22:09 Watanym meniň | |
WATANYM MENIÑ
Goşgular
Ýetmiş ýaş içinde kyrk ýyl aýralyk Ony ýat illerde sergezdan etdi. Keseki ýurdyň gije-gündüzi Bal hem bolsa, gara bagryn gan etdi. Özge iliň bir gözelniň sögüsi Öz iliniň mährin berip bilmedi. Ýüzi güne ýanan türkmen gyzynyň Bakyşynyň ýaryça-da bolmady. Ogul söýdi,gyz erkeläp ulaltdy, Ýassykdaşy ýat bolsa-da, ýakyndy. Söýgüden dolydy "ezizim" sözi, Kalba siňen mährin unutmak kyndy. Agzybir maşgalaň guwanç-şatlygy Teselli berse-de onuň göwnüne, Ata watan-ene toprak küýsegi Özüne çekýärdi günüň-gününe. Ýaş ýetmişe bardy,bir gün dillendi Maşgalaň jem wagty,daň säher çagy. "Ogullarym, bu ýurt maňa kezeki, Size bolsa, gözleň garasy-agy. Meniň ilim, ho:l, kartanyň ýüzünde Gyralary ýaşyl, sary zolakdyr. Otuz ýaşa çenli basan yzlarym Şol sary reňke siňip galypdyr. Nesibe çekipdir, bu ile geldim, Kyrk ýyl togap etdim halal duzuny. Mähriban eneňiz hemrahym boldy, Munda gördim sizi; ogul-gyzymy. Siz meniň maşgalam-mukaddes öýüm, Ýüregimden geçip duran ganym siz. Emma,maňa kyn bolup dur ýaşamak, Ata watanymsyz-mähribanymsyz. Rugsat berseňiz gündogar sary Ýol alsam diýýärin türkmen ilime. Töweregniň gözelligne syn edip, Bir nazar aýlasam atyz-çiline". Öýünde gojanyň sözi hökümdi, Hormaty ulydy maşgalasynda. ( Yzy bilinýärdi gara zähmetiň, Maňlaýdaky ýygyrt-ýygyrt gasynda). Maşgala bir adam ýaly dillendi: "Bizem ýanyň bilen bile gideris, Maşgalabaşynyň basan yzyny, Ömrümiz ötýänçä togap ederis". Goja ahmyr oýly başyn dikledi, "Men gitsem, dolanyp, gaýdyp gelmerin. Özümiň ýurt zaryn çekenim besdir, Sizem ilden aýra salyp bilmerin. Ogullarym, ata watan zaryny Kalbyny ýaralap göteren biler. Aýralyk sebäpli sanjap ýüregi, Çep gursagna elin ýetiren biler. Siziň watanyňyz, ine, şu toprak, Şu ýere damandyr göbek ganyňyz. Men watana barýan, аlada etmäň, Ýerde bolsun siziň ýasy ýanyňyz. Meni göresiňiz gelen mahaly, Eneňiziň gözlerine syn ediň. Meňki diýip biliň onuň sözlerin, Sylagyňyz-hormatyňyz kän ediň". Gönükdirip didelerniň nuryny, Goja ogullarna dikdi nazaryn. Agtyklar boýuna~boýuna bökdi, Göýä,balyjagy Bahry~hazaryň. Maşgalasy, dost~ýarlary jem bolup, Uçar meýdanyna süýşüp geldiler. " Indi ýene didarlaşmak-görüşmek Nesip edermikä?" diýşip geldiler. Gulaç ýaýyp demir ganat "Simrug guş", Maňlaýyny gündogara öwürdi. Ötüp nije derýalardan, daglardan, Türkmen topragyna daban degirdi. Uçar gapysyny açan badyna Gojaň ýüzün çaýdy watan şemaly. Gözlerine surat bolup ýapyşdy, Töweregiň manzarasy~jemaly. Dyza çöküp,togap etdi zemini, Möňňürüp,möňňürüp sesli aglady. Ýaş-ýeleňler geň galyşyp durdylar, Ýaşulylar ahwalyny aňlady. Watan zaryn çeken gojaň ruhun Watan öz süňňüne çekip başlady. Wysal boldy aýralygyň ahyry, Kalby eräp, ýere akyp başlady. Birden süýşüp gelen garaja bulut Seçeledi ak ýagyşyň dänesin. Tolgunmadan ýaňa jan beren gojaň, Ata watan tämizledi synasyn. Şyhymyrat ABDULLAÝEW. 2017-ýyl | |
|
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||