X bap
ÝALTADAN GELÝÄN HABARLAR
Nikonor Iwanowiçiň bagtsyzlyga uçran pursady, 302 — bis jaýa ýakyn ýerde, Sadowaýa köçesindäki Warýete teatrynyň maliýa direktory Rimekiniň kabinetinde iki kişi: Rimskiniň özi bilen Warýetäniň iş dolandyryjysy Warenuha bardy. Teatryň ikinji gatyndaky bu ulakan kabinetiň iki aýnasy Sadowaýa köçesine, ýazuw stolyň başynda oturan maliýe direktorynyň arkasyndaky üçünji aýna Warýetäniň ýazky bagyna açylýardy, bu bagda sowuk içgiler satylýan bufet, tir hem-de açyk estrada sahnasy bardy. Kabinetdäki zatlar ýazuw stolyndan başga bir petde köne bildirişlerden, üstünde bir grafin suw goýlan stoljagazdan, dört kürsüden we nähilidir bir peýzažyň çaň basan köne maketi ýerleşdirilen burçdaky sekiden ybaratdy. Öz-özünden düşnükli zat, bulardan daşary, ýazuw stolynyň ýanynda, Rimskiniň çep bykynynda jaýdan-jaýa köp göçüliberip syrçasy gopup giden, otda ýanmaýan demir kassa hem bardy.
Stol başynda oturan Rimskiniň irden bäri tüýsi bozukdy, emma Warenuha, munuň tersinedi, juda keýpi çag, gereginden artyk işewür görünýärdi. Emma ol güýç-gaýratyny nämä sarp etjegini bilmän awarady:
Häzir bolsa, Warenuha kontramarka sorap halys gününe goýmaýan adamlardan gaçyp, bu ýerde gizlenipdi. Beýle ýagdaýlar teatrda täze programma başlanýan döwürde has-da öwç alýardy. Bu günem edil şonuň ýaly gündi. Telefon jyrlasa, derrew trupkany alyp, ýalan gepläp başlardy:
— Kim? Warenuhamy? Ol ýok. Teatrdan çykyp gitdi— diýerdi.
Haýyş, Lihodeýewa ýene jaň edip gör, — diýdi Rimskiý saňňyldap.
— Ol öýünde ýok ahyry. Karpowy iberdim. Kwartirada hiç kim ýok diýip geldi.
— Bu nähili bibaşlyk jyn ursun — diýdi Rimskiý haşşyldap, hasap maşynasyny şarkyldadyp.
Şol wagt gapy açylyp, ýap-ýaňy goşmaça çap edilen täze afişalary bir gujak edip göterip, kapeldiner (teatrda biletleri barlaýan, tertibe seredýän) girdi. Ýaşyl kagyza uly-uly gyzyl harplar bilen aşakdaky sözler ýazylypdy:
ŞU GÜNDEN BAŞLAP, HER GÜN WARÝETE TEATRYNDA PROGRAMMADAN DAŞARY, PROFESSOR WOLAND GARA MAGIÝANYŇ JADYGÖÝLIK SEANSLARYNY GÖRKEZÝÄR WE PAŞ EDÝÄR.
Warenuha afişany makediň üstüne ýaýyp, uzakdan durup oňa seretdi, we kapeldinere, derhal hemmesini ýelmemäge iberiň diýip buýurdy.
— Gowy afişa, derrew göze ilýär — diýdi ol kapeldineriň yzyndan.
— Emma maňa asla ýaranok bu bimanylyk, — diýip hoňňuldady Rimskiý süňk gaşly äýnegi arkaly bildirişe alarylyp seredip, — aslynda ony sahnada goýmaga kim rugsat berdi, men-ä haýran!
— Ýok, Grigoriý Danilowiç, tersine, bu örän inçe bir iş. Iň gyzykly ýeri — gözbagçylygyň paş edilişi.
— Bilmedim, bilmedim, meniňçe, onda hiç-hili gyzyk ýok, ol mydama şeýle biderek zatlary tapyp ýör! Iň bolmanda, mag tersokany görkezenogam. Sen özüň bir gördüňmi şony? Haýsy görden tapdy ony, jyn ursun!
Mälim bolşuça, Warenuha-da Rimskiý ýaly tersokany görmän eken. Düýn Stýopa maliýe direktorynyň ýanyna, elinde şertnamanyň garalama nusgasy bilen (Rimskiniň aýtmagyna görä, ol telbe ýaly bolup) ylgap gelipdir-de, derrew aklama göçürip, pul bermegi tabşyrypdyr, jadygöý bolsa puly alypdyr-da, gaýyp bolupdyr, ony Stýopadan başga hiç kim görmändirem.
Rimskiý ýanyndan sagadyny çykaryp, ikiden bäş minut geçenini gördi-de, aňkasy aşdy. Eýsem, bu näme boldugy? Lihodeýew takmynan sagat on birlerde jaň edip, ýarym sagatdan bararyn diýipdi. Emma ol teatra-da gelmedi, öýünde-de ýok!
Rimskiý ― Meniň işim durup galdy! ― diýdi käýinip, gol çekilmedik bir top kagyza barmagyny dürtüp.
― Birden ony-da, Berlioz ýaly tramwaý kakyp giden bolaýmasyn ― diýdi Warenuha, telefon trubkasyny gulagyna tutup, trubkadan bolsa uzyn-uzyn umytsyzlyk signaly eşidilýärdi.
― Käşki şeýle bolaýsady ― diýip, eşidiler-eşdilmez sözledi Rimskiý. Edil şu mahal kabinete formaly kemzolly, papakly, gara ýubkaly we aýagyna şypbyk geýen bir aýal gelip girdi. Ol kemerine asylan kiçijik sumkasyndan dörtburç ak kagyz bilen depder aldy-da, sorady:
― Warýete şu ýermi? Size öte gyssagly telegramma. Gol çekiň.
Warenuha aýalyň depderine nähilidir egrem-bugram gol çekdi, aýal çykyp gidensoň, gapy ýapylandan soňra, dörtburç kagyzy açdy. Ol telegrammany okap çykyp, geň galmakdan ýaňa gözlerini gyrp-gyrp etdi-de, ony Rimskä uzatdy.
Telegrammada aşakdaky sözler ýazylypdy: «Ýaltadan Moskwa. Warýete. Şu gün on bir otuzda jenaýat agtaryş bölümine içki köýnek-balakly aýakgapsyz, mele saçly bir telbe gelip, özüni Warýete direktory Lihodeýew diýip tanatdy. Direktor Lihodeýewiň niredeligi hakynda Ýaltanyň jenaýat agtaryş, bölümine gyssagly telegramma «ýollaň».
― Ýa, toba! ― diýip seslendi Rimskiý we ― diňe şu ýetenokdy ― diýdi.
― Galp Dmitriý ― diýdi Warenuha we telefon trubkasyny alyp, gepläp başlady:
― Telegrafmy? Warýete hasabyndan. Öte gyssagly telegramma... eşidýäňizmi?.. Ýaltanyň jenaýat agtaryş bölümi... Direktor Lihodeýew Moskwada. Maliýe direktory Rimskiý...»
Şondan soň, Warenuha Ýaltadan alnan maglumata seretmezden, ýene Stýopany telefon arkaly ähli ýerden gözläp başlady, emma, mälim bolşy ýaly, ony hiç ýerden tapmady. Warenuha elinden trubkany goýman, ýene nirä jaň etsemkäm diýip baş agyrdyp durka, ýene birinji telegrammany getiren aýal gelip, Warenuha täze bukjany gowşurdy. Warenuha ony howlukmaç açdy-da, okap çykyp, sykylyk çalyp goýberdi.
― Ýene näme bela? ― sorady Rimskiý saňňyldap.
Warenuha telegrammany indemän, maliýe direktoryna uzatdy, ol aşakdaky sözleri okady: «Ynanmagyňyzy ötünip soraýaryn. Wolandyň gipnozy bilen Ýalta taşlandym. Jenaýat agtaryş bölümine şahsyýetimi tassyklaýjy gyssagly telegramma iberiň. Lihodeýew».
Rimskiý bilen Warenuha kellelerini biri-birine çakyşdyryp, telegrammany gaýtadan okap başladylar, okap çykyp, jyňk etmän, bir-birlerine çiňňerilişdiler.
— Graždanlar! ― diýdi aýal gazaba çykyp, ― ilki gol çekiň, soňra näçe dymsaňyz, dymyberiň! Men gyssagly telegrammalary ýaýradýan ahyry!
Warenuha gözüni telegrammadan aýyrman, depdere gyýşyk-çaýşyk gol çekdi, aýal çykyp gitdi.
― Eýsem, sen onuň bilen telefonda sagat on birlerde gepleşmänmidiň? ― diýdi iş dolandyryjy gaty geňirgenip.
― Gaty gülkünç masgaralyk! ― diýip gygyrdy Rimskiý, ― gepleşdimmi, gepleşmedimmi barybir, onuň häzir Ýaltada bolmagy mümkin däl! Ýa, toba!
― Ol serhoş... ― diýdi Warenuha.
― Kim serhoş? ― diýip, sorady Rimskiý, soň ýene ikisi bir-birine dikanlap durdular.
Ýaltadan telegramma iberip oturanyň bir kezzap ýa-da däli bolmagy ähtimal, ― muňa asla şübhe ýokdy; emma başga bir zat kelläni agyrdýardy; şol ýaltaly ýalançy, düýn Moskwa gelen Wolandy nireden tanaýarka? Şeýle hem, onuň bilen Lihodeýewiň arasyndaky gatnaşygy nireden bilýärkä?
«Gipnoz bilen...» ― diýip tekrarlady Warenuha telegrammadaky sözleri, ― emma ol nireden bilýärkä Wolandy? ― Ol gözlerini gyrpyldadyp, birden bir karara gelen ýaly bolup, seslenip diýdi: ― Aý ýok, bu bir boş zat, boş zat bu! Ynanmaýan, ynanmaýan!
― Nirede ýaşap ýör şol lagnaty Woland? ― diýip, Rimskiý sorady.
Warenuha derhal inturist býurosyna jaň edip, şu dem-de Wolandyň Lihodeýewiň kwartirasynda ýerleşenligini habar edip, Rimskiniň agzyny açdyryp goýdy. Soň ol Lihodeýewiň öýüne jaň edip, trubkadan eşdilýän uzyn-uzyn gudoga uzak wagt gulak salyp durdy. Niredendir juda alysdan «Meniň mesgenim gaýalar...» diýlip aýdylýan gamgyn aýdym telefonyň gudogyna goşulyp eşidilýärdi, şonda Warenuha telefona radio goşulýar diýip köňlünden geçirdi...
― Öý jogap bermeýär, ― diýdi Warenuha trubkany asyp, ― ýa-da ýene jaň edäýsekmikäk?...
Ol sözüni gutarmanka, bosagada ýene şol aýal peýda boldy.
Rimskiý hem, Warenuha hem aýala garşy durdular, ol bolsa sumkasyndan bu gezek ak däl-de, nähilidir garamtyl kagyz çykardy.
― Büý-ä indi has çökder boldy ― diýdi Warenuha dişinden syzdyryp, howlukmaç çykyp barýan aýalyň yzyndan seredip, ilki kagyz Rimskiniň eline düşdi.
Fotokagyza düşürlen, gara harplar bilen ýazylan suratdaky haty anyk okasa bolýardy: «Meniň hatym, golum kimligimi görkezer. Olary tassyklap, gyssag telegramma iberiň, Wolandyň yzyndan ýörite gizlin gözegçilik goýuň.
Lihodeýew».
Warenuha teatrlarda işlän ýigrimi ýylynyň dowamynda köp täsin wakalaryň şaýady bolupdy, emma häzir özüni akyl-huşundan aýrylýan ýaly duýdy, şoňa görä, aşakdaky ýönekeýje bimany jümleden başga zat aýdyp bilmedi:
― Beýle bolmagy mümkin däl!
Emma Rimskiý başgaça ýol tutdy. Ol ýerinden turup, gapyny açdy, kürsüde oturan hat gatnadýan (kurýer) aýala: ― Poçtalýondan başga hiç kimi girizmäň! ― diýip gygyrdy-da, işigi içinden ildirdi. Soň ýazuw stolynyň tahylyndan bir desse kagyz alyp, ondaky Stýopanyň elýazmalaryny we gollaryny fotogrammadaky ýazgy hem gol bilen deňeşdirip başlady. Warenuha stola göwsüni taşlap, Rimskiniň ýüzüne gyzgyn demini üfläp durdy. ― Bu elýazma şonuňky ― diýdi bir karara gelip maliýe direktory, Warenuha bolsa ýaň ýaly şol sesi gaýtalady.
― Şonuňky.
Iş dolandyryjy Rimskiniň ýüzüne seretdi-seretdi-de, onuň ýüzüniň üýtgänine aňkarylyp galdy. Şeýle hem öňem hor maliýe direktory öňküdenem horlanan, hatda garrap giden ýaly, süňk gaşly äýnek dakynan gözleriniň owalky jokraýyp seredişi ýitip, olarda diňe howsala, alada däl-de, hasrat hem peýda bolan dek duýuldy.
Adam gaty geň galanda, özüni nähili tutýan bolsa, Warenuha-da özüni şeýle tutdy. Ol kabinetiniň ol başyndan bu başyna çalt baryp-geldi, iki mertebe, haça çekilen Isa dek, gulajyny ýaýdy, grafindäki sarymtyl suwdan bir bulgury bir zarbada içdi-de, ahyry şeýle diýdi:
― Düşünmeýän! Dü-şün-me-ýän!
Rimskiý bolsa penjirä seredip, bir zat hakda çyny bilen dartgynly ýagdaýda oýlanýardy. Maliýe direktorynyň ýagdaýy juda çylşyrymlydy. Häziriň özünde, şu ýerden butnaman ýüze çykan adatdan daşary hadysa hakda adaty düşündiriş talap edilýärdi.
Ol gözlerini ýumup, Stýopanyň şu gün sagat onkiň ýarynda agşamky köýnekde, aýakýalaňaç halda haýsydyr bir öte tiz uçýan uçarda barýanyny, soňra şol Stýopanyň özüni aýny şol birwagtyň özünde ― sagat onkiň ýarynda Ýalta aerodromynda aýagy joraply duranyny göz öňüne getirdi... iblis bilsin, bu näme boldugy?!
Belki, şu gün Stýopanyň kwartirasyndan onuň bilen gepleşen adam Stýopa däldir? Ýok, Stýopanyň sesidi! Stýopanyň sesini-owazyny Rimskiden gowy tanaýan ýokdy. Gel, bu günki telefonda geplän Stýopa däl diýeli, düýn agşamara Stýopa öz kabinetinden çykyp, göni şu kabinete şol biderek şertnamany alyp gelip, özüniň biedepligi bilen maliýe direktorynyň gaharynam getiripdi. Ol nädip teartda hiç kime hiç zat aýtman gidip ýa-da uçup bilýärkä? Eger agşam günýaşar wagty uçup gidende-de, Ýalta eýýäm ýetip bilmezdi. Ýa ýetip bilermidi, ä?
― Ýalta çenli näçe kilometr? ― diýip sorady Rimskiý?
Warenuha eýläk-beýläk ýöremesini bes edip, gygyrdy:
― Hawa, pikirlendim! Muny-da pikirlendim! Demir ýol bilen Sewastopola çenli bir ýarym müň kilometr. Ýalta çenli ýene segsen kilometri goş. Emma uçarda kemräk bolýar, elbetde.
Hm... Hawa... Otly hakynda gep hem bolmaly däl. Ýeri onda nähili bardyka? Istrebiteldemi? Kim hem haýsy istrebitele (çalt uçýan harby uçar) aýakgapsyz Stýopany mündürer? Nämüçin? Belkem, ol Ýalta uçup barandan soň ädigini çykarandyr? Ýene: nämüçin? Ýok, ädikli-ädiksiz ony beýle uçara goýbermezler! Hawa, istrebiteliň bu işe dahyly ýok. Telegrammada ýazylypdyr ahyry, jenaýat agtaryş bölümine gündiz on bir otuzda geldi diýip, emma ol Moskwada telefonda gepleşende, sagat... be-e, dur-la... şu wagt Rimskiniň göz öňünde öz sagadynyň ýüzi göründi... Ol sagat dilleriniň nähili şekilde duranyny ýatlap başlady. Ýa, toba! Ýadyna düşdi: on birden ýigrimi minut geçipdi. Bu nähili boldy? Eger Stýopa telefondaky söhbetden soň, aedroma ylgap, ol ýere, aýdaly, bäş minutda ýetip bardy diýip pikir edilse, ýöne muňa hiç kimsäniň akly çatmaýar, onda samolýot bäş minudyň içinde hem howa göterilip, hem müň kilometrden köpräk aralygy uçup geçip, Ýalta gonan bolýarmy? Diýmek, uçar sagatda on iki müň kilometrden-de köpräk aralygy geçýän eken-dä!!! Bu boljak zat däl, diýmek Stýopa-da Ýaltada däl.
Ýeri, indi näme ýol galýar? Gipnozmy? Adamzady bir demde müň kilometr aralygy oklap bilýän hiç-hili gipnoz ýok dünýäde! Diýmek, Stýopa özüni Ýaltada ýaly duýýar! Bolýa, oňa şeýle duýulan bolsa, onda Ýaltanyň jenaýat agtaryş, bölümine hem şeýle duýulýar diýip oýlaýarsyňyzmy?! Aý, ýok, bagyşlarsyňyz ýöne beýle bolmagy mümkin däl!...
Telegrammany şol taýdan iberýärler-ä? Maliýe direktorynyň ýüzi örän aýylgançdy. Şu wagt daşardan gapynyň tutawajyny towlap, çekip başladylar, hyzmatçy aýalyň jan-teni bilen gygyrany eşidildi:
― Bolanok! Öldürseňizem girizmerin! Ýygnak gidip dur!
Rimskiý başardygyndan özüni ele alyp, telefon trubkasyny göterdi:
― Gyssag Ýalta bilen birleşdiriň.
«Akylly pikir» ― diýip, köňlünden geçirdi Warenuha.
Emma Rimskiý Ýalta bilen gürleşip bilmedi. Ol trubkany goýup diýdi:
— Işler tersine öwç alyp, liniýa bozulypdyr.
Näme üçindir liniýanyň şikesleneni ony gaty gama batyrdy, hatda çuň oýa çümdürdi. Ol biraz pikirlenip; bir eli bilen ýene trubkany aldy, ikinji eli bilen bolsa, trubka aýdýan sözlerini ýazyp başlady:
― Öte gyssag telegrammany kabul ediň. Warýete. Hawa. Ýalta. Jenaýat agtaryş bölümine. Hawa «Şu gün sagat onkiň ýarlarynda Lihodeýew Moskwada meniň bilen telefonda gepleşdi, nokat. Şondan soň iş ýerine gelmedi we ony telefon arkaly gözläp tapyp bilemzok, nokat. Onuň elýazgysyny tassyklaýaryn, nokat. Aýdylan artisti göz astynda saklamagyň çäresini görýäris. Maliýe direktory Rimskiý».
«Juda paýhasly!» ― diýip oýlandy Warenuha, emma pikirini soňuna ýetirmänkä, beýnisinden başga sözler «lyp» edip geçdi: «Akmaklyk! Onuň Ýaltada bolmagy mümkin däl!»
Şu wagt Rimskiý şeýle hereket etdi: hemme alnan telegrammalary, olara goşup öz telegrammasynyň nusgasyny jemläp, bukja saldy, bukjany uly konwerte salyp, ýelimledi, konwertiň üstüne birnäçe söz ýazyp, ony Warenuha berip, diýdi:
― Sen, Iwan Sawelýewiç, häziriň özünde elin eltip gowşur. Goý özleri seljersin.
«Ine, bu hakykatdanda paýhasly pikir boldy!» ― diýip oýlandy Warenuha we konwerti portfeline salyp goýdy. Soňra ätiýaçdan Stýopanyň telefon nomerini ýene bir ýola aýlap görüp, bir azajyk diňläp durdy-da, birden hoşal bolup, syrly ýagdaýda gözüni gypyp başlady. Rimskiý özüne gelip, boýnuny uzatdy.
― Artist Woland gerekdi! ― diýip, mylaýymlyk bilen sorady.
― Ol häzir boş däl ― diýip, jogap berdi trubkada bir sandyrawuk sesi ― kim soraýar?
— Warýeteniň iş dolandyryjysy Warenuha.
― Iwan Sawelýewiç? ― şatlanyp gygyrdy trubkadaky ses ― çäksiz hoşal men owazyňyzy eşidenime! Saglygyňyz nähili?
― Mersi diýip, ― jogap berdi geň galan Warenuha, ― kim bu gepleýän?
― Onuň kömekçisi, kömekçisi we terjimeçisi Korowýew men, ― diýip gümmürdedi trubkadaky ses ― her bir hyzmatyňyza taýýar men, hormatly Iwan Sawelýewiç! Näme işiňiz bolsa, çekinmän, maňa aýdyberiň. Gulagym sizde!
― Bagyşlarsyňyz, Stepan Bogdanowiç Lihodeýew häzir öýde ýokmy?
― Gynansagam, ýok! ýok! ― şaňkyldady trubka, ― gitdi.
― Nirä!
― Şäheriň çetine, maşynada seýil etmäge.
― Hi... nirä? Se... seýle?... Haçan gaýdyp gelerkä?
― Birazajyk açyk howada dem alyp, gaýdyp gelerin diýip gitdi!
― Düşünerli... ― diýdi aňyny aldyran Warenuha, ― mersi. Haýyş, mosýe Wolanda aýdyň, ol şu gün sahna üçünji bölümde çykar.
― Aýdaryn. Eýsem näme. Elbetde. Gyssagly tüýsde. Şek-şübhesiz. Aýdaryn ― diýip, trubkadan üzlem-saplam jogap geldi.
― Bor, sag boluň ― diýdi geň galan Warenuha.
― Meniň iň gyzgyn, iň mähirli salamymy we isleglerimi kabul etgeýsiňiz! ― diýýärdi trubka. ― Size üstünlükler! Guwanç, bagt-sagadat dileýärin. Salamat boluň! ― Bolany!
— Aýdypdym-a! ― diýip gygyrdy iş dolandyryjy tolgunyp, ― hiç hili Ýalta-palta ýok: şäheriň çetine seýle gidipdir!
― Eger şu rast bolsa, ― diýdi gazapdan reňki ak esgi ýaly agaran maliýe direktory, ― beýle doňuzlygy näme diýip atlandyrjagymy hem bilemok!
Şu wagt iş dolandyryjy böküp turup, şeýle çasly gygyrdy welin, Rimskiý sarsyp gitdi: ― Boldy! Ýadyma düşdi! Puşkinoda «Ýalta» diýen somsahana açylypdy! Hemmesi düşnükli! Ol ana, şoňa barandyr, lül bolubam, indi telegramma iberip ýatyr!
― Bu gaty öte geçmek bolýar ― diýdi Rimskiý, gahardan ýaňa ýaňagy tirpildäp, gözlerinde ot ýanyp, ― häli howlukmasyn, bu seýil oňa juda gymmada düşer ― şeýle diýip, ol birden sägindi we dowam etdi: ― Weý, onda jenaýat agtaryş näme?...
― Bu toslama! Onuň adaty oýunjagazy ― diýip, onuň sözüni böldi iş dolandyryjy we sorady:
― Paketi eltip beribereýinmi?
― Elbetde ― diýdi Rimskiý.
Şu wagt işik açylyp, ýene öňki aýal girdi... «Şol!» ― diýip gyssagly oýlandy Rimskiý. Ikisi-de poçtaçy aýala ýüzbe-ýüz durdy.
Bu gezek telegrammada şeýle sözler bardy: «Tassyklanyňyz üçin sag boluň. Jenaýat agtaryş bölümine meniň üçin gyssagly bäş ýüz iberiň, ertir Moskwa uçaryn. Lihodeýew».
― Däliräpdir... ― diýip, Warenuha pessaý sözledi.
Rimskiý bolsa açarlaryny şarkyldadyp, demir kassanyň agzyny açdy-da, ondan bäş ýüz manat sanap alyp, jaň edip, hyzmatçyny çagyrdy, puly onuň eline tutduryp, telegrafa iberdi.
― Akyl-huşuň ýerindemi, Grigoriý Danilowiç? ― diýdi Warenuha öz gözlerine ynanman, ― meniňçe, pul iberip nädogry edýärsiň.
― Nädogry bolsa, gaýdyp geler, ― diýdi Rimskiý ýuwaşja, ― emma bu keýp-sapa üçin ol entek gowuja temmi alar, ― soň Warenuhanyň portfeline yşarat edip, dowam etdi. ― Sen ötägit, Iwan Sawelýewiç, wagt ýitirme:
Warenuha eline portfelini alyp, kabinetden atylyp çykdy.
Ol aşaky gata düşüp, kassanyň öňünde uzyn hatara düzlen, nobatda duran adamlary gördi, kassir aýaldan ýakyn bir sagadyň içinde birem bilet galmajagyny, çünki goşmaça bildirişi okan adamlaryň topar-topar bolup gelýändiklerini eşitdi-de, kassir aýala ložadan we parterden iň gowy otuz ýeri satman goýmagy buýurdy, soň dazlap çykyp, kontramarka sorap ýürege düşýänleriň gözüne güýdüşip, papagyny almana öz kabinetine ugrady. Kabinete giren badyna telefon jyrlap başlady.
― Diňleýän! ― diýdi gygyryp Warenuha.
― Iwan Sawelýewiçmi? ― diýip sorady telefonda diýseň gödek, ýakymsyz sesli bir adam.
― Häzir ol teatrda ýok! ― diýip, Warenuha gygyrjak boldy ýöne telefondaky ses onuň sözüni böldi:
― Aldawaçlygy goýuň, Iwan Sawelýewiç, diňläň. Telegrammalary hiç ýere äkitmäňem, hiç kese görkezmäňem.
― Kim bu gepleýän! ― diýip, gygyrdy Warenuha, ― oýny bes ediň, graždanin! Häziriň özünde kimdigiňizi anyklarys! Nomeriňiz?
― Warenuha ― diýdi, ýene şol ýakymsyz ses, ― sen rus diline düşünýäňmi? Telegrammalary hiç ýere äkitme.
― Äl, nähili ekeniňiz? ― diýip, gaharly gygyrdy iş dolandyryjy, — duruň bakaly! Bu kylmyşyňyz üçin temmiňizi bererler, ― ol ýene bir zatlar diýip hemle urdy-da, birden sem boldy, çünki trubkada ony indi hiç kes diňlemeýärdi.
Şu çak, bu kiçijik kabinet birden garaňkyrap başlady. Warenuha kabinetden atylyp çykyp, işigi ýapdy-da, ýan tarapdaky sokakdan ýazky baga tarap ylgady. Iş dolandyryjy tolgunýardy we güýç-gaýrata beslenipdi. Çünki ol, ýaňky jaň eden tüpbozanlaryň bir ýerliksiz hile bilen bir işler etjekdiklerine, olaryň bolsa Lihodeýewiň gaýyp bolmagy bilen baglydygyna şübhelenmedi. Şol sebäpli, ýowuz niýetli bu adamlary paş etmek islegi iş dolandyryjyny dynç goýmaýardy, iň gyzykly tarapy, ol birhili ýakymly wakanyň sadyr boljagyny öňünden duýup başlapdy. Beýle duýgy adatça, bir ýere dab-dabaly habar ýetirip, tutuş jemgyýetiň üns-ygtybaryna eýe bolmaga ymtylýan wagtyňda ýüze çykýar.
Bagda birden güýçli şemal öwsüp, iş dolandyryjyny ýolundan saklamakçy bolýan ýaly, ony habardar etmekçi bolýan ýaly, gözlerine gum sepdi. Ikinji gatda bir penjiräniň aýnasy döwüläýjek bolup, jarkyldap ýapyldy, zereň we lipa agaçlarynyň çür depesi howsalaly şuwwuldady. Iňrik garalyp, biraz salkyn aralaşdy. Iş dolandyryjy gözlerini owlakap, gök gübürdisinden habar berýän etegi sary bulutlaryň Moskwa asmanynda aşaklap ýüzýändigini gördi.
Warenuha hernäçe howluksa-da, ýazky hajathana montýoryň elektrik çyrasyna simden tor geýdiren ýa geýdirmedigini barlamak isleginden waz geçip bilmedi.
Ol tiriň golaýyndan ylgap geçip, gür siren agajynyň aşagyna girdi, gögümtil reňke boýalan hajathana şol taýda ýerleşýärdi. Montýor işine jür adam eken, erkekler bölüminde, petikdäki çyra sim tor aýlanypdyr, emma iş dolandyryjyny başga bir zat biynjalyk etdi: gök gübürdemeden öň bolan garaňkylanma garamazdan, hajathananyň diwarlaryna kömürdir galam bilen ýazylan her hili sözleri arkaýyn okap bolýardy.
― Be-e, bu näme boldugy... ― diýip, iş dolandyryjy gep başlajak boldy welin, birdenkä arkasyndan biriniň myrryldyly owazy eşidildi:
― Sizmi bu, Iwan Sawelýewiç?
Warenuha tisginip, yzyna öwrülip, ýüzi pişigiňkä meňzeş togalak adamy gördi.
― Hawa, men, ýeri, näme? ― diýip, parhsyz jogap berdi Warenuha.
― Örän, örän diýseň hoşaldyryn, ― diýdi pişiksypat togalak adam mawlaýan ýaly, soň birden gulaç ýaýyp onuň gulak-çekgesine şeýlebir doňdurdy welin, iş dolandyryjynyň başyndan papagy uçup, oturgyjyň arasynda gaýyp boldy. Togalak adamyň urgusyndan bütün hajathana bir demde ýagtylanyp, asmandaky gümmürdi hem oňa ýaran boldy. Soň ýene bir gezek ýyldyrym çakdy we iş dolandyryjynyň garşysynda saçlary göýä alaw ýaly çypar, bir gözi gülli, agzyndan azy dişi çykyp duran, pälwansypat, eginlek emma özi keltejik ýene bir alamat peýda boldy. Ine, şu ikinji alamat, megerem, çeppekeý bolmaga çemeli, iş dolandyryjynyň beýleki çekgesine-de gönderdi. Bu urga goşulyp, ýene gök gümmürdedi, hajathananyň agaç üçegine şatyr-şatyr çagba guýup başlady.
― Edýäniňiz näme, dost... ― diýip pyşyrdady aňy ýiten iş dolandyryjy, emma şu demde, jemagat hajathanasynda bigünä adama hüjüm eden bonditlere «dostlar» diýmegiň dogry däldigine düşünip, hyrryldady! ― graždan... emma olaryň bu ada hem mynasyp däldiklerini pähimledi, edil şu wagt olaryň haýsy-da bolsa biriniň üçünji elhenç urgusyna tap getirmän, burnundan lahta-lahta akan gan köýnegini boýady.
― Portfeliňde näme bar, muthor? ― diýip käýindi pişiksypat adam, ― telegrammalarmy? Olary hiç ýere äkitme diýip telefonda saňa duýdurmadylarmy? Duýdurdylarmy diýip soraýan senden!
― Duýdur... duýduryp... dylar... ― diýip sandyraý-sandyraý jogap berdi iş dolandyryjy.
― Şuňa seretmezden ylgap, ýola çykypsyňda? Ber bärik portfeli, mahluk! ― diýip, hälki telefonda eşidilen bulaşyk owaz bilen gygyrdy ikinji mahluk we Warenuhanyň sandyraýan ellerinden portfelini çekip aldy.
Soňra iki bolup iş dolandyryjynyň goltugyna girip, goltuklap ony bagdan süýräp çykardylar-da, Sadowaýa köçesini boýlap, dazyrdap alyp gitdiler. Gök gümmürdisi gitdigiçe güýjäp, gümmürdeýärdi, derýa ýaly akýan ýagyş suwy kanalizasiýa salmalaryna güwläp, şowlap girýärdi, hemme tarapda suwuň üstünde, «börek gaýnaýardy», tolkunlar peýda bolýardy, jaýlara ýagýan ýagmyr suwy urbalara sygman, olaryň gapdalyndan şarlap akyp düşýärdi, derwezeleriň aşagyndan köpürjiklenen ýagyş suwy sil dek akyp çykýardy. Sadowaýa köçesinde birem diri jandar galmandy, şunlukda, Iwan Sawelýewiçi hiç kim halas edip bilmejekdi. Ýyldyrym çakanda diňe lyp-lyp göze ilýän garakçylar laýly suw akymlaryndan ädimläp çalajan iş dolandyryjyny bir demde 302-bis öýüne getirdiler-de, girelgä süsdürildiler. Bu ýerde iki sany aýakýalaňaç aýal köwüşlerini we joraplaryny ellerine alyp, diwara gysylyp durdular. Soňra banditler altynjy girelgäniň işigine tarap ylgadylar. Huşundan giden Warenuha bäşinji gata alynyp çykylyp, Stýopa Lihodeýewiň oňa ýagşy tanyş bolan kwartirasynyň ýarymgaraňky girelgesine oklandy.
Bu ýerde iki basmaçy gaýyp bolup, olaryň ýerinde melesaç, gözleri fosfor dek ýalpyldaýan çyp-ýalaňaç bir gyz peýda boldy.
Warenuha başyna düşen alamatlaryň iň aýylganjynyň şudugyny pähimledi, gaty yňrandy-da, diwara tarap çekildi. Gyz bolsa iş dolandyryjynyň alnyna ýüzme-ýüz gelip, iki elini onuň egnine taşlady. Warenuhanyň saçlary gorkusyndan ýaňa syh-syh boldy, çünki ol ýagyşa ezilen sowuk köýnegi arkaly hem gyzyň buz kibi sowuk aýalaryny duýdy.
― Gel, seni bir ogşaýyn, ― mylaýym owaz bilen diýdi gyz, ýanyp duran gözleri Warenuhanyň gözlerine galtaşdy. Şonda Warenuha huşundan gidip, gyzyň posasyny duýmady.
Romanlar