ÝAZYJY, FOLKLORÇY ALYM, AJAÝYP YNSAN NURY SEÝIDOW aradan çykdy
Şahyr aýtmyşlaýyn, "bu dünýä bir kerwensaraý". Bu kerwensaraýda kimler goş ýazdyryp geçmedi. Bizler hem öz bir gezegimizde säginen ýaly edip, hiç gelmedik ýaly geçer gideris. Bizden soñkular üçinem bu ýazylmadyk we üýtgewsiz kanun şo-ol dowam eder durar. Tä kyýamat-ahyra çenli...
Ýazyjy Ylýas Amangeldiñ "Üç nokadyñ biri" romanynda ýokarda aýdanyma meñzeş: "...Ölenler ýer bilen onuñ aşagynda aýlanyp dur, diriler üstünde. Mundan on asyr öñem şeýdip aýlanypdyr, kyýamatahyr gopaýmasa, ýene on asyrdanam dünýe şeýder aýlanar durar..." diýen jümle bardy.
Adam başy ölümli. Mukaddes "Gurhanda" aýdylyşy ýaly: "Her janly-jandar ölümden datmalydyr!". Ha alym bol, ha zalym, kim bolsagam, hemmämiz öz wagty-sagady gelende "penjiresiz-gapysyz mekana" hemişelik göçüp gitmeli.
Ölüm ajy. Ol hiç kime-de ýeñil däldir. Adam bolan adamyñ ölümi isleseñ-isleseñ, ýokardaky hakykaty bilseñ-bilmeseñ onuñ ýakynlaryny, dost-ýarlaryny... az ýa-da köp derejede gynanja bogýar. Ömri, eden we edýän işleri bilen ile-güne peýda getirýän adamlaryñ ölümi bolsa, diñe bir ýakyn hossarlaryny, tanyş-bilişlerini däl, tutuş jemgyýeti-de çuññur gynanja batyryp bilýär. Ölümiñ haklygyna, kim bolsañam bir gün ölmelidigine hernäçe düşünip duranam bolsak, şeýle ogullaryñ mümkingadar köp ýaşamaklaryny isleýärsiñ. Çünki, olaryñ jany sagka, başy dikkä ylym üçin halk üçin, ýurt üçin edýän işleriniñ hiç kesilmezligini isleýäris. Beýle adamlaryñ ösüp ýetişmegi, kemala ermegi üçin tutuş bir ömür gerek, är ömri gerek. Azyndan ýarym asyr gerek! Belkäm, şonuñ üçindir il-gün üçin, nesilleriñ ylymly-bilimli bolmagy üçin ömrüni, zähmetini bagyş eden ynsanlar 90-100 ýaşap ýogalanda-da olaryñ öwezini dolup bolanok. Ynha, dek ýañy 2018-nji ýylyñ 9-njy dekabrynda bary-ýogy kyrk ýedi ýaşynda aramyzdan bimahal sogrulyp giden Nury Seýidow hem şeýle adamlaryñ biri...
■ Nury Seýidow 1970-nji ýylyñ 16-njy ýanwarynda Daşoguz welaýatynyñ Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda (şol wagtky Köneürgenç etrabynyñ Leningrad kolhozy) doguldy.
Nury aganyñ kitapcylar.ml edebi-çeper we taryh saýtymyza agza bolup döredijilik mirasyndan okyjylarymyz bilen paýlaşyp, şeýle-de awtorlarymyza degerli maslahatlaryny berip durany ýañy ýalydy. 2018-nji ýylyñ awgust aýynda @Edebiyatcy5066 at bilen agza bolan awtoryñ Nury Seýidowdygyny bilenimizde saýtyñ awtorlar kollegiýasynyñ begenjiniñ çägi bolmandy. Dürli temada ýazylan gymmatly makalalary, halk döredijiliginden nusgalar, dessanlar bilen kitapcylar.ml saýtyny bezän Nury aganyñ adyny öñler daş gulakdan eşitsemem, tanamokdym diýen ýalydy. Haçan-da Ylymlar akademiýasynyñ golýazmalar, dil-edebiýat, taryh institutlarynyñ taýýarlan kitaplarynyñ elektron görnüşleri "elime düşende", Nury aganyñ beýleki alymlardan köp bolmasa az işler etmändigine göz ýetirip häzirki wagta çenli şeýle ajaýyp ynsany tanamandygyma öz-özüme nebsim agyrdy.
Bu ajy şum habary eşdenimde ynanjagmy-ynanmajagmy bilmän kän oýurganyp durdum. Göýä golýazmalar institutynyñ töwereginde hellewleşip duran agaçlar başyma ýykylan ýaly boldy. Derhal saýta girip, Nury aganyñ profiline seredenimi duýman galypdyryn. Seretsem, Nury aga 2018-nji ýylyñ 8-nji dekabrynda sagat 17:49-da iñ soñky gezek saýta girip çykan eken. Aýyñ 12-si güni eşdilen bu ýakymsyz habara hiç ynanasym gelmedi. Hatda onuñ elektron poçtasyna "Nury aga, barmysyñyz?" diýibem ýazdym. Şol gün Allatagaladan ýeke-täk dilegim onuñ elektron poçtasyndan "How, inim?!" diýip jogap gelmegidi. Näçe islesem-de ne habar geldi, ne hatyr... Ussat Gurbannazaryñ:
"Sen-ä gelip, maña azar bersediñ,
Menem şu goşgyny ýazman geçsedim."
diýşi ýaly, näler şu gynanç makalasyny ýazasym gelmese-de, diýdimzor pelek eýýam öz işini edip dynan eken... Nury aganyñ aramyzdan bimahal gitmegi şundan artyk söz ýazmagyma mümkinçilik berenok. Gysga wagtlyk tanyşlygyñ dowamynda ahmyr we gussa çaýylanam bolsa, şeýlekin ýakymly ýatlamalary döredip bilen ajaýyp ynsan, Nury aganyñ ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!
Nury aga, Siziñ galdyryp giden döredijilik mirasyñyz elmydama saýtymyzyñ törüni bezär durar! Siziñ saýtdaky ornuñyzy, agramyñyzy welin, hiç kim dolduryp bilmez! Ylymlar akademiýasynyñ ähli kollegiýasyna, döredijilik intelligensiýasyna, Nury aganyñ maşgala agzalaryna we dost-ýarlaryna Beýik Biribardan sabyr-kanagat dileýäris.
Hormatlamak bilen: @Kitapçylar.
Edebiýat täzelikleri