14:56 Ynsan erkinliginiň goragçysy | |
YNSAN ERKINLIIGINIŇ GORAGÇYSY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Žan-Pol Sartr Edebiýat boýunça Nobel baýragyna biziň döwrümize ägirt uly täsirini ýetiren, erkinligiň ruhuna ýugrulan baý pikirleri hem-de döredijilik hakykatyny tapmak ugrundaky gözlegleri üçin mynasyp bolýar. Fransuz filosofy we ýazyjysy Žan-Pol Sartr hemişe Ýewropanyň edebi tankydynyň üns merkezinde saklanýar. Ol hakda jedelleşýärler, onuň bilen ylalaşýarlar, oňa haýran galýarlar, ahyrsoňunda hem, onuň syýasy we filosofik garaýyşlary edebi döredijiliginden öňe saýlanýar. 1942-nji ýyla çenli fransuz okyjylary, olardan hem, esasan, fransuz intelligensiýasy Sartry onuň «Diwar» atly hekaýalar ýygyndysy hem-de «Ýürek bulanma» atly romany arkaly tanaýardy. Onuň has gowy tanalyp başlamagyna ýazyjynyň filosofiýa degişli işleriniň we drama eserleriniň peýda bolmagy sebäp bolýar. Okyjylar köpçüligi Sartry «ekzistensializm» (latyn sözi — «bar bolmak») atly täze çeper-filosofik ugruň baştutany derejesine çenli beýgeldýär. XX asyrda ýörgünli bolan bu ugur hakykatda täze ugur däldi. Onuň gözbaşynda Kýerkegor, Haýdegger, Gusserl ýaly filosoflar durdy. Sartryň hyzmaty şol döwür bilen sesini goşan, doly erkinlik baradaky bu filosofiýany hemmelere düşnükli dilde düşündirmeginden ybaratdy. Şonuň bilen birlikde, ol «ekzistensializmiň» esasy pikirlerini romanlarynda we pýesalarynda ulanmak bilen, olaryň ähmiýetini has hem artdyrýar. Žan-Pol Emar Sartr 1905-nji ýylyň 21-nji iýunynda Parižde dogulýar hem-de öz makalalarynda we ýatlamalarynda ençeme ýola belleýşi ýaly, ownuk buržuaz gatlagyndan gelip çykýar. Onuň kakasy, deňiz güýçleriniň serkerdesi Žan Batist Sartr ogly ýaňy iki ýaşyny dolduranda Indokitaý ýarym adasynda degen tropik keselden ýogalýar. Elzasyň meşhur alymlarynyň maşgalasyndan bolan ejesi Ann-Mari Şweýser dul galandan soňra Parižde ýaşaýan ata-enesiniň ýanyna göçüp barýar. Žan-Poluň çagalygy babasynyň, professor, german dilleri boýunça dilçi we edebiýatçy Şarl Şweýsaryň öýünde geçýär. Babasy agtygyny biçak söýýär, onuň garagolluklaryndan heýjana gelýär. Ol agtygyny ýuwaşlyk bilen mugallymçylyk kärine taýýarlaýar, ony kitaba imrindirýär. Soň-soňlar Sartr şeýle ýazýar: «Men öz ömrümi kitaplaryň arasynda başladym, ähli zatdan görnüşi ýaly, kitaplaryň arasynda hem soňlaryn». Bu geljekki ýazyjynyň, esasan, kitaplar, şol sanda 17 jiltden ybarat bolan, XIX asyr boýunça uly umumy sözlük arkaly dünýä göz ýetirendiginiň ykrar edilmesi bolup durýar. Şeýlelikde, babasynyň terbiýesi ony mugallymçylyk kärine tarap iterýärdi. Ýöne Pul (maşgalada ýaş Sartry şeýle atlandyrýardylar) has ulurak zatlary arzuw edýärdi. Kähalatda onuň göwnüne öz üstüne wajyp bir wezipe ýüklenen ýaly bolup duýulýar. Dogry, hakyky durmuş şeýle arzuwlara beslenmäge känbir esas hem berip barmaýardy. Deň-duşlary bilen gatnaşyk açyp başlan Žan-Pol birden özüniň keltejikdigine, güýç-kuwwatynyň hem asgyndygyny we islendik wagtda öz-özüni gorap bilmejekdigine göz ýetirýär. Bu ýagdaý onuň dünýäsini sarsdyrýar. Ýöne onuň gapdalynda diňe bir göwne degijiler däl-de, ony eý görýän babasy hem bardy. «Ol meni halas etdi, muny onuň özi hem bilenokdy, Sartr diýip, soňra ýazýar. — Şonuň bilen birlikde hem, öz-özüňi aldamagyň täze ýoluna atardy, bu meniň ýaşaýşymy düýpgöter üýtgetdi». Şol «öz-özüňi aldamak», has dogrusy, hakykatdan gaçmaklyk, onuň üçin ýazyjylyk bolupdy. Žan-Pol kitaplardan hem-de kinofilmlerden alan ýordumlarynyň esasynda rysarlyk ruhundaky romanlary ýazyp başlaýar. Ol öz arzuwlarynda gaýduwsyz batyra, soňuny saýmaýan garadangaýtmaza, söweşijä öwrülýär. Indi şol arzuwlar onuň şahsy döredijiliginde durmuşa geçýärdi. Sekiz ýaşly ýazar öz gahrymanlarynyň, täsin wakalaryň ählisiniň hojaýyny bolýar. «Men saýlanandym, nesibelidim, emma zehinsizdim — ýazyjy soň-soňlar şeýle boýun alýar. — Men näme gazansam hemmesi meniň sabrymyň we kynçylyklarymyň miwesi bolar». Pol Genrih IV liseýinde okuwa başlaýar we ony 1924-nji ýyldan aýratyn ýeňillikli ýokary okuw jaýy bolan Ekol Normalda dowam edýär. Ol o ýerde filosofiýany öwrenýär, bäş ýyldan soňra bolsa, uçurymlaryň arasynda birinji bolup alymlyk derejesini we ýokary okuw jaýlarynda filosofiýadan okatmaga hukuk alýar. Hut şol wagtdan başlap hem ýaş mugallym öz töweregine intelligent ýaşlardan ybarat dostlaryny toplaýar. Olaryň arasynda filosofiýadan okadýan mugallym zenan, soňra Sartryň wepaly ýoldaşyna we söýgülisine öwrülen Simona de Bowuar hem bardy. On ýyldan soňra Simonanyň özi hem ekzistensializm ugruna ýykgyn edýän, erkekler bilen aýallaryň arasyndaky çylşyrymly gatnaşyklary öwrenýän ýazyjy hökmünde meşhurlyk gazanýar. Simona we Žan-Pol biri-biri bilen doly dil tapyşýarlar. Bu iki sany deň derejedäki akyl-paýhasyň hakyky duýgular bilen doýgunlaşan birleşigidi. 1931-nji ýylda Sartr Gawr şäherinde ýerleşýän okuw jaýynyň filosofiýa mugallymynyň wezipesine bellenip, ol ýerde alty ýyl mugallymçylyk edenden soňra Parižiň gapdalyndaky Pasteriň liseýine geçýär. Şeýlelik bilen, babasynyň agtygyny mugallym etmek hakyndaky arzuwy doly hasyl bolýar. Indi edebiýat bilen baglanyşykly at-abraý gazanmagyň wagty ýetýär. Onuň döredijilik meýilleri 1938-nji ýylda «Ýürek bulanma» atly ilkinji romanynyň we 1939-njy ýylda «Diwar» atly hekaýalar toplumynyň neşir edilmegi bilen amala aşýar. Fransuz kyssaçylyk däplerinden tapawutlanýandygy we özboluşlydygy bellenen bu kitaplary tankytçylar hem-de ýiti akyl-paýhasly okyjylar ägirt uly gyzyklanma bilen garşylaýar. Ikinji jahan urşunyň başlanmagy bilen Sartry meteorologiýa gullugynyň işçisi hökmünde goşuna çagyrýarlar. Ol 1942-nji ýylda nemes goşunlary tarapyndan basylyp alnan Fransiýada fransuz Garşylygy hereketi tarapyndan gizlinlik bilen çap edilýän «Lettr fransez» žurnaly bilen hyzmatdaşlyk edip ugraýar. 1943-nji ýylda «Siňekler» atly pýesasy çap edilenden soňra bolsa, ahyrsoňy Sartr köp garaşdyran şöhratyna eýe bolýar. Bu pýesada Sartr uruş ýyllarynyň elhençliklerini başdan geçirýän watandaşlarynyň ýürek agysyny beýan edýär. Pýesanyň esasy ýordumy edilip, gadymy grek gahrymany Orestiň kakasy Agamemnon öldürilenden soňra Argosa gaýdyp gelmegi hakyndaky meşhur rowaýat alnypdyr. Bu jenaýat uly betbagtçylyga getirýär — siňek sürüsi gara bulut ýaly bolup şäheriň üstüne çozýar hem-de ýaşaýjylary persala edýär. Pýesada siňekler halkyň çekýän ynsap yzasyny alamatlandyrýar. Eseriň esasy mowzugy — ekzistensializmiň erkinlik hakyndaky düşünjesi bolup durýar, ýazyjy bu mowzuga soňra hem ençeme gezek ýüzlenýär. Ikinji jahan urşunyň ahyrlarynda Sartr «Kafe de Fler» kafesinde ýygnanyşan ekzistensializmiň wekilleri tarapyndan baştutan diýlip ykrar edilýär. Uruşdan soňra bu ýer fransuz hem-de daşary ýurt syýahatçylarynyň gelip görýän ýerine öwrülýär. Bu filosofik akymyň ýörgünliligi onuň ynsan erkinligine uly ähmiýet berýändigi, şeýle hem onuň fransuz Garşylygy hereketi bilen hem baglanyşykly bolandygy bilen düşündirilýär. Dürli garaýyşly adamlaryň özara hyzmatdaşlyklary, olaryň umumy duşmana garşy bilelikdäki hereketleri ekzistensializmiň ösen aň-düşünjeli ynsanlary birleşdirip biljekdigine, onuň täze fransuz medeniýetini kemala getirmäge ukyplydygyna ynam döredipdir. 1943-nji ýylda çap edilen, esasy filosofiki işi bolan «Barlyk we hiç zat» eserinde Sartr «arassa aň» diýen zadyň ýokdugy, diňe daşky dünýä, daş-töweregimizdäki zatlara akyl ýetirmegiň bardygy hakyndaky pikiri öňe sürýär. Bu eser ýiti aň-düşünjeli fransuz ýaşlarynyň özboluşly ýankitabyna öwrülýär. Ynsanlaryň oňa düşünmeklerine ýa düşünmezliklerine seretmezden, her bir hereketiň belli bir gymmatynyň bardygy üçin, adamlar öz hereketleri üçin diňe öz öňlerinde jogapkärçilik çekýärler. Soňraky on ýylyň dowamynda ýazyjy aýratyn öndümli işleýär. Ol edebi synlardan we tankydy makalalardan daşgary alty sany pýesa, şol sanda, köp tankytçylaryň pikirine görä, iň gowy pýesasyny hem şu döwürde ýazýar. Şarl Bodleriň we Žan Ženiň ömür döredijiligine degişli işler hem şol döwürde ýazylýar. Sartr terjimehal žanrynda ýazylan bu eserlerinde ekzistensializm filosofiýasyny ulanýar. 1964-nji ýylda onuň «Söz» atly ýazyjylyk ömrüniň ilkinji on ýyly hakynda gürrüň berýän romany neşir edilýär. Eserde ýazyjynyň durmuşynda bolup geçen gymmatlyklara aşa baha berlendigi mese-mälim bildirýär. Sartr öz babasynyň ruhy gözleglerini «buržuazlyk» diýip atlandyrýar, öz estetik ölçeglerine gabat gelmeýän edebiýaty ret edýär, syýasatda we edebiýatda aýdyňlygyň zerurdygyny öňe sürýär. 1964-nji ýylda ýazyjy «biziň döwrümize ägirt uly täsirini ýetiren, erkinligiň ruhuna ýugrulan baý pikirleri hem-de döredijilik hakykatyny tapmak ugrundaky gözlegleri üçin» Edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp görülýär. Žan-Pol Sartr «özüni jemgyýetçilik institutyna öwürmeklerini islemeýändigine» salgylanyp baýrakdan ýüz dönderýär. Muňa garamazdan, Şwed akademiýasynyň Sartryň hyzmatlaryny ykrar etmegi onuň şan-şöhratyny artdyrýar. Dogry, ýazyjy şöhrata hemişe özüne mahsus bolan tankydy göz bilen, hatda halamazlyk bilen garaýardy. Sartr 60-njy ýyllaryň başyndan başlap edebiýata hem-de filosofiýa garanyňda syýasat bilen has köp meşgullanýar. Ol jan edip «sosializmiň at-abraýyny» dikeltmäge çalyşýar. Ýazyjy köp syýahat edýär, synpy we milli taýdan sütem edilmegine garşy işjeňlik bilen çykyş edýär, çepçi toparlaryň hukuklaryny goraýar, 1968-nji ýylda talyplaryň Parižde bolup geçen tolgunyşyklaryna gatnaşýar. Ömrüniň soňky ýyllarynda Sartr glaukoma keseli sebäpli gözden galýar. Ol ýazyp bilmese-de, işjeň durmuşdan çekilmeýär: köp sanly söhbetdeşlige gatnaşýar, dost-ýarlary bilen syýasy wakalary ara alyp maslahatlaşýar, saz diňleýär, Simon de Bowuardan sesli okap bermegini haýyş edýär. Žan-Pol Sartr 1980-nji ýylyň 15-nji aprelinde aradan çykýar. «Mond» gazetinde çap edilen gynanç hatynda «XX asyryň ýekeje fransuz akyldary hem, Nobel baýragynyň ýekeje eýesi hem medeniýete Žan-Pol Sartr ýaly şeýle çuňňur, dowamly we töwerekleýin täsirini ýetirmedi» diýlip aýdylýar. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |