01:37 Wengriýadaky bäş asyrlyk ýeke-täk kümmet | |
WENGRIÝADAKY BÄŞ ASYRLYK ÝEKE-TÄK KÜMMET
Taryhy ýerler
Gül baba kümmetiniñ gymmatyny artdyrýan aýratyn bir ýagdaý bar: olam onuñ merdana türkmen alplaryndan bolmagy, ýokary döwlet emeldarlaryndan başlap ýönekeý esgerlere, garamaýak halkdan soltana çenli hemmeler tarapyndan gowy görülmegi we çäksiz sylag-hormatdan peýdalanmagydyr. Türkmen derwüşi Gül baba Osmanly döwletiniñ iñ bir gülläp ösen döwründe yslamyñ Ýewropanyñ jümmüşine çenli ýaýramagy üçin uly işleri bitiripdir. Häzir Wengriýada biziñ günlerimize çenli abat ýagdaýda saklanyp galan ýeke-täk metjit bar. Ol Gül baba kümmetidir. ■ Gül babanyñ kyssasy 1526-njy ýylyñ 31-nji awgusty. Şondan iki gün öñ Mohaç meýdan söweşinden ýeñiji bolup çykan Kanuny Soltan Süleýman ýeñiş gutlaglaryny kabul etmek bilen başagaý. Uludan-kiçä hemmeleriñ ýüzünde ýeñşiñ getiren şatlygy uçganaklapdyr. Edil şol wagtam çawup gelen ok ýaly şum habar gelip düşýär. Türkmen alperenlerinden Gül baba gaza meýdanynda wepat bolupdyr. Özi şehit düşenem bolsa, kellesi ýere düşmändi. Eli gürzüli we ýataganly söweşip ýörkä, küffaryñ uran zarbasy onuñ mübärek başyny göwresinden aýrypdyr. Şeýlekin gahrymanyñ adyna mynasyp legendalar bolsa şol wagtdan başlap dilden dile geçip başlaýar. Döwrüniñ iñ güýçli hökümdary Kanuny Soltan Süleýmanyñ ýeñiş şatlygy zym-zyýat bolupdyr. Gutlaglar kesilýär. Jynaza namazyna taýýarlyk görlüp başlanýar. Gül babanyñ tabydy getirilýär. Gül babany soñky ýoluna ugratmaga entege çenli görülmedik mähelle üýşüpdir. Çünki ol osmanly esgerleriniñ iñ hormatlanýan, iñ sözi diñlenýän, adamkärçilijkli, suhangöý we her aýdan sözi hikmetler bilen doly mübärek derwüş-gazylaryñ biridi. Gül babanyñ jynazasyna Osmanly türkmen taryhyñ iñ beýik alymlaryndan Ebussud ependi ymamlyk edipdir. Birinji hatarda jahan patyşasy Kanuny, ýanynda-da wezir-wekilleri, begleri, paşalary we 200.000 adamlyk osmanly goşuny. Bu hadysany gözi bilen gören wenger taryhçysy Zuzef Tokeli namaz gutarýança Mohaç ýaýlasyny ümsümligiñ gaplap alandygyny ýazypdyr. Hatda goşunyñ aýagulaglary bolan atdyr-eşeklerem ne kişñäpdir, ne aññyrypdyr, gaýtam olaram Gül baba bilen hoşlaşýan ýaly ýerlerinden butnaman sortdurylyp durupdyrlar. ■ Gül baba kümmeti Aý aýlanýar, ýyl geçýär. Şondan ýüz ýetmiş ýyl geçensoñ Budin Awstriýanyñ eline geçýär. 1699-njy ýylda baglaşylan Karlowsi ylalaşygyna laýyklykda Wengriýa Awstriýanyñ golastyndaky welaýata öwrülýär. Duşman Budapeşti eýelänsoñ bar ünsüni, iş-pişesini metjitleri we kümmetleri ýykmaga gönükdirýär. Gynansak-da, bu günki gün Gül baba kümmetinden başga Wengriýada duş gelip boljak ýeke osmanly metjidi ýa kümmeti ýok... Duşman hernäçe jan etse-de, bu kümmete el degrip bilmändir. Göýä göze görünmeýän haýsydyr bir güýç bu kümmeti goraýan ýaly eken. Ony ýykmaga gelenleriñ ýa özleri ýykylypdyr, ýa-da aklyndan azaşypdyr. Gözleri bir alamat görensoñ ahyryn kümmeti ýykjak bolup çytraşyp durmandyrlar. Şonuñ üçinem kümmet biziñ günlerimize abat ýagdaýda gelip ýetipdir. Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiñ "Gulbabanyñ gazaly" goşgusynda Gül babanyñ şanyna bagyşlanan şeýle ajaýyp setirler bar: Dunaýyñ boýunda, Peştiñ goýnunda, Pesseñräk daglaryñ gyzgylt toýnunda, Baglara bürenip, basyrnyp güle, Asyrlardan galan mermeri bile Ýatyr goja Gulbabanyñ mazary. Asmanda aldajy peýkamlar şuwlap, Daljygan surnaýçyñ surnaýy uwlap, Leşgerler döwüşip, Sil bolanda gan, Ok-däriñ içinde iki nowjuwan Görüp bir-birini gidenmiş huşdan, ~ Biri Stambuldan, Birisi Peştden. Gyljyn gyna salyp şonda esgerler, Çekilenmiş yza agyr leşgerler. Çar ýanda kesilip surnaýlañ sesi, Sem bolanmyş top-tüpeñleñ hemmesi... Juwanlañ elinden tutup Gulbaba, Çykanmyş-da şonda hol uly daga, Bagra basyp ýigit bilen gözeli, Aýdanmyşyn bir ajaýyp gazaly: "Gör-bak, dag başynda dogdy goşa aý, Tüme şugla saçdy goşa nowjuwan, Tañrym köp görmesin ~ biri biziñki, Beýlekisi ~ seniñ jigeriñ, duşman! Towap eýläp, bu aşyklañ gaşynda Gyljymyz syndyryp, Kylaýlyñ puşman, Kylaýlyñ puşman!.. Muhabbet odundan syryldy duman, Kuýaş hanjar urdy, Ýaryldy asman. Bu kenar duşuryp ýar bilen ýary, Herne bolgaý Muhabbetiñ kenary!.." ...Dunaýyñ boýunda Peştiñ goýnunda, Peseñräk daglaryñ gyzgylt toýnunda, Baglara bürenip, Basyrnyp güle, Eşrepi sözleriñ mukamy bile Hüwdülenip ýatyr bir dana goja, ~ Dagam şoña başyn egýär çalaja..." _________________________________ Giñişleýin maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/taryhy_sahslar/2018-10-19-2900 @ Kitapçylar | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |