15:11 Ýer yranmasynda üç karikatura: kim dost, kim duşman! | |
ÝER YRANMASYNDA ÜÇ KARIKATURA: KIM DOST, KIM DUŞMAN!
Publisistika
Türkiýede yzly-yzyna iki gezek güýçli ýer titredi. Heläkçiligiñ zyýany uly boldy. Alymlaryñ umumy pikiri: "Dünýäde bolup geçen iñ uly ýer titremelerinden..." Tebigy hadysa garaşylşy ýaly, bütin dünýäniñ habar beriş serişdeleriniñ diline düşdi. Her kim özüçe habar berýär. ABŞ-nyñ "gizlin parallel döwletiniñ" metbugat organlary, ABŞ-nyñ kontrolyndaky Günbatar habar beriş serişdeleri başymyza inen tebigy betbagtçylykdan peýdalanjak bolup çytraşýar. Olaryñ küýi-pikiri muny imperialistik bähbitleri üçin peýdalanmak. • GÜNBATARDA ÇAP EDILEN KARIKATURA Bet pygyllary karikaturalarda-da şekillendi. Ýer yranmasynyñ yzysüre... Günbatarda çap edilen karikatura. Ýazýan zatlaryna şaplaşyp duran surat. Has öñ olar Hezreti Muhammet pygamberimize-de (s.a.w) dil uzadypdylar. Şindi ýürekleriniñ garasyny ýene bir gezek äşgär etdiler. "Charlie Hebdo" žurnaly Twitter hasabyndan paýlaşan karikaturasyny "Günüñ suraty" yglan etdi. Rubrikasy "Türkiýede ýer sarsgyny". Ýumrulan binalar, agdarylyp ýatan awtoulaglar... Suratyñ üstüne-de şeýle ýazgyny goýdular: "Tank ugradyp oturmagyñ hajaty galmady". • HYTAÝDA ÇAP EDILEN KARIKATURA Bu karikatura hem Hytaýda çap edildi. Suratda hytaýly halas ediş toparynyñ işgäri bilen halkyñ raýdaşlygy şekillendirilýär. Çinli kurtarma ekibiyle halkın dayanışması, paylaşımı anlatılıyor. Ýüzünde-de şeýle ýazgy bar: "Galkyn Türkiýe, Hytaý ýanyñdadyr!" Lapykeçlik däl, umyt berilýär. ÖZBEGİSTANDA ÇAP EDILEN KARIKATURA Bu-da Özbegistanda çap edilen karikatura. Ýer yranmasynda ýykylan Türkiýe. Orta Aziýanyñ türk respublikalary ýardam edýär. Türkiýäni gaýtadan aýaga galdyrýarlar. Karikaturany tolgunman synlamak mümkin däl... Türkiýä hem güýç berýär, hem raýdaşlyk bildirýär... • KIM DOST, KIM DUŞMAN Öñe saýlanan üç karikatura dünýädäki umumy hatarlanşygy görkezýär. "Charlie Hebdo" žurnalynda çap edilen surat - ABŞ-nyñ we amerikançy Ýewropanyñ garaýşy. Hytaýda we Özbegistanda çap edilen suratlar Aziýanyñ - Türkiýäniñ dostlarynyñ duýgulary. Başymysdan geçen betbagtlyk hakykaty ýene bir gezek aýan etdi. Dostumyzy, duşmanymyzy ýene bir gezek görkezdi. Bu hakykaty hemmeler görmeli. Türkiýäniñ gelejegi üçin...! Ismet ÖZÇELIK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |