15:01 Ýewraziýa hakykaty | |
ÝEWRAZIÝA HAKYKATY
Publisistika
Biziñ geografiýa kitaplarymyzda Ýewraziýa Aziýa we Ýewropa kontinentinden ybarat ýer bölegi» diýlip kesgitleme berilýärdi. Emma Sowet Soýuzy dargandan soñ Ýewraziýa başga mana eýe boldy. Ýöne bu meselede belli bir pikire gelinmedi we her kim muña özüçe kesgitleme berdi. Taryhda Ýewraziýa bilen baglanyşykly geçirilen analizlerde bu «bloguñ» ýa-da materigiñ merkezi hökmünde köplenç Stambul görkezilýärdi. Ýöne meniñ syýasy geografiýanyñ we geosyýasatyń bu analizlerine syn bermek niýetim ýok. Meniñ maksadym - Ýewraziýa diýlen sebiti özümçe araçäkleşdirmek, ona kesgitleme bermek, häzirki ähmiyetini nygtamak we geljekde nämeler boljakdygyna ünsi çekmek. Ýewraziýa diýlende gündogarda Hytaý bilen araçäkleşýän, günortada Koreýa, Hytaý, Hindistan ýarymadalarynyñ demirgazyk tarapyndaky sebitleri öz içine alýan, günbatarda Ýewropa bileleşigine (ÝB) girýän ýurtlaryñ we bu bileleşige girmäge kandidat döwletleriñ gündogaryndaky sebitleri öz içine alûan ägirt uly territoriýa göz önümde janlanýar. Belarusyñ we Ukrainanyñ käbir sebitlerini, Orsyetin aglaba ýerini-de bu territoriýa degişli diýip hasaplaýaryn. ÝB-ne girmäge kandidat bolsalar-da Sloweniýadan we Horwatiýadan beýleki Balkan ýurtlaryny Ýewraziýa degişli hasaplaýaryn. Ýewraziýa barada başgaçarak bir garaýşym-da bar. Ýagny Ýewraziýa türk diliniň ýerli diller bilen bir hatarda umumy dil hökmünde ulanylýan territoriýasydyr. Dogrudan hem, Merkezi Ýewropadan ýa-da Balkan ýurtlaryndan ýola çykan bir adam başga hiç hili dil bilmeýän-de bolsa Aziýanyñ gündogar çetine barýança öz zeruryny düşündirip biler. Öñ Ýewraziýa barada geçirilen analizler sebitiñ strategiki gurluşy bilen baglanyşyklydy we şol sebäpli hem oňa has ähmiýet berilýärdi. Bu sebit ýerüsti we ýerasty baýlyklary, ilatynyň köpdügi üçin uly bazardygy sebäpli häzir hem öz ähmiyetini goraýar hem-de sebitden daşardaky ýurtlaryň ünsüni özüne çekýär. Ýöne sebitiñ strategik ähmiýetini hem asla ýatdan çykarmaly dal. Menin pikirimçe, Ýewraziýa häzirki wagtda dünýäniñ syýasy deňagramlylygyny kesgitleýän sebitdir. Bu kontinentiñ denagramlylygy we asudalygy bu sebitiñ adyny-da eşidip görmedik ABŞ-ly daýhanyñ saçagyndaky çörekden inlis lordunyň öñündäki şeraba, Günorta Afrika Respublikasyndaky gödek akýagyz adamdan Islandiýadaky balykça we argentinaly maldara çenli hemmeleri birinji derejede gyzyklandyrýar. Bu sebitde örän kynlyk bilen döredilen deňagramlylygyñ we asudalygyň bozulmagy dünýäniñ çar künjüne öz täsirini ýetirer. Häzirki wagtda dünyäniñ in gyzgyn üç nokady bolan Kawkaz, Ýakyn Gündogar we Balkanlar Ýewraziýanyň çäklerindedir. Palestina, Eýran, Yrak, Bosnita, Kosowa, Çeçenistan ýaly ýerlerde dowam edýän yiti çaknyşyklaryň düýbünde yatan dini, etniki we ykdysady problemalaryň ählisi sebitdäki ýurtlaryň köpüsinde bar. Ýokarda sanalan yurtlarda çaknyşyklaryň ýüze çykmagynyň sebäbi güýç deňagramlylygynyň gylyň üstünde duranlygyndadyr. Bu deñagramlylyk örän tiz bozulyp biler we onuñ alamatlaryny häzir hem görmek mümkin. Aslynda sebitde ykdysady meselelerden we yetmezçiliklerden gözbaş alýan etniki hem-de dini problemalar netijede "syýasy sistema problemasy" hökmünde biziñ garşymyzda peýda bolýar. Meselem, Kawkazda Orsyýetiñ başyna dert bolan Çeçenistan problemasy ilki seredenimde garaşsyzlyk we yslamyýet problemasy ýaly bolup görünse-de onuñ düýbünde hem ykdysady problemalar ýatyr. Sebitdäki problemalaryň ählisiniñ diýen ýaly añyrsynda ykdysady urşuň bardygyny görmek bolýar. Men bu analizimde Sowet Soýuzyny döwmegi ýa-da öwmegi, onuñ dargamagynyň sebäplerini çintgemegi maksat edinmedim. Ýöne şeyle bir zady aýtmak gerek: Sowet Soýuzy sebitde deñagramlylygy saklap duran çynlakaý güýçdi. Onun dargamagy ähli deňagramlylygy bozdy. Eger bu hakykaty görmezlige salsak, onda sebitde täzeden gözlenýän deňagramlylyga-da dogry baha berip bilmeris. * * * Men bu gezek yslamyň roly we täsiri, bu meselede Türkiyäniň tutýan orny, ähmiýeti hem-de üstüne düşýän jogapkärçilik barada gürrüň etmekçi. Çünki Ýewraziýa halklarynyň arasynda özüni "Men musulman" diýip tanadýan ýa-da özüniň musulmandygyny ön hatara çykarmasa-da oña buýsanýan adamlar san taýdan has köp we "Yslam düzgüni" ýa-da "Şerigat düzgüni" birinji hatara çykarylmaga çalşylýar. Şerigat diýlende derrew yslam şerigaty ýadyňa düşýär. Ýogsa şerigat "düzgün" diýen manyny (başga manylary-da bar) berýär we dürli şerigatlar bardyr (musewi şerigaty, hristian şerigaty we ş.m.). Ýewraziýada syýasy yslam Eýran Yslam Respublikasynda (EYR) has ýüze çykdy we EYR syýasy yslama täzeçe many berdi. Tähran hökümeti 1983-nji ýyldan soň "Yslam rewolýusiýasyny eksport etmek" syýasatyndan ýüz öwrendigini mälim etse-de Eyran yslam şerigatlaryna hemişe nusga boldy we olara goltgy berdi. Elbetde, Eýranyň olara resmi dal ýollar bilen beren kömeklerini göz öñünde tutmak gerek. Ýöne Eýran diñe şaýylara däl, eýsem beýleki musulman mezheplere-de goldawyny gaýgyrmaýar. Yslam Eýranda döwletleşýärkä şeýle hadysalar Päkistanda we Owganystanda hem ýüze çykdy. Päkistanda deňagramlylygy saklamak üçin näçe jan edilse-de üstünlik gazanylmady. Sowet Soýuzynyň Owganystana çozup girmegi şerigatçy toparlaryň abraýyny galdyrdy. Sowet Soýuzy dargandan soň Täjigistan şeýle-de medeni arabaglanyşyklary bolan Eýranyň täsirine düşdi. Şeýlelikde, Täjigistandan başlap, Pars aýlagyna çenli uzalyp gidýän "Yslam blogunyň" ilkinji alamatlary peýda bolup başlapdy. Kawkaz ýurtlarynda hem örän ýiti dartgynlylyk bar. Bir tarapda Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň we Ermenistanyň arasynda bähbit hem-de serhet çaknyşyklary dowam edýän bolsa, beýleki tarapda Orsyýetiň düzümindäki özygtyýarly respublikalaryň we sebitleriň arasynda hem çaknyşyklar başlandy. Azrak gijräk-de bolsa Balkan ýurtlarynda hem çaknyşyklar başlandy. Sebitde serb şowinizmi höküm sürýärkä, Bosniýada söweşýän taraplaryň arasynda yslam toparlary öne saýlanyp başlady. Liwandaky "Hamas" we "Hizbullah" ýaly guramalar Palestinany Azat-ediş hereketi başlanany bari bar. Müsürde "Musulman doganlar" atly guramanyň edýän terrorçylykly hereketleriniň öñi alynmaýar. Ýewraziýa ýurtlarynda syýasy yslamyň barha güýçlenýändigine garamazdan, Türkiýe "döwrebap we dünýewi respublika" hökmünde özüni saklap gelýär. Şu ýerde bar zady aýratyn nygtamak isleýärin. Ýewraziýada haýsydyr bir yurtda ýüze çykan durnuksyzlyk sebitdäki ýurtlaryň ählisine öz täsirini ýetirýär. Şol sebäpli ýurtlaryň biri-birine "ot bermek" ähtimallygy örän uly. Şonuň üçin sebitdäki ýurtlaryň hiç biri beýleki döwletde ýüze çykan durnuksyzlyga "maña näme?" diýmeýär we diýip hem bilmez. Türkiýäniň dünýewi we erkin sistemasy Ýewraziýa döwletleri üçin nusga alarlykdyr. Şeýle-de garaşsyzlygyna täze eýe bolan we ilatynyň arasynda yslamyň täsiri güýçli bolan döwletler üçin iki ýol bardyr. Birinjisi, azyndan Türkiýedäki ýaly azat we dünýewi döwlet gurmak. Ikinjisi, kän anyk däldir. Ýagny ýa-ha üýtgeşik formalarda yslam şerigaty ýa-da mafiýa sistemasy. Aslynda, Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda raýdaşlygy we hyzmatdaşlygy ýola goýup bolsa, kän oñyn işler edip boljak. Çünki şeýle bir zady bilmek gerek. Bu ýurtlaryň ählisinin arasynda umumy bir medeniyet bolmasa-da dürli ýurtlaryň dürli medeniyetleriniň menzeş taraplary bardyr. Mundan başga-da sebitdäki her ýurduň beýleki ýurtlara satyp biljek bir zatlary bardyr. Eger akylly-başly hereket edilse, Yewraziýa "parahatçylyk" sözüniň sinonimi bolup biler. Köp horluklary başdan geçiren Ýewraziýa halklary bu ada mynasypdyrlar. Ýewraziýanyň adamlary bir-biri bilen uruşmagyny goýbolsun edip, dost-doganlykda ýaşarlar diýip umyt edýärin. Toktamyş ATEŞ, professor. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |