19:25 Ysraýyl BMG-nyñ düzüminden çykarylmalydyr! | |
YSRAÝYL BMG-nyñ DÜZÜMINDEN ÇYKARYLMALYDYR!
Publisistika
"Adalat polýar ýyldyzy ýaly öz ýerinde durýar. Galan hemme zat onuñ daşyndan aýlanýar". Konfusiý Ýurdumyzda we dünýäde edil häzir iñ kõp mätäçlik duýýan gymmatlyklatymyzyñ başynda adalat bar. Adalat düşünjesi antiki pelsepäniñ binýadyny düzýär. Platon "Döwlet" kitabynda adalatyñ nämedigini derñäp, netijä gelýär. Aristotel adalatly we moral düzgüniñ nähili ýola goýuljakdygynyñ üstünde kelle döwýär. Adamlarda dogabitdi bar aýratynlyk hem wyždanyñ kalby adalatdyr. Adalat älem-jahanyñ hamyrmaýasydyr. Neslimiziñ dowamlylygyny üpjün etmegimize ýaraýan tebigy seleksion mehanizmdir. Adalatsyzlyga garşy içimiz-bagrymyz tüteýär. Gaharlanýarys, garşy çykýarys, kämahal ar aljak bolýarys. Ine, döwletiñ bar bolmagynyñ düýp maksady-da şular ýaly duýgularymyzy tertipleşdirmek we adalaty üpjün etmek bolmaly. • Orsyýete gadagançylyk, Ysraýyla goldaw! Orsyýet Ukraina çozanda global nägilelige duçar boldy. Dünýäniñ syýasy kartasynda Ukrainanyñ nirde ýerleşýändigini görkezip bilmejekler, belki-de ikkinji gezek beýle ýurduñ bardygyny eşdenlerem ukrain baýdagynyñ suratlaryny sosial mediýada paýlaşmaga durdy. Ýuwaşlyk bilen Orsyýete sanksiýalar girizilmäge başlandy. Futbol boýunça dünýä çempionatynndan, beýleki sport bäsleşiklerinden, Olimpiýa oýunlaryndan çetleşdirildi. Dünýä jemgyýetçiligi şeýle diýýärdi: "sebäbi hernäme bolanda-da, kada-kanunlara eýermediñ, düzgünimizi piñiñe almadyñ. Beýtmegiñi dowam etdirhek bolsañ, bizem seni ýok hasap edýäris". A Ysraýyl näme onda? • Ysraýyl özüni guran BMG-na hüjüm edýär Ysraýyl 1947-nji ýylda BMG-nyñ Baş Assambleýasynyñ 181-nji belgili karary bilen guruldy. Emma ol döredilen gününden bäri BMG-ny ýok hasap edýär. Onuñ bu bolşy onlarça gezek BMG-nyñ Baş Assambleýasy we Adam hukuklary boýunça guramasy tarapyndan ýazgaryldy. Palestina, Iordaniýa, Liwana garşy agressiw syýasatyndan el çekmek talap edildi. Geçen hepde Liwana hüjüm edende Liwangñ günortasynda ýerleşdirilen BMG-nyñ Parahatçylyk güýjüniñ (UNIFIL) ştabynyñ derwezesini döwdi, gözegçilik diñini tank okuna tutdy. UNIFIL 1978-nji ýylda işe başlady. 2006-njy ýyldaky Liwan-Ysraýyl urşundan soñ wezipe ygtyýarlygy giñeldildi. On müñe golaý esgeri bilen Ysraýyl bilen "Hizbullahyñ" arasynda tampon wezipesini ýerine ýetirýär. BMG-nyñ karary bilen gurlan ýurduñ BMG-na hüjüm etmegi barypýatan bihaýalyk! Halkara hukugyna doly ters gelýän görnüşde hereket edýän Ysraýyl depgilenmedik kada-kanun goýmady. Towguna tok diýen bolmansoñam gitdigiçe bujurygy artýar. Orsyýete garşy salymyny bermän nägilelik bildiren agalyk ediji güýçler Ysraýylyñ garşysynda demini çykaryp bilenok. Bu ýagdaý adamlaryñ ýüregindäki adalat duýgusyna düýpli zeper ýetirýär. Futbol duşuşygynda kämahal bildirmän garşydaşyña badak atyp, ýere ýykylan bolup jerime urgusyny-da gazanyp, eminlere nägilelik bildirip, hatda özüñe erk edip bilmän garşydaşyña topulyp bolar. Ýöne emine topulmak başga hili. Garşydaşyña topulanda aljak temmiñizden has ulurak temmi çäresini alarsyñyz. Halasañyzam, halamasañyzam emin eldegrilmesizdir, çünki ol adalaty üpjün edýär. Okuw jaýlarynda, iş ýerlerinde, guramada ýa-da syýasy partiýada iñ kiçisinden başlap ýoldaşlyk toparynda düzgünleri bozanyñyzda duýduryş berilýär we jezalandyrylýar. Çünki kada-kanunlar adalaty üpjün etmek üçin bar. Adalatyñ ýok ýerinde hiç zat ýok. Ysraýylyñ BMG-nyñ düzüminden çykarylmagy ýa-da iñ bolmanda belli bir wagta çenli agzalygynyñ bes edilmegi gerek. Bu boýunça "The Guardian" gazetiniñ žurnalisti Mehdi Hasan ýakynda makala bilen çykyş etdi. Ol BMG-nyñ Howpsuzlyk Geñeşine seretmezden Ysraýyly nädende guramadan çetleşdirip boljakdygynyñ ýollaryny ýazdy. Taýsan we Günorta Afrika mysallarynda bolşy ýaly dünýä jemgyýetçiligi wyždanyny diñläp adalaty ýola goýmaly. Orsyýeti özleriçe dünýäden çetleşdiren boldular. Munuñ tersine Ysraýylyñ häzirem sport ýaryşlaryna gatnaşmagy hiç bir babatda adalatly däl. Ýogsam bolmasa, Orsyýet Ysraýyl ýaly BMG-nyñ binasyna hüjümem-ä etmedi. "Adalat güýçliniñ däl-de, haklynyñ işine ýaraýar". Sofokl Ege DOGAÇ ERDOGAN. "MILLIYET" gazeti, 20.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |