16:11 Kasas kyýamata galmaz | |
KASAS KYÝAMATA GALMAZ
Geň-taňsy wakalar
Osmanly türkmen imperiýasynyñ möhüm döwlet işgärlerinden Garamany Piri Mämmet paşa Ýowuz Selimiñ we Kanuny Soltan Süleýmanyñ döwründe bäş ýyla golaý wagt baş wezir wezipesinde ak ýürekden işländigi üçin iki patyşanyñam ynamyna girip ygtybarly döwlet işgärine öwrülipdir. Emma Garamany Piri Mämmediñ ýeten derejesini we ygtybarlylygyny görübilmedik duşmanlary ahyrynda ony hiç bir sebäpsiz Kanuny Süleýmana öldürtmegi başarypdyrlar. Onuñ garşydaşlarynyñ başyny çekýän Makbul Ybraýym paşa Piri paşanyñ ýerine baş wezir bolupdyr. Emma ol Piri paşadan öler ýaly gorkupdyr, şonuñ üçinem ol Piri paşanyñ ogly Edine kazysy Mämmet ependini wezipe we ep-esli pul wada berip aldawa düşürýär. Netijede Mämmet ependi gepe gidip öz kakasynyñ ganyna galýar. Öz kakasynyñ gandary Mämmet ependi bu wakanyñ üstünden bir aý töweregi geçensoñ bir gün oduñ başynda otyrka uka gidipdir. Ojakdaky otdan etegine syçran ýekeje uçgun onuñ ýanyp kül bolmagyna sebäp bolýar. Kän wagt geçmänkä Baş wezir Ybraýym paşa hem Kanuny Süleýman tarapyndan bogdurylyp "makbul" ady "maktula" öwrülýär. Ynha, "Kasas kyýamata galmaz" diýen nakylyñ dogrudugyna taryhdan iñ bir janly mysal hem şu bolsa gerek! Ryza Tekin UGUREL. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |