19:57 Ymam al-Buhary | |
YMAM AL-BUHARY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Hadys ylymynyň ösmeginde altyn döwür hasaplanan hijri üçünji (milady dokguzynjy) asyrda hadysşynaslykda uly üstünlikler gazanylypdyr. Bütin Yslam dünýäsinde iň meşhur çeşmeler diýip ykrar edilen alty sany ynamly hadyslar ýygyndysynyň (as-sihah as-sitta) muallifleri döredijilik bilen meşgulanypdyrlar. Üns berilmeli ýene bir zat, ýaňky alty sany muhadysyň (hadysçy alym t.b) hemmesi diýen ýaly merkezi aziýaly bolup, olar: Ebu Abdullah Muhammet ibn Ysmaýyl al-Buhary, Ymam Muslim ibn al-Hajjaj (206/819—261/874), Ebu Isa Muhammet ibn Isa at-Termizi (209/ 824—279/892), Ymam Ebu Dawut Suleýman Sijistany (202/817— 275/880), Ymam Amet An-Nesai (215/830—303/915), Ymam Ebu Abdullah Muhammet ibn Ýazyp ibn Mojja (209/824—273/886) ýaly şahslardyr. Şolaryň arasyndan «Hadys ylymynda emir al-müminiýin» diýen uly ada eýe bolan Ymam al-Buhary aýratyn üns berilmeli uly alymdyr. Onuň doly ady: Ebu Abdullah Muhammet ibn Ysmaýyl ibn Ybraýym ibn al-Mugiýra ibn Berdazbeh al-Juafy al-Buhary bolup, Ol hijri hasabynda 194 ýyl şawwal (baýram t.b) aýynyň 13-nji güni (milady: 810 ýyl 20 iýul) Buhara şäherinde dogulýar. Başka köp alymlardan tapawutlylykda al-Buharyň doglan senesiniň anyk görkezilmeginiň sebäbi, onuň atasy Ysmaýyl öz döwüriniň ylymly adamlaryndan bolup, oglunyň doglan günini öz eli bilen ýazyp giden kagyz döwürdeş alymlaryň ygtyýaryna ýetenipdir, şol sebäplide onuň doglan wagtynyň anyklygyna şek şübhe ýok. Al-Buhary ýaş wagty atasy ölüp, ejesiniň terbiýesinde ulalýar. Ol ýaşlygyndan akyl-paýhasly, kesgir zehinli we ylma höwesi güýçli bolup, dürli ylymlary, esasanda hadys ylmyny uly gyzklanma bilen öwrenýär. Çeşmelerde ýazylmagyna görä, ol on ýaşyndan başlap öz ýurdundaky rowaýatçylardan eşden hadyslaryny, şeýle hem, Abdullah ibn al-Mübärek we Waky ýaly alymlaryň hadys ýygyndylaryny okap, ýat bekläpdyr, ustazy Şyh Dahyly bilen hadys rowýatçylary hakyndaky gyzgyn çekeleşiklere gatnaşypdyr. 825-nji ýyly on alty ýaşly al-Buhary ejesi we agasy Ahmet bilen Hijaza tarap ýol alýar, mukkades şäherler bolan Mekke we Medinäni zyýarat edip, alty ýyl Hijazda ýaşap, hadys ylmyndan öz bilimini ýene-de köpeltmek magsadynda şol döwürde ylmyň uly merkezlerinden hasaplanan Damask, Kahira, Basra, Kufa, Bagdat ýaly şäherlerde ýaşap, ol ýerlerdäki meşhur alymlardan hadys ylmy bilen bir hatarda fykh ylmyndanam tälim alýar, uly alymlaryň ýygnanyşygynda ylmy çekeleşiklere we ylymy mejlislere gatnaşýar hem-de talyplara ders hem berýär. Ymam al-Buharyň ömüriniň köp bölegi daşary ýurtlarda, mysapyrçylykda geçýär. Bu barada onuň özi: «Müsüre, Şama, Mesopotamiýa iki gezek, Basra dört gezek bardym. Hijazda alty ýyl ýaşadym. Bagdat we Kufa şäherlerine näçe gezek baranymyň hasabyny bilmeýärin» diýen eken. Ol saparda mahalam, bir ýerde mukym (oturymly) mahalam ylmyny köpeltmek üçin dynuwsyz işleýärdi, ýygnan hadyslaryny kagyza göçürýärdi. Muallifiň ýazmagyna görä Bagdatda mahaly aýyň nurynda döredijilik bilen meşgulanýan eken, garaňky gijelerde bolsa şem ýagtysyna kitap ýazar eken. Ylym öwrenmek magsadynda al-Buhary juda köp alymlardan tälim alýar. Nyşapurly al-Häkimiň (1015-nji ýylda aradan çykan) ýazmagyna görä al-Buharyň ustazlarynyň sany togsan töwregi bolupdyr, olar: Muhammet ibn Ýusup al-Garýaby, Ubeýdulla ibn Musa al-Abasy, Ebu Bekr Abdulla ibn az-Zubeýr al-Hamidi ibn Rohawy ady bilen meşhur bolan Ymam Yshak ibn Ybraýym, Ymam Ahmet ibn Hanbel, Aly ibn al-Medeni we başkalardyr. Öz nobatynda al-Buhary hem köp şägirtlere ustazlyk edipdir. Yshak ibn Muhammet ar-Remady, Abdullah ibn Muhammet al-Mesnady, Muhammet ibn Halaf ibn Kuteýba, Ybraýym ibn al-Harby, Ebu Isa at-Termizi, Muhammet ibn Nasr al-Merwezy, Muslim ibn al-Hajjaj, ýaly uly alymlar onuň şägirtleridir. Termizli meşhur muhadys Ebu Isa at-Termizi, al-Buhara hem şägirt, hem ýoldaş hasaplanyp, olaryň özara gatnaşyklary görelde alarlyk bolupdyr. Uzak ýyllar Şarkyň dürli ýurtlaryna sapar edenden soň al-Buhary ömüriniň ahyrlarynda bäş (863—868) ýyl Nyşapurda ýaşap, medresede hadys ylymyndan ders beripdir. Şol mahallar Nyşapur musulman şarkyndaky iň uly ylmy merkezlerinden birine öwürilendigi sebäpli köp alymlar şu şähere ýygnalandylar. Al-Buharyň at-Termizi bilen sataşmagy hem Nyşapurda ýüz beripdir, dyýarymyzdan çykan iki meşhur muhadysyň arasynda unudylmajak, gyzgyn ylmy çekeleşikler, köpden-köp döredijilik we dostlukly duşuşyklar bolup geçýär. At-Termiziň ýazmagyna görä ol eserleri üçin köp maglumatlary al-Buhary bilen bolup geçen duşuşyklaryndan alypdyr. Şol bilen bir hatarda al-Buhary hem at-Termiziniň bilimini ýokary bahalap: «Men senden gören peýdam, seň menden gören peýdaňdan köpräk» diýip oňa uly hormat goýan eken. At-Termizi özüniň ustazy we ýoldaşy al-Buharyny bütin ömüriniň dowamynda hormatlap, oňa çyn ýürekden wepaly bolupdyr. Arap taryhçysy Şemsiddin az-Zehebiniň (1274—1374) «Tezkirat ul-Hufaz» atly eserinde ýazmagyna görä: «at-Termizi ustazynyň wepat edendigi sebäpli uly gaýga batyp köp aglandygy sebäpli hepdäki gözleri kör bolup, uzak ýyllar gözi ejiz halda ýaşady» (diýilýär) Ymam al-Buhary diňe uly alym bolup galman, belki-de özüniň gözel-ahlagy, adamkärçiligi, muruwwetliligi, himmetliligi we çäksiz sahawatlylygy bilen başkalardan düýbünden tapawutlanypdyr. Ol zehini kesgirligi we ýatkeşliginiň güýçliligi bilenem halk arasynda hem uly meşhurlyk gazanypdyr. Çeşmelerde al-Buharynyň alty ýüz müňe ýakyn hadysy ýatdan bilendigi ýazylypdyr. Ymam al-Buhary daşary ýurtdan gaýdandan soň, öz watany Buharada köp şägirtlere we ulamalara hadys ylmyndan sapak bermek bilen meşgullanýar. Köpçilik oňa hormat goýýardy, emma käbir görip, gara niýetli adamlar al-Buhara göripçilik edýärdi. Netijede göripleriň hereketleri sebäpli Buharaň emiri Halit ibn Ahmet az-Zuhaly bilen al-Buharynyň aragatnaşygy erbetleşip galýar. Muň sebäbi, emir alymdan huzyryna gelip «Al-jamy as-sahyh», «At-taryh» kitaplaryny okap bermegini talap edýär. Emma al-Buhary «Men ylmy har edip, ony häkimleriň gapysynyň agzyna alyp barmaryn, kime ylym gerek bolsa, özi gözlesin. Emma Allah ylmy gizlemän ony talyplara sarp edeni(m) üçin meni bagyşlar» diýen jogaby aýdýar. Emire jogap ýaraman, pitneçi, ýalançy adamlaryň gepine gidip al-Buhara şäheri terk etmegi buýrýar. Şondan soň al-Buhary Samarkanda garap ýol alýar we birnäçe wagt Herteň obasynda özüniň şägirtleri we agaýyn-garyndaşlarynyňkyda ýaşandan soň agyr hastalyga ýolugyp, hijri 256 ýyl (milady 870 ýyl 1 sentýabr) 60 ýaşynda wepat edýär we şol ýerde depin edilýär. Ymam al-Buhary özüniň nesillerine baý we gymmatly ylmy miras galdyran bolup, onuň ýazan eserleriniň sany ýigirmiden agdykdyr. Olardan «Al-jamy as-sahyh», «Al-edep al-mufrat», «At-taryh as-sagyr», «At-taryh al-ewsat», «At-taryhal-kebir», «Kitabal al-ilal», «Berr ul-walidaýn», «Asami us-sahaba», «Kitap al-kuna» (şulary) we başkalarny görkezmek mümkin. Uly alymyň iň möhüm eseri şübhesiz «Al-jamy as-sahyh»dyr. Bu eser «Sahyh al-Buhary» ady bilen hem meşhurdyr. Onuň örän ähmiýetli tarapy, Ymam al-Buhara çenli ýaşap geçen muhadyslar özleriniň ýygyndylaryna eşiden ähli hadyslaryny saýlap oturman birçetden giriziberipdirler. Al-Buhary bolsa dürli rawylardan eşden hadyslaryny derejelere bölüp, olaryň ynamlylaryny bölekläp, aýratyn kitap döretdi. Ýazyjy ibn Selahyň aýtmagyna görä, al-Buharyň bu eserine girizilen ynamly hadyslaryň sany gaýtalanýanlary bilen bile 7275 sany bolup, gaýtalanmaýan görünişde bolsa 4000 hadysdan ybaratdyr. Bu göreldeli işi birinji al-Buhary başlap beren bolup, soň köp alymlar oňa eýerip, şu görünişde hadyslar ýygyndysyny döredipdirler. Ymam al-Buharynyň bu uly eseriniň ýazylanyna takmynan 1200 ýyl boldy, şol döwürden başlap ta şu wagta çenli ol Yslam taglymatynda Kurandan soňky ikinji orunda durýan möhüm çeşme görünişinde ýokary bahalanyp gelinýär. Ymam al-Buharynyň bu eseriniň köp nusgalary dürli şäherlere ýaýrapdyr. Hepdäki orta asyrlarda ýaşan käbir ýazyjy we hatdatlar üçin bu eseriň nusgalaryny göçürmek pul tapmagyň çeşmesi hem bolupdyr. Görünikli ýazyjy we taryhçy an-Nuwaýry (1332-nji ýylda aradan çykan) al-Buharynyň bu eserinden sekgiz nusga göçürip, her birini müň dirhemden satypdyr. 1325-nji ýylda göçürilen sekgiz jiltden ybarat gözel bir nusgasy häzir Stambulda saklanýar. «Al-jamy as-sahyh»-a köpden-köp teswirler ýazylan bolup, möhüm çeşme görünişinde gaýta-gaýta neşir hem edilipdir. Ymam al-Buharyň ýygyndysyna girizilen hadyslar diňe Yslam taglymatyna degişli umumy kadalary görkezmek bilen çäklenip galmaýar. Olar mähir-muhebbet, sahylyk, açyk göwünlilik, ata-enä, aýallara we ulylara hormat, ýetim-ýesirlere muruwwet, pakyr-pukaralara himmet, zähmet söýerlige we halalyga çagyrmak ýaly hakyky ynasy fazyletleriň we göreldeli tertip-düzgünleriň ýygyndysydyr. Onda näme ýagşy, näme ýaman, nämäni etmek gerek, nämeden özüňi saklamak lazymlygy hakynda häzirki jemgiýetimiziň adamlary üçin, esasanda ýaş nesil üçin uly terbiýeleýji ähmiýete eýe pent-nesihatlar we öwüt-ündewler ýazylandyr. Ubaýdulla UWATOW. Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI # Eseriň alynan sahypasy: ziyouz.uz Bellik: Eser az-kem gysgaldylyp alyndy. Eseriň alynmadyk böleginde Ymam al-Buharyň hatyrasyny ebedileşdirmek ugrunda we ylmy mirasyny öwrenmek ugrunda Özbekistanda edilen käbir işler agzalyp geçilýär. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |