16:55 Ýalan, ýalan, ýalan! | |
ÝALAN, ÝALAN, ÝALAN!
Pedagogika we edep-terbiýe
"Eý möminler! Neçün etmedik işleriñizi etdik diýip aýdýarsyñyz? Etmejek işiñizi aýtmak Allanyñ gatynda halanylmaýar". "Gurhan". Allanyñ Resulyna salawat we salam bolsun, bir gün sorapdyrlar: - Musulman husyt bolup bilermi? - Hawa, bolup biler. - Ýalta bolup bilermi? - Hawa, bolup biler. - Eýse, ýalançy bolup bilermi? - Ýok, asla bolup bilmez! Bu hadys bize Ahmet ibn Muhammet ibn Ahmetden, oña Ahmet ibn Seýitden, oña Ubeýdulla ibn Ýahýadan, oña kakasyndan, onuñ kakasyna Mälik ibn Enesden, oña-da Safwan ibn Süleýmden rowaýat edilipdir. Hut şolar ýaly rawylar zynjyry arkaly rowaýat edilen başga bir hadysda Allanyñ Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: - Ýalanda haýyr we gowulyk ýok. Mälik ibn Enesden gaýdýan rawylar zynjyry arkaly aýdylýan ýene bir hadysda, ol hem Ibni Abbasdan rowaýat edip şeýle diýipdir: - Adam ýalan sözlemegi pişe edinse, onuñ kalbynda gara tegmiller emele geler, şeýdibem onuñ kalby ymykly garalar we Allanyñ nezdine onuñ ady ýalançylaryñ hataryna ýazylar. Ibni Mesutda-da şeýle hadys bar: - Dogrulykdan aýrylmañ. Çünki dogrulyk gowulyga, gowulygam jennete äkidýär. Ýalandan saklanyñ. Çünki ýalan pyssy-pyjurlyga, pyssy-pyjurlygam jähenneme äkidýär. Ýene bir hadysda şeýle diýilýär: Bir adam Pygamberimiziñ ýanyna gelip, şeýle diýipdir: - Ýa Resulalla! Meniñ üç pişäm bar: içgi, zyna we ýalan. Indi maña aýt, men şularyñ haýsysyny taşlaýyn? Allanyñ Resuly (s.a.w): - Ýalany taşla - diýip jogap beripdir. Şondan soñ ol adam öz ýoluna gidipdir. Biraz wagt geçensoñ onuñ zyna edesi gelipdir. Emma bir pursat oýlanyp, öz-özüne: "Ýene bir gün pygamberiñ huzuryna gitmeli bolaryn. Şonda ol maña zyna edip-etmändigimi sorar. Menem edendigimi boýun alsam, zynanyñ jezasyny berer. "Ýok, edemok" diýsemem ýalan sözledigim bolar" diýdi. Şeýdibem ol zynadan el çekdi. Içgi babatda-da şeýle ýagdaý gaýtalandy. Soñra ol bir gün Pygamberiniziñ (s.a.w) huzuryna gitdi: - Eý Allanyñ Resuly, hemmesini taşlandyryn! Hakykatdanam, ýalan hemme erbetlikleriñ sakasy, ol hemme ýaramaz gylyklary, Eziz we Jelil bolan Allatagalanyñ lagnatyny öz içine alýan eken. * * * ■ Ýalan barada aýdylan sözlerden: "Ynam edip bolmaýan adamyñ imany ýokdur". (Hezreti Ebu Bekir). "Ýalandan we hyýanatdan başga ähli ýaramaz gylyklar adamyñ tebigatynda bardyr" (Ibni Mesut)* _______________________________ * Ibni Hazm / "Gögerçin gerdanlygy" Ryza Tekin UGUREL. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |