14:47 Ýakyn Gündogardaky konflikti-de unutmañ! | |
ÝAKYN GÜNDOGARDAKY KONFLIKTI-DE UNUTMAÑ!
Publisistika
Ukrainada parahatçylygyñ bolmagyny umyt edýärin. Şol sanda Ýakyn Gündogarda kömege mätäç millionlarça adamyñ bardygyny-da unudyp bolmaz On bir ýyllap dowam eden Siriýa uruşynda iñ agyr hüjümleriñ holan Idlib şäherinde bomba düşüp ýumrulan binanyñ diwarynyñ ýüzüne Ukraina kömek maksatly surat çeken siriýalylar (Surat: Omar Haj Kaodur) Ukrainadaky uruşyñ geostrategiki we global ykdysady täsirlerine dahylly birnäçe analizleri okadym. Ýöne gynansak-da, Ukraina konfliktiniñ Ýakyn Gündogardaky, aýratynam Siriýadaky we Ýemendäki bosgunlaryñ we göçegçileriñ üstündäki oñaýsyz täsirleri boýunça şindize çenli düýpli çekişme ýok. BMG Gündogar Ýewropa ýurtlaryna 370 müñe golaý ukrainalynyñ sygynandygyny aýdýar. Şol sebäpli beýleki uruşlardaky bosgunlaryñ ýagdaýynda bolşy ýaly bu bendeleriñem ýardama mätäçligi bolar. Ukraina konfliktiniñ öñüsyrasynda gumanitar kömek üçin pul geçirýän ýurtlaryñ býužeti Siriýadaky we Ýemendäki konfliktler üçin ýeterlik däldi. Häzir şol gysby býužetler bilen ukrainaly bosgunlara kömek edilmegine garaşylýar. Ideal dünýäde ABŞ we beýleki ýurtrlar gumanitar kömek üçin aýran býužetlerini ep-esli artyrmaly bolarlar. Emma gumanitar kömek üçin has köp gor tapylaýan ýagdaýynda-da bu ýardamlar has beter mätäçligi bolan siriýalylara ýa-da ýemenlilere däl-de, ukrainaly bosgunlara gider. Bu babatda Germaniýa iñ gowy mysal. Idlib ýaly siriýaly bosgunlaryñ we ýer-ýurdundan juda düşen adamlaryñ bolan ýerlerine gumanitar kömek ugratmak üçin geçen ýylyñ mart aýynda geçirilen halkara konferensiýada iñ kömek kömek beren ýurt Germaniýa boldy. Germaniýanyñ bir özi konferensiýanyñ jemi gorunyñ üçden birine golaý 1,74 milliard dollar kömek etjekdigini aýtdy. Bu borçlanma ABŞ-nyñ borçlanmasynyñ üç essesidi. Haýyr-sahawat guramalary 10 milliard dollara zerurlyk duýuljakdygyny aýtdylar, ýöne zordan 6 milliard dollar toplandy. Geçen şenbe güni nemes hökümeti Russiýanyñ Ukrainany okkupirlemegine jogap edip, 2022-nji ýylda 53 milliard euro möçberindäki harajat meýilnamasyny 100 milliarda çykarjakdygyny mälim etdi. Munuñ bilen birlikde nemes ykdysadyýeti energetika üçin has gymmat bahadan töleg geçirmeli bolar. Şeýle-de Ýakyn Gündogara gönükdirilen gumanitar kömekleri artdyrmak boýunça 2022-nji ýylda ep-esli mukdarda täze gor tapmagy mümkin däl. Ukraina konflikti gumanitar kömek üçin pul geçirýänleriñ Ýakyn Gündogara gönükdiren täze çeşmelerini çäklendirmek bilen bir hatarda dünýä derejesinde-de azyk önümleriniñ bahasyny gymmatlamagyna getirer. Netijede 2022-nji ýylda euro ýa-da dollar bilen 2020-nji ýa-da 2021-nji ýyldakysyndan has az iýmit alynar. BMG-nyñ baş sekretarynyñ Siriýa boýunça ýörite wekili Geýr Otto Pedersen dekabr aýynda 12 milliondan gowrak siriýalynyñ azyk tapmakda kynçylyk çekendigini, ençeme çaganyñ Idlibdäki Lagerfeld doñup ölendigini aýtdy. Şeýle hem BMG 16 milliondan gowrak ýemenliniñ açlyk howpy bilen ýüzbe-ýüz bolandygy maglumatyny hem berdi. Azyk önümleriniñ gymmatlamagy bosgun bolmasa-da cöküşden awunyp duran millionlarça liwanly üçinem eýmendiriji howp bolar. Ahyrynda bosgunlaryñ we ýer-ýurdundan jyda düşürilenleriñ meselelerine diñe iñ baý döwletlerin kömegi bilen durmuşa geçiriljek täzeden gurnama we parahatçylyk şertnamalary arkaly çözgüt tapyp bolar. Şu babatda Ukraina konflikti muny hiçem añsatlaşdyrmaz. Galyberse-de, Waşington we onuñ ýaranlary bilen Moskwanyñ arasyndaky gatnaşyklar soñky kyrk ýylyñ iñ ýaramaz wagtlaryny başdan geçirýär. Waşington we onuñ ýaranlary rus ykdysadyýetine agyr zarbalar ursa, öz gezeginde Ýakyn Gündogardaky durnuksyzlygam Moskwanyñ eline Günbataryñ bähbitlerine zarba urma mümkinçiligini berer. Günbataryñ gowşak ýerleriniñ birem Siriýada we Liwiýada ýer-ýurdundan jyda düşürilenleriñ bolýan ýerleridir. Meselem Putin Idlibde Türkiýeden serhet açyp gelen kömege mätäç millionlarça raýatyñ bu gözgyny ýagdaýyndan nähili peýdalanjakdygynyñ üstünde durlup geçiler. Putin BMG-nyñ Howpsuzlyk geñeşi bu haýyr-sahawat kanalyny dört aýyñ içinde täzelemegini oýlanyp-ölçerip ýörkä, wetosynyñ Türkiýäniñ we Ýewropanyñ garşysynda artykmaçlykdygyny bilýär. Şol bir görnüşde Liwiýadaky syýasy prosesem dürli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz ýagdaýda. Tripolidäki BMG-nyñ hemaýatkärligindäki hökümet bilen Russiýanyñ ýarany Marşal Hafteriñ arasynda täze çaknyşyk howpy bar. Täze uruş ruslaryñ peýdasyna iki ýagdaýda hyzmat edip biler: Ilkinji bolup Liwiýadan Ýewropa bosgun akymlaryna sebäp bolmagy mümkin. Ikinji bolubam ýewropa bazarlarynda rus energetikasynyñ ýerini tutjak Liwiýa nebit pudagynyñ ösüşini haýallatmagy mümkin. Beýleki tarapdan Russiýa Ýakyn Gündogardan Ýewropa tarap has köp bosgun ugratmaga jan etse, Ýewropa ýurtlary esasy ünsüni ukrainaly bosgunlara berer. Birnäçe günbatarly sfera özlerine aýratyn simpatiýa duýulan yrakly kürt bosgunlar bilen geçen güýzde Ýewropa aralaşmaga synanyşanda Polşa tokaýlarynyñ gapylarynyñ ýapylandygyny gördüler. Ukrainada parahatçylygyñ bolmagyny umyt edýärin. Şol sanda Ýakyn Gündogarda kömege mätäç millionlarça adamyñ bardygyny-da unudyp bolmaz. Robert FORD, ABŞ-nyñ Siriýadaky öñki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi. 04.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |