00:07 Ýazyjyny ýatlap / Berdinazar Hudaýnazarow barada | |
ÝAZYJYNY ÝATLAP...
Ýatlamalar
1988-nji ýyl. Täze ýylyň yz ýanydy. Sarahsdan Aşgabada gezelenje bardym. Döredijilik bilen gyzyklanýan dostum Esen Nazarow maňa ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarowyň öýüne gitmekçidigini aýtdy-da, meniň hem özi bilen bile gitmegimi teklip etdi. Döredijilik bilen azda-kände gyzyklanamsoň, onuň teklibi bilen bada-bat razylaşdym. Meşhur ýazyjy, ussat şahyr bilen görşüp, birsalym mesawy gürleşip oturmaklygyň özi-de biz üçin uly bagtdy. Esen ikimiz tirkeşip, Aşgabat şäheriniň gündogarynda ýaşaýan ýazyjynyň öýüne bardyk. Bizi iç işikde Berdinazar aganyň maşgalasy ýazyjy Ogultäç Orazberdiýewa garşylady. Ol Eseniň obadaşy eken. Bize: «Geçiberiň, ýaşuly içki otagdadyr» diýip, mylaýymlyk bilen ýüzlendi. Berdinazar aga bizi güler ýüz bilen mähirli garşylady. Daşyndan göräýmäge agras adama meňzese-de, ol örän degişgen eken. Biz onuň bilen gök çaýyň başynda iki sagat töweregi mesawy gürrüň edip oturdyk. Ol edebiýatyň meseleleri barada gyzykly gürrüňler berdi. Ýaş ýazyjy-şahyrlaryň öňünde durýan meseleler, olaryň çözgütleri hakynda birnäçe zatlary aýtdy. Şol wagt Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygy wezipesinde işleýän Berdinazar Hudaýnazarowyň öz kitaplaryndaky gahrymanlar ýaly beýik adamkärçiligine, kiçigöwünliligine haýran galdym. Berdinazar aga bilen sagbollaşyp gaýdanymyzdan soňam ýazyjy bilen bolan gürrüňdeşligiň täsirinden çykyp bilmedim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |