"ÝER TITREMESINIÑ HEKAÝATLARY"
Tebigy hadysalaryñ içinde ýer titreme hadysasy ýaly gorkunç hadysa ýok bolsa gerek. Bu tebigy hadysa seýrek bolýanam bolsa adamzat durmuşynda çuñ ýara yzlaryny döredýär. Bu ýaranyñ azaryndan edebiýat durmuşy hem çetde galmaýar.
Ynha, edebiýatçy Kadyr Ýükseliñ türk edebiýatynyñ görnükli prozaçylarynyñ hekaýalaryndan jemlän "Fay Boşluğu” (faý - türkmen diline geçirende "jaýryk, ýarçyk" diýen ýaly manylary berse-de, kitabyñ adyny dogry manyda türkmençä geçirip bilmedik) atly hekaýalar ýygyndysy-da şol tebigy ýara bolan ýer titreme hadysalaryndan we onuñ adamzadyñ başyna inende ýetirýän dramatiki täsirleri barada söz açýan hekaýalardan ybarat. Kitaby "Alakarga Kitap" neşirýaty neşir edipdir.
Ýer titremeden öñ, ýer titreme wagty we ýer titremeden soñky ajy pursatlary janlandyrýan kyssalar kitapda yzygiderlilikde ýerleşdirilipdir. Jemgyýetimizi, okyjylar köpçüligini bolup biläýjek her dürli tebigy hadysalaryñ garşysynda sowukganly hereket etmäge, ruhubelentlige we beýleki asylly adamkärçilik ýörelgelerine çagyrýan bu kitapda Nezihe Meriç, Muzaffer Izgü, Tomris Uýar, Özen Ýula, Hakan Byçakcy, Halikarnas Balykçysy, Onat Bahadyr, Gülseren Engin, Eziz Nesin, Karin Karakaşly, Fahri Erdinç, Bilgin Adaly, Aly Balkyz, Ömer Seyfetdin, Samim Kojagöz, Ahmet Hamdi Tanpynar, Baryş Byçakçy, Sulhi Dölek, Nejati Tosuner, Mebuse Tekaý, Fadime Uslu, Orhan Duru, Nejati Mert, Erendiz Atasü, Hakan Şenojak, Ahmet Ümit, Bilge Karasu ýaly häzirki zaman türk edebiýatynyñ iñ görnükli ýazyjylarynyñ hekaýalary ýerleşdirilipdir.
#edebiyathaber.net (05.08.2013)
Edebiýat täzelikleri