17:43 Yrakly türkmen şahyry Aly Marufogly aradan çykdy | |
YRAKLY TÜRKMEN ŞAHYRY ALY MARUFOGLY ARADAN ÇYKDY
Taryhda şu gün
Yrak türkmenleriniñ iñ görnükli şahyrlaryndan biri bolan Aly Hasan Marufogly uzaga çeken keselden soñra Yragyñ Tuzhurmaty şäherinde aradan çykdy. Bu ajy habar Türkmeneli göreş frontynyñ internet hasabyndan mälim edildi. Habarda: "Türkmenleriñ tanalýan beýik edebiýatçylaryndan we şahyrlaryndan biri Aly Marufogly köp wagta çeken keselden soñra aradan çykdy. Türkmen milletiniñ başy dik bolsun! Türkmeneli bar bolsun!" diýen sözler ýer aldy. ▶ ALY MARUFOGLY KIM? Yrak türkmen edebiýatynyñ saýlama wekillerinden bolan Aly Marufogly 1927-nji ýylda Kerkugyñ Tuzhurmaty etrabynda doguldy. Başlangyç bilimi 1939-njy ýylda Tuzhurmatyda, orta bilimi 1946-njy ýylda Kerkukda aldy. Harby gullugy tamamlandan soñra Tuzhurmata dolanfy we daýhançylyk bilen meşgullandy. 1950-nji ýylda söwda bilenem meşgullanyp başlan ýazyjy daýhançylyk işini hem gapdalyndan goýmady. Aly Marufogly 2018-nji ýylyñ 30-njy iýulynda 91 ýaşynda aradan çykdy. * * * Yrak türkmenleriniñ häzirki zaman edebiýaty öz gözbaşyny XIX asyrdan alyp gaýdýar. Bu döwürde aýratynam Kerkuk, Mosul we Tuzhurmaty ýaly türkmenleriñ oturýan sebitlerinde görnükli ýazyjy-şahyrlar orta çykypdyr. Olaryñ biri hem Aly Marufoglydyr. Gynansak-da, umumy türkmen edebiýatyna Aly Marufoglunyñ ady entek nätanyşdyr. Muña Orta Gündogaryñ üýtgäp durýan durnuksyz syýasy şertleriniñ hem belli bir derejede täsiri bardyr. Çünki durnukly parahatçylygyñ ýok ýerinde medeni gatnaşyklar hem köp derejede bökdençliklere duçar bolýar. Marufoglynyñ edebi döredijiligini häzirlikçe okyjylarymyza ýeterlik derejede tanyşdyryp bilmesek-de, onuñ Yrakda ýaşaýan türkmenleriñ ylymly-bilimli, medeniýetli adamlar bolup ýetişmeginde taýsyz tagallalary eden beýik ynsandygyny bilmek gerek. Proza žanrynda (esasanam hekaýa), poeziýada (esasanam yrak türkmenleriniñ poetiki şygyr formasy bolan "hoýrat") kämil eserler beren ýazyjy milli röwüşli galam oýnatmakda beýlekilerden kän tapawutlanypdyr. Aly Marufogly yrakly türkmenleriñ mekdeplerinde türkmen dilinde okuw kitaplaryny neşir etmekde köp işleri bitiripdir. Aktiwist ýazyjy Aly Marufoglunyñ eserleri, magaryf dünýäsinde bitiren işleri öwrenilmäge we baha berilmäge mynasypdyr. Ýazyja Beýik Allatagaladan rehmet dileýäris. # yenicag # sobider | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||