10:19 Yhsan Dana atanyñ ''Oguznamasy'' | |
Türkmen şahyry Dana ata Yhsanynyñ Oguznamasy
Türkmen edebiýatynyñ XVII asyrynda ýaşap geçen Abylhanly Dana ata hakynda eşitmedik az-az bolsa gerek. Onuñ hakyky ady Yhsan Şeýh bolup Dana ata onuñ edebi tahallusy bolupdyr. Ol türkmenleriñ häzirki Türkmenistanyñ Balkan welaýatynyñ häzirki Balkanabat etraplarynda ýerleşen Balkan daglarynyñ töwreklerinde ornaşan wagtlaryndaky oturan ýerlerinde ýaşap geçipdir. Muny onuñ Abulhanly (Balkan dagly) atly lakamyndan bilse bolýar. Ömri-döredijiligi hakda maglumat ýok diýen ýalydyr. Ol öz döwrüniñ çagataý türkmençesinde galamdan geçiren bir ''Oguznamasyny'' siziñ dykgatyñyza ýetirmegi makul bildik. Abylhanly Dana ata bu ''Oguznama'' eserini türkmenleriñ özerkliligini ýitirip Söýünhanla (Çingiz hanyñ agtygy Baty hana) tabyn bolup başlandyklary bilen baglanyşykly ýazypdyr diýip çaklaýarys. Ol şeýle setirler bilen başlanýar. ''Elkyssa Gün hanyñ Oguz hanyñ eteginden ýaýylan perzentleriniñ atlaryny aýdalyñ. Yhsan Şeýh, ýagny Dana atadan ýadygär galsyn diýip ''Oguznama'' aýdarys. Hemme Söýünhana bizden ýadygär galsyn diýip, ony görüp asyl nesilleri bilsin diýip bularyñ şanyna nazym aýdarys: Oguz handan aýrylmyşam, Gel Söýünhan bolganymyz. Bir atadan ýaýramyşam, Ýokdur sözde ýalanymyz. Sapalyk ak öýün gurdy, Kyrk ogluna orun berdi, Uzyn nama şondan geldi, Ýol goýup ötdi hanymyz. Gün han ogly Kaý ilbaşy, Baýadyñky degre daşy, Alkaöýli berer çaşy, Karaöýli tarhanymyz. Aýhan ogly Ýazgyr, Tüger, Tuturga, Ýabur bahadyr, Yslama girdi köp küfür, Karadaşly kardaşymyz. Ýyldyz ogly Kyzyk, Owşar, Bektil, Karkyn hetden aşar, Küfürler zulmundan çaşar, Hyzyr Adak han ilimiz. Hyzyr ili, Ali ili, Törelerge hyzmat kyldy, Hywa, Hazaraspyñ güli, Han alnynda ýörgenimiz. Gök han ogly kiý Baýyndyr, Ili baýlykda çawludyr, Bahadyr Biçen Çawuldyr, Çepni bilen örenimiz. Dag han ogly Salgur, Eýmür, Aty düldül guşy algyr, Alaýuntly gel Üregür, Ärdir Salgyr soranymyz. Deñiz ogly Igdir, Bükdüz, Ýuwa, Kynyk hökmi ýalñyz, Sahypkyran gije gündiz, Hasan ili duranymyz. Hasan ili eli sazlyg, Dal bedewli tebil bazlyg, Ýüwrük at boýny gotazlyg, Bile guşlar çapganymyz. Altyn asarga ýaý asar, Barar ise ol ýow basar, Işi güýji çalt baş keser, Bahadyr alp bu känimiz. Ülüş aldy on ikisi, Aýmak bu saga bakasy, Müñe deñdir he bökesi, Her biri Rüstem zalymyz. Mahbuplary gaz boýunly, Ýüwrük atly eli sazly, Dal bedewli tebil, bazly, Bile guşlar salganymyz. Külli Özbek, Çingiznama, Kalmyk, Kazak, Kyrkgyznama, Kastymyza gelse herne, Ýokdur onda durganymyz. Akman, Garaman uruşdy, Gör neneñ ne gurtlar geçdi, Oguz ili zordan göçdi, Ol sür-hä-sür bolganymyz. Özüñ galdyñ ýaman ada, Ömrüñi berdiñ berbada, Töhmet atdyñ Hoja Ahmede, Sensiñ erbet görenimiz. Sufileri asyl zatly, Pirleri bar keramatly, Hojasy yzzat hormatly, Ile doga kylanymyz. Pirdir diýrler babamyzy, Nama içre rast diýr sözni, Yhsan baba diýrler bizni, Abulhandyr örgenimiz. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |