23:12 Ýer yranmasy we umyt | |
ÝER YRANMASY WE UMYT
Publisistika
"1999-njy ýylyñ 17-nji awgustyndaky 7.4 ballyk ýer yranmasy hakda şol wagtyñ Kandilli müdiri merhum professor Ahmet Mete Yşykara: "Ýer yranmasynyñ episentri Göljük harby-deñiz komandowaniýesiniñ oturan ýeri" diýipdi. Harby-deñiz komandowaniýesi "28-nji fewralçylaryñ" esasy öýjügidi. Ýagdaý şeýle bolansoñ, munuñ ylahy (hudaýtarapyn) duýduryşdygy hakdaky pikirlerem orta atylypdy. Ýogsam bolmasa, ýer yranmasyndan goranmak üçin ilkinji nobatda etmeli işimiz ýer yranmasyna garşy taýýarlykly bolmakdyr. 1999-njy ýylyñ ýer yranmasynda görlen horluklar, ene-atasyz ulalan çagalar, birgiden weýrançylyk häzirem göz öñümizden gidenok. Netijede, 1999-njy ýylyñ ýer yranmasyndan sapak almaly we ýer yranma boýunça sarp edilen pullar we çekilen zähmet yrýa boldy saýylmasyn, bu boýunça alnyp barylýan işleriñ depginini gowşatmaly däl". Ýokardaky setirler 2019-njy ýyldaky "Ýer yranmasy" atly ýazgymdan alyndy. Ýene täze ýer yranmasy betbagtçylygyna uçradyk. Bolar ýaly däl. Prezident Rejep Taýýip Erdoganyñ şu sözlerinde aýdyşy ýaly uly: "Diñe respublikamyzyñ däl, geografiýamyzyñ we dünýä taryhynyñ iñ uly tebigy betbagtçylygyny başdan geçirýäris". Ýeñini çyzgap meýdana çykanlara, daş-kesegiñ astyndan ildeşlerimizi çykaryşmaga kömekleşenlere Allatagala güýç-kuwwat bersin. Gurban bolanlara Alla rehmet etsin we ýakynlaryna sabyr-takat bersin. Ýaralylarymyza Alladan şypa dileýärin, sag-aman gutulsynlar. Her tebigy betbagtçylyk şol bir wagtyñ özünde sapak almaly taraplaryny-da açyp görkezýär. Jemgyýeti ähli taraplary bilen ölçerýär. Suratyny orta goýýar. Şular ýaly ýagdaýda bulary çokalap durmagyñ, dawa-jenjeliñ, ýer yranmasynyñ üstünden syýasat satmagyñ we beýleki hereketleriñ ýeri-de däl, wagty-da. Etmeli zat - elinden gelýäniñ, mümkinçiligi baryñ adamkärçilik borjuny ýerine ýetirmegi, muña amal etmeýänleriñem amal edýänlere päsgel bermezligidir. Şonsuzam bolup geçen tebigy betbagtçylygyñ çökderligini aýdyp-diýip gutarar ýaly däl. Şonuñ üçin diñe ünsümi çeken onlarça husysdan birküç sanysynyñ üstünde durup geçmek bilen çäklenmekçi. Sosial mediýada ýaýran bir ýazgyda şeýle setirler bar: "Kireýne oturan jaýymyñ tölegini gymmatladandygyna nägileligim bildirenim üçin meni öýünden çykaran öý eýesi bilen köçede bir oduñ başynda ýylanyp otyrys. Olam öýsüz, menem". (Hataýly ildeşimiz). Günäniñ näçerägi öý eýesi ýaşulyñky? Ol eýýäm aýry gürrüñiñ temasy. Şindi bir ýylda ediljekdigi aýdylýan zatlar käşgär ýer yranmanka edilen bolsady, ýöne edilenok-da, edilenok... 1999-njy ýylyñ ýer yranmasyndan bäri edilen işleriñ barsy biderek. Şunça wagtyñ içinde seýsmiki taýýatkyklaryñ barsy ýa-da köpüsi edilip gutarylmalydy. Döwlet şu zatlary etmäge borçly. Ýer yranmasynyñ sebäpleri we netijeleri öñdenem mälim zatlar. Onuñ öñüni alyş çäreleri-de şeýle. 8-nji fewral güni Hataý şäher sowetiniñ başlygy Lütfi Sawaşyñ beren şu beýanaty başymyza inen heläkçiligiñ näderejedigini görkezýän iniñi jümşüldediji fakt: "Ýykylan ýerleriñ zordan 2-3%-ni arassalap bildik". Ýagny, ýene näçe gezek 1999-njy ýylyñ ýer yranmasyny ýa-da Pazarjyk ýer yranmasyny başdan geçirenimizde bu boýunça çekişmeleriñ soñuna nokat goýmaly bolarkak? Muny-da ýaralarymyzy sarap bolandan soñ ara alyp maslahatlaşmak gerek. ABŞ-nyñ utanman-uýalman uçar gämisini ugratmaga het edişini ýatdan çykarmaly däl. "Günüñ suraty" yglan edilen, ýumrulan binalary çekip, ýüzüne-de "Tank ýollamagyñ zerurlygy galmady" ýazgy goýlan karikatura bilen adam hukuklaryna bolan garaýyşlarynyñ faşizmden başga zat däldigini görkezen "Charliye Hebdo" žurnaly arkaly hakyky ýüzüni açan Günbataryñ bolşuny hakydamyza ömürlik ýazmaly. Hem Siriýada ýer yranmadyk ýaly çemeleşen jemgyýetçiligi we metbugat serişdelerini, olara barýan haýyr-sahawat kömekleriniñ öñüni bentlänleri, şol sanda Türkiýede we Siriýada ýer yranmasynda heläk bolanlaryñ bardygyny gizlän çemeleşmeleriñem gürrüñini etmeli bolarys. Muña siriýalylary alamançy ýaly görkezmäge dyrjaşan we şeýdip edilýän işlere bökdençlik döretjek bolan betpygyllaryñam içki ýüzüni goşup bileris. Iñ beteri-de: Ysraýylyñ edýän kömeklerini kabul etmegimiziñ ölümden we başymyza inen bu uly betbagtçylykdan-da has ýamandygynyñ, bu masgaraçylykdan indi çykmak gerekdiginiñ gürrüñini etmeli. Umuman aýdanda, özümizi düýpli gözden geçirmeli. Şirin janyny, malyny, puluny orta goýanlaryñ kimlerdigini gördük. Bütin bu ajaýyp adamlary, ajaýyp işleri gördük we umydymyzyñ ölmändigini, adamkärçiligimiziñ-hamyrmaýamyzyñ dim-dik epilmän durandygyny gördük. Olara näçe hoşallyk bildirsegem az bolar. Az-owlagam şu nukdaýnazardan seredeliñ we şu gymmatlyklary-da göreliñ. Şeýle jogapkärçiligiñ düşünjä öwrülmegini we adamlaryñ ölümine sebäp bolan sowuk-salalyklary, geleñsizlikleri derñeme ukybynyñ kemala gelmegini umyt edýärin. Hezreti Aly (r.a) şeýle diýýär: "Şu iki adamy asla ýatdan unutmazlyk gerek: mätäç wagtyñ ýanyñda durany we kyn günüñde ýeke goýany". Netijede uly betbagtçylygy başdan geçirdik we bökdençlikler bolup bilerdi, emma diñe bökdençlikler boldumy, ýa-da düýpli we esasy ýetmezçlik hem-de taýýarlyk barmydy? Munyñam jedelini etmeli. Işi sekulýar we ylmy nukdaýnazardan hemmetaraplaýyn ele almaly, bütin bu zatlara taýýarlykly bolmak bilen bir hatarda işiñ esasy tarapyny-da ýatdan çykarmaly däl. Ýagny ylahy tarapyny. "Gaçyş nirä?" ("Kyýamat", 10). "Onda Allaha gaçyñ..." ("Zariýat", 50). Rebbim bizi öz penasynda aman saklasyn we bizi Allaha gaçanlardan eýlesin. Isa DERWIŞOGLY. "İPEKYOL" gazeti, 11.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |