12:58 Ýalançy-ýalynjañ | |
ÝALANÇY-ÝALYNJAÑ
Gündelik durmuşymyzda ýalançylardan we ýarañjañlardan köp zat ýok. Olara diñe dünýewileşen adamlar bil baglaýar. Ýogsam bolmasa, bular barada öñ aýdylan şeýle duýduryşlar bar-a: "Ýalandan gaçyñ!" ("Haj" süresi, 30) "Ýalançylara we ýallakçylara boýun egme, olaryñ yzyndanam gitme. Ýalandan gaçyñ, çünki ýalan adamy erbetlige, erbetligem jähenneme eltýär". (Hadysdan). "Ýalan söz diñlemek gaýnag suw içen ýalydyr". "Ýalanyñ müñ ýüzi bar, hemmesi-de nikaplydyr". "Ýalançynyñ we ýaranjañyñ oñarýan iki işi: boýundan uly wadalary bermek we ötünç soramakdyr". Ýalançylar we ýallakçylar üçin aýdylan sözler, bulardan nämüçin daş durmalydygyny görkezýär. Çünki ýalançylaryñ tormozy hiç wagt tutmaýar, ýallakçy-ýaranjañlaryñam hiç energiýasy gutarmaýar. Emma, her ýagdaýda bular hemişe goralyp gelinýär, idi-issiwat edilýär. Bular parazit gurçuk ýaly bolup, adamlary aldamaga, ezmäge dyrjaşýar we howandarlary tarapyndan gorag astyna alynýar. Ýalan sözläp bilýänleriñ adam saýylmagy, agzyny ýumup oturyp bilmeýän ýallakçylaryñam ýolbaşçy wezipelere bellenmegi, şol jemgyýetiñ degerenatlaşmagyna (bozulmagyna) getirýär. Çünki ýallakçylyk we ýalançylyk ýurduñ başyna bela getirýär. Häzir akylly-başly adamlar ýolbaşçy wezipelerden daşlaşdyrylýar, ýalançylara we ýallakçylara bolsa giñ ýol açylýar. Şeýdilýän ýurtda döwlet mehanizmi işlemeýär. Ýalançylar we ýallakçylar eýeleýän wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanýarlar, özem şeýdenlerinde "Allanyñ razylygy üçin" sözüni galkan edip ulanýarlar. Ýogsam bolmasa, ýallakçylaryñ kyblasy bolmasa näme! Olar nirde güýçlini görse, şol gören ýerinde şoña sežde edýär. Şonuñ üçinem bulara bil baglap bolmaýar. Bähbidi üçin harama halal, halala haram diýer, aga gara, gara-da ak diýer. Muña garamazdan, köplenç basgançaklary aşyp, uly üstünliklere ýetmegi başarýarlar. Bularyñ käbirleri ministr, käbirleri häkim, käbirleri ilçi, käbirleri deputat, käbirleri rektor we dekan, käbirleri-de howadan aýlyk almak üçin ýokary dyrmaşýarlar. Bulary elmydama goraýanlar bar. Çünki goraýanlaram diñe şularyñ alkyşlary bilen wezipesinde uzak oturyp bilýärler. Munuñ mysallaryny näçe diýseñ berip oturmaly. Muña garamazdan adamlar şular ýaly mahluklara ynanýarlar. Bular ýalylara güler ýüz berseñiz, ahyretiñi öz eliñiz bilen ýakarsyñyz. Çünki: Ýallakçyda wepa-da ýok, namys-da, Ne öýüne bar oñ, ne dur ýanynda! Ýalana werzişlik we ýallakçylyk adamyñ adamçylyk derejesini nola düşürýär. Çünki olaryñ görnüşleri we berýän wadalary ýalan. Olaryñ yzynda galjak zat ýok. Diñe özleri üçin ýaşaýarlar. Eýelän wezipesinden peýdalanyp, mümkin boldugyndan ogurlaýarlar. Ýöne bularyñ ömri gysga bolýar. Her döwür çalşanda, wezipelerinden kowulýarlar. Ymam Şapygy şeýle diýipdir: "Ýalan ynamy we howpsuzlygy, asudalygy we ygtybarlylygy ýok edýär". Ýalan we ýallakçylyk ähli erbetligiñ sakasydyr. Bularda wyždan bolmaýar. Çünki wyždan hakykaty görkezýär we hakykatyñ aýnasydyr. Şeýle aýna ýalançylarda we ýallakçylarda ýok. Bular ýaşamak üçin däl-de, ýykmak üçin bar. Bulary gowy tanamaly we olara asla mümkinçilik bermeli däl. "Ýalançynyñ şemi ýassa cenli ýanar" we söner. Ýallakçynyñam batyrgaýlygy çalt soñlanýar. Netijede şeýle diýmeli bolýarys: Ýalançydan uzak durmak siziñ sag-salamatlygyñyz üçin gerek. Ýallakçylaryñ sözlerine ynanaýma, olaryñ bar aýdýan sözleri öz şahsy bähbitlerine gönükdirlendir. Ýalan adamlary hemişe ýalñyşa iterýär, weýrançylyklara sebäp bolýar. Ýallakçylara-da güler ýüz berme. Olar halkyñ däl-de, diñe özleriniñ gaýgysynda gezýär. Ýalançy şol bir wagtyñ özünde ýallakçydyr, bulara bil baglanmaýar. Ýalan sözleýänler we ýallakçylyk edýänler diñe özleriniñ bähbidi üçin ylgaýar, adamlary ezýär halkyñ peýdasy üçin ýatan çöpü-de galdyrmaýar. Bular bilen diñe özlerine alkyş okatmak isleýänler iş salyşýar, çünki ýalançylaryñ we ýallakçylaryñ öwgüsinden ýaña başlary aýlanyp, hondanbärsiräp başlaýarlar. Sag-salamatlykda galyñ. Ismail MÜFTÜOGLY. Türkiýäniñ öñki ýustisiýa ministri. 26.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |