09:40 Üzümiñ görnüşleri | |
ÜZÜMIÑ GÖRNÜŞLERI
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Türkmen halkynyñ örän gadymdan bäri saýalyk we ir-iýmişli agaçlary ýetişdirip gelendigine taryhy ýazgylarda-da, Babadaýhan nesilleriniñ döreden we ösdüren baglarynyñ ýüzlerçe görnüşleri (sortlary) güwä geçýär. Giñ okyjylar köpçüligi üçin gyzykly hem peýdaly bolar diýen niýet bilen, biz ülkämizde ýetişdirilen we ýetişdirilýän üzüm sortlary hakda gürrüñ etmegi makul bildik. Abynabat, ak köpetdag-ýabany üzüm, ak togalak, ak üzüm, alabaş, alabişer, alamoýdoýyr ýa-da tremaýy, asmatak üzümi, baýan şireý, bidäne ýa-da ak kişmiş, bişdi, gara galtak (?), gara süýri. Gara üzümiñ görnüşleri: gara gözel, gara ýegdäne, gara jigijigi (?), Aşgabat garajigijigi, iri garajigijigi, Kaka garajigijigi, Aşgabat gara üzümi, Mary gara üzümi, Nohur gara üzümi, garaýaý üzümi, garga dili, gaty paçak, gaş üzüm. Gelinbarmagyñ görnüşleri: ak gelinbarmak, gök gelinbarmak, gyzyl (gülgüne) gelinbarmak, hüseýni gelinbarmak, gök suwly, gök üzüm (gökje, gökjük -?), gulpuky (gülüzüm -?), gurgon (gürbegi -?), guşýumurtga. Gülaby üzüminiñ görnüşleri: ak gülaby, gök gülaby ýa-da gülber tabagy (?), gülaby içiçykyk (?), zamça gülaby, sary gülaby, gülüzüm, güledary ýada iri nohur üzümi, gyzylgumalak, gyzylsapak, gyzylgabak, gyzyl üzüm ýa-da saýyby, gyzyl hurmaýy, dagtokga, dag üzüm, damary. Daraýynyñ görnüşleri: ak daraýy, gyzyl daraýy, dewi-dewi, dessemaýa, düýegumalak, düýediş, ýegdäne, ýekedäne, ýertäk üzümi (şor üzüm), jeññelgara (jeñgeli -?), zaarma (?), irbişer ak-gyzyl (halyly), iridäne, isbijirli, itüzüm, içkimar, içi çiçik (?), ýyrtyk ýaprak, kaş üzüm (gaş üzüm -?). Kişmiş üzümiñ görnüşleri: ak kişmiş ýa-da bidäne, ak çybyk (gabyk -?) kişmiş, bidäne ýa-da gyzyl türkmen kişmişi, Büzmeýin kişmişi, gara kişmiş, gyzgylt (gülgüne) kişmiş, gyzyl kişmiş, gyzyl çybyk (gabyk -?) kişmiş, gyrmyzy kişmiş ýa-da al kişmiş, maýda kişmiş, tüýli kişmiş (?), köne dary (?), Köpetdag ýabany gara üzümi, kuşmahan üzümi (VIII-X asyrlar), Kürengala ýa-da gök Kürengala üzümi, lop-lopy, Mary üzümi (Şordepe üzümi -?), matrasa. Meleýiniñ görnüşleri: ak meleýi ýa-da toşaplyk üzüm, gaty meleýi, gök meleýi, gürbegi meleýi, gyzylja meleýi, suwly meleýi, mesge (Çärjew), meshei. Montynyñ görnüşi: gaty monty. Mämidanyñ (Memidan -?) görnüşleri: ak mämidan, gyzyl mämidan, dag mämidan, däli mämidan, suwly mämidan, Nohurly iri üzüm, özbek öldüren ýa-da esgeri, öküz gözi. Peýweriniñ görnüşleri: ak peýweri, gök peýweri, kiçi peýweri, kiçi peýweri, togalak peýweri, pyrty-pyrty, rişbaba, sary üzüm. Seadynyñ (Syýady -?) görnüşleri: ak seady ýa-da ak-ala seady, gara seady, soltany ýa-da jaus (?), söýün üzüm (hüseýni), suwly üzüm, süýt üzüm ýa-da meshel. Taýpynyñ görnüşleri: ak taýpy, gyzyl (gyzgylt) taýpy, gyrmyzy (gülgüne) taýpy, terbaş ýa-da ýyrtyk ýaprak, togalak üzüm, toşaplyk üzüm (toşaply). Halylynyñ görnüşleri: ak halyly, gara halyly, dag halyly, däli halyly, Nobatnyýaz halyly, hanüzüm (han halan -?). Hüseýniniñ görnüşleri: ak hüseýni, gülgüne (gyzgylt) hüseýni, Hywa üzümi, çaras (?), çilýaki (?). Şekeregiñ görnüşleri: ak şekerek, porsy şekerek, kesegelen, ak şekerek, ysly (porsy -?) şekerek. Şybyrganynyñ ýa-da gara kişmişiñ görnüşleri: gara şybyrgany, ertirbişer, esgeri ýa-da han halan, özbek öldüren, ýabany üzüm. Şu ýerde özümizi ikirjiñlendirýän ýa-da şeýle bolaýmasyn diýip çak eden sort atlarymyzyñ gapdalyna sorag belgisini goýandygymyzy, şeýle hem bu sanawyñ ilkinji synanyşyk bolany üçin käbir üzüm atlarynda näsazlyklaryñ bolmagynyñ mümkindigini bellemek isleýäris. Eger, hormatly okyjylar öz belliklerini aýtsalar, juda minnetdar bolardyk. Allamyrat ESEN, ekerançy alym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |