10:05 Üstünlik barada | |
ÜSTÜNLIK BARADA
Sözler
Uly üstünlik bu iň gowy ar alyş. Soňunda ýalňyzlyk bar hem bolsa, öz ynanýan zadyňyzyň arkasynda durmakdan gorkmaň. Gowy iş etmegiň ýeke-täk ýoly — edýän işiňi söýmek. Entek ony tapmadyk bolsaň, gözle. Oturma! Durmuş gysga — ýaşa. Söýgi seýrek — gora. Gahar erbet — taşla. Gorky aýylganç — ýüzlerçe. Ýatlamalar süýji — hormat goý. Durmuş surata meňzeýär. Owadan bolmagy üçin säwlikler gerek. Şowsuzlyklar barada alada etme. Tersine synanyşyp görmän, ýitiren pursatlaryň hakda alada et. Bu gün duýýan agyryňyz, ertirki duýjak güýjüňizdir. Her bir kynçylykda ösüş üçin mümkinçilik bardyr. Özüňe bolan ynam bu adamda bolup biljek iň ajaýyp özüne çekiji häsiýet. Bagtly bolmak hemme zadyň kämildigini aňlatmaýar. Kemçilikleri görmezden gelýändigiňizi aňladýar. Hiç kim bolgusyz, semiz, ýalta ýa-da samsyk bolmagyň meýilnamasyny ýazmady. Haçan-da siziň maksadyňyz ýok wagty şol zatlar bolýar. Durmuşda bolup biljek iň uly şowsuzlyk, asla synanyşmazlyk ýalňyşlygydyr. Geçmiş üçin aglama, ol gitdi. Geljek barada alada etme, ol entek gelenok. Häzirki wagtda ýaşa we ony owadanlaşdyr. Durmuş size hemişe ikinji mümkinçiligi hödürleýär. Ol «ertir» diýlip atlandyrylýar. Toplan: Aýläle HEMRANAZAROWA, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |