07:29 Ýatda galan ýakymly duşuşyk | |
ÝATDA GALAN ÝAKYMLY DUŞUŞYK
Ýatlamalar
Geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynyň çatrygynda Türkmen oba hojalyk institutynyň ykdysadyýet fakultetinde okaýardym. Aşgabadyň öňki "8-nji mart" kinoteatrynyň ilerisindäki ýaşaýyş jaý toplumynda Alty atly kursdaş dostum ýaşaýardy. Günleriň birinde ol meni myhmançylyga çagyrdy. Howlynyň içindäki üzümli dalbaryň aşagynda dynç almak, çaý-nahar edinmek üçin gurulan teläriň aşagynda tagtadan gurulan pessejik ýerde haly, keçe, düşekçe ýazylgydy, per ýassyk goýulgydy. Şol ýerde oturmak üçin maňa hormat bilen orun görkezildi. Miiweli baglaryň çetinde kiçiräjik penjireli jaý beýleki binalardan mesaňa saýlanyp durdy. Heniz desterhan ýazylmanka oturan ýerimdäki üýşmek bolup duran gazet-jurnallara gümra bolup oturşyma eli saralyp giden kitaply ýaşulynyň gelendigini hem duýmandyryn. Salam-helikden soňra biz mesawy söhbete başladyk. Yaşulyny ogryn synlap oturyşyma megerem mugallym bolsa gerek diýip çakladym. Söhbetdeşlikde men oňa gazetleriň birinde terjime eden çaklaňja eserimiň çap edilenini höwes bilen gürrüň berdim. - Terjime işi bilen meşgul bolmak ýeňil-ä däldir. Türkmen dili gaty baý bolansoň başga bir dile terjime edilende kynçylyk ýüze çykýar—diýdi-de birnäçe mysallary getirdi. Maňa-da “Doganlary Akpamygy keýigiň ýiligi bilen ekläpdirler”, “Gaba telpekli adam geldi”, “Sapar aganyň düýesi botlan ekeni” ýaly birnäçe sözlemi terjime edip gelmegi teklip edende ony höwes bilen kabul etdim. Soňky gezek Meret aga bilen bolan duşuşygymyzda şol sözlemleri terjime etmek üçin sözlükleri agtamaly bolandygymy aýdanymda ol “loh-loh” edip güldi. Soň ol maňa terjime eden kitabynyň birini sowgat berdi. Ol ýazyjy W.Ýanyň “Çingizhan” atly kitabydy. Şonda men söhbetdeşimiň ussat terjimeçi Meret Sopyýewdigini bilip galdym. 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan, Türkmen döwlet neşirýatynda terjimeçi bolup işlän, SSSR Ýazyjylar birleşiginiň hormatly agzasy terjimeçi Meret Sopyýewiň A.S.Puşkiniň "Dubrowskiý, "Belkiniň powestleri", M.Lermontowyň "Biziň zamanamyzyň gahrymanlary", M.Gorkiniň "Çelkaş", "Amerika hakdaky oçerkler", L.Tolstoýyň, "Uruş we parahatçylyk", "Anna Karenina", W.Ýanyň "Çingiz han" ýaly uly göwrümli eserlerini türkmen diline terjime edendigini biziň döwürdeşlerimizden bilmeýäni ýokdy. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |