21:13 Uýgur halk nakyllary | |
UÝGUR HALK NAKYLLARY
Sözler
Batyrlyk bilekde däl-de, ýürekdedir. *** Mert namarda baş egmez. *** Düýäni şemal ýyksa, geçini asmanda gör. *** Demri demir keser. *** Palçykdan ýasalan küýze suwdan bitin çykmaz. *** Aýagyň gyşyklygyna bakma, ýoluň düzlügine bak. *** Şemal bilen gelen, şemal bilenem gider. *** Bereniňi az saý, alanyňy köp. *** Nebsiň jylawy akylyň elinde. *** Biri aýagyňa ýykylyp, bolsa har, Ol hem Hudaýyň bendesidir, agyrtmagyl zynhar. *** Ýagşydan aýasaň, ýaman iýer. *** Adam edene tagzym et. *** Altyn çüýremez, akyl garramaz. *** Güýç ähli zady eger, akyl — güýjem ýeňer. *** Akyl — abraý, hünär — bagt. *** Seredip duranyň bilen hünär öwrenip bolýan bolsa, it bireýýäm gassap bolardy. *** Bilim — paýhasyň şamçyragydyr. *** Nadandan dostluga garaşma. *** Köp ýaşandan sorama, köpi görenden sora. *** Düýe dek boýum bolandan, düwme dek aky- lym bolsun. *** Daşyňy geýim bilen beze, içiňi — ylym bilen. *** Ýetmiş ýaşlynyň hem ýedi ýaşlydan öwrenmesi bardyr. *** Özüni dolandyran şähere soltan, dolandyrmadyk — oltaň. *** Bagşy bagşyny görse, eli titräp başlar. *** Hünäri bar gul däldir. *** Urşuň dokuzy hile, biri — jeň. *** Garran çagyňda bersin ylahym. *** Güman dert goşar, umyt güýç goşar. *** Baýlyk sende eglenmez, gallaçlyk — mende. *** Baý gözüni ýag basar, köne köli — laý. *** Ýalyndan tutup bilmedigiňi, guýrugyndan tutup bilmersiň. *** Işledim Hekimbek üçin, iýenim taýak boldy, Işledim kätmen bek üçin, iýenim çörek boldy. *** Hojaýynyň çaşy bolsa, senem gözüňi gyşardyp gürle. *** Aýal öýde hem han, hem hyzmatkär. *** Aýal ganaty — är, är ganaty — ýer. *** Ýagşy aýal — äre döwlet. *** Göze ilmedik zat, aýaga badak. *** Nämäni pisint etmeseň, şoňa-da büdrärsiň. *** Agzyndan bal damýar, köňlünden — zäher. *** Dişlejek it dişini görkezmez. *** Akar suw — halal suw. *** Mätäje bereniň — Hudaýa bereniň. *** Kiçilikde jepa gören, garrylykda sapa görer. *** Ýykylany ýer göterer. *** Işik açyk bolsa-da, sorap gir. *** Myhmansöýer öýüň gazany guramaz. *** Tygşytlylyk — husytlyk däldir. *** Bar wagty aýa, ýok wagty sabyr et. *** Aç wagtyň ulanan käsäňi, dok wagtyň taşlama. *** Aja nan ýapdyrma, üşäne ot ýakdyrma. *** Öküzi şahyndan tutarlar, adamy sözünde. *** Adam ýüz ýyl ýaşar, sözi müň ýyl. *** Ýagşy söz köňül azygy. *** At — är kişä ganat. *** Itiň öňüne geçme, atyň — yzyna. *** Aýgyr gaçsa, ýylky sürüsinden gözle. *** Akylsyz bagtly bolsa-da, torbasy deşik bolar. *** Pelek ýanar, umyt galar. *** Umyt ýaşadar, gam gagşadar. *** Asmandan atlaz ýagsa-da, tumar daşlyk ýetmändir. *** Kele darak ýetipdir. *** Agyryly ýere daş deger. *** Garga zyňdym, sygra degdi. Uýgur dilinden terjime eden: M.ARAZOWA #"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |