00:21 Ylym-bilimiñ täsinlikleri | |
Sülgünjemal Orazowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Sişenbe, 30.05.2023 ý. Ýer ýüzünde ylym-bilime berilýän üns ýokary. Her bir adam ylymly-bilimli bolmagyň yşgynda, ene-atalar hem öz çagalaryny ylymly-bilimli edip, gelejege taýýarlamagyň yşgynda. Şol sebäpli ylma, bilime berilýän baha-da ýokary. Dünýäde birnäçe täsin mekdepleriň bolmagy we ol mekdeplerde dürli görnüşde ylym-bilim berilmegi asyrlar boýy gelýän däpler bolup, olar wagtyň, garaýyşlaryň, ýagdaýlaryň üýtgemegine görä dürli hili görnüşe geçipdirler we ýene-de gelejekde hem täzelenmegini dowam ederler. Çünki ylym, bilim fantaziýasy bilen dünýäniň geň sahypalaryny açmak mümkinçiligi bar. Fransiýanyň Bulon-Biýankur raýonynda ýerleşýän täsin mekdep häli- häzire çenli ynsanlaryň ünsüni çekýär, hat-da dünýä jahankeşdeleriniň bu mekdebe gelip görmesi ylym- bilim ojaklarynda dowam edýän täsinlikleri hasaba alýana meňzeýärler. Mekdep durşuna gök otlar bilen bürelen.Onuň hat-da üçeklerinde bir barmak basmaga ýer ýok, çünki mekdebiň her bir ýeri gök otlar ekmek üçin landşaft bilen örtülen we bu babatynda taslamaçysyndan soranlarynda ol: şäherde her bir ýeriň şeýle röwüşde bolmagyny isleýändigini, asla adam mekdebe ýa-da beýleki ylym ojagyna gelen halatynda binadan hem bir zat alýandygy üçin muny okuwçylaryň gelýän ýerinde edendigini gürrüň berýär. Çünki mekdep hemişe nusga alynýan ýer. Arhitektor Fransiýada şeýle medeniýete azajyk hem bolsa, goşant goşmak hem-de gök guşak medeniýetinde özüniň işini görmek islegi bilen taslamany ýerine ýetirendigini aýdýar. Ynsany öz halaýan zadyndan mahrum etmek bu onuň üçin iň uly jeza diýip bileris. Çünki her bir adam öz halaýan pişesine hasapsyz pul bermegi ýa-da wagtyny sarp etmegi hiç zatça görmezmikä diýýärin, eger mümkinçiligi bolsa. Şeýle häsiýeti-de Kanadanyň “Alfa” atly mekdebinde ýüze çykarmak mümkin. Ýagny sapagyny ýerine ýetirmeýän ýa-da okuwdan gijä galýan okuwçylary özleriniň şol günki iň halaýan sapaklaryna salmaýarlar. Munuň özi okuwçy üçin uly jeza bolup biler. Alýan lezzetinden mahrum bolup biljek islendik okuwçynyň bu işlere razy bolmagy mümkin däl. Jahankeşdeligiň täsin syrlary hem ylym, bilim bilen baglanşykly bolup biler. Muňa subutnama iňlis fotogrofy Jon Makpaýk öz maşgalasy bilen ýer ýüzüni seýil etmegi halaýar eken. Niçikmi çagalary mekdep ýaşyna ýeteninden bu maşgala “jahakeşdelik mekdebini” açmagy makul bilýär. Şeýlelikde bu mekdep ýylyň dowamynda 15-18 döwledi seýil edip, ýolda, yzda hemişe ylym, bilim öwrenip, baran ýerleindäki, gören zatlaryny hem mekdebiň düzgünnamasyna salýar. Sapaklar bolsa, baran ýurtlaryna görä täzelenýär. Bu mekdepde bilim almak üçin diňe ýylyna 85 müň amerikan dollary gerek bolýar. Bu bolsa diňe uçar biletlerinden ýa-da beýleki transport serişdelerini hasaba almazdan şeýledir. Ylym, bilim saglyk bilen hem gönüden göni baglydyr. Içnýa şäherinde ýerleşýän mekdepleriň biri saglyk mekdebi diýip atlandyrylýar. Çünki her bir sapak öwrenileninde, ol sapakda saglyk minutlary hem birlikde hereket edýär. Mysal üçin bir ýumuş buýrulanynda okuwçynyň bökjekläp jogap bermegini gazanmak üçin mugallym oňa gyzyklanma döredýär. Birnäçe minudyň dowamynda jogap bermegi gazanmak mümkinçiligi sport bilen baglanşykly bolmagy şertdir. Mysal okuwçy hasap tablisasyny ýatdan aýtmak üçin mugallym onuň işjeňligini gazanmak hem-de onuň üçin şadyýan bolmagy üçin top zyňýar we sorag berýär. Okuwçynyň ýüzünde emele gelýän emosiýalaryň oňa gyzyklydygyny subut etmesi bolsa, her gezek täze bir usulyň tapylmagyny gazandyrýar. Umuman ylym, bilim bilen bagly zatlar bilim adamlaryna gyzykly. Biziň nukdaýnazarymyzdan dünýäniň çar tarapynda, dürli hili bilim, ylym alnyp, öwrenilip bilner. Şolaryň ählisinde hem ynsany öz ruhundaky giňişlikden bir gez ýokary galdyrmaga mümkinçilik döretse oňa ýetesi zat ýok. Ylym, bilim bir hörekdir, ynsan bolsa, şol höregiň aşygy bolanynda täze duýga gaplanmagyny dowam eder. Sülgünjemal ORAZOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň Daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |