11:07 "Alma mazlumyñ ahyny, çykar aheste-aheste!" | |
"ALMA MAZLUMYÑ AHYNY, ÇYKAR AHESTE-AHESTE!"
Geň-taňsy wakalar
On altynjy Osmanly türkmen patyşasy Osman II tagta çykanda agasynyñ tussaglykda saklanýan ogly Mustapa I-niñ doganlaryna hiç zat diýmändi, ol dogan öldürme däbine rugsat berýän kanunnamanyñ talaplaryny ýerine ýetirmändi. Emma Polşa ýörişine çykanda özünden birnäçe aý kiçi jigisi Şazada Mämmedi gelejekde özüne bäsdeş bolar gorkusy bilen 1612-nji ýylda öldürdipdir. Baş müfti Esad ependi dogan öldürme däbini kanunylaşdyrmak üçin talap edilen fetwany bermändir. Emma müftiniñ kürsüsine öñden bäri göz dikip ýören Rumeli goşun kazysy Kemaleddin ependi bolsa patyşanyñ islegini derhal ýerine ýetiripdir. Keç ykbally şazada Mämmet özüni öldürmek üçin okdurylyp gelýän gözi ganly jellatlaryñ garşysynda durka: — Osman, Allatagaladan dilegim, ömrüñden we soltanlygyñdan jyda düş!.. Meni nädip öldürtseñ, seni-de şeýdip öldürsinler!" - diýip, nalyş edipdir." Wagt geçipdir. Kim bilýär, belki-de şazada Mämmediñ gargyşy tutandyr. Ýanyçarlaryñ turzan gozgalañy netijesinde Soltan Osman II edil Mämmediñ ölmi ýaly ölüme uçrap, bakyýete göç etmeli bolupdyr. Atalar sözünde: "Alma mazlumyñ ahyny, çykar aheste-aheste!"* diýip, ýöne ýere aýdylmandyr. Ryza Tekin UGUREL. ____________________________ * "Alma mazlumyñ ahyny, çykar aheste-aheste!" - ýagny, "Mazlumyñ (ejiziñ) zaryny alma, zarladyp özüñden çykar". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |