt-kesik: bulara nähili düşünmeli? ― diýip kelle döwýärdi. Eýsem, şeýle bimahal gelen iş dolandyryjy bütin binanyň ümsümlige berlip, haňlap ýatandygyna garamazdan, nämüçin beýle ýalan sözläp otyrka? Şeýle hyýala berlen maliýe direktorynyň kalbyny, iň soňunda näbelli, emma eýmenç howp duýgusy gemrip başlady. Ol Warenuhanyň ýalan gepläp, alyp-gaçyp oturanyny hem, ýüzüni gazet bilen örtüp, hile edýändigini hem duýmadyk ýaly bolup, onuň samramalarna degerli gulak asman, ýüzüne örän ünsli, dikanlap seredip başlady. Warenuhanyň ýüzünde beýan edip bolmaýan nähilidir üýtgeşiklik bardy welin, bu ― Puşkino wakasy baradaky töhmetçilikli toslamalaryň näme sebäpden dörändiginden-de möhümräkdi, ýagny şol «nähilidir» diýenimiz ― iş dolandyryjynyň daşky keşbiniň we gepleýiş äheňiniň özgerenligidi. Ol ýüzüni ýapmak üçin papagynyň ördektumşuk saýawanyny gözlerine çenli basyp geýmäge näçe urunsa-da, elindäki gazeti näçe ýaýyp, öwrüp görse-de, ― barybir, Rimskiý onuň sag ýaňagynyň, burnunyň gögerendigini saýgardy. Mundan daşary, adatça hemişe joşgunly iş dolandyryjy häzir hassa kibi buz ýaly agaryp gidipdir, boýnuna bolsa şu gijeki dymyk howada nämüçindir köne ýol-ýol şarf orapdyr. Bu özgerişlere ýene iş dolandyryjynyň teatrda bolmadyk şu gysga wagtynyň içinde dişleriniň arasyndan howa sorup, tamşanmak ýaly ýakymsyz endik çykaranyny, sesiniň juda üýtgäp, boguk we ýakymsyz bolanyny gözlerinde ogrynlyk, gorkaklyk alamatynyň peýda bolanyny üstüne goşsak, Iwan Sawelýewiç Warenuha tanalmaz ýaly bolupdyr diýip batyrgaý aýtmak mümkin. Maliýe direktoryny ýene bir zatlar agyr alada goýýardy, emma ol sowuklan beýnisini näçe agyrtsa-da, Warenuha näçe dikanlap seretse-de, howatyrlandyrýan närsäniň nämedigini pähimläp bilmeýärdi. Ol diňe bir zady: iş dolandyryjynyň Rimskä juda tanyş kürsüde oturyşynda nähilidir adatdan daşarylyk barlygyny, Warenuha bilen kürsüniň bir-birine sazlaşmaýandygyny takyklap boljakdy. ― Mahlasy, ahyry ony tutup, maşyna basdylar ― diýip, laňňyrdady Warenuha gök dalak ýüzüni eliniň aýasy bilen örtüp, gazetiň arkasyndan seretdi. Rimskiý birden endigi boýunça elini uzatdy-da, aýny wagtda, barmaklaryny stolyň üstünde oýnadyp, elektrik jaňyň düwmesini basyp goýberdi we... doňup galdy. Boşap galan binada jaň sesi jaraňlap eşidilmedi. Signal bolmady, düwme stola batdy, emma seda çykmady. Düwme jansyzdy, jaň bolsa bozukdy. Maliýe direktorynyň bu hilesi Warenuhanyň gözünden sypmady, ol gaşyny çytyp, gözlerinden gazap uçgunyny saçyp sorady: ― Nämüçin jaň edýäň? ― Elim degäýdi tötänden ― diýdi pessaý ses bilen Rimskiý we elini yza çekdi, soň ol ― ýüzüňe näme boldy ― diýip sorady. ― Maşyn birden öwrülip, gapyň tutawajyna uruldym ― diýip, jogap berdi Warenuha gözüni ondan alyp gaçyp. «Gepi ýalan!» ― diýip köňlünden geçirdi maliýe direktory. Birdenem gözleri hanasyndan çykaýjak bolup, manysyz bakdy-da, ol kürsüniň arkasyna ýaplandy. Kürsüniň arkasynda, polda bir-birini kesip geçýän iki kölege ýatyrdy, biri goýy gara, ikinjisi solak çal reňkdedi. Kürsüniň söýgejiniň hem, ýiti uçly aýaklarynyň hem kölgesi polda anyk görnüp durdy, emma Warenuhanyň söýenjik arkaly görnüp duran, şeýle hem kürsüniň aşagyndaky aýaklarynyň kölgesi görnenokdy. «Be, onuň kölgesi ýok-la!» ― diýip janhowluna Rimskiý gorkup, içinden gygyrdy. Bedeni sandyrap başlady. Warenuha Rimskiniň manysyz nazaryna seredip oturyşyna, kürsüniň arkasyna ogrynça nazar taşlady-da, onuň arkasynyň açykdygyny gördi. Ol kürsüden turdy, maliýe direktory hem şeýtdi, sanajyny goltuklap, stoldan bir gadam yza çekildi. ― Hä, duýdy-ow, nälet siňen! Hemişe parasatyň ýiti seniň, ― diýdi Warenuha maliýe direktoryna, ýüzüň üstünde burnuň bar diýmezden gazabyny pürküp, soňra birden böküp, gapynyň öňüne bardy-da, iňlis gulpunyň düwmejigini ökdelik bilen aşak basdy. Maliýe direktory baga açylýan aýna tarap çekilip, ýalt edip oňa öwrüldi we Aý nuruna gark bolan penjirede aýna ýelmeşen çyp-ýalaňaç bir aýalyň ýüzüni we fortoçkadan içerik uzadan ýalaňaç elini gördi ― bu el penjiräniň peski ilgençegini açmaga çalyşýardy. Ýokary ilgençek açylypdy. Rimskiniň nazarynda stolyň üstündäki çyra öçüp başlan ýaly, ýazuw stoly bolsa bir tarapa agyp barýan ýaly duýuldy. Buz dek sowuk, güýçli tolkun gelip, oňa urlan dek boldy, emma ol ähli güýjini jemläp, ýykylman saklandy. Onuň galan güýji: ― Waý dat, ýetişiň... diýip gygyrmaga däl, pyşyrdamaga ýetdi. Warenuha ganyny garawullap, böküp, özüni ýokary zyňýardy, zyňanda-da, howada uzak erkin çaýkanyp durýardy. Ol çeňňek sypat barmaklary bilen Rimskiý tarapa yşarat edip, wyşlaýardy, tamşanýardy, penjiräniň arkasynda duran ýalaňaç aýala göz gyrpýardy. Aýal bolsa şu wagt melesaçly başyny howlukmaç fortoçkadan sokup, elini ýagdaýy baryça uzatdy, penjiräniň peski ilgençegini dyrnaklary bilen dyrnap, çarçuwany silkäp başlady. Şonda onuň eli edil rezin ýaly sozulyp, ölüleriňki ýaly gögerip ugrady. Ahyry bu öliniň gögeren barmaklary ilgençegiň ujuny çeňňelläp, ony birýana burdy, penjire ýuwaş açylyp ugrady. Rimskiý pessaý yňranyp, diwara söýendi we sanajyny galkan edip, öňe tutdy. Ol ajalynyň ýetendigini aňdy. Penjire doly açyldy, ýöne otaga gijäniň hoştap howasynyň we lipa agajynyň gülleriniň ysyna derek zeýli ýerkümäniň ysy haplap urdy. Öli aýal aýnanyň sekisinde durdy. Rimskiý onuň göwsünde eräp başlan tegmilleri anyk gördi. Edil şu mahal bagdan, tiriň arkasyndaky pessejik binadan garaşylmadyk ýerden horazyň şatlykly sesi geldi. Teatr programmalaryna gatnaşýan guşlar şu ýere ýerleşdirilipdi. Bu eldeki horaz Moskwa gündogar tarapdan daňyň ýakynlaşyp gelýändigini gygyryp buşlaýardy. Aýalyň çehresi wagşyýana gazapdan bürşüp, gyryljak ses bilen sögündi, gapynyň öňünde howada çaýkanyp duran Warenuha bolsa haýkyryp, poluň üstüne gaçdy. Horaz ýene gygyrdy, aýal dişlerini şarkyllatdy, başyndaky mele saçyň tarlary dim-dik boldy. Horazyň üçünji gezek gygyrany hem şoldy, ol yzyna öwrüldi-de, penjireden uçup çykyp gitdi. Onuň yzyndan Warenuha hem bir böküp, howada keseligine uzaldy-da edil söýgi hudaýy Kupidon kibi ýuwaş süýnüp, ýazuw stolunyň üstünden uçup geçdi-de, penjireden şuwlap gitdi. Ýap-ýaňy-da Rimskiý diýlip hasap edilen, indi bolsa saçynda birem gara tary galmadyk goja kişi gapa tarap ylgap bardy, ilgençegi ýazdyryp, gapyny açdy tüm garaňky eýwandan dyzlap çykdy. Basgançaga öwrülýän ýerde ol gorkudan endiräp-sandyrap, elektrik düwmesini sermeläp tapdy-da, basgançagy ýagtyltdy. Endam-jany sandyraýan goja basgançakda ýykyldy, çünki göwnüne Warenuha ýuwaşjadan öz üstüne agyp düşen ýaly boldy. Pese ylgap düşen Rimskiý nobatçynyň westibýuldaky kassanyň öňünde, stulda uklap oturanyny gördi. Ol nobatçynyň ýanyndan daraklygyna basyp, ogrynça ýöräp geçip, esasy gapydan köçä çykdy. Diňe şonda Rimskiý birazajyk ýeňillik duýdy. Ol ahyry huşuna gelip, elini kellesine eltip, şlýapasyny kabinetinde galdyrandygyny-da pähimledi. Elbetde, ol şlýapasyny almaga yza dolanmady, gaýta has-has edip, giň köçäni kesip geçip, öwrümdäki kinoteatra tarap ylgady, şol ýerde taksiniň tutuk gyzylymtyl çyrasynyň ýanyp durany uzakdan göründi. Ol bir demde şol ýere ýetdi. Oňat ýeri, taksini hiç kim alyp gitmändir. ― Leningradyň kurýer otlusyna, çaý pulam bererin, ― diýdi goja ýüregini tutup, hassyldap dem alyp. ― Garaža barýan ― diýdi şofýor, ýigrenç bilen ýüzüni ters öwrüp. Şonda Rimskiý sanajyndan bir ellilik çykardy-da, maşynyň öňki açyk aýnasyndan sürüjä uzatdy. Ýene birazajyk wagtdan soň warak maşyn Sadowaýa aýlaw ýolundan tüweleý ýaly uçup barýardy. Ýolagçy yzky oturgyçda tiz-tizden silkinip barşyna, sürüjiniň garşysyndaky bir bölek ýüz görülýän aýnada kä onuň şadyýana gözlerini, kä özüniň bimany gözlerini synlaýardy. Rimskiý wokzalyň binasynyň öňünde maşyndan okdurylyp çykdy-da, biline ak öňlük tutup, hammallyk nyşanyny dakan, ilki duş gelen adama gygyrdy: ― Birinji derejeli wagon, bir bilet, otuz manat berýärin ― diýip sanjagyndan gyzyl onluklary gysymlap çykardy, ― birinji ýok bolsa ― ikinji derejeli, eger o-da ýok bolsa, näme bolsa, alaý. Nyşan dakynan adam işläp duran elektrik sagada seredip, Rimskiniň elinden pullaryny kakyp aldy. Ýene bäş minutdan soň wokzalyň aýnabent gümmeziniň aşagyndan kurýer otlusy ok ýaly atylyp çykdy-da, gijäň tümünde gaýyp boldy. Şol otly bilen bile Rimskiý hem uç-dereksiz ýitirim boldy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? - 10.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |