07:23 Ysraýyly biziñ günlerimiziñ dinozawry hasaplap bolarmy? | |
YSRAÝYLY BIZIÑ GÜNLERIMIZIÑ DINOZAWRY HASAPLAP BOLARMY?
Publisistika
Dino Park Experience, Tel Awiw / Fotosurat: Tomer Appelbaum Ysraýyl ýene-de Gazada müñlerçe adamyñ gumanitar kömek almak üçin üýşýän ýerine çozdy. Ýene ýüzlerçe öli, müñlerçe ýaraly bar. Muny nädip düşündirip bolar, men-ä bilemok. Bir palestinalynyñ aýdyşy ýaly: "Sen meniñ suwumy al, zeýtun agajymy ýak, öýümi ýok et, işimi elimden al, ýerimi ogurla, kakamy tussag et, ejemi öldür, ýurdumy bombala, bizi masgarala... Emma men "boldy ediñ" diýip daş zyñýanam welin, "günäkär-ä men, jebir çekenem sen bolýañ..." Men şahyr däl. Ýöne öññin Palestinadaky bu zulum-sütemiñ pikirini edip otyrkam, tebigy ýagdaýda birdenkä şu setirler serimden geçdi: "Faraonlar ötdi-geçdi, ýatdan çykdy bireýýäm, Bir dinozawryñ ýañy Gazada şindizem dik dur..." Dinozawrlaryñ zulmuna akyl ýetirmek mümkin däl. Sebäbi olary eldekileşdirip we aýyplap bolmaýar. Ysraýylyñ ilatynyñ azyndan on esse köp millionlarça adam Ysraýyly näletleýändigine garamazdan, bu soñky aparteid dinozawry şindizem agzyndan ölüm gusmagyny dowam etdirýär. Ewolýusiýanyñ atasy hasaplanýan Çarlz Darwin ähli janly-jandarlaeyñ millionlarça ýylyñ dowamynda umumy atadan ösüp-örñändigini teoriýalaşdyrypdyr. Darwiniñ pikiriçe ewolýusiýa ýoly bilen ýüzlerçe ýylda adaptasiýa we kämilleşme mehanizmleri arkaly täze görnüşler döräpdir. Adam ewolýusiýasy 12,5 million ýyl öñ emele gelen Driopitekden ilkinji Homo Sapiensiñ orta çykan 650 müñ ýyl çemesi öñki döwre çenli ýedi aýry tapgyra gabat getirilýär. Eýsem adamlaryñ sosial taýdanam ewolýusiýalaşandygyny öñe sürüp bolarmy? Munuñ subutbamasy asyrlar boýy kämilleşdiren we inçe çemeleşilen sosial ukyl-başarnyklarymyzmy? Bu jemgyýetçilik ewolýusiýasy erkegiñ haýsydyr bir aýaly kontrollyga alyp, öz jynsy meýillerini kanagatlandyrmagy ýaly hereketini soñlandyrdymy, ony düzgünleşdirip bildimi? Kada-kanunkar şular ýaly medeniýetsiz we göräýmäge wagşyýana çemeleşmeleri gadagan etmek üçin taýýarlandymy? Gürrüñsiz, şu meseleler dürli ýygnanyşyklarda şindizem jedeli edilýär. Gazada kömege garaşýan ýönekeý ilata hüjüm. Şol bir wagtda 81 adam öldürüldi: https://t.co/7UDsaWg8Tk pic.twitter.com/nyEfkeLFwV — Independent Turkish (@TurkishIndy) February 29, 2024 Ikinji jahan urşundan soñ täze genosidleriñ öñüniñ alynmagy üçin garjaşyk halkara kanunlary güýje girizildi. Bu kanunlar bir ýurduñ beýlekisi tarapyndan eksplutatirlemeginiñ öñüni almak üçin taýýarlanypdy. Esasynda şeýtmek bilen ähli ýurtlara hormat goýulmalydy we her bir ýurda birmeñzeş görnüşde çemeleşmelidi. Halkara kanunlaryñ maksady hiç bir ýurduñ başga bir ýurda agakyk etmezligini ýola goýmak üçin siwilizlenen jemgyýetleriñ ýa-da ýurtlaryñ arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek we haýsydyr bir ýurduñ bu halkara kanunlaryndan birini bozan ýagdaýynda düzeldiji profilaktiki işleriñ geçirilmegini üpjün etmekdi. Bu halkara kanunlaryñ mazmuny BMG-nyñ resminamalarynda öwran-öwran nygtalypdy we şol bir wagtyñ özünde Ženewa şertnamasynyñ düzgünlerinde-de görkezilipdi. BMG-nyñ 193 agzasy bar. BMG-nyñ Howpsuzlyk Geñeşiniñ (HG) çykaran kararlaryny agza döwletleriñ hemmesi ýerine ýetirmäge borçly. Ýöne BMG-nyñ agzasy HG-niñ özi barada çykaran 32 kararyny görmezlige saldy we bu bidüzgünçiliklerden soñam hiç kim ondan hasap soramaga milt etmedi. Ysraýylyñ halkara hukugyñ ýokardalygy äsgermezlik edip gelmegi eýýäm soñky 56 ýyl bäri gaýtalanyp dur. Ýarym asyrdanam köp wagt. Ysraýylyñ halkara hukugy äsgermezlik etmeginiñ onuñ halkynyñ hukuk boýunça ösmedikliginden, ewolýusiýasyny tamamlamanlygyndan, medeniýetleşmänliginden gelip çykýandygy netijesine gelip bilerismi? Özüni ýakan amerikan esgeri "Amerikan goşun bölümleri Gazadaky tunellerde söweşýär" diýipdir: https://t.co/pz5jvtejD9 pic.twitter.com/yMyvux1wce — Independent Turkish (@TurkishIndy) February 28, 2024 Geçen hepde hemmeleriñ gürrüñini eden iki uly ölümi dünýäniñ habar beriş serişdeleriniñ diline düşdi. Biri "Ysraýyly biz gurduk" diýen jöhit Rotşildler maşgalasynyñ ýaşulysy baron Ýakob Rotşild. Rotşild aýratynam "akýagyz dünýäniñ" doga-dilegleri bilen soñky ýoluna ugradyldy. Beýlekisi-de "Palestina azatlyk!" diýip, Ysraýylyñ Waşingtondaky ilçihanasynyñ öñünde özüni ýakan amerikan esgeri Aaron Buşnell. Aaronyñ ölümi ýüz müñlerçe adamy oýlandyran, gynandyran ölüm boldy. Elbetde, sionistik Ysraýylyñ tarapdarlaryndan başgalaryny!.. Ysraýyl hökümetiniñ press-sekretarlary başlyklaýyn, sionistler onuñ ölümini ýañsylamak, sosial mediýada kemsitmek, masgaralamak, pese düşürmek bilen garşylady. Ullakan başyna gidenlik we perwaýsyzlyk bar. Muny indi söz bilenem beýan edip bolmajak ýagdaýa geldi. Iñ bolmanda dymyp oñarsalaram, az-uçuk adamdyklarynyñ alamaty saýsa bolardy welin, şolam ýog-a bularda! Ysraýyl ähli hapalygy, betnamlygy bilen meýdanlarda jort atýar... Bir tarapda şonça tehnologiýa erk edip, beýleki tarapda-da beýle wagşyýanlygy nädip amala aşyryp bolýarka? Bütin bu zatlardan soñ berip boljak ýeke sowal galýar: Ysraýylyñ palestinalylara garşy ynsapsyz syýasaty we soñky ýetmiş ýyllap halkara hukugyñ talaplaryna garşy özüni alyp barşy müñýyllyklardan aşyp gelen dinozawra çalym edýärmi? Dr. Halim GENÇOGLY, Günorta Afrika Respublikasynyñ Keýptaun uniwersitetiniñ Afrika barlaglary bölüminiñ ylmy-barlagçysy / @halimgencoglu Duşenbe, 04.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |