16:50 L.I.Brežnewiň Amerikanyň "Time" žurnalynyň sowallaryna jogaplary | |
ÝOLDAŞ L.I.BREŽNEWIŇ AMERIKANYŇ "TIME" ŽURNALYNYŇ SOWALLARYNA JOGAPLARY
Publisistika
Ozal habar berlişi ýaly, Amerikanyň "Time" žurnalynyň redaksiýasy sowallaryň birnäçesine jogap bermegi haýyş etmek bilen, ýoldaş L.I.Brežnewe ýüz tutdy. Aşakda ýoldaş L.I.Brežnewiň žurnalyň redaksiýasynyň sowallaryna jogaplary çap edilýär. Sowal: Strategik ýaraglary çäklendirmek baradaky gepleşiklerde gazanylan progresi we ýokary derejede mümkin bolup biljek duşuşygy nazara almak bilen, sowet-amerikan gatnaşyklarynyň ýagdaýyna Siz nähili baha berýärsiňiz? Jogap: Ilki bilen başlanan täze ýylda siziň žurnalyňyz arkaly amerikan halkyna hoşniýetli arzuwlarymy aýtmak isleýärin. Şu ýylyň we geljekdäki ýyllaryň hakykatdan-da oňat we ozaly bilen-de parahatçylykly ýyllar bolmagy biziň ýurtlarymyza köp zatlarda baglydyr. men öz nobatymda Sowet Soýuzynyň hyzmatdaşlyk we sap ýürekli partnýorçylyk ruhunda geljekde-de gyşarnyksyz hereket etjekdigini aýdyp bilerin. Siziň bilen biz 1979-njy ýyla, ýeri gelende aýtsam, položitel esas bilen gadam goýduk. Pozisiýalar barada gutarnykly ylalaşmak üçin entek belli bir wagt gerek boljakdygy äşgär bolsa-da, strategik hüjüm ediş ýaraglaryny çäklendirmek barada täze ylalaşyk baglaşmak hakynda alnyp barylýan iş tamamlanyp barýar. Biziň pikirimizçe, dogry çözgütleri deňlik we birmeňzeş howpsuzlyk prinsipi - ugur almagyň başlangyjy diýlip SSSR we ABŞ tarapyndan ykrar edilýän prinsip salgy berer, şoňa görä-de biz şeýle ylalaşygy ýakyn geljekde Karter bilen öz golumyzy çekip berkidip bileris. Ýaraglanyşygyň dyngysyz haýdadylmagynyň soňuna çykmak, biziň döwletlerimiziň howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara parahatçylygyny birek-birege harby taýdan garşy durmagyň derejesini has aşaklatmak arkaly pugtalandyrmak barada durmuşyň özi tarapyndan öňde goýlan wezipe köp iş etmeli boljakdygyny aňladýar. Tutuşlygyna alanyňda soňky iki ýyl içinde sowet-amerikan gatnaşyklarynda begendiriji pursatlaryň az bolandygyny gös-göni aýdalyň. Waşingtonyň beýleki ýurtlaryň zyýanyna hit özi üçin peýda gözlemäge erjellik bilen dyrjaşýandygyna düşünmegiň biziň üçin köplenç kyn bolandygyny hem bütinleý äşgär aýdaýyn. Çünki amerikan syýasatçylary bu zatlaryň hemmesini ozal telim gezek synap gördüler, özi-de "sowuk uruş" döwründe telim gezek synap gördüler. Emma obýektiw reallyk ABŞ-ny aýratyn hem ýadro urşuna ýol bermezlikde we dünýäniň dürli raýonlarynda konfliktli ýagdaýlary düzgüneşdirmekde SSSR bilen hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygy hakynda netije çykarmaga getirdi. Hut şeýle hereket etmäge iki tarapyň hem erk-islegi şol wagt degişli dokumentlerde bellenildi, biz Sowet Soýuzynda şol dokumentlere ýokary baha berýäris we şol dokumentleri SSSR bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklarda oňatlyga tarap pugta we uzak wagtlyk öwrüm etmek üçin ozalkysy ýaly oňat esas hökmünde görýäris. Eger beýleki tarapa diňe "duşman" hökmünde garasaň - bu hakda waşingtonda ýygy-ýygydan aýdylýar - onda işi hyzmatdaşlygyň jähetlerini kadaly çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge tarap alyp barmak, elbetde, kyndyr. Şeýle çemeleşilýän mahalynda täze ylalaşyklaryň diňe bir uzak wagtlap köp azap çekmek we kynçylyk bilen emele gelýänliginden başga-da, tutuşlykda alanyňda gatnaşyklar aslyýetinde soňky iki ýyl içinde bolşy ýaly, bir duran ýerinde durýar ýa-da tersin tarapa gidýär. Emma birek-biregiň özygtyýarly hukuklaryna we bähbitlerine hormat goýlup garalsa, onda munuň özi iki ýurt üçin hem ýaramaz zat däl-de, eýsem gowy zat bolar. Olaryň arasynda ylalaşyk gazanylmagyndan bütin dünýä hem peýda alar. Syýasy sistemalaryň we garaýyşlaryň tapawutlydygyna garamazdan, hoşniýetli goňşuçylygyň döwletara gatnaşyklarynda iň gowy ýoldugyna hut meni öz durmuşymyň bütin tejribesi ynandyrýar. Şoňa görä-de men sowet-amerikan gatnaşyklarynyň hakykatdan-da ýöne bir kadaly gatnaşyklar bolmakdan başga-da hut oňat gatnaşyklar bolup biljekdigine çuňňur ynanýaryn. Munuň özi utopiýa däldir. Şu maksada ýetmek üçin esas bir wagtlar eýýäm döredildi, emma soňra şu maksada ýetmäge tarap ýolda emeli päsgelçilikler döredildi, bu päsgelçilikler ýok edilip bilner we ýok edilmelidir. Sowal: Warşawa şertmamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň olaryň günbatar serhetleriniň boýunda uly harby kontingentleriniň bardygy amerikanlaryň ençemesini, şol sanda Sowet Soýuzy bilen gatnaşyklary gowulandyrmagyň tarapyny çalýanlary ynjalykdan düşürýär. Olar muny hususan-da, "sowet howpy" hakynda aýdylýan mahalynda nazarda tutýarlar. Şunuň ýaly tassyklamalar hakynda we Ýewropa kontingentinde dartgynlygyň gowşadylmagynyň ýagdaýy hakynda siz näme aýdyp biljek? Jogap: "Sowet howpy" hakyndaky toslamalar täze zat däldir. "Sowet howpy" hakynda Günbatarda 1917-nji ýylyň Oktýabryndan soň rewolýusiýany basyp ýatyrmak we köne gurluşy dikeltmek üçin on bäş sany ýurduň, şol sanda ABŞ-nyň interwentleri Sowet Russsiýasyna çozup giren mahalynda wagyr turzulypdy. "Sowet howpy" hakynda Britaniýanyň premýeri Çemberlen Gitleri Sowet Soýuzyna garşy agressiw niýetleri amala aşyrmaga gönükdirmegi tama edip, onuň bilen Mýunhende ylalaşyk baglaşan mahalynda ýaňrapdy. Nasistler SSSR-iň üstüne garakçylykly çozuş eden mahallarynda "sowet howpy" hakyndaky gykylyklar bilen perdelenipdiler. Agressora garşy göreşde 20 million adamy ýitiren Sowet ýurduna garşy gönükdirilen NATO harby bileleşigini döredenler hem "sowet howpuna" salgylanypdylar. Waşingtonda "urşuň gyrasynda yraň atmagyň" bize garşy gönükdirilen syýasaty jar edilen mahalynda hut şol bahana peýdalanyldy. Indi bolsa, dartgynlygyň gowşadylmagy Ýewropa kintingentinde örän äşgär duýulýan mahalynda Helsinkide geçirilen umumyýewropa maslahaty parahatçylykly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny görkezen mahalynda, Wenada bolsa birek-birege harby taýdan garşy durmagyň derejesini aşaklatmak hakynda gepleşikler alnyp barylýan mahalynda "Günbatar Ýewropanyň üstüne sowet howpunyň" abanýandygy hakynda ýene wagyr turzulýar! Dartgynlygyň syýasy taýdan gowşadylmagy we aýratynlykda onuň Ýewropanyň merkezinde iki tarapyň hem harby güýçleriniň jemlenmegini azaltmak bilen berkidilmekçi bolunýandygy Günbatarda käbir adamlaryň asla göwnüne ýaramaýan bolara çemeli. Bu ýerde iki sany harby-syýasy bileleşigiň birek-birege garşy köp sanly goşunlarynyň we ýaraglarynyň jemlenilmegi taryhy suratda ine şeýle emele geldi. Taraplaryň her biriniň strukturasy boýunça dürli güýçleriniň umumy möçberi takmynan deňeçerdir. Harby babatda şunuň ýaly deňeçerlik Ýewropada indi onlarça ýyl bäri dowasm edip gelýär. Goşunlaryň we ýaraglaryň ummasyz köp toplanylmagynyň özi-de howpludyr. Eger güýçleriň emele gelen deňeçerligini bozmazdan, şol toplanylan goşunlary we ýaraglary iki tarap hem azaltsa, parahatçylykly aragatnaşyklar gurmak has aňsat bolardy. Biz Wenada şuny gazanmaga hem çalyşýarys. Bize bolsa eger SSSR we Warşawa Şertnamasyna gatnaşyjy beýleki ýurtlar öz güýçlerini NATO ýurtlarynyň azaldyşyndan has köp azaltsalar, diňe şeýle halatda goşunlary we ýaraglary azaltmak bolar diýip jogap berýärler. Ýogsam, "sowet howpy" boljakmyş! Şü üznüksiz gaýtalanylýan tassyklamalar bilen bilelikde harby býužetler kakynly ýaly tiz köpeldilýär. NATO-nyň Ýewropadaky güýçleri artdyrylýar. Näme bolduka? Köp ýyllap dowam eden deňeçerlik nädip birdenkä "howpa" öwrüläýdikä? Umuman, biz kime "howp salýarkak"? Eýsem biz haýsy-da bolsa bir döwletiň ýekeje kwadrat kilometr ýerine berin dalaş edýärmikäk? SSSR-iň Günbatar Ýewropanyň hakykatda ähli ýurtlary bilen, eýsem kadaly we hatda gowy parahatçylykly gatnaşyklary emele gelmedimi? Ýewropada parahatçylygy pugtalandyrmak we parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky ähli işleriň esasy inisiatorlarynyň biri we olara işeňňir gatnaşyjylaryň biri, eýsem, Sowet Soýuzy dälmi näme? Onda adamlary "sowet harby howpy" bilen gorkuzjak bolmak, azaşdyrmak nämä gerekkä? Soňky wagtlarda birnäçe gezek aýdan zatlarymy ýene bir gezek nygtap bellemek isleýärin: biz günbatardan harby taýdan artykmaçlyk gazanmaga çalyşmaýarys, bize şeýle artykmaçlyk gerek däl. Bize diňe ygtybarly howpsuzlyk gerek. Eger ýaraglanyşygyň haýdadylmagy durzulsa, harby taýýarlyklar azaldylsa we halkara pikir alyşmagyň syýasy ýagdaýy gowulandyrylsa, taraplaryň ikisi üçin hem howpsuzlygyň köp boljakdygy şübhesizdir. Sowal: Waşington bilen Pekiniň arasyndaky gatnaşyklaryň düzgünleşdirilendigi baradaky habardan soň ABŞ-da "hytaý humaryny oýnamaga" çagyryş sesleri ýaňlanýar. Hytaýyň bolsa "amerikan humaryny" oýnamaga synanyşyp görmegi mümkindir. Siz şeýle meýillere nähili garaýarsyňyz we Size sowet-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi nähili bolup görünýär? Jogap: Hytaýyň häzirki ýolbaşçylarynyň Sowet Soýuzyna duşmançylykly ugry ABŞ-da we günbataryň beýleki döwletlerinde käbirleriniň tüýs ýüreginden turdy. Munuň özi Pekini sosializm dünýäsine zor salmagyň guralyna öwürmek meýlini döretdi. Şeýle syýasat maňa ählumumy parahatçylyk işi üçin örän howply awantýura bolup görünýär. Iş asla diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda däldir. Iş dünýäde iň uly ýurtlaryň birine baştutanlyk edip, dartgynlygy gowşatmak, ýaragsyzlandyrmak we dünýäde durnuklylyk işine özüniň duşmançylygyny aç-açan yglan edenleri; köp ýurtlaryň territoriýalaryna dalaş edýänleri we şol ýurtlara garşy prowokasiýalar guraýanlary; urşy gutulgysyz diýip jar edenleri we urşa erjellik bilen taýýarlyk görmegi ýaýbaňlandyranlary ykdysady häsiýetli aldawlar bilen, indi bolsa häzirki zaman ýaragyny, harby tehnikasyny we tehnologiýasyny kem-kemden bermek bilen olary hemme çäreler arkaly höweslendirmäge we ruhlandyrmaga synanşylýanlygyndadyr. Munuň ot bilen oýun etmekdigine düşünmek, eýsem, kynmyka? Güýç toplan Pekin düzgünini NATO-nyň syýasatynyň guraly hökmünde peýdalanmak, onuň jeňbaz meýillerini günbatar üçin amatly tarapa gönükdirmek baradaky niýetler bolsa, meni bagyşlaň welin, gedemsi nalajedeýinlikden başga zat däldir. Hut şonuň ýaly Mýunhen syýasatynyň günbatar döwletleri üçin näme bilen tamamlanandygyny ýatlamak ýeterlikdir. Taryhyň sapaklary, eýsem, şeýle tiz ýatdan çykarylaýýarmyka? Sowet Soýuzynyň Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, onda biz şu ýurda territorial taýdan hem, başga hili hem talaplar bildirmeýäris we elbetde, eger HHR-iň pozisiýasy has pähimli we parahatçylyk söýüji bolsa, diňe bir gowy gatnaşyklaryň däl-de, eýsem, dostlukly gatnaşyklaryň hem dikeldilmegi üçin hiç bir hili obýektiw päsgelçilikleri görmeýäris. Dostluk, soýuzdaşlyk we özara kömek hakynda 1950-nji ýylda baglaşylan sowet-hytaý şertnamasy, hamala, "ähli ähmiýetini ýitirdi", "ýönekeý bir kagyza" öwrüldi diýen ýaly sözler we şuňa meňzeş Pekinde aýdylýar. Hytaýyň ýolbaşçylary bizi, megerem, bu şertnamany ýatyrmaga meýillendirmek isleýän bolsalar gerek. Biziň şu prowokasiýa gitmejekdigimizi aýdyp bilerin. SSSR we Hytaý halklarynyň dostlugyny suratlandyrýan dokumenti biz öz erkimiz bilen hiç haçan ýyrtmarys. Eger Pekiniň ýolbaşçylary şeýle ädime ýüz ursalar, onda olar öz ýurdunyň halkynyň öňünde, bütin dünýäniň parahatçylyk we progres güýçleriniň öňünde jogapkärçiligiň ähli agramyny öz üstlerine alarlar. Sowal: "Dartgynlylygy gowşatmak" diýen söze laýyk gelýän "detant" diýen söze ABŞ-da dürli hili düşündiriş berilýär. Bu terminiň anyk syýasy mazmuny, aýratyn hem regional problemalar barada mysal üçin, Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň problemalary barada aýdylanda, anyk syýasy mazmuny. Siziň pikiriňizçe nähili? Jogap: Biz "Halkara dartgynlygyň gowşadylmagy" ýa-da gysgaça ýöne "dartgynlygy gowşatmak" diýen wagtymyzda halkara gatnaşyklarynda her bir pursatda aç-açan konfliktlere öwrülmek howpuny salan, mydama dartgynlylyk özi üçin häsiýetli bolan, "sowuk uruş" diýip at berlen ýagdaýa ters gelýän ýagdaýy göz öňünde tutýarys. Başga sözler bilen aýdanyňda, dartgynlygy gowşatmak - ozaly bilen "sowuk uruşy" ýeňip geçmekdir. Dartgynlygy gowşatmak - munuň özi agzalalyklary we dawalary güýç ulanmak, haýbat atmak we ýaragy şakyrdatmak bilen däl-de, eýsem gepleşikler stolunyň başynda parahatçylykly serişdeler bilen çözmäge taýýar bolmakdyr. Dartgynlygy gowşatmak - munuň özi belli bir derejede ynanyşmak we birek-biregiň kanuny bähbitlerini nazara almagy başarmakdyr. Dartgynlygy gowşatmaga bizi düşünişimiz, gysgaça aýdylanda, ine şeýledir. Dartgynlygy gowşatmak prosesiniň hemme çäreler bilen pugtalanmagy we dünýäniň ähli raýonlaryna, şol sanda düşnükli bolşy ýaly, Afrika hem, Ýakyn Gündogara hem ýaýramasy üçin biz öz tarapymyzdan aktiw liniýany ýöredýäris. Emma bu ýa-da haýsydyr bir beýleki raýonlaryň halklarynyň dartgynlygy gowşatmagyň käbir adamlar tarapyndan galp düşündirilýändigi sebäpli öz kanuny hukuklary ugrundaky göreşden el çekmegine garaşmak adalatsyzlyk we realsyzlyk bolardy. mysal üçin, Ýakyn Gündogar hakynda aýdylýan bolsa, onda arap halklarynyň özlerine degişli bolan, emma Ysraýyl tarapyndan basylyp alnan ýerleri gaýtaryp almak ugrundaky göreşi hem-de araplaryň bu adalatly talaplaryny goldaýanlaryň hereketleri dartgynlygy gowşatmagyň bähbitlerine asla ters gelmeýär. Agressoryň ekspansionistik matlaplaryny höweslendirip, hut onuň tarapynda durýanlar ýakyn Gündogarda dartgynlygy gowşatmagyň bähbitleriniň tersine hereket edýärler. Hut şonuň özi Afrikanyň günorta bölegindäki ýagdaýa hem degişlidir. Şol ýerde asla halklaryň öz hukuklary ugrundaky göreşiniň özi däl-de, eýsem kolonial-jynsaparazçylyk sütemden azat bolmak ugrunda neokolonializme garşy, garaşsyzlyk we sosial progres ugrunda göreş alyp barýan halklara garşy gönükdirilen syýasat halkara dartgynlygyny gowşatmak üçin howp çeşmesi bolup durýar. Sowal: Karteriň adminstrasiýasynyň wekilleri Helsinkiniň Jemleýji aktyna salgylanmak bilen Sowet Soýuzynyň içerki syýasatyny häli-şindi tankt etdiler. Bu jemleýji akt Sowet Soýuzynyň içerki syýasatynda nähili derejede ulanyp bilner? Jogap: Helsinkide gol çekilen dokumente biziň nukdaý nazarymyzy biçak gysga we takyk aňlatmak bolar: SSSR Jemleýji aktyň ähli böleklerini doly durmuşa geçirmegiň tarapyndadyr. Ýeri gelende aýtsak, Sowet Soýuzy dünýäde döwletara gatnaşyklarynyň ähli on prinsipini öz Konstitusiýasynda berkiden ýeke-täk ýurtdur, şol prinsipler Jemleýji aktda hem ýazylandyr. Emma Jemleýji aktyň hut döwleatara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan dokumentdigini ýatdan çykarmak bolmaz. Onuň düzgünleriniň hiç haýsy döwletleriň birlerine beýleki döwletleriň içerki durmuşyna gatyşmaga, kesekiniň işlerine gatyşmaga hukuk bermeýär. Munuň üstesine-de Jemleýji akta gol çeken döwletler "birek-biregiň öz kanunlaryny we adminstratiw tertiplerini bellemek hukugy ýaly, özleriniň syýasy, sosial, ykdysady we medeni sistemalaryny erkin seçip almak we ösdürmek hukugyny hem hormatlamaga" öz üstlerine borçnama aldylar. Meniň häzirki amerikan adinstrasiýasynyň bu meselelerdäki liniýasy zerarly çekeleşige girişesim gelenok. Ýöne bütin dünýäniň gözüniň öňünde ABŞ-nyň beýeki döwletleriniň içerki işlerine gatyşýandygyny nazarda tutsaň, bu barada köp zat aýtmak we köp sowallary bermek boljakdygyna ynanyň. "Edebiýat we sungat" gazeti, 17.01.1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||