01:04 Ussat we Margarita -5/ romanyñ dowamy | |
V bap
Romanlar
BU GRIBOÝEDOWDA BOLUPDY Sarymtyl reňke boýalan bu iki gatly gadymy tam bulwaryň ýakasynda, töweregine çoýun gözenek aýlanan, daragtlary solan bagyň eteginde ýerleşýärdi. Tamyň öňündäki kiçiräk meýdança asfaltlanan bolup, gyşda bu ýere gar üýşüp, depesine pil sünjülip goýlardy, ýaz aýlary bolsa, bu ýer kenep saýawanyň aşagynda ýazky restoranyň iň gözel bölümine öwrülerdi. Bu tam «Griboýedow öýi» diýip atlandyrylýardy, muňa sebäp, göýä birwagtlar ýazyjynyň, ýagny Aleksandr Sergeýewiç Griboýedowyň daýzasy şu öýüň eýesi bolanmyş. Emma çyndanam şeýle bolupmy-ýokmy, anyk aýdyp bilmeýäris. Aslynda, meniň aňlaşymça, Griboýedowyň öý eýesi bolan hiç-hili daýzasy ýokdy... Emma muňa garamazdan, bu tamy şeýle atlandyrýardylar. Üstesine-de eger moskwaly bir kezzabyň gepine ynansak, bu öýüň ikinji gatynda köp sütünli, töwerek şekilli zalda meşhur ýazyjy ýumşak diwanda ýassanyp oturan şol daýzasyna özüniň «Akyl zerarly hasrat» eserinden parça hem okanmyş. Emma, kim bilýä, okan bolsa okandyram, esasy zat bu däl! Esasy zat, häzirki wagtda bu öýüň hojaýyny MASSOLIT bolup, bagtygara Mihail Aleksandrowiç Berlioz Patriarh kölçesiniň kenaryna baran wagtyna çenli şol gurama ýolbaşçylyk edýärdi. MASSOLIT agzalarynyň şerapaty bilen bu tamy hiç kim «Griboýedow öýi» diýip atlandyrman, hemmeler oňa gysgaça «Griboýedow» diýýärdi: «Agşam men Griboýedowda iki sagat otagma-otag tentirekläp ýördüm» — «Hoş, nähili?» — «Ýalta bir atlyk putýowka aldym», «Tüweleme!» Ýa-da «Berliozyň ýanyna bar, bu gün ol dörtden alta çenli Griboýedowda kabul edýär...» we şuňa meňzeşler. MASSOLIT Griboýedowa juda golaý we amatly ýerleşendi. Griboýedowa giren her bir adam ilki bilen biygtyýar her hili sport seksiýalarynyň bildirişleri bilen, şeýle hem, ikinji gata alyp çykýan basgançagyň diwarlaryna ýelmenen MASSOLIT agzalarynyň topar-topar bolup, ýa-da biri-birleri bilen düşen suratlary bilen tanyşardy. Ikinji gatdaky birinji otagyň gapysynda uly harplar bilen «Balyk awy we daça seksiýasy» diýen ýazgy bolup, ýazgyň aşagyna çeňňege ilen balygyň suraty çekilgidi. Başga iki otagyň gapysyna çala göze ilýän hat ýazylgydy: «Bir günlük döredijilik ýollanma. M. W. Podložnaýa ýüz tutmaly». Ondan soňky gapydaky ýazgy gysga bolsa-da, asla düşünip bolmaýardy: «Perelygino». «Griboýedowa» tötänden giren adam şu ýazgydan soň ýazyjynyň daýzasynyň hoz agajyndan ýasalan gapylaryna ýelmenen dürli-dümen ýazgylary görüp, aňk-taňk bolup galýardy: «Kagyz aljaklary Poklýowkina nobata ýazýar», «Kassa», «Sketç ýazýanlar üçin hususy hak töleýärler...» Aşakda, bina girilýän ýerden başlanan uzyndan-uzyn nobata duranlary gören adam: «Öý-jaý meselesi» diýip ýazylan, adamlaryň dynuwsyz girip-çykýan gapysyna maňlaýyny dirärdi. Öý-jaý meselesine garalýan otagdan soň, diýseň nagyşly owadan plakat göze ilýärdi, bu plakatda beýik gaýa, onuň depesinde egnine myltyk asyp, at çapyp barýan çäkmenli atly teswirlenipdi. Ondan pesräkde — palmalaryň saýasyndaky eýwanda eli awtoruçkaly bir ýigit juda ýiti gözlerini alys-alys asman boşlygyna dikip otyrdy. Bu teswiriň aşagynda şeýle sözler ýazylgydy: «Iki hepdeden (hekaýa, nowella) bir ýyla çenli (roman, trilogiýa) doly döredijilik rugsatlary berilýär. Ýalta, Sowuk Suw, Borowoýe, Sihodziri, Mahinžauri, Leningrad (Gyşky köşk)». Bu gapynyň öňünde-de nobatda duranlar bardy, emma juda köp däldi, takmynan ýüz elli töweregidi. Bu ýerden geçip, Griboýedow öýüniň gözel öwrümlerinden, pesli-belent sokmaklaryndan baran adam: «MASSOLIT Prawleniýesi», «Kassalar № 2, 3, 4, 5», «Redaksion kollegiýa», «MASSOLIT başlygy», «Bilýardhaýa» diýip ýazylan gapylardan öter, şonuň ýaly, MASSOLITiň dürli-dümen goşmaça edaralaryny, iň soňunda, ýokarda ady dile alnan daýzanyň beýik ýegeniniň komediýasyny yhlas bilen diňlän ýerini — köp sütünli zaly görerdi. «Griboýedowa» giren her bir adam, eger onda azajyk pähim-parasat bolsa, MASSOLIT agzalarynyň nähili bagtyýar durmuş geçirişini bir garaýyşda pähimlärdi, pähimlärdi-de, şobada onuň içini göriplik pişik bolup dyrmalardy. Şol pursatda ol, doglanymda nämüçin maňa hem ýazyjylyk ukybyny bagyş etmediň diýen ýaly ajy ykaratdan doly gözlerini göge dikerdi, elbetde, MASSOLIT agzasynyň bütin Moskwada bilinýän, hoş ysly, gymmatbaha gaýyşdan daş tutulan, zer nagyşly mele biledine miýesser bolmagy ýazyjylyk ukybyň ýok bolsa, arzuw hem edip bolmaýardy. Hany, göripligi aklap kim bir agyz söz aýdyp biler? Bahyllyk iň pes duýgudyr, emma muňa garamazdan, Griboýedowa gelen myhmanyň ýagdaýyna düşünmek gerek. Çünki onuň ýokarky gatda gören närseleri häli deňizden damja. Daýzanyň öýüniň birinji gatyny tutuş restoran eýeläp durdy. Ýöne bir restoranmy, restoran jan! Ynsap bilen dogrymy aýtsam, ol bütin Moskwada iň gowy restoran hasaplanardy. Griboýedow inçe bezegli gupbaly potoloklaryny aýsypat atlaryň suraty çekilen iki ullakan zalda ýerleşeni bilen, bu ýerdäki her bir stola ýaglyk örtülen saýawanly çyralar goýlany bilen, oňa girmegiň her bir ötegçä nesip etmeýäni üçin, şeýle hem, bu ýerde taýýarlanýan naharlaryň hili bilen hem Moskwadaky men diýen restorany hem pese gaçyrýar, munuň üstesine, bu ýerde tagamlar jübüňe agram salmaýan bahadan berilýärdi. Şuňa görä, Griboýedowyň çoýun gözeneginiň ýanynda bu kitabyň awtorynyň gulagyna ilen aşakdaky söhbetiň asla geň galmaly ýeri ýok bolsa gerek: — Bu gün nirede agşamlyk edinmekçi, Amwrosiý? — Hirede bolar öýdýäň, elbetde, şu ýerde, ezizim Foka! Arçibald Arçibaldowiç bu gün agşamlyga porsiýa-porsiýa edip taýýarlanan hakyky gyzyl balyklary boljak diýip buşlady maňa. Bibaha tagam-da özi hem! — Ýaşamagyň ýoluny bilýäň-ow, Amwrosiý! — gorsanyp diýdi egbar geýnen, boýny çöp ýaly arryk Foka ýüzleri enaýy, dodaklary gyrmyzy, saçy altynreňk, iri göwreli şahyr Amwrosiýa seredip. — Aý, ýok-la, hiç-hili ýoluny bilmeýärin — diýdi nägilelik bilen Amwrosiý, — diňe adam şekilli ýaşamak isleýärin, bolany... Näme sen, Foka, sudak balygyna «Kolizeýde» hem duşsa bolýar diýjek bolýaňmy? «Kolizeýde» onuň bir porsiýasy on üç manat on bäş köpüge durýar, bizde bolsa, bäş manat elli teňňe! Üstesine-de «Kolizeýdäki» balyklar üç günläp duran, has hem beteri «Kolizeýde» Teatr köçesinden süsdürlip, ilkinji pete-pet gelen ýaş ýigidiň üzüm hoşasy bilen maňlaýyňa ýelmemejegine kepiliň barmy? Ýok, men «Kolizeýe» düýbünden garşy — diýip, iýermen Amwrosiý tutuş bulwary ýaňlandyrdy. — Meni imrindirjek bolma, Foka! — Men seni imrindirjek bolamok, Amwrosiý — diýip, Foka janykdy. — Öýde agşamlyk edinse-de bor-la. — Sadyk guluňyz — diýip, Amwrosiý batly gepledi. — häzir seniň aýalyň umumy aşhanada a natýurel — gyzyl balygy merwerde bişirjek bolşuny göz öňüne getirjek bolýaryn! Hi-hi-hi! ... Orewuar, Foka! — diýip, Amwrosiý aýdyma hiňlenip, üsti saýawanly eýwana tarap ugrady. Hawa, hawa, şeýle zatlar bolupdy. Moskwaly köne adamlar bu ýeri tanymal Gribaýedowy gowy bilýärler. Buglanan gyzyl balyklar! Özem olar arzanjakdy, eziz Amwrosiý! Kümüşsow merwerlerdäki leňňeç boýunjykly, täze işbilli balyk nahary dälmi? Ak kömelege ýumurtga garylyp taýýarlanan, saply gapjagazlardaky pýure? Ýenjilen guş etinden bişirilen (file) size hoş ýakanokmydy? Genuez bedenesi? On ýarym manatdan! Saz, mylakatly hyzmat! Iýul aýynda, haçanda maşgalaňyz daçadaka, sizem özüňiziň gaýra goýulmasyz edebiýat işleriňiz bilen şäherdekäňiz üzüm teläriň aşagynda, arassa ak saçaklar örtülen stollaryň başynda tabagy dolduryp pereň çorbasyny iýeňzokmydyňyz? Ýadyňyzdamy, Amwrosiý? Soramak nämä gerek! Men ony ýatdan çykarmandygyňyzy dodaklarňyzdan görüp durun. Eýsem, her hili aw guşlardan — bedeneden, käkilikden, sülgünden bişirilen tagamlaryňyz niçik? Gaňşyrawyňy tütedip barýan narzan?! Ýeri, boldy, okyjy, seniň ünsüň başga zatlara sowulýar, yzym bilen öňe!.. Berliozyň Patriarhda heläk bolan şol agşamy sagat on biriň ýarynda Griboýedowyň ýokarky gatynda diňe bir otagda çyra ýanyp, ol ýerde ýygnaga toplanan on iki sany edebiýatçy Mihail Aleksandrowiçiň gelmegine garaşyp, içleri gysyp otyrdylar. MASSOLIT Prawleniýesiniň otagynda stullarda, stollarda, hatda penjiräniň sekisinde otyranlar howanyň petişliginden ejir çekýärdiler; Açyk aýnadan hiç-hili öwüsgin hem girenokdy. Moskwa günuzyn asfalta siňdiren yssysyny yza gaýtarýardy, gijesine-de howanyň tebtiniň peselmeýändigi görnüp durdy. Daýzanyň öýüniň podwalynda ýerleşen aşhanadan soganyň ysy geldi, şonda otagda oturanlaryň damagy gijäp, olar närazy ýagdaýda gahar edip başladylar. Titi geýnen, ýuwaş hulkly, gözleri ýiti belletrist Beskudnikow ýanyndan sagadyny çykardy. Sagadyň dili on bire barypdy. Beskudnikow siferblata pitikläp, ony ýanynda oturan şahyr Dwubratskä görkezdi, ol stolyň çetinde rezin oltaňly sary köwüşli aýaklaryny yrgyldadyp otyrdy. Dwubratskiý: — Baý-bow — diýip hüňňürdedi. — Ýigitçämiz Klýazmada eglenen bolaýmasa — diýdi güňleç ses bilen Nastasýa Lukinişna Nepremenowa. Bu ýazyjy aýal moskwaly bir sowdagäriň ýetimçesi bolup, «Şturman Žorž» lakamy bilen deňiz soweşleri hakynda hekaýalar ýazýardy. — Ahyr bu ynsapdan däl-ow! — diýip, meşhur sketçleriň awtory Zagriwow batyrgaý gepledi. — Häzir menem bu ýerde demigip otyrandan, öz eýwanymda hezil edip çaý içerdim. Ýygnak sagat ona çagyrylmanmydy? — Häzir Klýazma gowy dynç alyş mesgenine öwrüldi — diýip, kärdeşlerini was-wasa saldy Şturman Žorž, çünki Klýazmanyň golaýyndaky edebiýatçylar obajygy Pereliginoda dynç almagy hemme ýazyjylaryň bir adam ýaly arzuw edýändiklerini ol ýagşy bilýärdi. — Häzir ol ýerde bilbiller saýraýandyr. Men hemişe bahar aýlarynda şäheriň daşynda gowy işleýärin. — Men şol jennete näsag aýalymy ibermek üçin üç ýyldan bäri pul töleýärin, emma henize çenli netije ýok — diýdi ajy kineli gahar bilen nowellaçy Ionerim Poprihin. — Bagty getiren barar ol ýere — diýdi laňňyldap, aýnanyň tekjesinde oturan tankytçy Ababkow. Şturman Žorž monjuk ýaly gözlerinden şadyýana ot çakylyp, ýakymsyz owazyny az-kem, mylaýymlaşdyryp diýdi: — Içigaralyk gerek däl, dostlar. Ol ýerde bary-ýogy ýigrimi iki daça bar, ýene ýedisi gurlup dur, biz, MASSOLIT agzalary bolsa üç müň. ― Üç müň bir ýüz on bir adam ― diýip, burçdan kimdir biri söz oklady. — Ana, gördüňizmi — diýip, dowam etdi Şturman, — alaç näme, daçany biziň iň zehinlilermiz aldy... — Generallar! — diýip, bu gybata ssenariçi Gluharýow açyk goşuldy. Beskudnikow ýasama pallap, otagdan çykdy. — Pereliginoda bir özüniň bäş otagly daçasy bar — diýdi onuň yzyndan Gluharýow. — Lawrowiç bolsa, bir özi alty otagly jaýda ýaşaýar — diýip, Deniskin gygyrdy. — Aşhanasy bolsa dub agajyndan bezelen. — E, häzir gep munda däl ― diýip, Ababkow heňkirdi. — Sagat onkiň ýary boldy. Gozgalaňa meňzeş goh-galmagal göge göterildi. Şol lagnaty Pereligina jaň etdiler. Diýlen daça däl-de, Lawrowiçe düşdüler. Lawrowiçiň derýanyň ýakasyna gidenini eşidip, keýipleri bozuldy. Soň töwekgel edip, goşmaça 930-nji nomer arkaly edebiýat komissiýasyna jaň etdiler, ýöne hiç kim trupkany almady. — Özi jaň etse bolmaýamydy! — diýip, Deniskin, Gluharýow we Kwant dagy wagyrdaşdylar. Ýöne olar ýerliksiz galmagal edýärdiler. Mihail Aleksandrowiç hiç ýere jaň edip bilmez. Çünki ýap-ýaňam Mihail Aleksandrowiç bolan şahs indi Gribaýedowdan has uzakda, müň şemlik lampalar bilen ýagtylandyrlan uly bir zalda, üstüne sink örtülen üç stolda bölek-bölek bolup ýatyrdy. Brinji stolda — döwlen eli, mynjyran döş kapasasy, hemme ýerinde gan gatap galan ýalaňaç jeset, ikinji stolda — alyn dişleri sypyp, agzy opurlan, açyk galan nursuz gözleri çyralaryň ýiti nuryna asla perwaý etmän ýatan kelle, üçünji stolda bolsa bir top bolup gatap galan bölek esgiler ýatyrdy. Başsyz jesediň daşynda sud lukmançylygynyň professory, patalog-anatom bilen onuň prozektory — jeset kesiji, derňew organynyň wekilleri we Mihail Aleksandrowiç Berliozyň MASSOLIT boýunça orunbasary — edebiýatşynas Želdibin (ony telefon arkaly näsag aýalynyň ýanyndan çagyrypdyrlar) toplanypdy. Želdibini getiren maşynda derňew wekilleri otyrdylar, olaryň hemmesi birinji nobatda merhumyň öýüne bardylar, (wagt ýarygijä ýakynlaşypdy) ol ýerde merhumyň kagyzlary sürgüçlendi, şondan soňra hemmesi jesethana ugradylar. Ine, indi olar jesediň daşynda durup, nähili edilse makulrak bolarka: üzlen başyny boýnuna tikip goýsakmykak ýa-da merhumyň jesedini tä eňegine çenli gara mata bilen örtüp, (diňe kellesini açyk galdyryp) Gribaýedow zalyna ýerleşdirsekmikäk diýip, maslahat edýärdiler. Hawa, Mihail Aleksandrowiç, hakykatdan hem, hiç ýere jaň edip biljek däldi, emma Deniskin, Gluharýow, Kwant hem Beskudnikowlar netijesiz goh edip, kabineti göçüräýjek bolýardylar. Bu on iki edebiýatçynyň hemmesi laýyk ýarym gijede aşak, restorana düşdüler. Bu ýerde olar ýene Mihail Aleksandrowiçi renç bilen dile çoladylar, eýwandaky stollaryň hemmesi indi bentdi, şonuň üçin olar örän owadan, emma örän dymyk zalda naharlanmaga mejbur boldular. Rast ýarym gijede birinji zalda nämedir bir zat birden gümmürdäp, şaraňlap, seçilip giden ýaly boldy. Şol pursatda ýaňlanyp, inçejik erkek sesi saza goşulyp: «Alliluýýa!» — diýip, jan-teni bilen çyňkyryp başlady. Ady ile belli Gribaýedow žazy işe başlapdy. Derlän ýüzler göýä ýagtylan ýaly, göýä petikdäki atlaryň suratlaryna jan giren ýaly, çyralaryň şuglasy güýçlenen ýaly boldy, şonda iki zaldaky, ondan soň eýwandakylar ýüpden boşanan ýaly bolup, tansa çykyp başladylar. Gluharýow şahyr gelin Tamara Polumesýas bilen tans edip başlady, Kwant tansa çykdy, romançy Žukowlow sary köýnekli bir kino aktrisasy bilen tansa çykdy. Dragunskiý hem, Çerdakçi hem, äpet ýazyjy aýal Şturman Žoržy gujaklap, pes boýly Deniskin hem tansa başlady, ak digir-digir ýazky matadan jalbar geýen nämälim bir şahsy mäkäm gujaklap, gözel arhitektor aýal Semeýkina — Gall hem tansa goşuldy. Her gün şu ýerde bolýanlar hem, çagyrylan myhmanlar hem, moskwalylardyr daşyndan gelenler hem tansa çykyp başladylar: Kranştadly ýazyjy Iogann, Rostowdan gelen, bütin ýüzüni gyp-gyzyl demrew basan haýsydyr (režessýor bolsa gerek) Witýa Kuftik diýen şahs, MASSOAITDE poeziýa bölüminiň iň meşhur görnükli agzalary, ýagny Pawianow, Bogohulskiý, Sladkiý, Şpiçkin we Adelfina Buzdaklar hem tansa çykýardylar. Saçlaryny boks pasony boýunça aldyran, ýakalaryna moda rastlap, pamyk goýdyran käri nämälim ýaşlar hem tansa çykýardylar. Şeýle hem bir sakgalyna sogan ýelmeşen gartaň adam bilen az ganlylykdan ejir çekýän, oraýany ýüpek köýnegi gyjymlanan gyz tans oýnaýardy. Gara dere batan ofisiantlar derläp duran piwoly kürşgelerini depesinde göterip, nägile äheňde: «Bagyşlaň, graždanin!» diýip, gyryljak ses bilen gygyrýardylar. Bir ýerlerde ses güýçlendirýän rupordan: «Karskiý, bir!», «Zubrik, iki!» diýen buýruklary berilýärdi. Inçe sesli aýdymçy bolsa, indi aýdym aýtman, diňe «Allilluýa!» diýip uwlaýardy. Jazdaky altynsow tabaklaryň gümmürdisi aşhananyň gap ýuwulýan ýerinden gelýän okara-çemçeleriň sesini doly basýardy. Bir söz bilen aýdanyňda: dowzah. Ýarygije bu dowzahda göze görünmeler başlady. Gara gözli, hanjara meňzeş sakgally, frak geýen görmegeý ýigit şa nazary bilen öz mülküne seretdi. Mistikler aýdypdyrlar-a, aýdypdyrlar, birwagtlar bu görmegeý ýigit frak geýmän, gaýyş guşak guşanypdyr, guşagynda pistoletiň sapy görnüp durupdyr, onuň garga perinden ýasalan saçlary gyzyl ýüpek mata bilen daňylypdyr, Karib deňzinde onuň ýolbaşçylygynda tabyda örtülýän gara matadan, ýüzünde kelleçanagyň suraty çekilen baýdakly gämi ýüzýär eken. Ýöne, ýok, ýok! Ýalançy-mistikler galat aýdýar, dünýäde hiç hili Karib deňzi-de ýok, onda hiç hili garakçylar-da ýüzenok, olaryň yzlaryndan kowýan gämi-de ýok, tolkunlaryň üstüne ýeleklerden örtülen dumanam. Hiç haýsy ýok, hiç haýsy bolmandyram. Diňe ýapraklary göwrän lipa agajy, çoýun gözenek we onuň aňyrsynda bulwar bar... Çüýşe okarajykda buz ýüzüp ýör, goňşy stolda bolsa, gözlerine gan öýlen öküz gözli biri otyr. Howply, örän howply... Eý, hudaýlar, eý, meniň hudaýlarym, zäher gerek maňa, zäher!.. Şu ýagdaýda birden bir stolyň üstünde: «Berlioz!» ― diýen owaz perwaz etdi. Birden jaz kimdir birinden gaty ýumruk iýen ýaly sandyrap, soň güň bolup galdy. «Näme, näme, näme bolupdyr, näme?!!! ― «Berlioz!!!» Adamlar ýerlerinden galdylar, goh-gykylyk başlandy. Mihail Aleksandrowiç hakyndaky şum habar hemmäni agyr gussa batyrdy. Kimdir biri köýüp-bişip, häzir, şu ýeriň özünde kollektiwiň adyndan telegramma ýazyp, tiz ugratmak gerek diýip seslendi. Emma o nähili telegramma, ony nirä ibermeli diýen sorag ýüze çykýar. Ony ibermekden näme peýda? Hakykatdan-da, ony nirä ibermek gerek? Onsoňam, telegramma nähili mazmunda bolsa-da, ýenjilen eňegi häzir jeset kesýäniň rezin ellikli golunyň astynda duran, üçin boýny professor tarapyndan gyşyk iňňe bilen deşilip tikilýän jeset üçin onuň nämä derkary bar? Ol ýogalypdyr, indi hiç-hili telegramma gerek däl oňa: Bar zat tamam. Onuň üçin telegrafy azara goýmalyň. Hawa, ol heläk boldy, heläk boldy... Emma biz diri ahyry! Hawa, agyr hasrat göýä ullakan tolkun kibi dolup-daşdy, soňam ýuwaş-ýuwaşdan köşeşip, bady gaýtdy. Adamlaryň käbiri öz stollaryna owal-a ogrynça, soňra äşgäre gaýdyp başladylar, arak içip, garbandylar. Hakykatdan hem, de-walýaý usulynda taýýarlanan towuk kotletlerini isrip etmek bolmaz-a? Ýeri, biziň aç galmagymyzdan Mihail Aleksandrowiçe näme peýda bar. Biz entek diri ahyry! Şeýlelikde roýalyň gapagyny gulplap goýdular, sazandalar dagady, birnäçe žurnalist bolsa nekrolog (gynanç hatyny) ýazmak üçin öz redaksiýasyna ugrady. Želdibiniň jesethanadan geleni mälim boldy. Ol merhumyň ikinji gatdaky kabinetinde oturanmyş. Şobada «Berliozyň ýerine şony goýarlar» diýen ses eşidildi. Želdibin prawlenie agzalarynyň hemmesini restorandan çagyrdyp getirtdi, soň Berliozyň kabinetinde howlukmaç röwüşde başlanan mežlisde Griboýedowyň sütünli zalyny matama häzirlemek, matam märekesiniň başlaýan wagtyny kesgitlemek, şu ýakymsyz waka degişli bolan başga zerur meseleler hakynda maslahata girişdiler. Restoranyň ýene hemişekisi ýaly agşamlyk durmuşy başlandy, bu ýagdaýyň tä restoran ýapylýança, ýagny daňdan sagat dörde çenli dowam etmegi mümkindi, eger oturanlary Berliozyň ölümi hakyndaky habardan-da beter geň galdyran, asla garaşylmadyk üýtgeşik bir waka ýüze çykmadyk bolsa. Birinji bolup Griboýedow öýüniň derwezesiniň öňünde ýolagçylara garaşyp duran sürüjiler howatyrlanyp başladylar. Olaryň kimdir biri: ― Ýa toba! Oňa serediň! ― diýip, gygyryp goýberdi. Şol wagt çoýun gözenegiň öňünde niredendir peýda bolan ot «ýylp» edip, eýwan tarapa ýakynlaşyp başlady. Stollaryň başynda oturan adamlar ýerlerinden turup, şol tarapa içgin seredip başladylar we şol ýylpyldan ot bilen bile duw-ak bir suduryň hem restoran tarapa ýakynlaşýandygyny gördüler. Ol gül çyrmaşygynyň aşagyna ýakyn gelen wagty, oturanlaryň barysy ellerindäki çarşajyklaryna sünjülen sterlýad balygy bilen, gözlerini mölerdip, oturan orunlarynda doňup galdylar. Şu mahal çilim çekmek üçin restoranyň işik asylýan ýerinden howla çykan eşik agasy çilimini dabany bilen mynjyratdy-da, suduryň restorana girmegine ýol bermezlik üçin şol tarapa ýöräp başlady, emma soň, nämüçindir bu hyýalyndan dändi-de, sakga durup, samsyklaç ýylgyrdy. Şeýlelikde sudur gül çyrmaşygynyň aşagyndan geçip, bimelal eýwana gadam goýdy. Ana, diňe şonda bu suduryň göze görünýän salgym däl-de, onuň tanymal şahyr Iwan Nikolaýewiç Bezdomnydygyna hemmeler şaýat boldy. Ol aýakýalaňaç, egnine süzülip, esgi bolan agymtyl uzyn köýnek we ýol-ýol ak içki balak geýipdi, köýneginiň döşüne bolsa iňlis ýazgysy bilen nämälim keramatlynyň öçügsi suraty teswir çekilen kagyz ikonany asypdyr. Iwan Nikolaýewiçiň elinde ýakylan nika şemi bardy. Onuň sag ýaňagy dyrnalypdy. Şu hadysanyň netijesinde eýwanda ýüze gelen dymyşlygyň çuňlugyny ölçemek asla başartjak zat däl. Bir ofisiantyň elindäki gyýşyk tutulan kürşgeden piwo şildiräp akýardy. Şahyr şemi depesine göterip, belent owaz bilen diýdi: ― Salam, dostlar! ― şundan soň ol ýakynyrakdaky stolyň aşagyna yşyklap seretdi-de, gaýgyly heňde: ― Ýok, bu ýerde-de ýok ol! ― diýdi. Şu çakda bir erkek kişiniň hem bir aýalyň sesi eşidildi: ― Tamam bolupdyr. Telbe bolup galypdyr ― diýdi ýogyn erkek sesi rehimsiz äheňde. ― Bu ýagdaýda ony köçede polisiýa näme üçin saklamadyka? ― diýip, bir aýal gorkuly seslendi. Iwan Nikolaýewiç bu gepi eşidip, jogap berdi: ― Hawa, iki gezek: Skatertniý bilen Bronnaýada meni tutjak boldular, emma men diwardan aşyp, gaçyp gutuldym, ýüzüm sypjyryldy. ― Şundan soň Iwan Nikolaýewiç şemi ýokary göterip gygyrdy: ― Gadyrly ýazyjylar! ( Onuň boguk owazy sagdynlaşdy we ol otluklydy). Hemmäňiz maňa gulak asyň! Ol peýda boldy! Derhal ony tutuň, bolmasa, köp agyr bagtsyzlyklara sebäp bolar! ― Näme? Näme? Näme diýdi ol? Kim peýda bolupdyr? ― diýip, adamlar çar tarapdan gulgula turuzdylar. ― Konsultant! ― diýip jogap berdi Iwan, ― ana, şol konsultant häzir Patriarh kölçesiniň golaýynda Mişa Berliozy öldürdi. Şu wagt içki zaldan mähelle çozup çykyp, Iwanyň şeminiň daşynda egele boldy. ― Bagyşlarsyňyz, anygyrak gepleseňiz-le ― diýen mylaýym owaz Iwan Nikolaýewiçiň gulagynyň astynda çala eşidildi, ― aýdyň hany, nähili öldürdi ol? Kim öldürdi? Iwan töweregine ýaltaklap: ― Daşary ýurtly konsultant, professor, içaly ― diýip jogap berdi. ― Familiýasy näme onuň? ― diýip, biri Iwanyň gulagynyň ýanynda pyşyrdaşdy. ― Hemme bela şonda-da! ― diýip, Iwan gussa bilen seslendi. Käşki familiýasyny bilsedim! Onuň teklipnamasynda ýazylan familiýasyny gowy saýgarman galdym... Diňe familiýasynyň baş harpy ýadymda: «We» «W-dan» başlanýardy familiýasy! Nähili familiýanyň «W» bilen başlanmagy mümkin? ― Iwan maňlaýyna elini goýup, öz-özüne sowal berdi we birden samyrdap başlady: ― We, We, We! Wa… Wo… Waşnermi? Wagnermi? Waýnermi? Wegnermi? Wintermikän? ― Iwanyň jany-teni bilen biljek bolýany sebäpli, saçlary eýläk-beýläk oýnap başlady. ― Wulfmy? ― diýip, bir aýal janygyp gepledi. Iwanyň gahary geldi. Tentek sen ― diýip, ol janygan aýaly gözi bilen agtaryp gygyrdy. ― Wulfyň näme dahyly bar muňa? Wulfda hiç hili aýyp ýok! Wo, Wo… Ýok! Hiç ýatlap bilemok! Gep şeýle, graždanlar: häzir siz milisiýa jaň ediň, professory tutmak üçin pulemýot berkidilen bäş motosiklet ibersinler. Ýene bir zady unutmaň, ol ýalňyz däl: ýanynda gözüne çüýşesi çat açan pensne dakan, çakmak jalbarly, bir ýuha bilen doňuz ýaly semiz bir gara pişik hem bar. Oňa çenli men Griboýedowy barlap çykaryn… Köňlüm duýup dur, ol bu ýerde! Iwan gaty biynjalyk bolup, elindäki şemiň mumuny öz üstüne syçradyp, töweregindäki adamlary itekläp, stollaryň aşagynda ýörmeläp başlady. Şu wagt: «Doktor!» ― diýen ses eşidildi-de, Iwanyň garşysynda bir adamyň süňkden edilen äýnek dakynan, sakal-murty syrylan, mylaýym, etlek ýüzi peýda boldy. ― Ýoldaş Bezdotnyý, ― labyzly äheňde gep başlady ol adam ― rahatlanyň! Siz hemmämiz üçin eziz bolan Mihail Aleksandrowiçiň... ýok, anygyragy, Mişa Berliozyň ölüminden gaty hapa bolupsyňyz. Biz muňa örän oňat düşünýäs. Siz dem-dynç almaly. Häzir ýoldaşlar sizi eltip, ýatyrarlar, birazajyk ymyzganyp, gussany unudarsyňyz... ― Sen ― diýip, Iwan dişlerini gyjyrdadyp, onuň sözüni böldi ― professory bahym tutmagyň zerurlygyna düşünýäňmi özi? Öz bimany maslahatlaryň bilen meni aljyradyp dursuň şu wagt! Kemakyl! ― Ýoldaş Bezdomnyý, meni bagyşlarsyň, ― diýdi ýaňky adam, çog ýaly gyzaryp, yzyna tesip we bu galmagala goşulanyna puşman edip. ― Ýok, kimi bagyşlasam-da, seni bagyşlamaryn ― diýip, Iwan Nikolaýewiç ýuwaş, ýöne ýigrenç bilen gepledi. Onuň gazapdan ýüzi çytyldy, sag elindäki şemi tiz çep eline alyp, rehimdarlyk görkezen bu adamyň gulagynyň düýbüne ýelmedi. Şobada hemmeler Iwana topuldy. Şem öçdi, şarpyk iýen adamyň äýnegi ýere gaçyp, bir demde kül-uşak boldy. Iwan hatda seýil bagynda ýören adamlara hem eşidilýän, hemmäni gulgula salýan elhenç, söweşjeň nagra çekip, özüni gorap başlady. Stollardan gaçyp, döwlen gap-gaçlaryň sesi aýallaryň gyýk-bagy eşdildi. Ofisiantlar şahyryň el-aýagyny süpürgiçler bilen daňýan wagty, eşik asylýan ýerde restoranyň hojaýyny bilen gapy garawulynyň arasynda şeýle gürrüň boldy. Hojaýyn: ― Onuň içki balakda gelenini gördüňmi? ― diýip, sowuk sorady. Gapy garawuly: ― Hawa, Arçibald Arçibaldowiç, ― diýip, gorkuly sandyrap jogap berdi. ― Ol MASSOLIT agzasy bolsa, nähili girizmäýin? ― Onuň içki balakda gelenini görüpmidiň, diýýän? ― diýip tekrarlady hojaýyn. ― Özüňiz oýlap görüň ahyry, Arçibald Arçibaldowiç, ― diýýärdi çym gyzyl bolan gapy garawuly, ― men näme edip bilerdim? Dogry, düşünýärin, eýwanda hanymlar-aýallar otyr... ― Aýallaryň muňa dahyly ýok, olara barybir ― diýip, hojaýyn gözleri bilen gapy garawulyny iýäýjek ýaly bolup dowam etdi ― emmä milisiýa üçin bary bir däl! Içki geýimdäki adamyň Moskwanyň köçelerinde diňe bir ýagdaýda ýöremegi mümkin ― eger oňa milisiýa gözegçilik edip barýan bolsa, özem milisiýa bölümine äkidilip barýan bolsa! Eger sen gapy garawuly bolýan bolsaň, beýle adamy gören badyňa bir sekunt hem oýlanman, jürlewigiň çalmaly ekeniň, jürlewük, eşidýärmiň? Aňy gaçan garawul eýwan tarapda bir zadyň gürpürläp gidenini, kül-uşak bolan tabaklaryň döwlenini, aýallaryň gyk-bagyny eşitdi. ― Ýeri, indi men seni näme etsemkäm? ― diýip, garakçy hojaýyn sorady. Garawulyň reňki öçüp, gözi tegelendi. Gowy daralan saçlary ýüpek ýalyn bilen örtülen ýaly boldy. Frak hem gaýyş kemer ýitip, kemerde pistoletiň sapy göründi. Garawul özüni gäminiň bogaldagyndan asylgy halda gördi. Ol sallanyp duran dilini, egnine gaçan dem-düýtsüz kellesini anyk saýgardy, hatda gäminiň bortundan aňyrda tolkunlaryň-da sesini eşitdi. Garawulyň dyzlary sandyrady. Ýöne indi deňiz garakçysynyň oňa rehimi inip, gözlerindäki gahar oduny öçürdi. ― Bilip goý, Nikolaý! Bu soňky gezek bagyşlaýyşym. Beýle işigaçasy restoranymyza mugtuna hem gerek däl. Sen ybadathana baryp, garawulluga dur. ― Şu ykaratdan soň, ol komandir tiz we anyk buýruk berip başlady: ― Bufetden Panteleýi çagyr. Milisionere habar etsin. Protokol ýazyň. Maşyn çagyrdyň. Psihiatriýa şypahanasyna ugradyň. Soň: ― Çal jürlewügiňi! ― diýip sözüne goşdy. Çärýek sagatdan soň, restorandaky aňkasy aşanlar, bulwardakylar, jaýlaryň penjiresinden restoran tarapa seredýänler Panteleýiň, işigagasynyň, milisioneriň ofisiantyň hem-de şahyr Rýuhiniň Griboýedow derwezesinden edil çaga ýaly gundalan bir ýaş ýigidi göterip çykyp barýanlaryny görüp, aňk-taňk bolup galdylar: gundalan ýigit gözýaş edýärdi, Rýuhine laýyklap tüýkürýärdi we gözýaşyna boglup, gygyrdy: ― Deýýus! Ýük maşynynyň gaharjaň görnüşli sürüjisi motory işledip başlady. Maşynyň ýanynda duran bezegli paýtunyň sürüçisi uçar atynyň ýagyrnysyna urup, ony howlukdyryp: ― Ine, ýyndam at! Jynlyhana biz özümiz alyp bararys! ― diýip gygyrýardy. Töwerekde görlüp-eşidilmedik hadysa hakynda märeke gulgula turuzýardy. Mahlasy, bu ýigrenji, erbet, was-wasa salan, gabahat galmagal ýük maşyny şormaňlaý Iwan Nikolaýewiçi, milisioneri, Panteleýi we Pýuhini Griboýedow derwezesinden uzaga alyp gidenden soň köşeşdi. | |
|
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -17: romanyň dowamy - 23.10.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |