12:03 Ýanyp duran zehindi | |
ÝANYP DURAN ZEHINDI
Ýatlamalar
Ykbal meni Nury bilen has ir, dogrusy, çagalyk ýyllary dostlaşdyrdy. 50-nji ýyllardy. Ol Aşgabadyň çagalar öýünden, Baýramalydaky çagalar öýüne geçirildi. Biziňem gününi ýeter-ýetmez dolaýan maşgalamyz bardy. Menem şol döwür Baýramalydaky çagalar öýüniň ýanyndaky sazçylyk mekdebine okamaga geldim. Saz ugrundan Olga Alekseýewna Kriwçenko atly ýekejemugallymy bardy. Nury dagymyz şonuň elinde okapdyk. Ol menden birki klas ýokarydy. Ýadyma düşýär: Nury oglanka-da gaty ýüregi ýukady, töweregine hiç abyr-zabyry bolmazdy, bir döwüm çöregini oglanlar bilen deň paýlaşyp iýerdi. Ýöne onuň tebigy zehinliligi şol wagtdan bildirýärdi, ol bize görä has ekabyrdy... Ol 1958-nji ýylda Moskwa konserwatoriýasyna okuwa girdi. Menem yzysüre şol ýere bardym. Oglanlykdaky gatnaşyklarymyz studentlik gatnaşyklarymyz bilen has-da jebisleşdi... Nury biziň içimizden atylyp orta çykdy, onuň saz sungatyna gelmegi uly ýarylyş boldy. Ol eýýäm konserwatoriýanyň üçünji kursunda okap ýörkä, kinorežissýor Bulat Mansurow bilen tirkeşip, “Şükür bagşy” çeper filmine saz ýazdy. Dogrusy, onuň zehininiň galkynmagynyň töweregindäkileriň täsiri hem uly boldy. “Aýgytly ädim”, “Şükür bagşy” – bular güýçli çeper filmler, ýöne Nury Halmämmedowyň sazy bolmadyk bolsa, olar şeýle beýiklige ýetip bilmezdi. Nury her bir hereketiň, her bir gahrymanyň ýüregini saza geçirip bilýän ussatdy. Onuň şeýle häsiýeti bardy: saz başlansa, töwerek bilen işi bolmaz, dünýäni unudar. Diňe guýmagursak zehinliler şeýle derejede ýüregi bilen berlip bilýär. Nuryny Nury Halmämmet eden sazlar haýsy diýip, onuň döredijiligini böljek gumanyň ýok, asyl plan sazy bolmandyr diýip bilmersiň... onuň fortepiano üçin ýazan sazlary hem üýtgeşik: “Türkmenistan” simfoniki şekilleri atly, Birinji simfoniýasy, romanslary diýjekmiň, haýsysyny agzasaň bary kämil. Ýöne onuň “Aýgytly ädimdäki” sazlary kino sungaty üçin uly etap! Nury Halmämmedowyň sazlary, iň uly belentlikleriniň biri, munuň özi, megerem, halkyň milliligi bilen aýrylmaz baglanyşyklylygydyr. Ol türkmen kompozitorlarynyň içinde milliligi berip bilmekde, dutaryň inçe öwrümlerini, heňlerini alyp bilmekde birinjidir diýsek ýalňyşmarys... Hawa, fortepianoda türkmen halkynyň ýüregi türkmençe gürsüldärdi, şeýle ussatlygy halkyna ýakyn kompozitor başaryp biler... Nury Halmämmedowyň sazlaryny diňleýäň welin, halkyň durmuş ahwalatlarynyň daşky täsirleri-de, onuň asyrlar boýy akaba ýasan milliliginiň köki-damary-da göz öňüňde janlanýar. Çary NURYMOW, Kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |