11:33 Watana eýe çykylanda... | |
WATANA EÝE ÇYKYLANDA...
Publisistika
• Türkmenistanda serdarparazlyk däl-de, hakyky serdarlyk gerek boldy Ýyllar geçer. Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolşy bilen bagly wakalar bolsa milli galkynyşyň üýtgeşik bir görnüşi hasabynda taryhyň gatlaryna siňer gider. Eýsem-de bolsa, taryh şahsyýetsiz bolmaýar. Ol belli-belli adamlaryň bitiren işlerini nesillere miras goýup gidýär. Başymyzdan geçiren wakalarymyza Saparmyrat Nyýazowyň aç-açan täsir edişine bütin çuňňurlugy bilen düşünmek bize – onuň döwürdeşlerine aňsat düşmeýär. Her niçik bolsa-da, geçilen ýola düşünjek bolmaly. Türkmenistan babatda, onuň baştutany babatda dünýe gapma-garşy pikirlerden doly. Türkmenistanda nämeleriň bolýandygyny şu toprakda ýaşaýan bizden gowy biljek barmydyr eýsem?.. • SÖZBAŞY DEREGINE Orta Aziýa halklarynyň ösüşiniň kapitalistik basgançagyndan böküp, sosializme okgunly geçişleri uzak ýyllaryň dowamynda taryhy bir mugjyza hasaplanylyp gelindi. Şelaýyn sosializm bu babatda öz-özüne ygrarlydy. Ol sosiilaistik gurluşdaky ýetmezçilikleri başarjaňlyk bilen, ösüşdäki taryhy kemterligiň üstüne atýardy, halk taryhdan siwilizasiýa paýyny almandyr diýýärdi. Aslyýetinde, çöl-beýewanda näjüre siwilizasiýa bolup biler, sowet häkimiýetiniň berenine şükür ediň-de oturyň diýýärdi. Sabyr-kanagatly, buýsançly halk şükür edip oňýardy. Ol özüniň ikinji derejeli roluna kaýyl bolupdyr diýlip hasap edilýärdi. Dutaryň gamly mukamyna düýrmegi bilen berlen türkmeniň gözlerindäki gussany görenizňiz barmy? Megerem, şol mukam onuň üçin ýeke-täk ruhy çeşmedi, kalby paralanan türkmen şol şypaly çeşmä mydama kaýyldy. Türkmen bütin Gündogara gudratyny görkezen “Gurhana” sygynmaýardy-da, genial Magtymgulynyň heýjana getirýän, gadymy kökleriňe alyp barýan, şol köklere ynanmaga mejbur edýän şahyrana setirlerine sygynýardy. Sygynara başga zadam galmadyk ýalydy. Meşhur türkmen halylarynyň öwüşgini öçügsilenipdi, gözüňe söweýin ahal-teke bedewleri ete geçirilýärdi, toprak sandan çykarylýardy. Halk uçudyň erňeginde diýen ýalydy... Gorbaçýowyň üýtgedip gurmasy dada ýetişdi diýýänler bar. Goýsanyz-laň! Çala başy çatylan şol närse dada ýetişmändi-de, adamlaryň, halklaryň ykbalyna awy gatypdy. Şeýle ýagdaýda-da türkmenlersoýuz gaýygyndan düşüp galmaga gyssanmandylar. Olar kanagata – bereket diýlenini edipdiler. Ýeke-täk ýol galypdy – öz başyňy özüň çaramalydy. Gapdalda top-tüpeň gümmürdeýärdi, gan dökülýärdi. Ana şonda ýene-de: Bir-biregi çapmak ermes ärlikden, Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden... Diýen şahyrana setirlere sygynmaly bolupdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyga tarap okgunly ýol salşyny, Garaşsyzlygyň ýoly bilen iňňän ynamly gadam urşuny bir topar delil bilen düşündirip bolar. Şeýdilmegi ýalňyşlygam bolmaz. Ýöne şol delilleriň birini welin görmezlige salmaly däl. Oňa nähili at daksaňyz dakyberiň, belende göterýän diýiň, ýere sokýan diýiň,ol öz işiňiz, haýsysyny diýeniňizde-de,ol erk edýän delil bolup galýar. Ol delil – Saparmyrat Nyýazow. • PREZIDENT WEZIPE EÝESIMI ÝA-DA ŞAHSYÝET? “Prezident” sözi onuň adynyň gapdalyna soň goşuldy. Şolam taryhyň özi tarapyndan wakalaryň öň hataryna çykarylan şahsyýetiň ruhy zannyny birneme özgertdi diýip çaklamaga töwekgelçilik edip bilerin. Partiýa baştutanynyň öz-özüne gapma-garşy bir adama öwrülenini, eýsem, başga näme bilen düşündirip bolar? Täze tolkunyň syýasy işgärlerine dakylanu-dakylýan ýarlyklaram şol ruhy özgeriş sebäpli bolsun gerek. Bu ýerde meseläniň özeni her gün bir ugra ýykgyn edip durýanlardan parhlanyp, şahsyýetiň, taryhy öwrülişiklere garaman, şahsyýet bolup galýanlygyndadyr. Prezident şahsyýet bolmanam biler. Ýöne ol şahsyýet bolanlygynda, ykbalyň çüwdügidir, halkyň ykbalynyň çüwdügidir. Türkmen fenomenini öwrenjek taryhçylar ol fenomeni döreden sebäpleriň hökman magadyna ýetmek üçin, dünýäde gadymy halkyň genealogiýasyny seljerip, ýüzýyllyklaryň gatyny agdarmaly bolarlar. Halkyň taryhynyň şol syrly gatlaklaryna sersalmak üçin, ruhy galkynyşyň konsepsiýasynyň binýadyny gurmak üçin, garaşsyzlygyň berkarar edilmeginde olkinji prezidentiň şahsyýetiniň roluna düşünmek üçin, häzir diňe synanyşyklar edilýär. Kultlara, kultjyklara ýigrenç ruhunda terbiýelenen adamlaryň şindiki psihologiýasy şol tetellileriň täzeleriniň döremegine pisint etmeýär. Şeýle ýagdaýda şol ilkinji synanyşyklar edermenlige barabardyr. Halkyň, döwletiň baştutany hökmünde Saparmyrat Nyýazowyň aýdyň şahsyýeti dürli ideallaryň, dürli gymmatlyklaryň weýran bolan dumanly döwründe öňe saýlandy. Prezidentiň ýagdaýynyň çylşyrymlydygy hem şonuň üçindir. Daşary ýurtly žurnalistler “öz şahsyýetiňiziň arşa göterilmegine nähili garaýaňyz?” diýip, onuň üstüni sowaldan gömenlerinde, ol “şo zat maňa agyr düşýär” diýýär. Prezidentiňkä düşünmek bolar, ynsan hasabyndaoňa duýgudaşlygam edip bolar. Ýöne, prezident bolany üçin, ol şol ýüki götermelidir. Munuň bir sebäbi bar: kult düşünjesi bir başga, şahsyýetiň öz azaby, zehini öňden görüjiligi bilen gazanan hakyky abraýybir başga. Döwür entek bu ikisini ýerli-ýerinde goýanok. Prezident Nyýazowy tankytlaýanlar näme diýselerem, fakt faktlygyna galýar: öz döwletinde Türkmenbaşy (bu ýerde gündogarçalap, oňa hormat bilen şeýle ýüzlenýärler) hormatyň şeýle ki belentligine göterildi, şol belentlikden taryha tarap ýol başlanýar. Türkmenistanyň dünýä bileleşigine ynamly girmegi onuň baştutanynyň bir yzygiderli, aç-açan, ganymat pragmatik syýasatçy hasabynda däl-de, dünýägaraýşy intellektual özbaşdaklyk bilen, täzelik bilen tapawutlanýan syýasatçy hasabynda ykrar edilýär. Muny görmezlige salmak bolmaz. Prezidentiň wezipesi her neneň hormatly bolsa-da, ony eýeleýän anyk adamyň üýtgeşik syýasy sypatlary bolmasa, şol wezipe galp mertebä, galp abraýa duwlanýan perde şekilli bir zada öwrülýär. Mertebäni, abraýy halkyndan gazansaň welin, ol ikisi çuňňur özeni bilen seni arşa göterýär. Sebäbi sen halkyň hatyrasyna, halkyň bähbidine gulluk edýäň-ä. Şol özen bir sebäp bilen bilksatlaýyn görmezlige salnanda, miflerem döräberýär. Şol miflerden çen tutsaň, Nyýazow, bir görseň-ä, yslamyň garşysyna assyryn greşýän, ýeser perdelenen kommunist bolup görünýär. Biri-birini püçege çykarýan şeýle mifler gürrüňini edip oturanyňa-da degenok. Bir zady welin aýtmaly. Baştutanyň tebigatyna düşünmek zerur. Zamananyň gapma-garşylyklary ony çuňňur şahsy ewolýusiýa sezewar etdi, şolam ortadoksal dälligi aýdyň görnüp duran täze tipli syýasatçyny öňe çykardy. Diňe kommunistiň däl, eýsem demokratyňam ortadoks bolup biljekdigine iň täze güwägeçýär.kommunist ortadoksyň jemgyýet üçin neneňsi nägehandygyny taryh eýýäm subut etdi. Demokrat ortadoks meselesi çylşyrymly zat sebäbi, demokratiýa ýoňy entek sowlanok. Ony taryhy taýdan seljermek, ýagdaýdan çen tutsaň, geljegiň işi bolmaly. Tebigaty taýyndan demokratik türkmenler arkaýyn bolup bilerler. Adamzat üçin howsalaly döwürde olar ýene-de mertebäni saklamagyň, sabyrlylygyň nusgasyny görkezdiler. Şu sypatlary bilen olar erkinlige tarap ýolda kän asyry başdan geçirdiler. Olar baştutanyň, serdaryň döremegine-de kän garaşdylar. Çuňňur millige eýlenen bu adalgalardan “serdarparazlyk” diýen zady gözläbem oturmaň. Bu ýerde baştutanlygyň çuňňur jemgyýetçilik zerurlygyna öwrülendigine düşünmek üçin türkmen halkyna, onuň soňky asyrlardaky ejirli taryhyna gaty belet bolmaly. Aman galmak üçin elmydama ägä bolmaga, göreşmäge mejbur eden durmuş şertleri şeýledi. Diňe mynasyp adam baştutan bolup öňe çykyp bilýärdi. Bu babatda ýalňyşmak bolmaýardy. Bir zat barada oýlanalyň. Golaý geçmişde ýaşap geçen beýik türkmen atlarynyň hataryna iň täze taryhyň, iň bolmanda, şolara barabarrak atlary goşup bilmändigini sebäbi nämekä? Özüne ýat, galp ideologiýanyň täsirine düşenligi sebäpli, milletiň ruhy gujurynyň özüni äşgär etmäge ýagdaýynyň ýoklugyndan bolaýmasyn? Türkmenlerde açyk göwünlilik, sadalyk, üýtgeşik bir degişgenlik kemterlik eder ýaly däl. Bu halk bilen ilki sapar uçraşýanlar onuň haýran galaýmaly içki intelligentligine göz ýetirýändirler. Onda gaplykdan nam-nyşan ýoklugam şonuň üçindir. Prezident Nyýazowyň esasy aýratynlygy, durmuşdaky şowlulygy,şahsy özboluşlylygy onuň halk bilen bir jan, bir tenligindedir. Öz syýasy çelgilerinde onuň dürs ugry saýlap almagyna, birinji nobatda, şu ýagdaý hemaýat edendir. Ozal kommunist bolsa-da,onuň täzeden ynama girmek aladasy ýokdy. Beýle zat ony alada goýmaýardy. Şol bir bolşuny saklap, ol özüni halk bilen baglanyşdyrýan ilteşikden berk ýapyşdy. Sebäbi ol halkyna daýanyp biljekdigine, halkynyň ony goldajakdygyna magat göz ýetirýärdi. Ana şolam onuň strategiýa taýdan ilkinji ýalňyşsyz ädimi boldy. Prezidentiň soňky üstünliklerinem şol ädim kesgitledi. • TÜRKMENISTANDA KOMMUNISTLER BOLUPMYDY? Türkmenistanda ozalam bolup gören belli türk biznesmenleriniň biri bir sapar žurnalistler bilen söhbetdeşliginde bu taýdan ölemen kommunistleriň bolmandygyny ýaňzytdy. Onuň pikiriçe, garaşsyz döwletlilige, onuň düýp esasy hususy eýeçilige azarsyz-bizarsyz geçmäge juda ähmiýetli şu ýagdaý ýardam eden bolmaly. Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetine kem-kemden bat alyp barýan häzirki wagtynda, şeýtmäge onda zerur zatlaryň ählisiniň bar mahalynda, “bu taýynyň kommunistleri, aslyýetinde, kommunist bir boldularmykan?” diýen sowaly öňde goýmak, bir hili, artykmaç adam bolup görünýär. “Kompartiýa başarjaň ýolbaşçylyk eden, onuň öz-özünden ýatmagynam başarjaňlyk bilen guran baştutany, aslyýetinde, baştutan bir boldugymyka?” sowalam edil şonuň ýaly. Regionlaryň birenteginde kompartiýalar söweşip boýun egdiler, birenteginde şu wagta çenli boýun egmedigem bar. Bu ýerde bolsa ähli zat edil doga berlen ýaly bolaýdy. Jemgyýetiň syýasy öňbaşçysy sessiz-üýnsiz taryhyň gatyna siňip gitdi. Hamala, ol aslynda bolmadyk ýaly. Arada, Saparmyrat Nyýazow ABŞ-a gitmeziniň öň ýanynda, köpi gören amerikan žurnalistleri oňa sowal berip, Türkmenistan Kompartiýasynyň baştutanynyň öz ömrüniň haýsy döwründe garaýyşlaryny üýtgedendigi bilen, beýtmäge nämeleriň sebäp bolandygy bilen gyzyklandylar. Sowala jogap berip, prezident öz terjimehalyndan ýaşlyk döwrüne degişli bir epizody mysal getirdi. Şol mahallar ýokary okuw jaýyny gutaransoň, ol Leningaradyň zawodlarynyň birinde seh naçalnigi bolup işleýän eken. “Zawodda diňe goltugyňa salyp çykmaly zatlary-ha däl, eýsem eliňe alyp çykmaly zatlaram gözümiň alnynda alyp gidýärdiler – diýip, ol žurnalistlere düşündirdi. – Şonda men ogurlygyň, uçdantutma pýançylygyň nireden gelip çykýandygy barada birinji sapar oýlanyp gördüm. Beýle zatlar jemgyýetde ýazgarylmakdan-a geçen, gaýtam, adaty zat, bolaýmaly zat hasap edilýärdi”. - Baryp şo ýyllarda aga-gara düşünip ugradym diýjek bolýan-a dälsiňiz? Žurnalistiň bu sowalynda aç-açan betgümanlyk duýlup durdy. Soňky mahallarda biziň başymyzdan geçýän zatlara, aýratynam, bulam-bujarlyga uçran, barzat garym-gatym bolan ozalky sowet Gündogaryndaky ýagdaýlara düşünmek başga dünýäde terbiýe alan amerikalylara, elbetde, kyn düşýär. Geň-taň görülse-de, Nyýazow özüniň birtöwra adamlygy bilen, bu düşünişmezligi çuňlaşdyrýar. Diňe tejribeli syýasatçy onuň özüni özi hasabynda kabul eder. Galanlary böwrüni diňlärdurar.köplenç halatda şeýle-de bolýar. Aslyýetinde amerikan žurnalistleriniň gürrüňdeşiniň mysal getiren epizodynda juda simwoliki many bar. Ol ýa-da beýleki şahsyýetiň kommunistler partiýasyna dahyllylygy hil-hil boldy: birisi sistemanyň nurbatjygyna öwrülip, ynsançylyk mertebesini basgylatdy, birisi nämäň nämedigine düşünmän, partiýa hälki bir dahylly adam bolup galdy, birisi ejirli şübhelenmeleriň, oýlanmalaryň girdabyna düşdi. Aslyýetinde, öz-özünden dynmaga iteklän göreşe het eden ýeke çykan gahrymanlaram bolupdy. Yza ýol ýokdugyny bilensoňlar, olar jemgyýet bilen meýletin hoşlaşypdylar. Tutuşlygyna alanyňda welin, adamlar durmuşa teşnedi, durmuşaişeňňir goşulmagyň höwesindedi. Şeýle tebigy duýgy tebigy däl şertlerde ýüze çykýardy, sebäbi, saýlap-seçer ýaly başga ýol ýokdy. Ýeri, indi şolary, asla biziň hemmämizi şonuň üçin ýazgaryp oturmak bolarmy? Durmuşyň zor salmagy bilen SSKP-niň özi döwlet strukturasyna öwrülipdi, oňa ideologiýa jarçylary gerek däldi-de, agzalyk biledini göterýän hojalykçylar-praktikler gerekdi. Seh naçalnikliginden soýuz respublikanyň ýolbaşçylygyna çenli ýoly geçen Saparmyrat Nyýazowam şolaryň arasyndady. Partiýanyň ideologiýasy onuň üçin ruhy sejdehana boldumyka? Bolmandy, bolubam biljek däldi. Sebäbi, zanny türkmen, oýlanyp bilýan ol adam ideologiýa tutuşlygyna siňip gidip biljek däldi. Onuň paýyna düşen zat, ýagdaýyň mümkinçilik berşine görä, döwlet işine, praktiki işlere gatnaşmakdy. Amerikalylaryň betgümanlyk eden aga-gara düşünmek ahwalaty geldi. Elbetde, bada-bat däl-de, aňynyň jümmüşinde, kem-kemden toplanyp geldi. Döwlet strukturasy hasabynda partiýanyň jemgyýete ýolbaşçylyk etmäge mümkinçiligi, ukyby meselesinde ol SSKP-niň soňky gurultaýynda belli bir karara geldi. Şonda kommunistleriň arasynda bölünişik ýüze çykypdy. Jemgyýetdäki özgerişleriň dow-dowuna gümra bolan birentekleri şonda bu bölünişigiň soňy erbetlige elter diýipdi. Şol aýdylany, Russiýadaky syýasy hem ykdysady krizis bilen baglanyşyklylykda, indi-indi ýüze çykdy. Hiç zat babatda göze-başa düşmedik respublikanyň mysapyr sekretarynyň diňe düýnki günüň ýalňyşyklaryn-a däl, eýsem şu günki ýalşyşlyklarynam sapak edinmegi başaran daşdan görüji döwlet işgärine öwrüljekdigini şo mahallar güman eden boldumyka? SSKP-ni ýatyryp, onuň degnasyna degmän, Nyýazow çylşyrymly ýagdaýdan taryha azar bermän, esasanam, işe zelel ýetirmän, abraý bilen çykyp boljakdygynyň nusgasyny görkezdi. Onuň işi bolsa halkyň bähbididi. Özygtyýarlylygyň şertlerinde halkyň bähbidi diýen düşünje takyk manysyna eýe boldy. • GARAŞSYZLYK ELPE-ŞELPELIK DÄLDIR. ÖZ ÝOLUŇY SEÇIP ALMAGA HUKUKDYR. Şol pursata çenli türkmen jemgyýeti häzirkisi ýaly bütinleý agzybirlik gazanypdy diýip tassyklamak öte geçmek bolardy. Studentleriň arasynda bulagaýlyk bardy, az sanly käbir toparjyklaryň ekstremistik meýilleri ýüze çykýardy, intelligensiýanyň käbir wekilleri milletçilik garnuwly milli ideýany jan edip öňe sürýärdi. Parlamentde-de mitingçilik belasyna ýoluganlar bardy. Onuň käbir deputatlary diňe halkyň adyndan gürleýänden bolup, özleriniň egoistik meýillerini perdeleýärdiler. Şol pursatda döwlet dessesiniň başynda emelsiz bir kapitan bolsa, Türkmenistandaky wakalaryň neneň-niçik boljakdygy belli däldi. Başga ýerlerde bolşy ýaly, bu taýda-da ýurdy oda-ýalna gabsamak üçin, birje otluçöp çakmak ýeterlikdi. Nyýazow beýtmäge ýol bermedi. Şeýdeni üçin, kitüwli demokratlar oňa diktator diýdiler, sähelçejigem zorluga ýüz urman,onuň neneňsi serişdeler bilen asudalygy saklap bilenliginiň magadyna ýetjegem bolmadylar. Ýogsam, şol mahallar entek täze Konstitusiýa kabul edilmändi, häkimiýetiň köne ryçaglary hereket edýärdi. Şol ryçaglar bilen bolsa başgaça pikirdäkileriň ýelini ýatyrmak bolardy. Ýöne, özüne ynamy barsyýasatça beýtmek derkar bolmady. Oňa diňe halkyň goldawy ýeterlik boldy. Ol wagt halkyň abraýy real syýasy güýje öwrülýärdi. Halkyň erki bilen sepleşýän şol güýç jemgyýeti birleşdirip, jebisleşdirip, barha kuwwsatlanmak bilendi. Nyýazow ana şol güýje daýandy. Sazlaşykly owaz berip başlan şol orkestrde ol türkmen taýpalarynyň ýaşulularyna esasy orny berdi. Onuň beýtmegi tüýs ýerine düşen zat boldy. Gündogaryň ençeme asyry başyndan geçiren dessurlarynyň arasynda ýaşulyny sylamak dessury hazirkisi ýaly beýle pugta ornamandy. Türkmenlerde-hä ol ähli dessurdan ileri tutulýar. Aksakallaryň agrasdan saýhally sözleri öz işini bitirdi. Prezident olaryň ynamyna girdi, aksakallar onuň indiki etjek işlerine ak pata berdiler. Indi işläbermelidi. Ýöne, nädip işlemeli? “Al, how” diýip berlen garaşsyzlyk yrga ýeňillikdi, ony aňsatlyk bilen yzyna alybam boljakdy. 1991-nji ýylyň awgusty golaýlaşýardy. Nyýazow bir zady magat bilýardi – halkyň ykbaly bilen oýun etmäge indi ol hiç kime ýol bermez. • SYNÇYLAR TÜRKMENISTANDA NÄMÄNI GÖZDEN SALÝARLAR? ...Ozalky Sowet Soýuzynyň derdi özüne ýetikdi. Arkalary bitişik Siam ekizlerine dönen ozalky respublikalary hirurgiýa ýoly bilen biri-birinden aýyrmaga mejbur bolundy. Operasiýany agyrysyz-ynjysyz geçirmelidi. Şonuň aladasy edilmedik ýerde soňuny saýman kesip başladylar. Nyýazow beýle zada-daýol bermedi. Türkmenistany SSSR-den aýyrmak operasiýasyny ol, tejribeli hirurg ýaly, ezberlik bilen geçirdi. Iň esasy zadam, ol indiden soň näme etmelidigini bilýärdi. “Howurly ýerlerden” çykýan sensasion habarlar dünýä ýaýraýardy. türkmenistandatäzeKonstitusiýanyň kabul edilendigi, diýmek, täze döwlet esasynyň düýbüniň tutulandygy ýaly waka bolsa hiç kimiň gözüne-de ilmän galdy. Ozalky Soýuzyň yzagalak respublikasy Türkmenistan nämüçin beýlekilerden öňe saýlanýarka diýip, häzir köpler geň galan bolýarlar. Prezidente şu sowaly berenlerinde, olam geň galyp: “Biz aýagujundan başlaman, düýp özeninden başladyg-a” diýip goýberýär. Prezidentiň sosial syýasatynda onuň ýöredýän bütin ugrunyň özenine göz ýetirýän synçylar mamladyrlar. Dogrudanam, beýlekileriňkiden pes bahalar, beýlekileriňkiden ganymat gün-güzeran weýran bolan durmuşa sersalýanlarda aýratyn täsir galdyrýar. Öz halkynyň problemalary bilen ýüzbe-ýüz bolan Nyýazow başyna giden bazaryň eden-etdiliginden halky goramagyň esasy meseledigine düşündi. Ekstremal şertlerde aman galmak üçin, onuň başlan işleri, şu güne çenlem dowam etdirýän işleri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň üstünlikleriniň gönezligi onuň tükeniksiz tebigy baýlyklarynyň barlygyndadyr diýen pikir giňden ýaýran pikirdir. Beýleki respublikalara garanyňda, Türkmenistana aman galmagyň ýeňil düşendigine söz ýok. Ýöne, energiýany öndürýän senagatyň önümleri bada-bat çörege öwrüläýmedi. Halkyň gün-güzeranyny aman saklamagyň ähli wariantlaryny öňünden onap-çenäp, dünýe hojalyk gatnaşyklarynyň çalşan sistemasynyň ornunda täzesini gurmaly boldy. Eýsem-de bolsa, mesele diňe aman galmakda däldi. Ýaşajak bolsaň, ýaşan şekilli ýaşamalydy. Otnositel kategoriýalar Nyýazowy indi kanagatlandyrmaýardy. Düýp esasy bolmadyk sosial syýasatyň dagynyk çäreler sistemasyna öwrülýändigine ol düşünýärdi. Düýp esas häkimiýetiň sagdyn gatbarlary pugtalandyrylan döwlet bolmalydy, halkyň dessurlaryna utgaşyp gidýän dünýä tejribesini ösüşiň özboluşly, hiç kime öýkünilmeýän ýoly bilen sintezirleýän döwlet bolmalydy. Şeýle döwletem döredi. Hiç kimiň bähbitlerine kast etmän, aýratyn rola dalaş etmän, keseki problemalaryň birine-de goşulman, garaşsyz döwlete mahsus bolşy ýaly, öz problemalaryny öz çözmek hukugyny özünde saklap, ol döwlet arkaýynlyk bilen, öz mertebesi bilen dünýä arenasyna çykdy, Saparmyrat Nyýazow bu barada Helsinkide ilkinji sapar aýgyt bilen, bassyr-ýussursyz aýtdy. Öz halkynyň bähbitlerini goramagy yzygiderli dowam etdirýän, gaçalaksyz bu adam häzirki zamanyň belent syýasatyny ýöredýän pragmatik dünýäde sylanýar, türkmen prezidentiniň ady häli-şindi tutulyp durulýar. Öz taryhynyň juda çylşyrymly döwründe halk öz baştutanynyň adyny tutdy, şeýtmegiň ahyrky ýapyşalgadygyna düşündi. Onuň şeýtmegem ýerine düşdi. Bu ahwalata döwüň sürmegem diýip bolar, halkyň uzaga çeken sabyr-kanagatynyň aklygam diýip bolar, ýöne, tötänleýin bolaýan birzat diýip bolmaz. Sebäbi, bu ýerde-de fakt faktlygyna galýar: halk, häkimiýet bileleşip, durky bilen özlerine dahylly döwleti döretdi. Esasy ýerem, ol ikisi bu işe ynam bilen, paýhas bilen, iňňän belent milli edeplilik bilen berjaý etdi. Synçylaryň Türkmenistanda gözden salýan zady halkyň döwletli bolmaga zehin goýanlygydyr, onuň prezidentine – serdaryna, Türkmenbaşa (haýsyny diýseňiz diýiberiň, sebäbi kanunyň höküm sürýän döwletinde munuň ähmiýeti ýok) jomart zehiniň berlenligidir. Lýudmila GLAZOWSKAÝA, ITAR-TASS-yň Türkmenistandaky öz habarçysy. (“Туркменистан сегодня” atly garaşsyz gazetiň 1993-nji ýyldaky 2-nji sanyndan). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |