01:07 Ussat we Margarita -9/ romanyñ dowamy | |
IX bap
Romanlar
KOROWÝEWYŇ OÝUNLARY Moskwanyň Sadowaýa köçesindäki merhum Berliozyň ýaşan 302- bis öý toplumynyň başlygy Nikonor Iwanowiç Bosoý çarşenbeden penşenbä geçilýän agşamyndan başlap ýowuz aladalara uçrady. Siziň habaryňyz bar, bu öýe ýarym gije Jeldibiniň gatnaşýan komissiýasy gelip, Nikonor Iwanowiçy çagyrdyp, ony Berliozyň ölüminden habardar edip, onuň bilen bile 50-nji kwartira barypdy. Olar merhumyň golýazmalaryny we beýleki zatlaryny möhürlän wagty, gatnap işleýän öý hyzmatkäri Grunýa hem, ýeňilkelle Stepan Bogdanowiç hem jaýda ýokdy. Komissiýa, merhumyň golýazmalaryny gözden geçirmek üçin özi bilen alyp gitjegini, onuň ýaşaýan jaýy, ýagny üç otag (zergär dul aýala degişli kabinetiň, myhmanhananyň we aşhananyň) öý toplumy edarasynyň ygtyýaryna geçjekdigini, merhumyň zatlarynyň bolsa tä mirasdarlar tapylýança, şu jaýda saklanmagyň şertdigini Nikonor Iwanowiçe mälim edipdi. Berliozyň aradan çykanlygy hakyndaky habar öý ähline — adamlaryna ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady, netijede penşenbe güni ir sagat ýediden Bosoýa jaň edip başladylar, soňra bolsa merhumyň jaýyna dawagärlik mazmundaky arzalary getirip başladylar. Gysgasy, Nikonor Iwanowiç bar-ýogy iki sagadyň dowamynda şeýle arzalardan otuz ikisini kabul kyldy. Bu arzalarda ýalbaryşlar hem, töhmet hem, gybat hem, hatda jaýy öz hasabyndan abatlap almaga wada berýänler-u banditler bilen bir kwartirada gysylyp ýaşamaga artyk çydam berip bilmejegi hakynda ýazylan arzalar hem bardy. Bu arzalaryň içinde 31-nji kwartirada börek ogurlap, kemzol jübüsine salýanlar hakynda çeper ýazylan arza, öz janyna kast etmekçi bolan bir, binika göwreli bolanlygyny boýun alýan arza hem bardy. Nikonor Iwanowiçy kwartirasyndan daşa çagyryp, ýeňinden tutup, bir zatlary gulagyna pyşyrdap, göz gypyp, «bolýar» diýäýiň, sizi hoşal ederis diýip, wadalar berýärdiler. Bu azap gündüz sagat on ikiden geçýänçä dowam etdi, soňra takaty tak bolan Nikonor Iwanowiç kwartirasyny terk edip, derwezäniň golaýyndaky edara gaçyp çykyp gitdi, emma adamlar ol ýerde hem ony gününe goýmadylar, şonda ol edaradan hem gaçyp gitdi. Nikonor Iwanowiç yzyndan garama-garama gelýän arzaçylary bir emel bilen azaşdyryp, asfaltlanan howlyň içinden geçip, altynjy girelgäniň, gapysyna girip gitdi we şol betnam 50-nji kwartiranyň ýerleşen bäşinji gatyna göterildi. Semrän Nikonor Iwanowiç jaýyň gapysynyň öňünde birazajyk saklanyp, demini dürsäp, jaň düwmesini basdy, emma hiç kim gapyny açmady. Ol ýene gaýta-gaýta jaň etdi, hüňürdäp, käýinip, başlady. Emma gapy şonda-da açylmaýardy. Nikonor Iwanowiçiň sabyr-takaty gutaryp, jübüsinden öý toplumy edarasyna degişli bir jübüt ätiýaçlyk açarlary aldy-da, şarpa gapyny açyp, içeri girdi. — Haý, hyzmatkär aýal, nirede sen? — diýip gygyrdy Nikonor Iwanowiç, ýarym garaňky bosagada durup. — Adyň nämedi? Grunýamydy? Barmyň özi? Seda ber ahyryn? Hiç kim ses bermedi. Şonda Nikonor Iwanowiç kabinetiň gapysyndaky sürgüji bozup, portfelinden eplenme metrini aldy-da, kabinete gadam goýdy. Gadam basmasyna basdy, emma bosagada geň galmakdan ýaňa doňup galdy, hatda endamy titräp gitdi. Merhumyň stolynyň başynda egnine gözenek kemzol, başyna çapyksuwarlaryň papagyny geýen, gözüne pensine dakan hor, inçeden uzyn bir graždanin... mahlasy, şol adam otyrdy. — Siz kim bolýaňyz, — graždanin? — gorka-gorka sorady Nikonor Iwanowiç. — Be! Nikonor Iwanowiç-a, — diýdi bu garaşylmadyk myhman geçiňki ýaly sandyrawuk ses bilen şaňkyldap, soň böküp turup, başlygyň elini mejbury eline aldy-da, gysyp görüşdi. Bu salamlaşuw Nikonor Iwanowiçiň köňlüni asla götermedi. — Meni bagyşlarsyňyz, — şübheli äheňde gep başlady ol, — siz kim bolýaňyz? Siz — resmi şahsmy? — Be, goýsaňyzlaň, Nikonor Iwanowiç! — diýdi nämälim adam dilkeşlik bilen. — Resmi şahs näme-ýu näresmi şahs näme? Bularyň hemmesi bar zada haýsy nukdaý nazardan garaýşyňa bagly. Hemme zat, Nikonor Iwanowiç, şertli we yrga. Bu gün men näresmi şahsdyryn, emma ertir birden resmi bolmagym-da mümkin. Käte tersine-de bolýar, Nikonor Iwanowiç. Özem onda-da nähili! Bu pikir öý edarasynyň başlygyny asla kanagatlandyrmady. Her bir zada müňkür bolmak bu adamyň ganynda bardy, şoňa görä, ýaraňjaňlyk edýän bu graždanin — elbetde, näresmi şahs, anygyragy, bir işsiz bikär bolsa gerek diýip, netije çykardy. — Kim ahyry sen? Familiýaňyz näme? — diýip, başlyk ýene-de gazaply äheňde sorady, hatda ol nätanyş adamyň üstüne sürnüp bardy. — Familiýam, — diýdi, nätanyş graždanin başlygyň daw-dabasyna asla perwaý etmän, — haý, diýeli ana, Korowýew. Birazajyk garbanjakmysyňyz, Nikonor Iwanowiç? Hiç çekinmäň! — Meni bagyşlarsyňyz — diýdi Nikonor Iwanowiç indi gahary gaýnap, — nahar nämişlesin! (Nähili bolsa-da, boýun almak gerek, Nikonor Iwanowiçiň özi gaharjaň adamdy). — Merhumyň otagyna girmek gadagan! Siz näme edip ýörsüňiz bu ýerde? — Merhemet ediň, Nikonor Iwanowiç, oturyň — diýip, jogap berdi graždanin başlygyň gazabyna perwaý hem etmäň, soň hoşamaý edip, ony kürsä teklip edip başlady. Emma Nikonor Iwanowiç dergazap bolup, kürsüde oturman: — Kim ahyr sen özüň? — diýip gygyrdy. — Ýeri, bolýa, aýdaly: men şu jaýda ýaşamaga ygtyýar alan bir daşary ýurtly şahsyň terjimeçisi — diýip, özüni tanadan Korowýew sary köwşüni şark edip ýere urdy. Nikonor Iwanowiçiň agzy açylyp, aňkaryldy. Bu jaýda haýsydyr bir daşary ýurtly şahsyň öz terjimeçisi bilen ýaşaýanlygy onuň üçin asla garaşylmadyk ýagdaýdy, şu sebäpli ol düşündiriş talap etdi. Terjimeçi çyny bilen düşündiriş berdi. Mälim bolşuça, Warýetäniň direktory Stepan Bogdanowiç Lihodeýew daşary ýurtly artist, jenap Wolandy bir hepde töweregi dowam etjek gastrollary wagtynda öz jaýynda ýaşamaga hormat bilen teklip edipdir we bu hakda düýn Nikonor Iwanowiçe hat ýazyp, ondan tä özi (ýagny Lihodeýew) Ýalta baryp, dynç alyp gelýänçä, çet ýurtly artisty şu jaýa wagytlaýyn ýazgy etmegi haýyş edipdir. — Ol maňa hiç hili zat ýazan däldir, — geň galyp diýdi başlyk. — Siz portfeliňizi köwläp görüň, Nikonor Iwanowiç — diýdi Korowýew mylaýym äheňde. Nikonor Iwanowiç egnini gysyp, portfelini açdy-da, Lihodeýewiň hatyny gördi. — Toba, nähili edip hatyramdan göterildikä, — Nikonor Iwanowiç açyk bukja manysyz seredip durşuna hüňürdedi. — Eh, Nikonor Iwanowiç, mundanam beter wakalar bolýar durmuşda! — diýip jyňňyldady Korowýew. — Aljyraňňylyk, hem ýadawlyk üstesine gan basyşyň ýokary galmagy, gadyrdan dostymyz Nikonor Iwanowiç! Meniň özüm-de öler ýaly başagaý. Wagt tapyp, söhbet guranymyzda, öz başymdan öten käbir wakalary size hekaýa edip bererin, gülüp, içiňiz gyrylar! — Lihodeýew haçan gidýärkä Ýalta? — O, ol bireýýäm gitdi! — diýip çyňsady terjimeçi, — ol, men size aýtsam, häzir saparda! Mahlasy, niredeligini şeýtan hem bilmeýär! — şu sözleri aýdyp, ol iki elini edil el degirmeniniň perine meňzedip pyrlady. Nikonor Iwanowiç daşary ýurtly jenap bilen hut özüniň duşuşmagynyň şertdigini aýtdy, ýöne terjimeçiden ret jogabyny aldy: asla mümkin däl. Işli. Pişik bilen türgenleşik geçýär. — Eger isleseňiz, pişigi görkezip bilerin — diýip teklip kyldy Korowýew. Bu gezek teklibi Nikonor Iwanowiç ret etdi, ýöne ol wagt terjimeçi başlyga has üýtgeşik bir teklibi yglan etdi. Jenap Wolandyň myhmanhanada ýaşamagy gowy görmeýändigini we giň jaýda erkin ýaşamaga endik edenligi sebäpli, öý edarasy bir hepde, ýagny Wolandyň Moskwadaky gastrollary wagtynda bütin kwartirany, ýagny merhumyň hem otaglaryny goşup, ýaşamaga berip bilmezmikä? — Eýsem indi merhum üçin barybir dälmi — diýip, gyryljak ses bilen pyşyrdady Korowýew, — özüňiz hem düşünip dursyňyz, Nikonor Iwanowiç, indi oňa bu jaýyň geregi ýok, şeýle dälmi? — Bu teklibe birneme geň galan Nikonor Iwanowiç, daşary ýurtly myhmanlar hususy jaýda däl-de, belki «Metropol» myhmanhanasynda ýaşamalydyr diýen mazmunda garşylyk bildirdi. — Aýtdym-a size, ol öler ýaly ynjyk — diýip, pyşyrdady Korowýew, — asla islemeýär! Myhmanhanany gowy görmeýär! Ine, şeýle doýandyryn bu inturistlerden! — diýip, içgin janykdy Korowýew, damarlary görnüp duran boýnuna elini eltip, — ynanýaňyzmy, janymdan doýurdy! Gelýärler-de... ýa edil ysgaw it ýaly içalylyk edýärler, ýa dowamly ynjyklyk eýläp, ganyňy gyzdyrýarlar, ol eýle däl — bu beýle däl, — diýip... Emma siziň öý edaraňyz, Nikonor Iwanowiç, bu şertnamadan diňe peýda, sap girdeýji görýär. Ol puluny aýamaýar, — Korowýew töweregine göz gezdirip, başlygyň gulagyna pyşyrdady: — Millioner ol! Terjimeçiniň bu teklibinde anyk amaly many bardy, ol many juda ýakymly bolsa-da, emma terjimeçiniň özi gepleýiş usuly bilen hem, geýim-gejimi, gözündäki hiç zada ýaramsyz pensnesi bilen hem asla ýakymsyz adam bolup görünýärdi. Şoňa görä, başlygyň köňlüni nähilidir bir şübhe gemirýärdi, emma şeýle bolsa-da, teklibi kabul etjek boldy. Gep şeýledi, öý edarasynda ýeter-ýetmezçilik juda uludy. Güýze ýetip, öýleri bug bilen ýylatmak üçin mazut almalydy, emma munuň üçin gara köpügem ýokdy. Ine, inturistiň berjek manady bilen müşgili aňsat etse boljakdy. Şuňa seretmezden, işbilermen, seresap Nikonor Iwanowiç bu meseläni ilki inturist býurosy bilen ylalaşmagyň gerekligini beýan etdi. — Düşünýärin — diýip çyňsady Korowýew, — ylalaşman bolarmy, hökman ylalaşyň. Ine, telefon nomeri, Nikonor Iwanowiç, häziriň özünde ylalaşyň. Pul meselesinde hiç darykmaň — pyşyrdap dowam etdi ol, başlygy telefon duran otaga äkidip — şulardan ýonmasaň, kimden aljak! Siz onuň Nissadadaky willasyny görseňiz — alamat! Geljek ýyl ýazda daşary ýurda baranyňyzda, ýörite onuňka girip geçiň — görüp agzyňyz açylar! Inturist býurosy bilen şertnama telefon arkaly bir demde çözüldi, bu ýagdaý başlygy geň galdyrdy. Mälim bolşuça, olar jenap Wolandyň Lihodeýewa degişli hususy jaýda ýaşamakçy bolýanyndan habardar ekenler, şeýlelikde muňa garşylyk görkezmediler. — Ana, laýyk boldy! — diýip, gygyrdy Korowýew. Onuň şaňňy owazyndan halys başy aýlanan başlyk, öý edarasy 50-nji kwartirany artist Wolanda bir hepde müddete bermäge razydygyny aýdyp, azajyk endişeli pikirlenip, aýtdy: — Gününe bäş ýüz manatdan. Korowýew başlygyň halys aňkasyny aşyrdy. Ol äpet pişiginiň ýeňil bökýänligi eşidilip duran ýatakhana ogrynça göz gyrpyp yşarat kyldy-da, gyryljak owaz bilen diýdi: — Diýmek, bir hepde üç ýarym müň bolýar — şeýlemi? Nikonor Iwanowiç Korowýewdan: «Bä-ä Nikonor Iwanowiç, içdäňiz-ä açyk eken!» — diýen yşarata garaşypdy, emma ol bütinleý başga hörpden gopdy: — Baý, şundanam bir pul bolarmy? Bäş müň soraň, berer. Nikonor Iwanowiç perişan ýyrşaryp, merhumyň stolynyň ýanyna nähili baranyny özem aňşyrmady. Şol wagt Korowýew örän çalt hereket edip, ökdelik bilen bir demde iki nusgada şertnama taýarlady. Şondan soň ýatakhana tiz girip çykdy — şertnamanyň iki nusgasyna-da daşary ýurtly artist iri harplar bilen gol çekipdi. Bu şertnama başlygam gol çekdi. Korowýew ondan bäş müň alany hakynda Nikonor Iwanowiçden dilhat sorady... — Harplar bilen ýazyň, harplar bilen, Nikonor Iwanowiç!... Bäş müň manat diýip... — soň bu möhüm geleşige degişli bolmadyk— Eýn, sweý, dreý! — diýip, bäş desse täp-täze puly başlygyň öňüne taşlady. Şonda, Korowýewyň: «Ýerden tapsaň, — sanap al», «hasaply dost uzak gider» diýen ýaly, pullary sanaldy. Başlyk pullary sanap bolandan soň, Korowýewdan wagtlaýyn ýazgy etmek üçin daşary ýurtly artistiň pasportyny sorady, soň pasporty hem, şertnamany hem, puly hem portfeline saldy-da, Korwýowdan utanjyrap, kontramarka sorady... — Mundan aňsat iş ýok! — diýip paňkyldady Korowýew, — size näçe bilet gerek, Nikonor Iwanowiç, onkimi, on bäşmi? Aňkyrap galan başlyk özüne we aýaly Pelageýa Antonowa diňe bir jübüt kontramarka ýetýär diýdi. Korowýew şobada blaknot alyp, çakganlyk bilen öň hatardan iki adamlyk kontramarka ýazyp, ony çep eli bilen Nikonor Iwanowiçe berip, sag elindäki galyňlygy bir desse puly ussatlyk bilen onuň jübsine saldy. Nikonor Iwanowiç pula göz gytagyny aýlady-da, çog dek gyzaryp, terjimeçiniň elini iterip başlady. — Beýle zat mümkin däl... — diýip sakawlady ol. — Raýymy gaýtarmaň — diýip, pyşyrdady Korowýew onuň gulagyna, — bizde mümkin däl, emma daşary ýurtlarda mümkin. Siz ony ynjydarsyňyz, Nikonor Iwanowiç, bu ýagşy däl. Hyzmat etdiňiz ahyryn... — Jenaýat hasaplanýar-da — diýip, — eşdiler-eşidilmez pyşyrdady başlyk töweregine garanjaklap. — Şaýat ýog-a — diýip, pyşyrdady Korowýew onuň beýleki gulagyna, — özüňiz aýdyň, hany şaýat? Siz nähili adam?! Şu wagt, soňra başlygyň tassyklaýşyça, mugjyza ýüz berdi: şol bir desse puluň özi onuň portfeline girip gitdi. Soň nämüçindir birden ysgyny gaçan, halsyz başlyk özüni basgançakda gördi. Onuň beýnisinde dürli-dümen hyýallar möwüç urýardy. Bu hyýallar içinde Nissadaky willa hem, baş öwredilen pişik hem bardy, üstesine-de onuň bagtyna, şaýatlar ýokdy. Şeýdip aýlanyp durşuna, birden kontromarka üçin Pelageýa Antonowna hoşal bolar diýip köňlünden geçirdi. Bular üzlem-saplam pikirlerdi, emma, umuman, hoş ýakýardy. Emma muňa garamazdan, başlygyň kalbynyň törüne nähilidir bir iňňe sünjülip durdy. Bu ynjalyksyzlyk iňňesidi. Mundan daşgary, şu ýerde, basgançakda birden başlygyň beýnisinde: «Dur, gapy sürgüçlenen bolsa, terjimeçi kabinete nädip girdikä? Nämüçin ol, ýagny Nikonor Iwanowiç, ondan soramady?!» — diýen pikirden başy çaşdy. Başlyk kän mahallap basgançagyň üstünde goýun ýaly, basgançaga seredip durdy, ahyry muňa perwaý etmezligi bu biderek sowal bilen başyny agyrtmazlyga karar kyldy... Başlygyň jaýdan çykany hem şoldy, içerden pessaý ses eşidildi: — Maňa ýaramady bu Nikonor Iwanowiç. Ol barypýatan kezzap hem hilegär. Ony gaýdyp bu ýerde gelmez ýaly etmek bolmazmy? — Messir, siz buýruk berseňiz, bolany!.. — diýip niredendir Korowýewyň sesi geldi, — emma indi sesi sandyraman, arassa we owazly gepleýärdi. Soňra bu lagnaty terjimeçi telofonly otagda peýda boldy, telofon nomerini ýygnap, naýynjar ses bilen gepläp başlady: — Allo! Size şuny mälim etmegi öz borjum diýip bilýärin: Sadowaýa köçesindäki üç ýüz ikinji — bis öý toplumynyň başlygy Nikonor Iwanowiç Bosoý wolýuta söwdasyny edip ýör. Aýny şu wagtda onuň otuz bäşinji kwartirasynda, hajathanasyndaky wentiliýasiýa tüýnüginde gazete dolangy dört ýüz dollar gizlengi dur. Bu gepleýän — ýokarda aýdylan öýüň on birinji kwartirasynda ýaşaýan Timofeý Kwassow men. Ýöne meniň adymy pynhan saklamagyňyzy haýyş edýärin. Çünki ýokarda ady agzalan başlygyň kasas almagyndan gorkýaryn. Şeýle diýip trupkany asyp goýdy deýýus. Şondan soň 50-nji kwartirada nämeleriň bolany mälim däl, ýöne Nikonor Iwanowiçiňkide bolan ahwallar bize mälim. Başlyk öz kwartirasynda hajathana girip, gapynyň ilgençegini ildirdi-de, portfelinden terjimeçiniň zor bilen beren bir desse pulny sanap, dört ýüz manatdygyny anyklady. Nikonor Iwanowiç puly gazýet bölegine dolap, howa sorgujynyň tüýdügine dykdy. Bäş minutdan soň başlyk özüniň ykjamja iýmekhanasynda stol başynda oturdy. Onuň ömür ýoldaşy yhlas bilen kesişdirilen, üstüne gök sogan galyň sepilen bir tabak selýodkany aşhanadan alyp çykdy. Nikonor Iwanowiç bir bulgur arak guýup içdi, ikinji bulguram dolduryp içdi-de, dürtgüjine bir sünjende üç bölek selýodkany aldy... şu wagtam gapyň jaňy jyňňyrdady. Pelageýa Antonowna şu pursatda bugaryp duran pitini iýmekhana göterip girende, pitä bir seredende, içinde näme barlygyny, elwan reňkli goýy kelem çorbada jahanda iň datly tagam — ýülük barlygyny duýmak kyn däldi. Nikonor Iwanowiç tüýküligini ýuwdup, köpek ýaly hyrlady. — Eý, peder näletler! Arkaýyn iýip-içmäge-de goýmaýarlar. Hiç kimi goýberme, men ýok, men öýde ýok. Jaý meselesi bolsa, aýt, başymy agyrtmasynlar. Bir hepdeden ýygnak boljak. Nikonor Iwanowiçiň aýaly daşky girelgä dazlap çykyp gitdi, ol bolsa ot üfleýän köli ýatladýan kelem çorbasyndan çemçe bilen uzynlygyna döwlen ýülük süňküni süzüp aldy. Edil şol wagt bu ýere iki kişi girdi, olar bilen gelen Pelageýa Antonownanyň reňki çuw akdy. Olara gözi düşenden, Nikonor Iwanowiçiň hem reňki agaryp, ýerinden galdy. — Hajathana nirede? — diýip, gyşyk ýakaly ak köýnek geýen birinji graždanin aladaly äheňde sorady. Nahar stolunda bir zat «tyrk» etdi. (Nikonor Iwanowiçiň elinden çemçesi gaçdy). — Bärde, bärde — diýdi çalt gepläp Pelageýa Antonowna. Gelenler derrew şol taýa okduryldylar. — Näme gep bar? — diýip, pessaý sorady Nikonor Iwanowiç gelenleriň yzyndan ýöräp, — biziň öýümizde şübheli zat ýokdur... Bagyşlaň... dokumentleriňiz... Birinji adam gidip barşyna Nikonor Iwanowiçe dokument görkezdi, ikinji bolsa şol pursatda hajathanada, kürsä çykyp, howa sorujynyň tüýnügine elini sokupdy. Nikonor Iwanowiçiň gözi garaňkyrady. Gazeti açdylar, onda manat däl-de, bir gojanyň suraty çekilen gök bolup gök däl, ýaşyl bolup ýaşyl däl, nätanyş pullar çykdy. Emma bularyň bary Nikonor Iwanowiçe çala-çula göründi, çünki onuň göz öňünde birhili tegmiller gaýyp ýördi. — Wentilýasiýa tüýnüginde dollarlar, — oýa batyp diýdi birinji we Nikonor Iwanowiçden mylaýym tüýsde sorady: — Paket siziňkimi? — Ýok! — diýip jogap berdi Nikonor Iwanowiç gorkunçly owaz bilen; — duşmanlaryň işi bu! — Şeýle-de bolýar — diýip, ylalaşdy birinji adam, soň mylaýymlyk bilen dowam etdi: — Ýeri, indi galanlaryny-da tabşyrmak gerek. — Mende zat ýok! Ýok, Hudaý hakyna, elimde-de saklap görmändim şeýle närsäni! — diýip, çyny bilen gepledi başlyk. Ol yşgabyň öňüne ylgap baryp, onuň çekmesini tarkyldadyp çekdi, ondan portfelini alyp, açyp görüp, bir-birine gowuşmaýan gepleri gygyryp başlady: — Ine, şertnama... kezzap terjimeçiň salyp goýany... Korowýew... pensne dakynan! Ol portfelini açyp, içine seretdi, soň elini sokup, reňki gögerdi, portfel kelem çorba gaçdy. Portfelde hiç närse: Stýopanyň haty hem, şertnama hem, pul hem, kontramarka hem ýokdy. Mahlasy, epleme metrden başga hiç zat galmandy. — Dostlar! — birden özüni tutup bilmän gygyryp goýberdi başlyk, — tutuň olary! Biziň öýümize al-arwahlar aralaşypdyr. Edil şu mahal Pelageýa Antonownanyň gözüne näme görnenini bilemzok, ýöne ol birden ellerini bir-birine urup çyňkyrdy: — Waý, Iwaniç, toba kyl! Günäňi ýeňlederler! Gözlerine gan guýlan Nikonor Iwanowiç aýalynyň kellesine ýumruk çenäp: — Haý, nälet siňen samsyk — diýip hyrlady. Şundan soň ol gowşap, oturgyja çökdi, meger, takdyra men beren bolsa gerek. Şol wagt synçgawlyk derdine ýolgan Timofeý Kondratýewiç Kwassow başlygyň öýüniň bosagasynda durup, gapynyň açar deşiginden, ogry ýaly bolup, kä seredýärdi, käte, gulak tutup, diň salýardy. Ýene bäş minutdan bu öýüň şu wagtda howluda jem bolan ýaşaýjylary başlygyň iki kişi bilen göni derwezä tarap ýol alanyny gördi. Olaryň gepine görä, Nikonor Iwanowiçiň reňki ak esgi ýaly agarypdyr, serhoş ýaly entirekläp, bir zatlary hüňürdäp, geçip gidenmiş. Ýene bir sagatdan soň nämälim bir adam on birinji kwartira gelip girdi, şol mahal Timofeý Kondratiýewiç goňşularyna başlygy nädip ele salandyklary hakda uly keýp bilen tolgunyp, hezil edip, agyz köpürjikledip hekaýa edýärdi. Gelen adam Timofeý Kondratýewiçi barmagy bilen aşhanadan gapynyň çykalgasyna tarap ümledi, oňa bir zatlar diýdi, soň olaryň ikisem gaýyp boldy. | |
|
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |