15:45 Ýagşylyk ýaý - sogap gazan! | |
ÝAGŞYLYK ÝAÝ - SOGAP GAZAN!
Pedagogika we edep-terbiýe
Çilimkeşlik, neşekeşlik adamzadyñ iki dünýäsi üçinem howply beladyr. Adamlaryñ saglygyna we imanyna howp salýan belalardan olary goramak bolsa biziñ adamkärçilik we musulmançylyk borjumyzdyr. Neşekeşlik, çilimkeşlik - birinjiden-ä, bu bela ýolugan bendeleri pulunyñ köp bölegini ýele sowurmaga mejbur edýär. Çilim diýeniñ bilenem häzir onuñ bahasy ummadan çykdy. Ýöne ýaman ýeri, neşe-çilim bolsun, tirýek bolsun, arak bolsun - ol ozaly bilen adamynyñ saglygyna täsir edýär. Onuñ akyl-huşuny, sypaýyçylyk bilen aýdanymyzda küteldýär, hakykatda oña akyl-huşuny aldyrýan bendeler az däl. Beýle zadyñ ösüp gelýän ýaş-ýeleñlere öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirjekdigi eýse düşnükli dälmi? Neşekeşlige, araga ýüz uran ýaşlar binamys bolup ýetişýärler, olara Watana söýgi, maşgala wepalylyk ýaly gözel duýgular ýat bolýar. Neşekeşiñ bar küýi-pikiri neşe pulumy nireden taparkam diýen alada bolýar. Çilimkeşlik bolsa uly neşekeşlige eltýän ýodadyr. Köplenç ýaş-ýeleñler özlerini bu işe iterýänleriñ edähedinden bihabar bolýarlar. Meniñ olara şuny ýatladasym gelýär. Ýaşlary neşekeşlige iterýänler başda olara çilime meñ goşan bolup çekdirýärler, soñ olara neşänem bir meýdan tä ýaşlar ony mazaly öwrenýänçäler mugt çekdirýärler. Olary her hili owadan sözler tapyp öz ýanlarynda saklaýarlar. Ýaşlar neşäni gowy öwrenýärler hem welin, onsoñ ýañkylar ýaşlardan pul talap edip ugraýarlar. Neşäniñ puly bolsa az-küş zat däl. Ol ortaça güzerany bolan maşgalany tiz çökerýär. Ýaşlar öz öýüni tüssä berenlerinden soñea ene-atalaryndan pul diläp başlaýarlar, karz-kowal alýarlar. Karz-kowala geçmedik wagtlary bolsa ogurlyk, talañçylyk ýaly agyr jenaýatlara ýüz urýarlar. Neşekeşlik jemgyýet üçin uly howpdur, agyr keseldir, bu keseliñ öñüni almak biziñ her birimiziñ jana-jan borjumyzdyr. Dini nukdaýnazardan alanyñda Muhammet pygamber (s.a.w) buýran ki, her hili keýpli akyla täsir edýän tüsseler, içgiler haramdyr diýip, ýene ol aýdan ki şu zatlary halaldyr, dürsdir diýen bendeler hem dinden çykarlar. Şonuñ üçinem dini nazar bilen garanyñda şol çilimkeş adamlar, olary halal hasap edýänler özleriniñ adamkärçilikdenem, dindenem çykýandyklaryny unutmasynlar. Allaýy Tagala Kurany Kerimde birnäçe ýerde: halal zatlardan iýiñ, gowy eşikler geýiñ, emma mallaryñyzy, pullaryñyzy isrip etmäñ diýip buýrandyr. Eger gazanjyñ, malyñ halal bolsa, şol gazanjyñy, malyñy harama sarp etseñ şonuñ özem isripdir. Halal we dogry ýoldan başga haramy zatlara sarp edilen mallaryñ, pullaryñ bary isripdir. Başga bir aýatda malyny-puluny isrip edýänler şeýtanyñ doganlarydyr diýip hem aýdylan. Şeýtanyñ dogany boldugyñ eýsem, şeýtanyñ özi boldugyñ dälmi? Malyny-puluny isrip tutýanlar ahyretde hem Firagun ýaly kapyrlar bilen bir dowzahda ýerleşdiriljekdir diýip jem Kurany-Kerimde aýdylan. Halal puluñy araga-şeraba berseñem, tirýege berseñem, çilime berseñem, hemmesiniñ günäsi birdir. Biziñ her birimiz ýerli-ýerden radionyñ, telewideniýäniñ we beýleki metbugat serişdeleriniñ üsti bilen çilimkeşlige, neşekeşlige garşy göreşi ählhalk göreşine öwürjek bolup çalyşmalydyrys. Sebäbi soñky wagtlarda toýlarymyzda arak-şerap içmegiñ üstüne neşe çekmek belasam goşuldy. Şäherlerde, obalarda tirýek çekilmeýän toýy tapmak kynlaşdy. Öñki döwürlerde namysly, gaýratly halkymyz araga-şeraba añyny aldyryp, hiç wagt şeýle toýlar tutmandyrlar. Indi bizem ata-baba däp-dessurlarymyzy dikeltjek bolsak, ählimiz ýerli-ýerden arakkeşlige, çilimkeşlige, neşekeşlige garşy göreş alyp barmagymyz gerek. Muhammet pygamber (s.a.w) aýdan, ýagny, bir adam il içinde ýaramaz ýol goýup gitse (mysal, çilimkeşligi ýa neşekeşligi öwredip giden bolsa, ondanam wagtyñ geçmegi bilen müñlerçe adam çilimkeş ýa-da neşekeş bolan bolsa) neşekeşleriñ ählisiniñ günäsi şol öwredip gideniñ gerdenine düşer, ýöne şol neşeleri öwrenip, olar bilen meşgul bolan adamlaryñ hem neşe edeni üçin günäsi boýnundan aýrylmaz. Eger-de bir adam ýagşy işi ýola goýup gitse (ýagny, bir kişä ýa-da birnäçe adama ýagşy iş öwretse, olardan ýüz-ýüzlerçe adam şol ýagşy işi öwrenseler) şolaryñ barynyñ sogaplary şol ýagşylyk öwredene barar durar, ýagny, ýagşy iş edenleriñ sogany hem onuñ yzyndan barar durar, şol wagtyñ özünde eden ýagşylyklarynyñ sogaby ýagşylyk eden adamlaryñ özüne-de barar durar diýip aýdar eken. Sözümiñ ahyrynda şu hadysyñ manysy barada oýlanyp, oñat amal etjek bolalyñ diýesim gelýär. Her birimiz ýaman ýol goýup günä gazanman, ozal özümiz ýagşylyk edeliñ, onsoñ ile öwredeliñ, şeýdibem yzymyzdan alkyş baryp durar ýaly, her birimiz şu jahanda ýagşy ýol goýjak bolalyñ. Şeýle etsek, Alla Tagala-da, il-günem, halkymyzam, geljek nesilem bizden razy bolar. Şeýlelikde, bu dünýäde ýagşylykda ýatlanarys, ahyretde bolsa jaýymyz jennet bolar, şeýdibem Alla Tagala kabul kylsa, iki dünýäde-de iñ bagtly ynsanlardan bolarys, enşe Alla! Hezretguly HANOW, Aşgabat şäheriniñ baş ymamy. "Watan" gazeti, 01.09.1994 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |